14:23 50-60-njy ýyllaryň edebi-çeperçilik gory we tankydyň derejesi | |
50-60-njy ÝYLLARYÑ EDEBI-ÇEPERÇILIK GORY WE TANKYDYÑ DEREJESI
Edebi tankyt
Ellinji ýyllaryň başlary we altmyşynjy ýyllaryň aýaklary türkmen çeper edebiýatynyň we edebi tankydynyň iň görnükli wekilleriniň öndümli işlän döwrüdir. Onuň sebäpleri barada eýýäm girişde bellenilip geçilmegine garamazdan, gös-göni şol taryhy aralyga giren döwürde Beýik Watançylyk urşundan sag-aman gaýdyp gelen we ondan öň tylda galan, ýöne ady Türkmenistanyň çäklerinden uzakda tanalýan uly şahyrdyr ýazyjylaryň hem eserleriniň girýänligini aýtman geçmek bolmaz. Emma biz olaryň atlaryny ýa-da eserlerini agzamak meýlinden uzakdadygymyzy aýratyn nygtamak bilen, 50-60-njy ýyllaryň edebiýatynyň we tankydynyň tematik hem problematik çägine nazar aýlamagy maksat edinýäris.Şonuň üçin bu ýerde, bir tarapdan, taryha, ikinji tarapdan, edebi-çeper paýhasa ähmiýet bermek logika dogry gelýär. Beýik Watançylyk urşy ýeňiş bilen tamamlanandan soň, biziň edebiýatymyzyň ösüşinde täze etap başlandy. Bu etap çeper edebiýatyň mundan beýläk hem has pajarlap ösmegine ýardam etdi. Muňa B.Kerbabaýewiň, A.Gowşudowyň, H.Ysmaýylowyň, B.Seýtäkowyň, proza eserlerini, A.Kekilowyň, Ç.Aşyrowyň, G.Seýitiýewiň, D.Haldurdynyň, A.Atajanowyň, M.Seýidowyň, liriki ýygyndylaryny mysal getirmek bolar. Uruşdan soňky döwürde B.Kerbabaýew we G.Muhtarow ajaýyp eserleri üçin SSSR-iň Döwlet baýraklaryna mynasyp boldular . Ylaýta-da 1945-nji ýylyň sentýabrynda türkmen edebiýatynyň Moskwada geçen birinji ongünligi ýörite agzalmaga mynasypdyr. Bu wakalar biziň edebi durmuşymyzyň ösüşiniň şaýadydyr. Bu döwürde roman žanry özüni görkezdi. B.Kerbabaýewiň “Aýgytly ädim” romany 1949-njy ýylda doly çap edildi. 1948-1949-njy ýyllarda “Sowet edebiýaty” žurnaly A.Gowşudowyň, “Bahar-Hoşgeldi” romanyny okyjylara hödürledi. Aman Kekilowyň “Söýgi” romanynyň birinji kitaby 1947-nji ýylda özbaşdak kitap bolup çykdy. 1948-nji ýylda Ç.Aşyrow, “Ganly saka” trilogiýasyny ýazyp başlady. B.Kerbabaýewiň “Aýsoltan” powesti uruşdan soňky metbugatda peýda bolup,ol 1951-nji ýylda aýratyn kitap bolup çykdy. Uruşdan soň Durdy Gylyç, Ata Salyh, Nury Annagylyç, Ata Köpek ýaly halk şahyrlarynyň sesi has belentden çykdy.Durdy Gylyç respublikanyň zähmet prossesini görkezýän “Demir ýol”, “Pagta”, “Sendedir” ýaly hyjuwly goşgularyny ýazdy. Ata Salyh 1949-njy ýylda “Agzybirlik hemme zatdan güýçlüdir” atly belli syýasy lirikasyny döretdi. Uruşdan soňky türkmen edebiýatynyň esasy temasy dikeldiş we parahatçylyk boldy. Parahatçylyk problemasyny döwür öňe sürdi. Bu temadan A.Kekilowyň, R.Alyýewiň, G.Seýitiýewiň, R.Seýidowyň, otlukly syýasy goşgulary peýda boldy. Bularyň bary birleşip, türkmen edebiýaty öwreniş ylmyna, edebi tankydyna, onuň ileri gitmegine uly goldaw etdi. Ellinji ýyllarda edebi tankyd ugrundan Aman Kekilow, M.Annagurdow, A.Kerimow, A.Aborskiý dagy has köp çykyş edipdiler.Ýöne olaryň esasy ünsüniň “Aýgytly ädim” romany bolandygy hem dogrudy. Uruşdan soňky ýyllarda türkmen edebiýatynyň taplanyşy, ösüşi ýaly türkmen edebi tankydy, edebiýaty öwreniş ylmy-da ösýär. Uruşdan öňki we uruş döwrüniň tankyt obýekti esasan klassiki edebiýatdy. Bulardan başga-da, täze dörän edebi eserler barada-da içgin gyzyklanyp ugraldy. Ýazyjylaryň aýry-aýry eserlerine, şahyrlaryň ýygyndylaryna syn ýazmak bilen olaryň döredijiliginiň gowşak ýerleri hakda netijeli gürrüň edildi. Şeýle makalalar bilen birlikde, kiçi hem bolsa, edebiýatymyzyň belli döwürindäki ýagdaýyny kesgitleýän möhüm meseleleri ylmy taýdan analizleýän işleriň hem ýazylandygyny aýtmalydyrys. Olardan: N.Aşyrowyň “Häzirki döwür türkmen edebiýaty”,Aman Kekilowyň “Edebiýat teoriýasy”,A.Ýazkulyewiň“Edebiýat teoriýasyna giriş”, S.Garaýewiň, “Tworçestwo narodnogo şahyra Ata Saliha” atly monografiýalaryny agzamak bolar. Bular bolsa edebi tankydyň pajarlap ösmeginiň şaýadydyr. Şeýle-de bolsa, entek bu döwürde tankytçy derňeýän problemasyna ýa-da eserine dogry hem-de taýýarlykly çemeleşip, oňa çuň,c hemme taraplaýyn obýektiw baha berýär. Eseriň gowşaklygynyň sebäplerini doly açyp,derňewinden degişli teoretiki netije çykarýar diýip aýdyp bolmaz. Sebäbi entek ylmda-da, edebi tankytda-da professional ýokary baha berijilik ýetmezçilik edýärdi. Bu ýetmezçilik ellinji ýyllaryň tutuş dowamynda, hatda altmyşynjy ýyllaryň başynda hem saklandy. Ýurtda umumy ýagdaý nähili bolsa,onuň Türkmenistan ýaly çetki ýerlerinde hem şoňa göräräk proses gidýärdi. Çeper edebiýat hem şoňa golaý ýagdaýy başdan geçirýärdi. Köplenç halatda çeper eserlere, esasan hem şahyrlaryň ýygyndylaryna baha berlende,syn ýazylanda, shematizimiň çäklerinden çykyp bilmezlik, üstünliklerine, ýetmezçiliklerine obýektiw baha bermezlik ýaly kemterlik duýulýar. Çeper eserleriň obrazlar sistemasy ideýa sagdynlygy, tema aktuallygy, olaryň her biriniň özlerine has bolan çeperçilik aýratynlyklary bu döwriň edebiýat tankytçylarynyň üns merkezinde durmaýar.Ýazylan makalalarda ilki eserleriň oňat taraplary hakynda gürrüň edilip, “eser şowly çykypdyr”, “çeper ýazylypdyr” “şahyryň tejiribeligi duýulýar” ýaly pikirler hemmesinde gaýtalanýar. Soňra yzyndan az-kem kemçiligi barada gürrüň edilýär,ýazyjynyň niýeti kesgitlenilýär, maksady aýdynlaşdyrylýar. Çeperçiligiň kadalaryny berjaý etmändikleri üçin igenilýär. Döwriň, hatda häzirki döwriň-de oňat eserleriniň biriligine garaman, “Aýgytly ädim”, “Mugallymyň gyzy” we ş.m. birnäçe eserlere bilmersiň näme üçindir obýektiw baha berilmän,ýetmez ýerleri barada gaty gödek tankytlanýar,oňat ýerleri hakda az durulýar. Käbir eserler ýa-da şahyrlaryň ýygyndylary aşa çişirilip, “gowy-gowy” diýmek bilen, arşa çykarylýar. 1946-njy ýylyň 14-nji iýulnda. “Sowet Türkmenistany” gazetinde G.Wladykin,E. Kowalçuk, B.Suçkow “Edebiýat tankydy hakynda” atly makala bilen çykyş edip, şonda döwriň tankydy barada şeýle pikir ýöredýärler: “Häzirki zaman tankydynyň iň uly kemçiligi,onuň özüniň aýry-aýry edaralara we ýazyjylara hyzmatkär edilenliginden,şol ýazyjylaryň öwerliksiz eserlerini onuň öwýänliginden hem-de başga ýazyjylaryň gymmatly eserlerini alpetinden alýan mahalynyň-da seýrek bolmaýanlygyndan ybaratdyr” . Bu pikir türkmen tankydy barada aýdanyňda-da jebis gelýär. Obýektiw tankydyň taplanýandygy, öwginiň ýazyjy üçin-de, okyjy üçin-de, peýdasyzdygyny,oňat eseri okyjynyň saýlaýandygyny hemmeler bilýän bolsa gerek. Elbetde, şu döwürde metbugat sahypalarynda çap edilen makalalaryň sany az däl.Ýöne olaryň operatiwligi,originallygy, çeperçilik derejesi okyjylaryň isleglerinden pesde durýar.Käbir awtorlaryň makalalarynda ozal aýdylan bir pikir olaryň beýleki makalalarynda gaýtalanyp durýar. Käte biri beýlekisiniň pikirini gaýtalaýan ýerine hem duşmak bolýar.Öňki ýatlanylan makalada döwrüň tankydy barada aýdylan şu pikir bilen doly ylalaşmak bolar: “Edebiýatyň halk öňünde öz borjuny berjaý edip bilmegi, durmuşyň çylşyrymly köp taraplygyndan baş çykaryp bilmegi,biziň ýurdumuzda bolýan jemgyýetçilik işleriniň düýp manysyna akyl ýetirip bilmegi üçin prinsipli, abraýly edebi tankyty oňa kömek bermelidir... Emma heniz bizde beýle tankyt ýok.Biziň tankydymyzyň ýagdaýy kanagatlanarlykly däl, onuň jemgyýet içinde abraýy ýokary däl.Tankyt sowet edebiýatynyň kemala gelmegine zerur täsiri salmaýar,durmuşda we sungatda bolan täzeliklere ýaramaz halda gulak salýar hem-de biziň jemgyýetimiziň ýüregini gopdurýan örän möhim ideýa meselelerini edebiýatyň öňünde goýmaýar.Tankyt eserleriň çeper formasy barada juda talap edijiliksiz halda, pikir we jemlemek barada garyp halda durýar” Soňra makalada döwrüň tankydynyň kemçilikleriniň sebäplerini görkezilip şeýle diýilýär: “Häzirki zaman tankydynyň durmuşdan üzňeligi, sowet edebiýatynyň örän uly eserlerine edebiýat tankydynyň dogry baha berip bilmezligine we olaryň analizläp bilmezkligine, onuň ösüş meýlini kesgitläp bilmezligine, öňde baryjy zady, sungatda täze gözýetimleri açýan netijeli zady götergiläp bilmezligine we yza galak ýekeme-ýekeleýinçi daşary zady pisläp bilmezligine eltýär. Şu sebäpli tankytçylar tekrarlanan hakykatlary gaýtalaýarlar, ahwalatlaryň ýüzünde çawýarlar we şonluk bilen işiň düýpli,hemme taraplaýyn özleşdirilmegini, durmuşa işeňňirlikli täsir edilmegini talap edýän sosialistik realizim usulyndan dänýärler” . Umuman alanyňda, ýokarda agzalan ýetmezçilikleri hasaba almasaň, edebiýaty öwreniş ylmynda, edebiýat tankydyna işleriň belli-külli aýaga galandygyny aýtmalydyrys. Ýazylan işler mukdar taýdan köpeldi, edebiýat älemine täze adamlar aralaşdy, ylmy işler ýazyldy, edebi tankydy makalalaryň tematikasy giňeldi. Respublikan gazet-žurnal makalalary yzygiderli çykyp başlady.Bu döwür edebiýaty öwreniş ylmynyň we edbiýaty tankydynyň kämilleşiş ýoluna düşendigini, ugrugup gidendigini aýdyp bileris.Şu döwürde edebi tankydy makalalar bilen gündelik metbugatda G.Gurbansähedowyň, B.Jütdiýewiň, R.Alyýewiň, A.Mämmetgulyýewiň,A.Aborskiniň, O.Abdalowyň, , A.Kekilowyň, Ata Gowşudowyň, B.Kerbabaýewiň, D.Haldurdynyň, B.Annagurdowyň, G.Seýitiýewiň, B.Hudaýnazarowyň, B.Seýtäkowyň, B.Welmyradowyň, N.Esenmyradowyň, G.Weselkowyň, A.Atajanowyň, K.Işanowyň, H. Ysmailowyň, Hasymguly Gurbanowyň, Ç.Aşyrowyň, M.Söýünowyň, H.Şahberdiýewiň atlaryny ýygy-ýygydan görmek bolýar. Ýokarda atlary agzalan awtorlaryň birnäçeleri edebiýatymyza köpden bäri hyzmat edip gelýän professional edebiýatyçylardyr, tankytçylardyr.Meselem, A.Kekilow, H.Şahberdiew, R.Alyýew.Bulardan soňky awtorlar hem biziň derňeýän döwrimizde aktiw çykyş etdiler.Emma hemmesine häsiýetli bir zady hem aýtmaly bolýarys. Şol tankydy çykyşlaryň problemalaýyn bolman,synçylyk ruhy güýçlüdi.Synlar dürli-dürli bolup, biri-birine dogry we nädogry gelýän garşylykly pikirler hem bardy.Şeýle-de bolmaly, çünki tankydyň özi şol ýol bilen ösýän žanrdyr. Uruşdan soňky döwür türkmen edebiýatynyň bir bölegi bolan edebi tankyt hem täze ýagdaýa uýgunlaşýardy, ol edebiýatyň beýleki žanrlary bilen ugurdaş gidýärdi.Bu ýyllarda edebi - tankyda makalalar bilen köplenç ýazyjylar çykyş edýärdiler.Tankytçylar şol döwürde täze çykan ýygyndy hakda, edebi terjime hakda, tanymal ýazyjylardyr tankytçylaryň ýubileý seneleri mynasybetli, edebiýaty ösdürmegiň çäreleri hakda, edebi konkurslar we olaryň netijesi hakda, täze çykan powestlerdir romanlaryň hili hakda seslenýärdiler. Gürrüň tankydyň romanlar hakdaky pikiri barada gidýän ýerinde biz (Aýgytly ädim) romanyna aýratyn orun berilýänligini aýtmalydyrys. Bu roman sozüň doly manysynda taryhy rewolision romanlaryň birisidi we doly gutarylandy.Şonuň üçin Muny A. Aborskiý “Perwyý romanist Türkmenistana” atly çykyşykda / “Literaturnaýa gazeta”,1947-nji ýyl, 25-nji ýanwar/ dogry belledi.Roman tankytda obýektiw baha aldy. Aman Kekilow “Taryhy roman”/ “Sowet edebiýaty”, 1948-nji ýyl,№8/, B.Morozow “Reşaýuşi şag” Berdi Kerbabaewa / “Turkmenskaýa iskra” 1949-nji ýyl,15-nji maý / ýaly makalalarynda oňa giňden baha berdiler. Şol synlarda esere söýgi, roman žanrynyň çen alada duýulýar. Emma M.Annagurdowyň , “Aýgytly ädim “ romany”/” Sowet edebiýaty”, 1951-nji ýyl, № 4/ diýen makalasynda birtaraplylyk açyk duýulýar. Bu döwürde şahyr we ýazyjylarymyzyň aýry-aýry eserlerine bagyşlanan, olary her taraplaýyn analiz edýän makalalar bilen aktiw çykyş edýän tankytçylar peýda bolup ugrady.Şolardan O.Abdalowyň, “Keýmir kör” ady bilen çykan, G.Burunow we B.Amanow tarapyndan ýazylan “Keýmir kör” dramasy hakyndaky makalasyny ýatlamak ýeterlik. Bu makalada awtor“Keýmir kör” dramasynyň uly terbiýeleýjilik ähmiýeti hakda giňden durup,onuň ideýa taýdan sagdynlygy,halky eserligi barada gürrüň edýär. Şol pýesanyň ýetmezçiligi barada: “Edebiýat we sungat işgärleri köne zaman hakynda ýazan wagtlarynda şol wagtda bolan wakalara täzeçe göz bilen garamagy gazanmalydyr...ikinji tarapdan, pýesada hereket edýän gahrymanlar hiç haçan özleriniň ýaşan sosial ýagdaýlaryndan aýaklaryny üzmeli däldirler. Nedir şany/ umuman öz duşmanlarymyzy/ näçe gowşak, ejiz edip görkezsek, biz şonça-da öz güýjümizi, halkyň gudratyny, onuň azatlyga bolan joşgunly göreşiniň derejesini peseldýäris” diýip aýdan setirleri awtoryň aýytjak pikiriniň jemlemesi ýaly duýulýar. Soňra Keýmiriň şanyň öňünde has aşa gönümel, gödek gürledilmegi,Aýly batyryň obrazynyň hem has gönümel çykanlygy hakdaky bellikleri makullamaga laýyk. Bu makalada“Keýmir kör” pýesasynyň çeperçilik taraplary-da, ýetmezçilikleri-de, gaty dogry kesgitlenilýär. O.Abdalowyň, awtorlaryň geljekde has oňat işlemeklerine itergi berjek sowatly, düşünjeli maslahatlary maňzyňa batýar. Uruşdan soňky döwürde dramaturgiýanyň ösmeginde G.Seýitliýewiň, G.Muhtarowyň hyzmaty uly boldy.Olar bilelikde we aýry-aýrylkda köp pýesalar döretdiler.Pýesalaryň käbiriniň içki gurluşynda gowşaklyk bolsa-da, temasy aktualdy, täzäni ündeýärdi. G.Seýitliýewiň A.Garaýew bilen ýazan “Bagt derýasy” pýesasy 1950-nji ýylda “Sowet edebiýaty” žurnalynyň 2-nji sanynda çap edildi.Ol ýumaristik äheňde bolsa-da, tema zerurdy.Eýsem-de bolsa,onda konfliktiň ýoklugy pýesanyň esasy kemçiligidi. Emma tankyt muňa üns bermedi.Şol döwürde “konfiliktsizlik teoriasynyň” dramaturgiýanyň ösmegine päsgel berşi hakda tankyt seslenmedi. Tankytçylar O.Abdalow we Mämmetgulyýew Gara Seýitliýewiň “Jahan” pýesasyna bagyşlap, “Jahan” hem-de “Jahan pýesasy hakynda” diýen tankydy makala bilen çykyş edýärler.Olar öz çykyşynda pýesanyň temasynyň aktualygy, türkmen intelligensiýasy hakda ýazylan ilkinji synanşykdygy,emma eseriň zamananyň okyjysyny kanagatlandyrardan juda pesligi barada giňden gürrüň gozgap,şeýle diýýär: “...Häzirki zaman türkmen teatrynda oturan türkmen ýigidi 1924-nji ýyldan ozalky türkmen däl. Ol ösdi, onuň dramaturgdan, teatrdan edýän talaby biçak artdy. Ol ýigit Köpetdaglarynyň eteginden çykyp, Karpat daglarynyň jülgelerini sökip geçdi. Ol Ỳewropanyň gadymy şäherleriniň ýaş bilen suwarylan köçelerinden ýeňijilik bilen geçip, söweşler gurap, Berline bardy. ...Şu zatlaryň hemmesi onuň ruhuny Kapdagyna çykardy, onuň gözýetimini has giňeltdi. Ol indi şol geçen gahrymançylyklardan, edermenlikli işlerden doly ýoluna mynasyp pýesa görmek isleýär” . Tankytçylaryň ikisi-de, pýesanyň kemçiliklerini ýekän-ýekän yzarlap, degerli pikirleri ýöredip,ony ylmy esasda delillendirýärler. O.Abdalowyň makalasynda“Jahanyň” awtory Gara Seýitliýewi türkmen durmuşynyň bir bölegi- aýallar meselesi gyzyklandyrypdyr, emma nebsimiz agyrsa-da Gara Seýitliýew bu meseläniň içine giripdir-de, çykyp bilmändir. Çünki awtor durmuşa, onuň örän çylşyrymly proseslerine ýüzleý garaýar, batyrgaý çözülmeli meseleleriň duşundan geçýär” diýip, pikir ýöredýär. Emma bu ýerde tankyt pýesadaky esasy zady görkezmändir. Intelligensiýanyň ajaýyp obrazyny döreden eserleriň hatarynda G.Seýitliýewiň, “Jahan” pýesasy hem giryär. Ol türkmen we rus sahnalarynda üstünlikli geçdi. Ol uly ahlak meselesini gozgaýar. Adamyň jemgyýetdäki orny hakda gürrüň edyär. Pýesada türkmen aýalynyň ýokary hünäri, medeniýeti real suratlandyrylýar.Tankytçy,şol üstünligi görmän, ony açman, umumy gürrüň bilen çäklenýär. Onda kemçilik bardy. Ol hem ýene konflikte syrygýar. Ine, şuny dramaturga ýetirmekde tankyt kemterlik edýär.Sebäbi tankydyň öz derejesi, synyň professionallygy kemterlik edýärdi. BK /b/ P MK-nyň “Drama teatrlarynyň repertuary we ony gowulandyrmak çäreleri barada” çykaran kararyndan soň Gara Seýitliýewiň oňa jogap hökmünde, ilkinji bolup, intelligensiýanyň durmuşyny suratlandyryp ýazan pýesasy bolany üçin, goýberen kemçiliklerini ýuwmarlajak bolup synanşyk edenleri-de bolanlygy barada gürrüň edilýär.Emma A.Mämmetgulyewiň, makalasynda isleg her näçe gowy bolsa-da, Gara Seýitliýewiň eden oňat isleginiň ol heniz edilen iş bolan, islegligine galýanlygy,onuň bilen beýle ýalňyşlygyň, kemçiligiň üstüni perdelemegiň mümkin däldigi dogry bellenilýär. Tankytçylar, pýesa barada adalatly, ýerlikli bellikler edip, netijeli pikirler bilen öz pikirlerini delillendirýärler.Edebi tankytda şonuň ýaly ýüz görmezlik bilen eseriň kemçiligini açýan makalanyň gymmatynyň uludygy ikuçsyzdyr. Şol ýylaryň edebi tankydyna ýazyjy G.Gurbansähedowyň hem adyna ýygy-ýygydan duşmak bolýar. Tankytçy D.Haldurdynyň, “Meniň ýaragym” diýen goşgular ýygyndysy hakda /Aşgabat, TDN,1947./ “Meniň ýaragym” atly makala bilen çykyş edýär. Bu makalada şahyryň söweşjeň syýasy lirikanyň wekilidigi,harby poeziýany döretmegiň ussadydygy, onda duşmana ýigrenç,dosta wepalylyk ýaly häsiýetleriň suratlandyrylandygy hakda giňden gürrüň edilip,soňra ýygyndynyň kemçiliginiň üstünde adalatly durulýar.Tankytçy ýygynda girizilen goşgularyň akgynsyzdygy, gowşakdygy,olarda köp sözlülige ýol berlenligi mysallar bilen subut edilýär . Hasymguly Gurbanow hem D.Haldurdynyň, ýokarda agzalan ýygyndysy hakda “Ýaş kommunist” gazetiniň 1948-nji ýylyň 12-nji fewralyndaky sanynda “Şahyryň ýaragy” atly makala bilen çykyş edýär.Ol ýygyndyny has dabaraly sözler bilen öwýär. Yzyndan bolsa sypaýçylyk bilen G.D.Gurbansähedowyň bellikleri ýaly ýygyndynyň ýetmezçiligini tankytlaýar. Onuň kä goşgularyndaky pikiriň okyjylara asla düşnüksiz bolup galýandygy, meňzetmeleriniň şowsuzlygy,setirleriniň agyr okalýanlygy, asla çeperçilik taýdan gowşaklygy ýerlikli bellenilýär.Umuman, tankytçylaryň ikisi-de ýygyndynyň kemçiligi barada obýektiw bellikleri aýytýarlar. G.Gurbansähedow Hajy Ysmaýylowyň “Öküz gödek” powesti hakda“Öküz gödek” ady bilen makala ýazýar. Tankytçy bu makalada awtory turuwbaşdan tankytlap ugraýar.Asla “Öküz gödek” sowet jemgyýetinde bolup bilmejek tip, beýle obraza sowet adamlaryny masgaralaýar” diýen ýaly gürrüň edýär.Şonuň kimin jümleler şol döwriň tankydynda häli-şindi gabat gelýär. Hajy Ysmaýylowyň “Öküz gödek” powesti, elbetde, kemçilikden halas däl, şeýle-de bolsa, tankytçynyň aýdyşy ýaly,ony püçege çykarmak bolmaz.Zehinli söz ussady jemgyýetimizde ahlak tarapdan-azgyn, döwletiň emlägine göz gyzdyryp ýaşaýan adamlaryň obrazyny gaty synçylyk bilen suratlandyrypdyr.Durmuşdaky ýaramaz ýagdaýlaryň, pis häsiýetli adamlaryň zyýanly taraplaryny açyp görkezipdir.Merhum tankytçy A.Kerimow bu eseriň položitel hem-de otrisatel taraplary hakda we tankytçynyň aýdan tankydy bellikleri babatda ýerlikli gürrüň edip şeyle diýýär: “Dogry, bu satiriki eser kemçilikden-de halas däldi. Emma ol kemçilik, G.Gurbansähedowyň görkezişi ýaly, hamala, eserde beýan edilýän otrisatel wakanyň we satiriki tipiň biziň jemgyýetimizde bolup bilmeginde-bilmezliginde däl-de, eýsem başga meselededi. Ýazyjy Öküz gödegiň pozgakçylyklaryny durmuş hakykatyna laýyklykda çeper we ynandyryjy suratlandyrsa-da, eseriň položitel gahrymanlaryny juda passiw, görünip duran kemçilikler bilen-de ylalaşýan ýagdaýda görkezipdir. Hekaýanyň bir gahrymany Öküz gödegiň azgynlygyny we ýykgynçylygyny oňat bilse-de, oňa garşy çykmagyň, ony paş etmegiň deregine: “etse edibersin, uruş gutarandan soň göreris” diýen pikiri aýdyp, hiç bir esaslandyrylmadyk ýerden ony jezalandyrmaklygyň wagty däl diýen netijä gelýär.Ine, hekaýanyň düýp kemçiligi, biziň pikirimizçe, şundady” .Soňra awtor,öz pikirini ösdürip,şeýle ýazýar: “Ýazyjynyň uruş döwründäki we uruşdan soňky ençeme feletonlaryna mahsus ýiti synçylygy, durmuşdaky otrisatel ýagdaýlary we pis häsiýetli adamlaryň iň zyýanlylaryny saýlap alyp, olary tipleşdirip, rehimsiz näletlemegi onuň“Öküz gödeginde” jemlenipdi. Hekaýanyň bu tarapy onuň şeksiz üstünligidir. G.Gurbansähedow öz makalasynda Gotjagyň maşgalasy Gülälegiň, öz öyini taşlap, hatda ejesiniň öyüne-de barman, Öküz gödegiň öyüne barandygyny ýazgaryp, adalatly bellik edýär. Umuman alanyňda, bu powest barada tankytçynyň pikiri has gödek bolup eseriň ähmiýetli tarapy ünüsden düşirilýär.Haçanda tankytçy tankyt edýän obýektine aşa gödek çemeleşse,eseriň awtory-da,okyjy-da nägile bolýar. Beýle diýdigimiz eseriň ýetmezçiliginiň üstüni örtmeli diýdigimiz däl.Her bir eseriň hem özine ýetesi kemçiligi bolup biler, onuň tankyt obýekti.bolmagy - eseriň köpçilik tarapyndan okalýanlygynyň alamaty. Eger ol okalýan bolsa, okyjylar tarapyndan söýilýändir, beýik rus ýazyjysy L.N. Tolostoýyň dili bilen aýdylanda. “Ode net lýubwi k iokustwu i kratika ,, . G.Gurbansähedow we B.Jürmenek bilelikde ýazyjy Hajy Ysmaýylowyň “Iki atanyň bir ogly ”eseri barada “Sowet Türkmenistany ”gazetiniň 1947-nji ýylyň 8-nji we 9-njy ýanwardaky sanlarynda çykyş edýärler. Bu eseriň türkmen sowet çagadar edebiýatynda ideýa taýdan sagdyn, çeperçiligi taýdan ussatlyk bilen ýazlandygy, respublikan konkursda 50-den gowrak eseriň içinde baýraga mynasyp bolandygy bellenilýär . Uruşdan soňky döwür Hajy Ysmaýylowyň döredijilik belentligine galkynan döwrüdir.Ol çagalar edebiýatynyň düýbüni tutujy hökmünde 1946-1948-nji ýyllarda ajaýyp eserler döretdi. Okyjylara hödürlän “Mugallymyň gyzy”ady bilen ýazan belli eseri hem şol döwrüň önümi bolup durýar. Onda oba oglany Rejep Keçjalyň hünärli işçi bolup ýetişişi, Dursun bilen arasyndaky inçe duýgusy çeper suratlandyrylýar. Hajy Ysmailow, Türkmen ýazyjylarynyň arasynda ikinji bolup, oba ýaşlaryny senagat merkezlerine çykmaga, mähir durmuşy bilen tanyşdyrmagy, şäheriň şöhrat gazanan işçileri we şol sanyň wekilleri bilen gatnaşygyny real beýan etdi.Onuň “Iki atanyň bir ogly” powesti hem, Beýik watançylyk urşy ýylarynda ene-atasyndan galan ýetim çagalaryň terbiýelenşi olara adamlaryň hossar çykyşy hakda bolup, juda tolgundyryjy ýazylypdyr.Ol eser hem yazyjynyň söýgüli temasy bolan çagalar edebiýatynyň dowamy,onuň ösüşi boldy diýsek ýalňyşmarys.Ýöne esere baha beren tankytçylar ony ýagty aýdyňlaşdyryp bilmändirler.Diňe eseriň şowly çykandygyny aýtmak bilen kanagatlanypdyrlar. Hakykatdanda, Hajy Ysmaýylowyň “Iki atanyň bir ogly” eseri öwgüsine mynasyp. Bu uruş döwri bilen baglanşykly bolan waka barada bolup,munda halkyň dostlugy, doganlygy biri-birine bolan asylly söýgüsi örän çeperçilik we reallyk bilen ynandyryjy açylyp görkezilýär.Sada formada gyzykly ýazylan bu eseriň öz döwründe hatda häzirki döwürde-de çeperçilik ähmiýeti örän ulydyr. Bu çagalar edebiýatynda görnükli orny eýeledi çagalaryň söýgüli kitabyna öwrüldi we häzir hem şeýleligine galýar. Ýazyjy, öz zamanasynyň ýagdaýyna oňat düşünip halkyň göwnünden turjak temany saýlap bilipdir . A.Aborskiniň “O Tworçestwo Hadjy Ismaýylowa” atly makalasynda , “Bäsdeşler”, “Öküz gödek ”powestlerine analiz berilmek bilen, bu hekaýanyň üstünde giňden durulýar onuň şowly çykanlygy hakynda gürrüň edilýär. Tankytçylar G . Gurbansähedow we B.Jürmenek Rähmed Seýidowyň “Bahar geldi” ýygyndysyna “Şahyryň raporty” ady bilen ýazan synlarynda ýöreden pikirleri bilen hem ylalaşmak bolar. Bu makalada eseriň üstünlikli tarypyda bolşy ýaly adalatly açylypdyr. Şahyryň döredijiligine mynasyp baha berilipdir. Şol döwürde ýazyjy Ruhy Alyýew, edebiýatyň dürli meseleleri bilen gyzyklanyp, metbugatda aktiw çykyş edýär. R.Alyýew-biziň edebiýat ylmymyzyň we tankydymyzyň köne soldaty. Ol ýigriminji ýylardan bäri şu meýdanyň aktiw wekili bolup gelýär. R.Alyýewiň tankydy çykyşlarynda hem alymlyk, hem tankytçylyk we şahyrçylyk ruhy duýulýar.Ol meselelere töwerekleýin garamagy, oňa taryhylyk prinsipinde baha bermegi, umuman gozgaýan temasyny dowam edýän edebi proses bilen baglamagy unutmaýar. Galyberse-de, ol beýleki birnäçe awtorlar ýaly metbugatda gabat gelşine görä däl-de, mydama,yzygiderli çykyş edýär. Ýylda birnäçe gezek çykyşlarynda ol köplenç syn žanryna ýykgyn edýär.Emma şonuň bilen birlikde edebiýaty öwrenişiň problemalaryna-da seslenýär. Metbugatda onuň “Gorkiý we biziň edebiýatymyz” , “Beýik arzuw we umytlar şahyry” , “Poeziýamyzyň täze soldaty” . “Çagalar edebiyatynyň käbir meseleleri hakynda” , “Perwyý sbornik molodoga poeta” , “Biziň ýazyjylarymyz talaba laýyk düýpli eserler döretmelidirler”we ş.m. makalalar bilen çykyş edýär. Tankytçynyň “Gorkiý we biziň edebiýatymyz” diýen makalasy M.Gorkinyň türkmen ýazyjylaryna eden oňaýly täsiri, ondan görelde alandyklary,proletar ýazyjysynyň eserleriniň çeper terjimesinden soň türkmen edebiýatynyň realistik ugur bilen ösüp başlandygy barada gürrüň gozgalýar.Ol “Beýik arzuw we umytlar şahyry”diýen makalasynda, Gara Seýitliýewiň döredijiligi barada söz açyp,onuň lirizime ýugrulan setirlerinde ruhy belentlik çäksiz söýgi,watançylyk, dostluk ýaly asylly häsiýetleriň wasp edilýänligi barada maglumat berilýär. Tankytçy “Poeziýamyzyň täze soldaty” atly makalasynda G.Gurbansähedowyň “Soldat gaýdyp geldi” diýen ýygyndysyny analizleýär. Ruhy Alyýew, bu ýygyndyny, turuwbaşdan öwüp,arşa çykarýar. Elbetde,şahyryň ýygynda giren eserleriniň ideýasynyň sagdynlygyna, watançylygynyň belentligine, niýetiniň gowylygyna söz diýen ýaly däl. Şeýle-de bolsa, beýle öwginiň ýazyjy üçin ol diýen ähmiýetiniň ýoklugy bolsa mälimdir.Makalanyň ahyrynda, adaty bolşy ýaly, “Zoýa” poemasynyň çeperçilik babatda çig işlenendigine hem-de uruş wakalar barada gürrüň gozgap, “şahyryň öz gahrymanlaryny Görogly, Keýmir kör ýaly halk gahrymanlaryna meňzedendigini,Gurbandurdy,Gostella, Matrosow ýaly gahrymanlara meňzetmändigini” aýdyp, şahyra igenýär. “Şahyryň oz gahrymanlaryny”halk gahrymanyna ýa-da Beýik Watançylyk urşunyň gahrymanlaryna meňzedendiginiň tapawudy ýok, olaryň hemesi-de halkyň söýgüli gahrymanlary, halk ogullary. Onuň üçin agyz dolduryp,kemçilik höküminde ýatlap durmagyň geregi ýok bolsa gerek.Kemçilik höküminde poemanyň gowşak işlenişi, käbir gahrymanlaryň häsiýetiniň açylman galyşy,akgynsyzlygy barada-da aýdara zat kän. Tankytçy makalasynda ýygyndynyň edebiýat meýdanynda tutýan ornuny aýdyňlaşdyrmagy maksat edinýär,ýöne ol maksadyna doly ýetip bilmeyär. “Çagalar edebiýatynyň käbir meseleleri hakynda” atly makalasynda R.Alyýew çagalar barada ýazylan çeper edebiýaty ýeke-ýekeden yzarlaýar. Onda çagalar edebiýatynyň sowet döwründe kemala gelendigini, rus edebiýatynyň oňaýly täsir edişini açyp görkezýär.Olaryň üstünlikli tarapyny we kemçiliklerini dogry kesgitleýär. Ýene-de R.Alyýew “Biziň yazyjylarymyz talaba layyk düýpli eserler döretmelidirler”diýen makala bilen çykyş edyär.Bu makala, möçber taýyndan uly bolmak bilen, onda edebiýatyň birnäçe meseleleriniň üstünde durulýar. Makalanyň awtory, edebiýatyň roly, ony ösdürmekde partiýanyň kararlary, ýazyjylaryň bilim derejesiniň ýokarlanmagynyň zerurlygy, zamana laýyk eser döretmek hem-de häzirki zaman okyjysynyň talabynyň güýçlidigi we ş.m. barada umumy gürrüň gozgap, şeýle diýýär: Tankytçy örän dykgatly, duýgur we paýhasly bolmalydyr.Ol bir ýazyjynyň umumy döredijiligine ýa-da aýratyn eserine baha bereniňde,meselä obýektiw suratda, partiýa prinsipiallygy bilen garamalydyr. Tankytçynyň makalasy ýazyjynyň döredijiligini ýa-da eseriň esasy häsiýetlerini öňe goýmagy bilen onuň halkyň durmuşynda we terbiýesinde oýnap biljek roluny anyklamalydyr. Ol ýazyjynyň üstünliklerini görkezmek bilen birlikde, kemçiliklerini-de görkezmelidir” . Bu gaty dogry we ýerlikli bellik, ýöne Ruhy Alyýewiň özi tankyda şeýle çemeleşipmi ýa-da ýok? Şu pikirlendirýär. Tankytçynyň edebiýaty öwreniş we edebiýat tankydy barada bäş ýylyň dowamynda eden işlerini ýokarda derňäp geçdik.Olardan görnüşi ýaly, awtoryň tankydy pikirleri umumy,käbir ýöntemje belliklerden ybarat bolup,dabaraly sözler bilen taryplamadyr. Esere baha berende, ol çeper analiz däl-de, tematik analiz bilen oňýar.Beýle garamak ýazyjylar üçin –peýdasyz, okyjylar üçin bolsa düşnüksiz bolup galýar. Türkmen edebi tankydynyň taryhyny derňän ýoldaşlar Ruhy Alyýewiň edebi-tankydy makalalaryna /Uruş döwründäki we ondan-da öňki makalalary göz öňünde tutulýar./ şeýle baha berýärler: “Tankytçy şol döwürde jemleýji makalalar bilen hem çykyş edýär, täze ýygyndylar hakynda-da söz açýar. Poeziýa bilen birlikde dramaturigiýany-da ýatdan çykarmaýar.Edebiýatda aýal-gyzlaryň tutýan orny barada hem giňden gürrüň edýär.Rus edebiýaty we onuň beýik wekili M.Gorkiý barada-da söz gozgaýar.Munuň özi kanunydy. Beýle meseleleri tankytçynyň öňünde uruş döwrüniň gyzgalaňly gündelik durmuşy goýupdy. R.Alyýewiň makalalary öz ýazylan wagtynda belli bir derejede ähmiýetlidi.Emma san taýyndan köp bolan bu makalalar hili taýyndan onçakly güýçli däldi, olarda edebi we teoretiki çuňlyk ýokdy, belli-belli pikirler häli- şindi gaýtalanyp durýardy. Mysal üçin, eger ol “Uruş we edebiýat” diýen makalasynyň birinji bölüminde türkmen klassiki edebiýaty hakynda gürrüň edýän bolsa, şondan soňky “Söweş günlerimiziň poeziýasy” diýen makalasynyň giriş bölüminde hem klassiki edebiýat hakyndaky şol gürrüňi gaýtalaýar. Bu iki makalanyň soňy bolsa uruş döwrüniň poeziýasyna bagyşlanypdyr. Soňky makalada hem hut öňki gürrüň edilen şahyrlaryň-B.Kerbabaýewiň, Ata Salyhyň, Durdy Gylyjyň, Beki Seýtäkowyň, N.Pommanyň, K.Işanowyň, G.Seýitliýewiň, A.Çarygulyýewiň uruş hakynda döreden täze şygyrlarynyň atlary ýekän -ýekän agzalýar. Bu ýerde eseriň çeperçilik tarapyna hut öňki makaladaky ýaly, “bar güýjini goýup, hakykatda hem gowy setirler döredipdir”, “mazmuny kuwwatdyr”, “Beýik bir optimizim bilen beripdir”, “Uly çeperçilik bilen berýär”, “Çuň mazmunda we uly çeperçilikde beripdir” diýen jümleleri goýmak bilen,öňden düzülip goýulan resept boýunça, umumylaýyk baha berýär” Şu ýokarda getirilen setirleri tankytçynyň uruşdan soňky döwürde döreden makalalary barada söz açanyňda hem getirseň ýalňyşmasa bolar. Umuman alanyňda, Ruhy Alyýew uruşdan soňky döwürdäki edebiýat tankydynda we edebiýaty öwreniş ylmynda uly orunlaryň birini tutýar.Onuň dürli temalardaky ýazan makalalary okyjylar köpçüligine ýetirilip durupdyr.Ol klassiki edebiýaty barada-da, rus klassikalarynyň döredijiligi barada-da, doganlyk halklarynyň we dünýä edebiýatynyň genileri hakda-da, türkmen sowet edebiýaty we onuň problemalaýyn meseleleri hakda-da seslenýär. Şol döwrüň edebi tankydynda A.Mämmetgulyewiň ady-da ýygy-ýygydan gabat gelýär. Esere ýa-da haýsy hem bolsa, bir ýygynda syn ýazanda,onuň kemçiligi we çeperçiligi tankydynyň ýiti gözinden sypmaýar. Ol öz derňeýän eseriniň ýetmezçiligini açyp görkezmekde,ýüz görmezden, meselä obýektiw çemeleşýär. A.Mämmetgulyýew uruşdan soňky döwürde bir giden makalalar bilen çykyş edipdir. Ol “Çopan ogly” , “Ösüş ýolunda” , “Harsal işiň ýaramaz hasyly” , “Ýaşlar ýädigär” , “Kolhoz obasy” hakynda powesti” , “Hakykat hakynda hekaýa” ýaly makalalaryň awtorydyr. A.Mämmetgulyýew Gara Seýitliýew bilen Güseýin Muhtarowyň“Çopan ogly” pýesasy hakynda syn ýazýar. Tankytçy bu pýesanyň şowly taraplary hakda giňden durýar.Halkyň uly höwes bilen bu pýesany garşylandygyny, köne bilen täzäniň göreşini, täzäniň köneden üstün çykyşyny ussatlyk bilen açandygyny belleýär.Ýöne tankytçy, pýesanyň kemter ýeri barada gürrüň edende, ownukçylyk bilen kemçiligini tekrarlaýar. Onuň “Ösüş ýolunda” atly tankydy makalasy Anna Kowusowyň “Güneşli ülkäm” diýen ýygyndysy hakda bolup,ýygynda girizilýän goşgular, adat bolşy ýaly, temalara bölünip derňelýär. Emma ýygyndyda ýerleşdirilen goşgularyň düýpli ylmy-çeper analiz edilmändigini,ülňä öwrülen stilde olaryň ilki öwüp, soňra düzetmesi aňsat bolan az-kem kemçiliginiň bardygynyň ýaňzylýandygyny belläp geçmelidiris. Tankytçynyň “Ýaşlara ýadygär” diýen makalasy şahyr Rehmet Seýidowyň“Ýaşlara ýadygär” (Aşgabat, TDN 1949.) diýen ýygyndysy barada bolup, bu hem edil ýokarda derňän makalamyzyň stilinde ýazylypdyr.Munda şahyryň Watan hakynda, pasyllar hakynda ýazan şygyrlary temalara bölünip derňelýär we şahyryň watançylygy wasp edilýär.Ahyrynda tankytçy, ýygynda ideýasy aýdyň bolmadyk goşgularyň girizilendigini biri-birine meňzeş gaýtalanýan setirleriň-de bardygyny subut edip, mysallar arkaly öz pikirini delillendirýär. Kä sözleriň ýerli-ýerinde ulanylmandygy barada-da örän ýerlikli bellikler aýdýar. Makalada, şahyryň ussatlygy hakynda gürrüň edilip, onuň kemçiligi dogrusynda hem, ýüz görmezden, adalatly obýektiw baha berilipdir. Bu ýygyndy barada B.Hudaýnazarow hem “Ýaşlara ýadygär” atly makala bilen çykyş edýär. Makalada, şahyryň döredijiligi barada-da gysgajyk gürrüň ediliýär.Ýygynda girizilen Sowet konstitusiýasy we Lenin-Stalin baradaky eserleriň,ýene-de peýzaž lirikasynyň aýratyn ussatlyk bilen ýazylandygy öwgüli setirler bilen taryplanýar. Soňra, ýygyndynyň kemçiliklierine geçilip,oňa girizilen şygyrlarda edebi diliniň ýoýlandygy, kitapda eserleriň ýerleşdirilşiniň tertipsizligi barada adalatly bellikler edilýär. Bu makala, ýygyndy baradaky Mämmetgulyýewiň çykaran makalasy bilen jebis gelýär, olaryň ýygyndy baradaky pikirleri ugurdaş. A.Mämmetgulyýewiň edebi tankydyna, B.Seýtäkowyň “Gyzgyn günler”diýen powesti barasynda “Kolhoz obasy hakda powest” atly makalasy özüniň obýektiwligi bilen tapawutlanýar.Onda eseriň temasynyň aktuallygy, ýazyjynyň häzirki günüň mehanizasiýalaşdyrylan oba hojalygyny suratlandyrmagy, agzybirlikde jan aýaman zähmet çekýän sowet adamlaryň asylly häsiýetlerini açmaklygy maksat edinenligi bellenýär.Yzyndan awtoryň şol maksadyny ussatlyk bilen açmagy başarmandygyny, powestiň harsal işlenendigini aýdyp, şeýle pikir ýöredipdir: “Birinjiden, awtor kolhoz durmuşyny- öz saýlap alan temasyny gowy öwrenmändir.Şonuň üçin ol käbir owunjak belliklerinde däl, hatda öz powestine esasy konflikt edip alan meselesinde hem amatsyz ýagdaýa düşüpdir” Tankytçynyň bu belligi gaty jaýdar aýdylypdyr, ol öz aýdan pikirini esaslandyrypdyr. Eseriň obrazlarynyň ýetmezçiligi barada tankytçy oňat pikir ýöredýär. Makalada: “Ýoldaş Beki Seýtäkowy öz gahrymanlarynyň ýazgydyna käte perwaýsyz garaýar, olaryň obrazlarynda özbaşdaklyk ýok – diýilýär. – Aslynda, her adamda bir häsiýet bar.Her adamyň bir sözleýşi,gylygy bar.Şol dogry görkezilse,oňat obrozlar döreýär.Awtor şol tipleri döredip bilmändir” Gahrymanlaryň obrazyny döretmekde awtoryň öz pikirine özüniň garşy gelýän ýerlerine hem duş gelinýändigi hakdaky bellik bilen ylalaşmak bolar, tankytçy ony mysalar bilen hem subut edýär. Mundan başga-da eseriň kemçilikleri barada gürrüň edip, pikirini ylmy esasda mysallar arkaly delillendirýär. Bu eser barada D.Esenowyň “Gyzgyn günler” ady bilen.“Sowet Türkmenistany” gazetiniň 1950- nji ýylyň 29-njy oktýabrynda tankydy makalasy çap edilýär. Bu makalada hem adamlaryň zähmete bolan garaýyşlary onuň oňaýly tarapy hökmünde görkezilipdir.Gahrymanlaryň häsiýetlendirlşi hakdaky kemçiligi barada gürrüň edende, bu eser barada çap edilen öňki makaladaky pikir bilen dogry gelýär.Ýöne şunda Täzegüliň ejesi Senemiň obrazy barada” ...durmuşa dogry gelmeýän, toslama, düşünjeli sowet graždanyna laýyk bolmajak obrazdyr.Senem ejäni awtor dine ýugrulan, molla we işana ynanýan, köne urp-adatyň ýesiri bolan adam hökmünde görkezipdir” diýenleri bilen ylalaşmak bolmaz. Sebäbi eseriň ýazylan döwründe, umuman garrylaryň häsiýetinde ol bolaýanda-da ynanylmaz ýaly däl, ikinjiden hem,Senem eje ylymly-sowatly aýal däl. Şonuň üçin onuň obrazy, tankytçynyň aýdanynyň tersine, ynandyryjy çykypdyr.Käbir ene-atalar, öz diýenini etdirjek bolup,her ýoldan goýup görýärler ahbetin. Umuman alanyňda, şeýle säwliklere seretmezden, bu tankydy makalada obýektiw seredilýär. Tankytçynyň “Gyzgyn günler” powesti hakdaky, umuman, onuň döredijiligi hakdaky pikirini makul bilip, makalanyň jemlemesinde aýdan sözlerini getirmegi dogry tapdyk.Ýazyjy Beki Seýtäkow, “Gyzgyn günler” powestini okyjylara hödürlemek bilen, özüniň düýpli eserler döretmäge ukybynyň bardygyny görkezdi. Edil şonuň ýaly-da powestde uly kemçilikleriň we bulaşyklyklaryň bolmagy eseriň üstünde awtoryň harsal işleýändigini-de görkezdi” Tankytçylaryň bu eser barada aýdan tankydy pikirleri netijeli hem-de biri-birine jebis gelýär. A.Mämmetgulyýewiň “Hakykat hakynda hekaýa” ady bilen B.Seýtäkowyň “Başa-baş söweş” hekaýasy barada syn ýazýar. Bu makalada täze kolhoz adamlarynyň iň oňat sypatlarynyň ökdelik bilen açylandygy, kynçylyklardan gorkmaýan, ruhdan düşmeýän sowet adamlarynyň belent mertebeleriniň suratlandyrylýanlygy hakda giňden gürrüň edilipdir. Hiç hili tankydy bellik aýdylmaýar. Onuň “Harsal işiň ýaramaz hasyly” atly makalasynda bolsa Ý.Nasyrlynyň “Kim güýçli?” ady bilen çykan kitapçasy tankyt edilýär. Ýazyjy –şahyrlaryň üstünlikli taraplary bilen kemçilikleri-de bar. Döwrüniň gözi bilen seredeniňde bu ýygyndyny juda püçege çykaraýmak adalatly bolmasa gerek. Tankytçy şahyryň eserlerini “ideýa taýdan gowşak”diýip belleýär. Emma onuň aýdyşy ýaly däl-de, awtoryň ýagşy niýeti duýulýar, şygyrlar sada ýazylypdyr. Nädogry düzülen jümleleriň, şowuna düşmedik meňzetmeleriň bardygy, çeperçilik babatda gowşaklygy, türkmen dilini ýoýup ulanýandygy hakdaky bellikleri göwnejaý. Sözümizi jemläp aýdanymyzda, A.Mämmetgulyýewi edebiýatyň tankydy we edebiýaty öwreniş ylmynda aktiw hem-de obýektiw çykyş edenleriň hataryna goşmak bolar. Şol döwrüň edebiýaty öwreniş ylmy we edebiýat tankydy barada gürrüň edilende, merhum A.Kerimowyň adyny guwanç bilen tutmak bolar.Ol, şahyrçylygynyň daşyndan edebiýaty öwreniji görnükli alym bolmak bilen,edebiýatyň taryhyna, teoriýasyna degişli işleri, edebi-tankydy makalalary we edebi teoriýasy baradaky gollanmasy bilen özüni tanatdy. Tankytçy “Çeper sözüň ussady” , “Türkmen sowet edebiýatynyň ajaýyp üstünligi” atlary bilen iki makala ýazýar. Birinjisinde, B.Kerbabaýewiň bütin döredijiligi derňelýär. Onuň ussat şahyrlygy bellenilmek bilen, ýeke-ýekeden poemalary analizleýär. Soňra prozanyň ussadydygy hakda gürrüň açylýar, ýazyjynyň ýazan powestleri, “Aýgytly ädim “ romany hakda, ýazyjynyň dramaturgiýadan-da başy çykýanlygy, ökde terjimeçidigi hakda durlup, umuman ýazyjynyň döredijilik ýüzi açylyp görkezilýär. Ikinji makalada hem, şahyryň döredijilik ýoly yzarlanyp, esasan hem “Aýgytly ädim “ romanynyň türkmen sowet edebiýatyna getiren üstünlikleri barada gürrüň edilýär, onuň ýokary baýraga mynasyp bolandygy nygtalýar. Bu makalada ýazyjynyň döredijiligi barada maglumat berilip, onuň eserleriniň reallygy, obrazlaryny indiwiduallaşdyryşynyň özboluşlylygy we gaýrylar barada giňden gürrüň edilýär. Aman Kekilow “Soldat gaýdyp geldi”atly makalasyny Gurbandurdy Gurbansähedowyň 1947-nji ýylda neşir edilen “Soldat gaýdyp geldi” ýygyndysyna bagyşlap ýazýar. Ol, bu ýygynda oňat ýazylan goşgularyň girizilendigini,şahyryň öz eserlerini uly joşgun bilen ýazandygyny nygtamak bilen, yzyndan tankydy belliklere geçip, ýygynda girizilen “Zoýa” poemasynyň çeperçilik babatda gowşakdygyny, wakalarynyň ynandyryjy däldigini, şowsyz eserdigini tankytlapdyr. Zoýanyň obrazynyň ynandyryjy däldigi nygtalýar. Poemada Zoýanyň ejesi urşuň boljakdygyny öňünden bilen şekilde gyzyny terbiýeleýär, “watansöýüji bol, Watana wepaly bol” diýen ýaly gönümel nesihatlar ejesiniň dilinden aýtdyrylýar diýilip, göwne makul gürrüň edilýär.Beýle gönimel sözleri awtor gahrymanynyň agzyna salyp bermän, Zoýany akylly, edepli, medeniýetli,düşünjeli, mert bolmak ýaly gowy häsiýetleri öwredýän şekilde suratlandyran bolsa, oňat bolardy diýilip adalatly bellenýär.Onuň “Gyr atly gaýduwsyz”, “Akmak hökümdar” dessanlarynyň forma we mazmun taýdan beýleki eserlere sepleşmeýändigi hakdaky belligi bilen ylalaşmak bolar. Tankytçynyň goşgularyň çeperçilik taýdan gowşaklygyny, käbiriniň ideýa taýdan agsaýanlygyny aýdyp, olary degerli mysallar getirip analizleýşi göwnüňden turýar.Şahyryň umumy döredijiligi barada gürrüň edip, tankytçynyň ýöreden pikiri göwnejaý bolany üçin, şondan birnäçe setirini getirmegi ýerlikli hasaplaýarys: “...şahyryň döredijilik fantaziýasy şindi ýeterlik däl”. Ol bu pikirini dowam etdirip: “Ol özüniň köp goşgularynda durmuş wakalaryny okyjysyna düşündirmäge, belli bir meseläni subut etmäge çalyşýar.Emma şahyr durmuş wakalaryny özüniň ideýa nukdaý nazaryndan görkeziji bolmalydyr.Şol görkezijiligiň başarnykly bolmagy düşündirmegiň, ýagny konkret obrazlar üsti bilen öz ideýaňy okyjyňa bermegiň iň ýokary derejesidir. Düşündirmek ylmyň işi,görkezmek sungatyň işi ...Gurbansähedowyň poeziýasynda “subut edijilik”, “düşündirijilik” häsiýeti bar. Şonuň üçin hem onuň birnäçe goşgulary “agitasion” häsiýetli bolup çykypdyr” diýýär. Bu ýygyndy hakda “Perwyý sbornik molodogo poeta” ady bilen Ruhy Alyýewiň hem bir makalasy çykýar.Bu makalada şahyryň ýygyndysyna girizilen goşgular temalara bölünip analiz edilýär. Makala durşuna diýen ýaly öwgüden ybarat bolup,ýöne onuň shemalaýyn goşgularynyň hem gabat gelýändigi az-kem ýaňzydylýar. A.Kerimow “Alma ýene gülleýär” ady bilen ýene-de bir makala ýazýar.Ol bolsa, Ata Atajanowyň, “Alma ýene gülleýär” diýen ýygyndysy hakda bolup, kitapça girizilen eserleri derňeýär. | |
|
√ A.M.Gorkä hat - 19.10.2024 |
√ Amin Maluf we "Empedoklyñ dostlary" - 03.03.2024 |
√ Aýdyp bolmaýan pikir ýok, aýdyp bilmeýän adamlar bar - 05.12.2024 |
√ Döredijilikde ideýa meňzeşligi bolup bilermi?! - 07.06.2024 |
√ Söýginiň tarypy - 14.10.2024 |
√ Palestin ýazyjysy Gassan Kanafaniniñ "Haýfa gaýdyp gelmek" hekaýasy hakda - 16.06.2024 |
√ Ýaş şahyrlar we şahyr ýaşlar - 10.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |