14:15 "Gorkut ata" eserinde aýal-gyzlaryñ durmuşda tutan orny | |
«GORKUT ATA» ESERINDE AÝAL-GYZLARYŇ DURMUŞDA TUTAN ORNY
Edebi makalalar
«Gorkut ata» eseri irki döwürlerden bäri Gündogary öwreniji alymlary we taryhçylary gyzyklandyryp gelýär. Bu eseriň biziň eramyzyň V-VII asyrlarynda döredilendigini, soňra timarlanyp üstüniň ýetirilip, biziň günlerimize gelip ýetendigini ykrar edýärler. Eseriň aňyrsynda oguz türkmenleriniň durmuş obrazlarynyň, taryhy hakykatyň ýatanlygyny alymlar subut etdiler. Kitap «boý» atlandyrylan birnäçe bölümlerden ybarat bolup, onuň her bir boýy özbaşdak pikiri ündeýär. Käbir gahrymanlar hemme boýlarynda-da hereket edýär. Şonuň üçin hemmesiniň jeminden bütewi bir eser emele gelýär. Boýlarynyň barynda watançylyk, gahrymançylyk, adamkärçilik ideýalary öňe sürülýär. Belli Ýewropa alymlary, taryhçylary bu eseriň şübhesiz türki halklaryň − oguzlaryň taryhynda bolup geçen wakalaryň beýanydygyny belleýärler. Gorkut ata, Salyr Gazan, Burla hatyn we başga-da birnäçe gahrymanlaryň taryhy şahslar bolandygy subut edildi. Şol gahrymanlaryň obrazlaryny derňäniňde, türkmeniň häzirki durmuş obrazy bilen deňeşdireniňde, türkmene mahsus bolan özboluşly häsiýetler açylýar. Gorkut atany ýaşuly hökmünde sylaýyşlary, hemme meselede maslahat salyp, öňe tutuşlary, Salyr Gazanyň serkerde hökmünde iş tutuşy we beýlekiler türkmen häsiýetine mahsusdyr. «Salyr Gazanyň öýüniň ýagmalandygy boýunda» Garaja çopanyň öz hojaýynyna wepalylygy, ýagny Gazanyň malyny bermejek bolup, duşmana garşy söweşip, iki doganyny aldyrsa-da, aman diýmän göreşişi, Salyr Gazan duşmanyň üstüne gidende daňyp, galdyryp gitse-de, yzyndan gidişi, «nahar-çaýyna seretjek welin, senden galjak däl» diýeninde, türkmeniň garadan gaýtmaz ýigidi göz öňüňde janlanýar. Gazan begiň özüne göwni ýetijiligi, az-kem gedemligi öz güýjüne buýsanýan serkerdäniň obrazynyň özboluşly açylyşy. Türkmenlerde «Adam lebzinden tanalar» diýilýär. Şol däp şu eserde başdan-aýaga şu hörpden gidýär. «Bugaç han Derse han oglunyň boýy» bölüminde esasan, perzent hem oňa bolan söýgi, onda-da oglana bolan garaýyş açylýar. Şonuň sebäbi hem dumly-duşdan duşman çozup duran döwürde ýurdy goramak üçin oglanlar has gerekli bolupdyr. Häzirki parahat, imi-salalyk döwürde-de şol adat dowam edip gelýär. Ruhy atamyz Magtymguly: Oguldyr döwletiň başy, Gyz hem bolsa göwün hoşy... − diýip, türkmeniň aňyrdan gelýän islegini beýan edýär. Şondan başga-da şu boýda gözüň görmedik zadyna ynanmaklygyň − «aklyň gulagyňda bolmaklygyň» netijesiniň erbet zatlaryň üstünden eltýändigini aýtmak islenipdir. «Baý Bugra beg ogly Bamsy Beýrek boýunda» Banu Çeçegiň obrazynyň beýanynda wepadarlygyň, «Gazan begiň ogly Oraz begiň tussag bolmagy boýuny beýan ederde» ogluňa tälim-terbiýe bermek, aýal-gyzlaryň edermenligi, batyrlygy beýan edilýär. «Döwhe goja ogly Däli Domrul boýuny beýan ederde» men-menligiň, gopbamsylygyň adamy agyr güne salýanlygy, abraýdan düşürýänligi, «Gaňly goja Hantöreli boýuny beýan ederde» maşgala gurmakda mynasyp ýoldaş saýlamak ýaly durmuşyň dürli problemalary gozgalyp, akyl-terbiýe, sapak öwredilýär. Şolaryň hemmesiniň içinden watanyňy söýmek, il-güne, özüňden ula hormat-sylag, ýurtda agzybirligi saklamak, daşary ýurt basybalyjylaryna berk gaýtawul bermek, wepadarlyk, adamkärçilik, sagdyn nesil ýetişdirmek, abraýly maşgala gurmak ýaly meseleler boýlaryň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Eser başlandan, Gorkut atanyň nesihaty bilen başlanýar: «... Ölen adam direlmez, çykan jan yza gaýdyp gelmez. Bir ýigidiň gara dagyň ýumrusyça maly bolsa ýygar, düýrer, talap eýlär, emma nesibesinden artygyny iýip bilmez. Tekepbiri Taňry söýmez. Göwnüni ulumsy tutan adamda döwlet bolmaz. Ýapa-ýapa garlar ýagsa, ýaza galmaz. Ýatdan ogul bolmaz, külden depe bolmaz. Ýapagaly gök çemenler güýze galmaz...» Gyzykly ýeri eserde aýal maşgalalaryň durmuşdaky orny has aýdyňlaşýar. Hakykatdan-da gelin-gyzlaryň durmuşyň hemme ugurlarynda hukuklarynyň çäklendirilmändigini görmek bolýar. Hemme bölümde olaryň akylly-paýhaslydygy, işeňňirligi, göreldelidigi, wepadarlygy, erkek adamlar bilen deň derejede deprenip bilýänligi görünýär. «Bugaç han Derse oglunyň boýy» bölüminde Derse han Baýandyr hanyň toýuna baranda, ony perzentsizligi üçin gara öýde myhmanlap, gara goýnuň eti bilen naharlaýarlar. Derse han gahar-gazaba münüp, aýalynyň ýanyna gelip, gaharyny ondan çykarjak bolanda, aýaly ony köşeşdirip: «Haý, Derse han, maňa gazap etme, ynjap ajy sözler sözleme, ýeriňden öri tur, çadyrlaryňy gerdir, at, goýun, düýe öldür; Içoguzyň, Daşoguzyň beglerini ýygnap, aç görseň, doýurgyn, ýalaňaç görseň, don etgin, borçlyny borjundan gutargyl...» ýaly maslahatlary berýär. Bu ýerde aýallaryň parasatlylygy, ugurtapyjylygy açylýar. Boýda türkmenleriň hudaýýoly bermek, çaga doglanda, ýaşululara geňeşip, at dakmak däpleriniň aňyrdan gaýdýandygyny duýmak bolýar. Şu däpler häzir hem dowam edip gelýär. Eserde başdan-aýaga zenanlaryň paýhasy-pähimi, erkek adamlaryň olara eýerişi, çylşyrymly halatlarda aýallaryna maslahat salşy olara köp üns berlenliginiň alamatydyr. Bu diňe şu eserde däl, halk döredijiliginiň beýleki žanrlarynda döredilen eserlerde-de şeýledir. Olaryň akyllylygy, geçirimliligi, zähmetsöýerligi, gözelligi, gerek ýerinde eline ýarag alyp, Watanyny, ar-namysyny goramakda erkeklerden kem oturmaýanlygy nygtalýar. Hakykatdan-da şular ýaly türkmen gelin-gyzlaryna mahsus häsiýetleri Gökdepe urşundaky hem-de geçmişdäki alamançylykly söweşlerdäki wakalar hem subut edýär. Şulary jemläniňde türkmenleriň öz zenan maşgalalarynyň hukuklaryny çäklendirmändikleri, edenli-edermenligine, özlerini alyp baryşlaryna göwünleriniň ýetýänligini, olara guwanýandyklaryny görkezýär. Elbetde, olar edebi mirasymyzda şeýle suratlandyrylýan bolsa, edebiýat durmuşdan üzňe däldir, onuň aňyrsynda durmuş wakalary, taryhy hakykat ýatyr. Kähalatda, atlary üýtgedilip, wakalar az-kem umumylaşdyrylsa-da, durmuş hakykatdan daşlaşýan däldir. Durmuş hakykaty ýoýulsa, eger ýasama bolsa, ol halk tarapyndan söýlüp okalmaýar we ykrar edilmeýär. Halkyň ykrar etmedik eseri asyrdan-asyra nesilden-nesle geçip, ýüreklere ýazylyp, ýatdan biziň günlerimize ýetmegi mümkin däl. Şulardan ugur alyp, «Gorkut ata» eseriniň türkmeniň durmuşynda, ruhy ahwalatynda bolup geçen hadysalardygyny ýaýdanman aýdyp bolar. Türkmen zenanlarynyň wepalylygy, edermenligi şu eserde «Baý Bugra beg ogly Bamsy Beýrek boýy» bölüminde öz beýanyny tapypdyr. Bamsy Beýrek duşman elinde tussaglykda on alty ýyl oturyp gelýänçä Banu Çeçek oňa garaşýar. «Salyr Gazanyň öýüniň ýagmalandygy boýunda» Burla hatyny duşmanlar kyrk kenizi, Oraz ogly bilen tutup alyp gidenlerinde, duşmanyň elinde-de ugurtapyjylygy bilen öz abraýyny goraýar. «Däli Domrul boýunda» bolsa, ýanýoldaşy öz adamsynyň deregine janyny bermäge kaýyl bolýar. « Gaňly goja ogly Hantöreli boýunda», Hantöreli gyzyň kakasynyň ähli şertini berjaý edip alyp gaýdanda, gyzyň doganlary ony ýat adamlara berip goýberenligi üçin kakalaryna igenip, olaryň yzyndan kowgy ýollaýarlar. Şonda Hantöreli ýaralanýar. Gyz «Atylan ok daşdan gaýtmaz» nakylyna eýerip, kowgynyň garşysyna ýeke özi durup söweşýär. Şu ýerde Seljan hatynyň göwün berip, yzyna düşüp gaýdan ýigidine her hili gün görse-de, ikilik etmeýänligine, kowgularyň garşysyna mertlerçe söweşenligine şaýat bolýarys. Burla hatyn, Banu Çeçek barada-da şulary aýtmak bolýar. Salyr Gazanyň öýi talanyp, maly olja, maşgalasy ýesir bolup duşman eline düşende, Burla hatyn kyrk kenizi hem özleriniň hojaýynlaryna nähili wepalydyklaryny subut edýärler. Duşmanlar Salyr Gazanyň namysyny depelejek bolup, günden görkli maşgalasy Burla hatyna şerap süzdürip içmek islänlerinde, onuň haýsysydygyny bilmek üçin: «Salyr Gazanyň aýaly haýsyňyz» diýip soranlarynda, kyrk keniziň kyrkysy-da kyrk ýerden «Men» diýip jogap berýärler. Ahyrda duşmanlar haýsynyň Salyr Gazanyň maşgalasydygyny bilmän, ogly Orazyň etini gowrup, olaryň öňünde goýmak isleýärler. Ejesi oglunyň etini iýmez, şunluk bilen-de haýsysynyň Salyr Gazanyň aýalydygyny bileris diýip pikir edýärler. Burla hatyn muny eşdip, aljyrap oglunyň ýanyna gelýär, ogly bolsa «Il birini iýse, sen ikini iý. Ene-atamyň başy dik bolsa, ýene-de Oraz ýaly ogul bolar. Ýöne ar-namys gitse, ýerine salyp bolmaz» diýýär. Şu ýerde hem-ä gyz-gelinleriň wepalydygy hem-de türkmenleriň psihologiýasy açylýar. Türkmen hemişe ar-namysyny janyndan ileri goýýar. Eserde şeýle detallary näçe diýseň tapmak bolýar. Şolardan netije çykaryp, aýal-gyzlaryň ornuny kesgitläp, eseriň köküniň hem biziň eramyzyň V asyrlaryndan gaýdýanlygyny bilmek bolýar. Şeýle häsiýetler diňe «Gorkut ata» eserine däl-de, «Görogly», «Şasenem-Garyp», «Saýatly-Hemra», «Hüýrlukga-Hemra», «Nejep oglan» we beýleki halk dessanlarymyza-da mahsusdyr. Bu bolsa hakykatdan-da türkmen zenanlarynyň jemgyýetçilik durmuşynda, uly rol oýnandygyny, öýüň diregi wepaly ýanýoldaş, akýürekli maslahatçy, çaganyň terbiýeçisi, mähirli, akylly-paýhasly ynsandygyny subut edýär. Şu aýdanlarym yzy, II-nji jahan urşy döwründe käbiriniň iki-üç gün , käbiriniň bir aý, bir ýyl ýaşaşyp, eli zürýatsyz galsalar-da, gül ömürlerini kül edip, diri gözden uçan ýanýoldaşlaryna garaşyp ojaklaryny saklap, şu dünýä bilen hoşlaşandyklaryna il şaýat. Uruş barada döredilen eserleriň köpüsinde-de aýal-gyzlaryň ojagyna wepalylygy beýan edilýär. Elbetde, öň belleýşimiz ýaly, şular toslanyp tapylan hadysalar däl, bu bolsa edebiýatyň durmuş hakykatyny açýanlygynyň alamatydyr. Türkmen zenanlarynyň maşgala ojagyna, ýanýoldaşyna wepalylygynyň has gadymdan gaýdýanlygynyň, bu häsiýetiň olaryň emerine-damaryna ornandygynyň subutnamasydyr. Merhemetli Prezidentimiz S.A.Nyýazowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistan Garaşsyz, Özbaşdak, Baky Bitarap döwlet bolandan soň şol eserleriň türkmen halkynyň psihologiýasyny açýandygyny, şonda olaryň gahrymanlyk, edermenlik, wepalylyk, adamkärçilik ýaly häsiýetleriniň açylýandygyny aýtmaga doly mümkinçilik döredi. «Gorkut ata» kitabyny çap etmegi gadagan edilenliginiň esasy sebäbi-de «milletçiligi öňe sürýär» diýlen bahanadyr. Halkyň ruhuny, däp-adatyny, edim-gylymyny aýtmaklyk milletçiligiň öňe sürüldigi däl bolsa gerek. Her halkyň ruhy ahwalatyny beýan edýän eserlerini öwrenmek, halka ýetirmek hökmanydyr. Terbiýe meselesinde şol eserlerde beýan edilýän, öz aslyňdan ugur alynmasa kadadan çykma bolýandygyny taryh subut etdi. Halk nakylynda aýdylyşy ýaly, «Dinden çyksaň çyk −ilden çykma» diýleni. Merhemetli Prezidentimiziň aýdyşy ýaly, edebi mirasymyzy halka ýetirmek − geçmiş taryhymyzy, däp-adatymyzy, edim-gylymymyzy, ruhy ahwalatymyzy ýaşlara öwretmek, biziň hemmämiziň borjumyz bolup durýar. Enegül AŞYROWA. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |