21:00 Açyk hata jogap | |
AÇYK HATA JOGAP
Edebi tankyt
Hormatly Atajan Tagan! Siz hatyňyzda gyzykly meseleleri gozgaýarsyňyz, birnäçe sowallary orta atýarsyňyz. maňa hem-de beýleki tankytçylara degişli bolan şol sowallaryňyzyň köpüsine özüňiz jogap beripsiňiz. Men on bir ýyl bäri uniwersitetde mugallym bolup işläp ýöremsoň, öz endigime görä, her bir jogaba derrew baha beresim gelýär. Eger siziň jogaplaryňyza-da baha bermeli bolsa, oňat baha bererdim. Onuň hem iki sany pugta delili bar. Siz, birinjiden-ä, tankytçylaryň ünsden düşüren meselelerini dogry belläpsiňiz, ikinjidenem, orta atýan sowallaryňyza jogap bermäge taýýarlykly edebiýatçy hökmünde çemeleşipsiňiz. Öz sowallaryňyza özüňiz jogap beripsiňiz diýmek bilen, men sözümi tamamlap biljek däl. Siziň gozgan meseleleriňiz barada meniň hem azajyk söhbet açasym gelýär. Siziň tankytçylar doly güýjünde işlemeýärler diýen pikiriňiz bilen doly ylalaşýaryn. Näme üçin doly güýjünde işlemeýärler? Tankytçy däl-de, şahyr bolanlygyňyz üçinmi, nämemi, siz bu sowala doly jogap bermänsiňiz. Siziň hem ýaňzydyşyňyz ýaly, biziň ýazyjydyr şahyrlarmyzyň käbiri tankydyň özüne getirýän “biabraýçylygyny” söýmeg-ä beýlede dursun, asyl oňa çydap bilenok. edebi tankydyň batly ösmezliginiň sebäbi die bu-da däl. Sowet häkimiýetiniň ýyllary içinde edebiýat ugrundan müňlerçe kitap neşir edildi. Edebi tankyt diýilýän görgüliniň ugrundan bolsa ýarym asyra ýetip barýan wagtyň içinde biziň türkmen edebiýatymyzda bary-ýogy dört-bäş sanyjak çelpek ýaly ýukajyk kitap çykaryldy. Eýsem, şu kadaly işmi? Hiç kim muňa oňyn jogap bermese gerek. Ýaş şahyryň, ýaş ýazyjynyň eline galam alanyna bir-iki ýyl bolup-bolmanka ýygyndysy neşir edilýär. Onlarça ýyl dowamynda yzygiderli çykyş edip gelýän tankytçylaryň bolsa bir kitabyny hem çykaryp bilmän ýörenleri bar. Mahlasy, bizde edebi tankyda hossarçylyk edilişiniň ugry ýok. şu ýagdaý, bir tarapdan, tankytçylary geňirgendirse, ikinji tarapdan, olaryň edebi tankyt zähmetine hyjuwyny gowşadýar. Indi beýleki meseleler barada. Siz şu günki günüň eserlerine hertaraplaýyn analiz berlende, könü döwrüň öz wagtynda uly rol oýnan kesgitlemelerine yzygiderli ýüzlenip durmagyň nähilidigini soraýarsyňyz. Özüňiziň-ä bu sowala oňyn jogap bermek meýliňiz ýok ýaly. Şertli häsiýetdäki ikitaraplylyk meselesi bilen gaty gyzyklansaňyz-da, şu meselä birtaraplaýyn çemeleşipsiňiz. Öz belleýşiňiz ýaly, edebiýat döwür bilen baglylykda ösüp, özgerip durýar. Şonuň bilen birlikde, edebiýat baradaky ylmyň ösüş prosesi dowam edýär. Marksistik-leninçilik edebiýat teoriýasy sosialistik hakykaty suratlandyrýan ýazyjy üçin položitel gahrymany halk bilen jebis baglanyşykda görkezmek prinsipini kanunlaşdyýar. Täze eýýamyň şertleri bilen baglylykda emele geln edebiýatyň şonuň ýaly kanunlaryny öňki döwrüň edebiýatçylary kimin doly anyklaşdyryp bilmändirler. Elbetde, beýle diýildigi öňki döwrüň akyldarlary häzirki edebiýatyň ösüşine kömek edip biljek, häzirki ýazyjylaryň döredijilik praktikasynda hereket edip biljek pikirleri aýtmandyrlar diýildigi däl. meselem, Alyşir Nowaýy şeýle ýazýar: Lowurdaşyp altyn şaýy geýminiň, Bezegi ajaýyp bolsa-da onuň, Seredeňde öwşün atsa-da daşy, Ýakymly bolsa-da onuň görnüşi, Onuň gözelligi içdedir içde, Ol gözellik – many. Şondaddyr güýç-de. Eýsem, şu hili kesgitleme häzirki döwrüň, öz aýdyşyňyz ýaly aýdanyňda, tehniki döwrüň ýazyjylarynyň döredijilik praktikasyna degişli dälmi? meniň pikirimçe, gürrüňsiz degişli. edebiýatyň ähli döwürlerinde hereket edýän obýektiw kanunlary bar. Şonuň ýaly kanuna degişli akylly kesgitlemeler, Göroglynyň söweş taktikasy ýaly, wagtyň geçmegi bilen könelýän, güýçden düşýän zat däl. Şeýle bolansoň, öňküleriň öz döwründe uly rol oýnan şu hili kesgitlemeleri häzirki döwürde-de uly rol oýnaýar. muny inkär etmek bolmaz. Ýöne biziň edebi tankydymyzda edebiýatyň ösüşiniň obýektiw kanunlarynyň kesgitleýän teoretiki kesgitlemelere az üns berilýär diýilse, bu aýry gürrüň. Podtekstli goşgulardaky ikitaraplylyk baradaky pikiriňiz bilen ylalaşýaryn. Durmudaky, tebigatdaky nähilidir bir detalyň üsti bilen gahrymanyň häsiýetini, diýgusynyň, pikiriniň haýsydyr bir tarapy beýan ediljek bolnanda, şol beýan edilýän esasy zat ýönekeý okyja-da düşnükli bolar ýaly detal alynmaly. Awtow çeper eserinde beýan edýän zadyna hut özüniň düşünişi ýaly düşünilmegini göz öňünde tutsa, her kime özüçe düşüner ýaly podtekstden gaça dursa, gowy bolýandygy belli. Ata Atajanow bilen Allaberdi Haýydowan alan podtekstli mysallaryňyzy düşündirişiňizi has-da haladym. Poeziýa has çuň aralaşmak üçin her bir okyjynyň özüniň-de siziňki ýaly, döredijilikli pikirlenmegi başarmagy gerek. şu ugurda okyjylary ösdürmek üçin diňe tankytçylar, edebiýat mugallymlary däl, ýazyjylaryň özler-de çynlakaý aladalansalar – makalalar bilen tiz-tiz çykyş etseler, gaty gowy bolardy. umuman, türkmen edebiýatynyň ösüşine ýardam etjek her bir mesele barada hemmämiziň barha içgin oýlanmagymyz gerek. Döwrüň talaby şeýle. Öde ABDYLLAÝEW. “Edebiýat we sungat” gazeti, 19.02.1966 ý. | |
|
√ A.M.Gorkä hat - 19.10.2024 |
√ Ýaş şahyrlar we şahyr ýaşlar - 10.01.2024 |
√ Amin Maluf we "Empedoklyñ dostlary" - 03.03.2024 |
√ Palestin ýazyjysy Gassan Kanafaniniñ "Haýfa gaýdyp gelmek" hekaýasy hakda - 16.06.2024 |
√ Söýginiň tarypy - 14.10.2024 |
√ Aýdyp bolmaýan pikir ýok, aýdyp bilmeýän adamlar bar - 05.12.2024 |
√ Döredijilikde ideýa meňzeşligi bolup bilermi?! - 07.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |