00:11 Öde Abdyllaýew - teoretik | |
ÖDE ABDYLLAÝEW – TEORETIK
Edebi tankyt
Türkmen edebi tankydynyň hem-de edebiýaty öwreniş ylmynyň görnükli wekili, TSSR-iň Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň laureaty, filologiýa ylymlarynyň doktory, professor Öde Abdyllaýew 1929-njuy ýylda Kerki raýonynyň Astanababa obasynda daýhan maşgalasynda dünýä inýär. Ol ýaşlykda ýetim galyp, garyndaşlarynyňkyda terbiýelenýär. Obanyň ýedi ýyllyk mekdebinde okap ýörkä we gutaran soň, kalhozda tabelçi, traktorçynyň kömekçisi bolup işleýär. Ol Kerki Peduçilişasynda, A.M.Gorkiý adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň taryh filologiýa fakultetinde okaýar. 1955-nji ýylda uniwersiteti üstünlikli tamamlandan soň şol ýerde türkmen edebiýaty kafedrasynyň mugallymy, dosenti, professory, türkmen filologiýasy fakultetiniň dekany, türkmen edebiýaty kafedrasynyň müdiri, 1977-1983-nji ýyllarda W.I.Lenin adyndaky türkmen döwlet pedogogik institutyň rektory bolup işleýär. Häzir ol pedogogik institutyň professory. Öde Abdyllaýew Kerki Peduçilişasynyň soňky kursunda okap ýörkä "Pagtaçynyň sesi“ atly raýon gazetiniň redaksiýasynda edebi işgär bolup işleýär. Şol wagt ol döredijilik işine-de başlaýar. Onuň ilkinji goşgylary 1949-njy ýylda raýon gazetinde çap edilýär. Uniwersiteti gutaran soň, goşgy bilen birlikde proza eserlerini-de döredip başlaýar. Onuň proza eserlerinde ybarat bolan "Soňlanmadyk gürrüň“ (1958) hem-de "Gowgaly günler“ (1962) kitaplary neşir edilýär. Öde Abdyllaýew 1953-nji ýyldan başlap edebi tankydy makalalar ýazmaga girişýär. Ol uniwersitetde mugallym bolup işläp başlan soň, tankydy makalalar bieln birlikde edebiýaty öwreniş ylmy boýunça-da düýpli işler ýazyp ugraýar. Onuň köp sanly edebi tankydy hem-de ylmy makalalary gazet-žurnallarda, ýygyndylarda çap edildi. "Edebiýatyň ösüşine göz aýlap“ (1968), "Talant, hyjuw, ussatlyk“ (1975), "Döwrüň keşbi – edebiýatyň keşbi“ (1980) atly tankydy makalalar ýygyndylary, "Uruşdan soňky türkmen sowet prozasynda däp we täzeçillik“ (1972), rus dilinde "Döwür we edebiýat“ (1982) diýen monografiýalary, ýokary mekdepleriň filologiýa fakultetleri üçin "Edebiýat teoriýasynyň esaslary“ (1963-1972-1984) diýen belli okuw kitaby, "Goşgy düzülişiň esaslary“ (1963), "Türkmen halk döredijiliginiň erteki žanry“ (1977) atly okuw gollanmalary neşir edildi. 1984-nji ýylda bolsa ol "Ynsannama“ atly publisistik eserini ýazyp gutardy. Awtoryň ýokarda agzalan tankydy makalalar ýygyndylary 1979-njy ýylda TSSR-iň Magtymguly adyndaky Döwlet baýragyna mynasyp boldy. Öde Abdyllaýew ýokary mekdepler üçin ilkinji gezek döredilen "Türkmen sowet edebiýaty“ (1972-1983) diýen iki tomluk okuw kitabynyň 10-njy klaslar üçin edebiýatan okuw kitabynyň hem esasy awtorlarynyň biridir. Öde Abdyllaýew soňky döwürlerde-de çeper döredijiligi ýatdan çykaranok. Onuň "Ynsannama“ atly publisistik kitaby, "Ýüregiň emri bilen“ (1987) romany çap edildi. Öde Abdyllaýew 1958-nji ýylda kandidatlyk, 1968-nji ýylda-da doktorlyk dissertasiýasyny gorady. Onuň ýolbaşçylygynda edebiýatçylaryň onlarçasy alym boldy, ençeme tankytçylar terbiýelenip ýetişdi. Muny TSSR-iň halk ýazyjysy K.Gurbannepesow hem tankytçynyň elli ýyllyk ýubileýi bellenilende "Öde Abdyyllaýew ýaş tankytçylaryň, edebiýaty öwrenijileriň giden bir toparynyň halypasydyr“ diýip, ýerlikli belledi. Tankytçynyň düýpli derňän problemalaryndan biri türkmen prozasyndaky däp we täzeçillikdir. Onuň "Edebiýatyň ösüşine göz aýlap“, "Türkmen prozasynda däp we täzeçillik“ diýen kitaplary şu mesele baradaky işlerinden ybaratdyr. Ol şol kitaplary ýazmaga girişýänçä türkmen edebiýatyndaky däp hem-de täzeçillik ýöritelenip öwrenilmändi, diňe käbir makalalarda, ylmy işlerde ol meselä ýüzüň ugruna degilip geçilýärdi. Öde Abdyllaýew onuň ýaly işlerde kä halatda türkmen edebiýatynyň aňyrdan gelýän öz milli däpleriniň dessine göze ilýän taraplary (nakyllaryň, tradision meňzetmeleriň ulanylyşy, esere tradision ata goýulyşy we ş.m.) barada aýdylmak bilen çäklenendigini köplenç halatda bolsa öňräk realizm ýoluna düşen rus hem-de beýleki doganlyk halklaryň edebiýatyndan türkmen edebiýatyna geçen käbir däpleriň bellenilýändigini, emma onuň anyk edebi faktlar bilen delillendirilmeýändigini, kä halatlarda delillendiriljek bolunanda-da eserlerde suratlandyrylýan wakalaryň, obrazlaryň meňzeşligine salgylandyrylýandygyny, beýle etmegiň nädogrydygyny köp sanly faktlar, mysallar esasynda anyklaýar. Soň ol şeýle ýazýar: "Eger obrazdaky, situasiýalardaky meňzeşlige däp, täsir hökmünde seredilse onda ol däbi, täsiri özüne geçirýän ýazyjynyň eserleriniň durmuş bilen baglanyşygyny, ýazyjynyň döredijilik aýratynlygyny, onuň döreden obrazlarynyň özboluşlylygyny ýoga çykarýan däp, täsir bolar. Onuň ýaly däbi bolsa sowet edebiýaty we edebiýaty öwreniş ylmy ykrar etmeýär“. (Öde Abdyllaýew, Türkmen prozasynda däp we täzeçillik, Aşgabat, 1972, 14 sah.) Dogry, däp, täsiri alamatlandyrýan zat ýakynlyk meňzeşlikdir. Ýakynlyk, meňzeşlik nämede ýüze çykanda, ol döredijilikli dowam etdirilýän däbiň, täsiriň netijesi bolup biler? Ö.Abdyllaýew bu soraga şeýle jogap berýär: "Döredijilik işine çynlakaý çemeleşýän her bir ýazyjy döretjek eseriniň materialyny başga ýazyjylaryň eserlerinden alman, durmuşdan susup alýar. Ol durmuşdan susup alan şol materialyny çeper suratlandyrmakda ýakasyny tanadan ussat ýazyjylaryň hakykaty suratlandyryş prinsiplerinden hem-de tärlerinden nusga täsir alyp biler. Idea, tema meselesinde-de däbiň, täsiriň roluny inkär etmek bolmaz. Her bir ýazyjy, ine, şu hili meselelerde ussat ýazyjylardan, ol şowly däpleri döredijilikli dowam etdirip biler“ (Öde Abdyllaýew. Türkmen prozasynda däp we täzeçillik, Aşgabat, 1972, 17 sah.) Öde Abdyllaýew şu hili pikirden ugur alyp, türkmen prozasynda obrazlaryň dörediliş prinsiplerindäki hem-de tärlerindäki däp we täzeçilligi derňeýär. Onuň derňewde anyklaýan iň esasy zatlary şu aşakdakylarda ybarat. Altmyşynjy ýyllaryň ahyrlaryna çenli türkmen edebi tankydynda-da, edebiýaty öwreniş ylmynda-da liriki eserlere obrazsyz eserler ýaly çemeleşilýärdi. Liriki eserlerdäki MEN-e şahyryň – awtoryň özi hökmünde seredilýärdi. Beýle etmeklik liriki eserlere öz spesifiki aýratynlygyna görä dogry düşünilmegine laýyk gelmeýärdi. 60-njy ýyllaryň ahyrlaryndan başlap, ine, şu mesele Öde Abdyllaýewiň ünsüni çekdi. Ol hut şu mesele bilen baglanyşykly birnäçe makala ýazdy we olarda lirikadaky MEN-iň şahyryň özi däl-de, liriki gahrymandygyny, her bir şahyryň döredijilik özboluşlylygyny alamatlandyrýan iň esasy zadyň hem liriki gahrymanyň obrazyndaky özboluşlylykdygyny, aýry-aýry şahyryň-da, tutuş liriki poeziýanyň-da ösüşiniň liriki gahrymanyň ösüşine baglydygyny anyklaşdyrdy. Tankytçy liriki eserdäki MEN-e şahyryň özi hökmünde seredilende, liriki eserleriň obrazsyz eserler ýaly bolup çykýandygy, şeýle bolanda, onuň çeper eserlik alamatlarynyň duýulman galýandygy barada şeýle ýazýar: „Birinjiden, şahyryň lirikasy obrazsyz öwrenilende, ony çeper eser edýän, ony filosofiýa, taryh, pedogogika, etika, estetika, etnografiýa ýaly ylymlardan tapawutlandyrýan esasy özboluşly aýratynlyk – obrazlylyk anyklanylman galýar... Ikinjiden, biz haýsydyr bir ideany janly obrazdan üzňe, ýagny obrazsyz formada kabul etsek, ol idea biziň aňymyzda abstrakt formada kabul etsek, ol idea biziň aňymyzda abstrakt häsiýetde şöhlelenýär. Şol wagtdan biz ol ideanyň gahrymanynyň hereketi, hyjuwy, duýgusy bilen birigip nähili derejede janlanýandygyny, nähili güýje, hyjuwa eýe bolup hereket edýändigini anyk duýarlykly janly formada syzyp bilmeýäris“. (Öde Abdyllaýew. Talant, hyjuw, ussatlyk. Aşgabat, 1975, 4 sah.) Diňe bu däl. Tankytçy liriki eserdäki MEN-e şahyryň özi hökmünde seredilende, başga bir düşnüksizligiň-de peýda bolýandygyny belleýär: "Ine, tanymal şahyrymyz Rehmet Seýidowyň "Ýerkümede“, "Ene“, "Atamyň suratyna“ diýen goşgulary. Bu goşgularyň öňde agzalan ikisindäki MEN beýik Watançylyk urşunyň frontlarynda söweşýän gahryman hökmünde açýar... Şahyryň "Atamyň suratyna“ diýen goşgusyndaky MEN bolsa özüniň frontda bolmandygyny, uruş döwründe tylda – zähmet frontunda göreşen gahrymandygyny aýdýar... Eger biz liriki goşgulardaky MEN şahyryň hut özüdir diýseň, onda bu mysal getirilen goşgularda Rehmet Seýidow bir däl-de iki bolup çykýar“ (Öde Abdyllaýew. Talant, hyjuw, ussatlyk. Aşgabat, 1975, 5-7 sah.) Ine, şu hili ýokarda bellenenler ýaly ýagdaýlar liriki eserlere öz spesifiki aýratynlygyna laýyklykda dogry düşünmek üçin ol eserlerdäki idea-mazmuna şahyryň däl-de, liriki gahrymanyň adyndan beýan edilýän zat hökmünde seretmelidigini görkezýär. Liriki eserlerdäki pikir-duýga şahyryň adyndan beýan edilýän zat hökmünde seredilende, ol şahyryň diňe özüniň subýektiw pikir duýgusy ýaly bolup çykýar. Muňa hut şeýle düşünen edebiýatçylarda boldy. Şolardan biri görnükli edebiýatçy R.Rejepow şeýle ýazýar: "Häzirki zaman ylmynda mazmuny obýektiw dünýä bolany üçin çeper prozanyň, skulturanyň, žiwopisiň bir hatarda goýlup, mazmuny esasan subýektiw duýgy bolany üçin lirikanyň, peýzažyň, sazyň, natýurmortyň başga hatarda goýulýanlygy-da biderek ýere däldir“ (R.Rejepow. Tipik ahlagy tipik ýagdaýda açyp görkezmek realizmiň kanunydyr, "Mugallymlar gazeti“, 1960-njy ýylyň 6-njy ýanwary). Öde Abdyllaýew bu hili pikiri bütinleý inkär edýär we şeýle netijä gelýär: "Liriki gahrymanyň obrazy, umuman alnanda, epik gahrymanyň obrazyna garanyňda awtora has ýakyndyr. Ýöne şeýle-de bolsa, liriki gahryman hakyky çeper eserlerde şahyryň hut öz obrazy däl-de ideasy, duýgusy, häsiýeti taýyndan şahyra ýakyn bolan ýüzlerçe, müňlerçe adamlaryň esasy sypatlaryny özünde jemleýän obýektiw mazmunly tipiki obrazdyr“. (Öde Abdyllaýew. Talant, hyjuw, ussatlyk. Aşgabat, 1975, 10 sah.). | |
|
√ Söýginiň tarypy - 14.10.2024 |
√ Aýdyp bolmaýan pikir ýok, aýdyp bilmeýän adamlar bar - 05.12.2024 |
√ Ýaş şahyrlar we şahyr ýaşlar - 10.01.2024 |
√ A.M.Gorkä hat - 19.10.2024 |
√ Palestin ýazyjysy Gassan Kanafaniniñ "Haýfa gaýdyp gelmek" hekaýasy hakda - 16.06.2024 |
√ Döredijilikde ideýa meňzeşligi bolup bilermi?! - 07.06.2024 |
√ Amin Maluf we "Empedoklyñ dostlary" - 03.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |