12:09 Adamy dostundan tanarlar | |
ADAMY DOSTUNDAN TANARLAR
Pedagogika we edep-terbiýe
Dostluk adam azatlygynyň meselesidir. Allatagala öz ýaradan adamynyň ruhy küýseg hökmündäki azatlygyny kepillendirmek üçin dostlugy tapypdyr. Çünki dostluk ruhy ýalňyzlykdan boşamagyň bir ýoludyr. Dostluk adamyň köptaraplaýyn, çylşyrymly gatnaşykly ýaşaýyşda öz şahsyýetini ruhy taýdan kepillendirmeginiň we ykrar etmeginiň hadysasydyr. Durmuşdan özdeşiňi tapyp, ýaşaýşyň dostluk atly täze ýüzüni özüň üçin açyp, ýalňyzlykdan gutulyp bolýar. Men «gutulyp bolýar» diýýärin, çünki ýalňyzlyk adama doga berilýän ruhy dertleriň biridir. Doglanyňdan tä ýogalýançaň geçýän ömür menzilleriň – munuň özi kem-kemden, barha we barha nobatdaky ýalňyzlyklary ýeňip barmagyň ýollarydyr. Çaga doglan pursatyndan enesini aňlaýança, bütinleý ýalňyzdyr. Eneňi bilmek sansyz ýalňyzlyklary ýeňip geçmek ýolunyň başlangyjydyr. Enäni aňyp, birinji gezek, atany tanap, ikinji gezek, doganlaryňy bilip, üçünji gezek ýalňyzlyk bentlerini gyryp taşlaýarys. Emma ýalňyzlygyň öňli-soňly aradan aýrylmagy adamyň ömrüniň ruhy güli bolan dostluk bilen baglanyşyklydyr. Dost – durmuşyň ýüküni deň çekişýän diýmekdir. Dostluga agyr ýük ýokdur. Dostluk – iki tende bir ýürek bar diýmekdir. Dostluk – ömrüň uly şatlygy, dostlugyň iň uly şatlyklarynyň biri – öz içki dünýäňi ynanýan adamyň barlygy. Meni hiç wagt aldamadyk Bagt – bu dostluk. Dostlugyň iň ilkinji borçlarynyň biri dostlaryň isleglerini öňünden aňmakdyr. Bu dostuň öz içki «meniňdiginiň» alamatydyr. Adama dostluk ýaly ylham berýän, dostluk ýaly kömek berýän ikinji bir zady bilmeýärin. Dostluk adamyň dünýä gatnaşygynyň düýpli hadysasydyr. Islendik ruhy hadysa barasynda gürrüň edilende, ruhy hereketiň gönügen ugry bilen bu hereketiň ýaýraw giňişligini aýdyňlaşdyrmak gerek bolýar. Çünki, şeýtsek, biz düşünjeleriň we sözleriň many giňelişine, arasyndaky many gatnaşyklarynyň üýtgeýşine akyl ýetirip bileris. Beýik Altyn asyr zamanymyzda Ruhnamanyň güýji bilen şeýle many täzelenişi başdan geçiren iki sany düşünjäni görkezeýin. Olaryň biri söýgi, beýlekisi dostluk düşünjeleridir. Söýginiň gönükdirilen nyşany-da, onuň mazmun ýaýrawyda bu gün üýtgedi. Söýgi hem, dostluk hem adam ruhunyň ymtylmasydyr, kalbyň duýgusydyr. Duýgular bolsa şahsyýetler arasyndaky ruhyýet gatnaşyklarydyr. Magtymguly eýýamynda şahsyýet diýip biz diňe adama düşünýärdik. Altyn asyr eýýamynda bolsa aslynda adam bolmadyk şahsyýetler döredi. Ol şahsyýetler – Watandyr hem-de Milletdir. Bularyň şahsyýet hökmünde aňlanylmagy netijesinde Söýgi hem-de Dostluk gymmatlyklarynyň many ýaýrawy-da giňeldi. Eger, ozallar söýgi hadysasy erkek bilen aýalyň, dostluk hadysasy iki adamyň arasyndaky gatnaşyk bolan bolsa, Altyn eýýamda bular Watan hem Millet babatdaky gatnaşyk görnüşinde ýüze çykdy. Şindiki türkmen Watana, milletine söýgi bildirip, Watany hem milleti bilen dost bolup bilýär. Gep biziň ruhumyzyň tebigatynyň üýtgänligindedir. Bu üýtgeşiklik Watanyň, milletiň şahsyýetleşmeginden ybaratdyr. Şahsyýetleşmegiň aňyrsynda bolsa XX we XXI asyrlarda bolup geçen ruhy dünýewileşmek hadysasy ýatýar. Dünýewileşmek manysy şu topraga kök urmak, türkmeniň şundan başga diňe bir tebigy däl, eýsem, ruhy-ynanç watanynyňam bardygyna göz ýetirmekdir. Türkmen ruhunyň tebigatynyň üýtgemegi düýpli hadysa bolup, bu özgeriş her bir ownuk ýa anyk meselede biziň bütinleý başgaça reňk alýandygymyzy aňladýar. Şol anyklyklaryň biri-de dostlukdyr. Milli ruhuň tebigatynyň üýtgemegi biziň her birimiziň tebigatymyzyň ruhunyň üýtgemegine getirýär. Dost diýlende biziň ata-baba gelýän adaty aňymyzda deň-duşrak adamlar göz öňüne gelýär. Indi dostlugyň manysy giňdir. Hakyky dostlugyň öz üýtgeşik gözelligi bar, oňa düşünmäge çalyşmalydyr! Dost gatnaşygy baky bolmalydyr. Janyňy ynanyp bilýän dostlaryň bardygy – bu seniň hakyky adamdygyň güwänamasydyr. Diňe. hakyky adamlarda hakyky, baky, wepaly dostlar bolýandyr. Iň berk dostluk dostlar üçin iň agyr pursatlardan başlanýandyr. Agyr pursat, başyňa iş düşmegi – dostlugy aýyl-saýyl edýän terezidir. Söýgi ähli kişä elýeterdir, ýöne dostluk welin, beýle elýeter däldir, dostluk – ýürekleriň sapagydyr. Ýürekdeş dosty ýok adamyň gowulygyna şübhäm bar, beýle adam hakyky ýalňyz betbagtdyr. Bu dünýäniň ähli sylag-hormaty ýeke dosta degýän däldir. Dostluk şatlygyňy iki esse artdyrýandyr, gaýgy-aladaňy bolsa iki esse egisýändir. Dostlugy bize edermenlikde arkadag bolsun diýip Allatagala berendir, nogsanlyklarda hemra bol diýen däldir. Hakyky dostluk şeýle anyk, şeýle takyk saýlanyp-seçilen garyndaşlykdyr. * * * Iň uly iki dostuň bardyr, hiç mahal dönüklik hem biwepalyk etmeýän, hiç mahal senden ýüz öwürmeýän, hiç mahal seni taşlap gitmeýän, sözüne ikilik etmeýän iki sany dost bardyr – bular Watan hem-de Milletdir. Watanyň dostdugyny unutma, Milletiň dostlugyny unutma! Ýene-de iň uly dostlugyň – ataň bilen eneňiň dostlugydygyny unutma! Bular bilen dost bolup bilmeseň, deň-duşlaryň arasyndanam hakyky dostlugy tapyp bilmejekdigiňe güwä geçip bilerin. Ata-babalarymyzyň «Özüňi süýt bilgin, dostuňy – gaýmak» diýen pähimi dostluga nähili garamalydygyny öwredýär. Dünýä pelsepesi we dünýä syýasaty, esasan, ine, şu pikire gulluk edýär. Ýöne Sokrat adama «Özüňi tana!»manysynda özüni söýmelidir. Özüni söýmeýän kişi özgä nädip gadyr-hormat goýsun?! Men ýaşlaryň, özlerinem, dostlarynam gaýmak saýmaklaryny isleýärin. Pähim-parasat getirýän söýgi hakyky söýgüdir. Her kim, ilkinji nobatda, özüni tanamaga, özüne akyl ýetirmäge çalyşmalydyr. Ana, şonda ol dostlaryna-da, ata-enesine-de, adamlara-da içgin akyl ýetirmegi başarar. Ähli zat adamyň özünden başlanýar. Dost bagtdyr, baýlyk welin bagt däldir. Dost seniň bagtyňa bagt, ömrüňe rowaçlyk, röwşenlik goşýandyr. Dost – işiň hem ömrüň şow almagyna ýardam berijidir. Peýdaly dostlar şulardyr: gönümel dost, ýürekdeş dost, köp zat eşiden we okan dost. Peýdasyz dostlar şulardyr: ikiýüzli dost, ýürekdeş däl dost hemem ýaňra dost. Dostlaryň seniň kimdigiň aýnasydyr. Özüňiň kimdigiňi tanajak bolsaň, dostlaryň kimlerdigini hakydaňdan geçir. Bostlaryň nähili adamlar bolsa, sen hem şolar pisint adamsyň. Ýagşy dost toýuňa çagyrsaň geler, başyňa bir iş düşende welin dostlaryň çagyrylmazdan gelmelidir. Ejemiň: «Batyr – uruşda, dana – gaharda, dost – horlukda tanalýandyr» diýen sözleri çagalykdan bäri hakydamdan çykanok. * * * Dost tutunmak hajaty ruhy hajatdyr. Ol adamyň ýeke ýaşap bilmezlik tebigatyndan döreýär. Adam ýalňyzlykdan – özünden gaçyp, şol birwagtda-da haýsydyr bir özdeşini tapyp, dostly bolýar. Dost bolmagyň düýp manysy hut şundan ybaratdyr. Watanyny we halkyny özdeşiň hökmünde tapmak nämäni aňladýar? Munuň özi özüňde bardyr hasaplaýan iň oňat häsiýetleriňiň Watana, halka mahsusdygyna göz ýetirmekdir. Watan we millet şahsyýetler hökmünde bakydyrlar, mähremdirler, mähribandyrlar we hemişe göwnaçykdyrlar. Olar akyllydyrlar, çünki, kimiň kimdigini we nämäniň-nämedigini görüp oturandyrlar. Olar geçirimlidirler, çünki, seniň gögeleligiňi, ýetişmänligiňi, ýalňyşýandygyňy bilip oturandyrlar. Bulara wepaly dost bolmak özüňdäki şol kemçiliklerden saplanmagy başarmakdyr. Haçan-da Watana kämil çykmak arkaly wepaly dostlugyňy subut edeniňde, sen Watanyň özüne meňzärsiň – Watan we millet ýaly bakylyga öwrülersiň. Hakydaň Watan hakydasyna, kalbyň Watan kalbyna goşulyşar. Şeýdip, sen Watan düşünjesiniň bir bölegine öwrülersiň, çünki, biziň Watan diýýänimiz diňe bir tebigatdan däl, eýsem, bizden öňki Watan ogullarynyň manyly işlerinden we ajaýyp ömürlerinden kemala gelendir. * * * Ýalňyz dogduň, adamzat, indi saňa dost gerek! Ýüzlerçe tanyşlaryň içinden sen ýüregi özüňki bilen urgudaş, pikirleri seniňki bilen ugurdaş, sözleri seniňki bilen manydaş birini (birnäçesini) tapyp alýarsyň. Şol hem seniň dostuňdyr. Dostluk Allanyň ýaradan iň beýik ruhy nygmatlarynyň biridir. Şonuň üçinem, dostlukda ruhy barlyk özüniň bütin gözelliginde, çuňňurlygynda we bitewüliginde peýda bolýar. Şuňa laýyklykda, dostlukda barlyga mahsus aýratynlyk bardyr – ol ikitaraplaýyn, iki jähetleýin barlykdyr. Bir tarapdan, dost seniň özdeşiňdir. Dost seniň ikinji «meniňdir». Beýleki tarapdan bolsa, dostda şeýle bir zatlar bardyr, özüňde ýok bolan şol zatlar saňa öz-özlügiňden azat bolmaga, özüňden dynç almaga mümkinçilik berýändir. Şu iki tarapyň birligi dostlugy ruhy hadysa öwürýär. Durmuşyň anyk amalyýetinde bu ruhy tebigat şeýle iki netijäni berýär: birinjiden, sen dostluk çarçuwasynyň mähir çäklerinde, dostluk mekanynyň ruhy giňişliginde öz ruhdaşyňy tapyp, onuň bilen ömür söhbetine girip bilýärsiň, oňa özge hiç kime ynanmaýan, ynanyp hem bilmejek syrlaryňy we dertleriňi ynanýarsyň. Dostlugyň mähir baglary ikinjide sözüň oňat manysynda bir ýüp bilen kökerilip goýlupdyr. Özüňe öz isleýşiň ýaly, belki, özüňdenem oňat düşünýän adamy tapmak seniň üçin, megerem, iň uly bagtdyr. Ikinjiden, sen dostuňda öz ymtylýan, öz arzuwlaýan artykmaçlyklaryňy görýärsiň. Onsoň, dost seniň üçin kämillige barýan bir güzerdir. Dost güzeri arkaly kämilleşmek kämil çykmagyň iň paýhasly we iň göze! ýoludyr. Çünki şonda kämil çykmagyň jana ýakymsyz derdeserleri mümkingadar derejede az bolup çykýar. Dostlugyň şerti mähriň alyşmagydyr, dostluk binasy söýgi mekanydyr. Dostlugyň lezzeti we höziri şundan ybaratdyr: dostluk bize biziň öz tebigatymyzdan gelip çykýan oňaýsyzlyklary-da, durmuşyň biziň boýnumyza dakýan resmiliklerini, şertliliklerini we sowuklyklaryny-da aradan aýyrmaga mümkinçilik berýär. Çagalyk – biziň iň asyl tebigy çagymyza gaýdyp barmaga mümkinçilikdir. Dostluk – biziň iň asyl ruhy çagymyza gaýdyp barmaga mümkinçilikdir. Hemme kişiniň dosty – hiç kişiniň dosty däldir. Hakyky söýgi gyt diýýärler, emma hakyky dostluk has hem seýrekdir. Çyn dostluk haýal ýetişýändir, adamlar, hakykatdan-da, dostlugy biri-birine subut edenlerinden soň ol gülleýär, synaglardan geçenden soň ol synmaz güýje öwrülýär. Hakyky dostlukda bahylçylyk bolýan däldir. Başyňa iş düşende, hakyky dostlar özlerini tanadýandyr, başyna iş düşende duşman paş bolýandyr. Dosta mätäç wagtyň dost seni tapýandyr. Adam ömür ýolunda täze tanyşlar, täze dostlar tapmasa, ol bahym ýalňyz galar. Ýöne ata-babalarymyzyň: «Donuň täzesi ýagşy, dostuň könesi» pähimini hergiz unutmaň! Onsoňam, doganyň dost bolman biler, ýöne köne dostuň welin doganyňdyr. * * * Oglankam eşiden bir rowaýatym ýadyma düşýär: bir oguz beginiň iki ogly bolupdyr, ol iki ogul entek kiçijikkä duşmana olja bolýarlar. Duşman bulary zyndana atýar. Aý geçýär, ýyl geçýär, olaryň ikisem döw ýaly ýigit bolup ýetişýär. Günleriň bir güni duşman olary meýdana çykaryp: – Men siziň ataňyzdan ar aldym. Ataňyz üç ýola söweş etdi, üçüsinde-de men onuň ýygynyndan asgyn geldim. Indi siz ýigit çykdyňyz, size rehimim gelýär. Siziň heriňize bir hanjar berjek, haýsyňyz haýsyňyzy öldürip bilseňiz, galan öýüne gidibermeli. Şertim şeýle, ertir sizi söweş meýdanyna alyp çykjak, ilim bilen tomaşa etjek – diýýär. Uzyn gije iki dogan pikir alyşýar. Ulusy: – Inim, men dünýä gelip, senden köp ýaşadym, dünýäni senden köp gördüm. Men pursat araryn, sen gursagymdan hanjaryňy dik-de, enem-atamy begendir. Olaryň aglamakdan ýaňa kör bolan gözlerine şugla bol! – Dünýä-de, ýaşaýyş-da, Allanyň beren ömri-de süýjüdir, ýöne onuň dady dogan dadyça ýokdur. Men seni öldürip, dünýäden lezzet alyp ýaşap-da bilmen, ýeri basgylap gezipde. – Inim, akyl eýle! Eger, birden-birimiz diri barsak, ene-atamyzyň göwni azajyk hem bolsa ynjalar. Aglamakdan ýaňa kör bolan iki gözüniň biri röwşen bolar! – Onda sen meni öldür! – Ýok, ýok, sen ýaş, seniň gören zadyň ýok, men bolsa, senden iki ýaş uly. – Aý, aga, ikimiziňem gözümizi açyp, al<ylymyzyň ýetip gören zadymyz – zyndan! Seniňem menden köp gören zadyň ýok. Sen meni öldür, sebäbi sen ene-atamyzyň gözüni açyp gören ilkinji perzendi. Men bolsam... – Sen, inim, atamyzyň-enemiziň körpesi. Ähli söýgüsi – mähri saňa siňendir olaryň. Öldür, inim, ata-babamyzyň Hudaýdan dilän bir adalaty bardyr: öň gelen dünýäden öň gitsin, soň gelen soň... Öldür meni, inim! – Ýok, ýok, agam! Men Kabylyň gününe düşüp ýaşap bilmen! – Zeleliň ýaryndan gaýdan peýda! Bütini ýitirenden ýartyny ýitiren ýagşy. Ikimiziň birden-birimiz diri galsak, ene-atamyzyň iki betbagtçylygy bire geler! Olaryň kalbynda iki guburyň deregine bir gubur galar... Garasaý, doganlar uzyn gije kimiň-kimi öldürmelidigi barada jedel etseler-de, belli netijä gelip bilmeýärler. Üçünji ýol bolsa ýok. Ahyry uly dogany: – Inim, takdyrymyz şeýledir! Ýogsa, oguzlar nire, biziň munda zyndanda oturmagymyz nire? Atamyz Oguz begi nire, ogullarynyň zyndana düşmesi nire? Göktaňry-da kapyr duşmanyň tarapyna bakandyr! Ikimiz dünýäden misil alaly. Dünýäde güýçli öldürýär, ejiz ölýär. Güýçli güýçsüziň hudaýy! Kimiň ykbalynda ölmek bar bolsa, Taňry ýazandyr! Urşaly, goý, duşman hezil etsin. Birimiziň diri galan ýerimiz bolýar – diýýär. Daňyň öňýany Hudaýa mynajat edip, olar uka batýarlar. Daňdan olary jarçynyň sesi oýarýar: – Şu gün biziň patyşamyz öz halkyna tomaşa görkezjekdir, eşitdim-eşitmedim diýmäň-how. Şäheriň köşk meýdançasyna üýşübermelidir-how! Iki oguz ýigidi biri-biri bilen ölümli urşy görkezip, tomaşa berjekdirle-how! Doganlary söweş boljak meýdana alyp gelýärler. At gaýtarym meýdana gelen milletden ýaňa ýokardan alma gaçsa, ýere düşjek dälmiş, depäňe düşjekmiş. Kapyr patyşa: – Eý, ýigitler! Häzir iki sany oguz ýigidi orta çykyp, oguz urşuny görkezjekler. Oguz urşuny görüň, öwreniň! – diýip, il-ulsuna ýüzlenýär, ýöne kalbynyň bir ýerinde ýatan ýaman niýetini aýtmaýar. Ol doganlaryň diri galanyny hem soňundan gapyllykda öldürjek eken. Doganlara gylyç, hanjar, gürzi, gönder diýen ýaly tamam ýaraglary berýärler. Sowut, jöwşen ýaly tamam söweş geýimini geýdirýärler. Uruş başlanýar. Bütin jemagat: «Haýsy ýeňerkä?» diýip, jedel edip, ýeňene pul goýup, ala-gohmuş... Olar biri-birlerine edil duşman ýaly naýza urup, galkan tutup, ýa almaly, ýa ölmeli söweşe girýärler. Hudaýyň dogan edip ýaradanyny kapyryň duşmana öwürmegi Hudaýa ýakmaýar. Hudaýyň gudraty bilen agasy silkinäge-de, birden bedew ata öwrülýär, inisi nämäniň näme bolandygyna hem düşünmän galýar. Agasy – bedew at ýakynlap baryp: – Mün gerşime, atlan! – diýip, iň soňky gezek adam dilinde gürläpdir. Inisi dessine atlanýar, at aňk bolup galan mähelläniň ortasyndan bir gezek aýlanyp, urdurylyp, niredesiň oguz düzlügi diýip, ýüzin salaýypdyr. Körpe dogan oguz iline aýlanýar, ýöne ümbilmez çagajykka giden oglan atasyny hem bilenok, enesinem, obasynam. Oba-oba aýlanyp, ahyry bir ýerde öý tutup, garry oguza – atam, garry oguz aýalyna – enem diýip, ýaşap başlapdyr. Türkmeniň özi iýmän, atyna iýdirmesi şondan galypdyr. Türkmeniň özi geýmän, atyna geýdirmesi şondan galypdyr. Türkmeniň aty bilen sessiz gürleşip, sözsüz düşünip bilmesi şondan galypdyr. Türkmen atynyň duşman bilen söweşde bir ýigitçe döwüşmesi, depip-gapyp, dişläp parçalamasy şondan galypdyr... Biz dostluk, doganlyk diýýäris. Aslynda dostluk, doganlyk biri-birine gaty ýakyn gymmatlyklardyr. Eziz oglum, mähriban gyzym! Ilki bilen, dosta wepa edebini sakla! Ilki bilen-ä, doly seljermän, doly göz ýetirmän, nätanyş bilen dost bolmaga howlukma, rast, dost bolduňmy, soň hiç mahal dosta biwepalyk, dönüklik etme! Dönükligi hiç bir zat bilen aklap bolmaz! Dostluk diňe wepanyň üstünde saklanýandyr. Dosta biwepalyk edeniňden soň, duşmanyň özüňi apardygy biläý! Dosta ygrarlylyk edebini sakla! Ygrar – sözüňde durmakdyr. Dosty ýamanlasalaram, garalasalaram, dostuňy özüňden gowy tanaýanyň ýokdugyny ýadyňa sal! Dostuňa ynamyňy ýitirseň, özüňe bolan ynamyňyňam gutarýandygyny unutma! Dosta ynam edebini sakla! Dostuňa syryňam, janyňam ynanylýandyr. Dosta akyllylyk edebini sakla! Akyllylyk bilen onuň ýalňyşlaryny, kemçiliklerini ýüzüne aýt, ýöne geçirimli bol! Dost tapyn, dostsuz ýaşamak ruhy peslikdir. Dost tutun, dostluk edebiniň şertlerini berjaý et! Ruhnama. II kitapdan. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |