11:34 Ömrümiñ manysy | |
ÖMRÜMÜŇ MANYSY
Pedagogika we edep-terbiýe
Eziz oglum, mähriban gyzym! Adamzadyň iň gözel ruhy häsiýetleriniň biri söýgüdir. Adam söýgä ukyplydyr we adam söýülmäge mätäçdir. Gözel halk bolan söýgi barasynda türkmen halky garaýyşlaryň hem-de hakykatlaryň birgiden ulgamyny döredipdir. Bu ulgam örän gadymy döwürlerden gözbaş alyp gaýdýar. Söýgi düşünjesi, türkmeniň söýgi babatdaky garaýşy biziň medeni mirasymyzyň möhüm gymmatlyklaryny emele getirýär.milli aň haýsydyr bir meseläniň uly çuňluklaryna aralaşanda, millet şol meseläni ýöne bir pikirler, garaýyşlar derejesinde aňlaman, eýsem, özboluşly hem gaýtalanmaz pelsepe dörediji bolup çykyş edýär. Türkmeniň milli pelsepesi çuňdur. Şol pelsepeden ugur alsaň, türkmen ruhy çuňňur hadysa bolan söýginiň iki görnüşi tapawutlandyrýar. Olaryň biri ylahy söýgi, beýlekisi bolsa Zemin söýgüsidir. Bular mazmuny we dünýäniň, ýaşaýşyň dürli jähetlerini içine alýandygy bilen tapawutlanýar. Bular söýginiň iki sany dürli ölçegidir we iki sany aýry-aýry ululyklarydyr. Ynsan söýgüsi iki adamyň – zemin bilen erkegiň arasyndaky gatnaşygyň hilidir. Ylahy söýgi bolsa has uly taraplaryň – adamzat bilen Allanyň, Ýaradan bilen Ýaradylanyň arasyndaky çuňňur hem. düýpleýin arabaglanyşykdyr. Eger ynsan söýgüsi biziň nusgawy dünýewi-durmuşy sungatymyzda beýan edilen bolsa, ylahy söýgi milli sopuçylyk pelsepämizde we sungatymyzda aýdyňlaşdyrylypdyr. Bu iki ruhy hadysany biri-birine ýat mazmun hasaplamak, bulary biri-birine garşy goýmak nädogrudyr. Esasy wezipe, olaryň sazlaşykly baglanyşygyna, biri-biriniň üstüni ýetirýän bitewi ruhy hadysalar hökmündäki baglanyşygyna göz ýetirmekden ybaratdyr. Men Ruhnamada täze pelsepe ýörelgesini – bitewülik pelsepesini esaslandyrdym. Şol esasda-da, ähli meseleleri, şol sanda söýgi meselesini dogry düşündirip bolar. Bu sazlaşygy şeýle göz öňüne getirmeli: ynsan beden we beden islegleriniň çägindäki ruhy hajatlaryny söýgi jähetinden aňladanda, ynsany söýgi ýüze çykýar, haçan-da ol bu çäklerden çykyp, bakylyk jähetindäki söýgi we ýaşaýyş ruhy hajatlaryny aňlap ugranda, ylahy söýgi kemala gelýär. Bularyň ikisi-de bakylykdyr, ýöne birinjisi dünýäniň çägindäki, ikinjisi bolsa, dünýäleriň serhetindäki bakylykdyr. Birinjisi birlik hökmündäki ynsan şahsyýetine, ikinjisi bolsa, ählumumylyk hökmündäki ylah şahsyýetine gönükdirilendir. Ynsan arasyndaky gatnaşyk ynsandyr ylah arasyndaky baglanyşykdan gerimi boýunça, elbetde, dardyr, emma munuň özi onuň gymmatlyk ähmiýetiniň pesdigini aňlatmaýar. Bu ýerde meseläni dowamat çözýär, ynsan hem bakydyr, ylah hem bakydyr. Ynsan gaýtalanmak, üznüksiz dogulmak arkaly, ylah gaýtalanmazlygy, üýtgewsizligi bilen bakydyr. Emma XXI asyrda türkmen aňyýetinde söýginiň hil taýdan başga üçünji bir görnüşi-de döredi. Ol dünýe söýgüsi ýa-da dünýewi söýgüdir. Munuň özi ynsan bilen dünýäniň arasyndaky ruhy gatnaşygyň hadysasydyr. Bu hili söýgi türkmen ruhy dünýäni bakylyk hökmünde aňlandan soň, dünýäni bakylyk we gözellik diýip ykrar edenden soň döredi. Söýginiň üç hilinde-de esasy zat ikiçäklikdir. Ikiçäkligiň ýok ýerinde söýgi ýokdur. Söýgi – ruhy gatnaşyklaryň ählumumylykdan ikiçäklige geçmegidir. Üç söýgüde-de «men» bilen «sen» bar, ynsan söýgüsinde bu Erkek bilen Aýal; ylahy söýgüde Adam bilen Hudaý; dünýewi söýgüde bolsa Adam bilen Dünýädir. Söýgi şeýle bir baglanyşyk bolup, onuň kemala gelmegi üçin, hökmany suratda, iki tarapyň şahsyýetleşmegi gerekdir. Şonuň üçinem, ruhy «meniň» şahsyýet derejesine ýetmegi söýginiň ruhy mazmuny üçin hökmanydyr. Hut şonuň bilenem söýgi beýik ruhy hadysadyr. * * * Eziz oglum, mähriban gyzym! Türkmeniň pelsepesinde tebigaty we derejesi boýunça söýginiň üç görnüşi tapawutlandyrylýandyr. Olar mähir, yşk hem-de muhabbetdir. Mähir – ten, duýgy ýokundysy bolmadyk söýgüdir. Ata-enäniň perzende, perzendiniň ata-enä, doganlaryň biri-birine, adamyň Watana we millete bolan söýgüsi mähir diýip kesgitlenilýär. Hut şonuň üçinem, biz mähriban ene, mähriban dogan, mähriban Watan diýen jümleleri ulanýarys. Mähir, aslynda ata-babalarymyzyň uýan hudaýlarynyň biri bolan Gün hudaýynyň adydyr. Mähirde hiç hili pynhanlyk ýokdur, ol şahsyýet bolan ynsanlaryň biri-birine ýa-da ynsan bilen şahsyýetleşdirilýän Watanyň, milletiň arasyndaky ruhy baglanyşyk bolsa-da, bu gatnaşygy ikiçäklik çäginden çykaryp, köpçülige ýetirmek tebigy bir zatdyr. Yşk – söýginiň dartgynlylygynyň iň ýokary derejesidir. Yşk – söýgi duýgusynyň dolup-daşmasydyr. Söýgi özüniň az pursatlyk şol dolup-daşma – dälilik derejesinden geçenden soň, durugyşyp, agraslaşyp, muhabbete öwrülýär. Muhabbet – söýgä hemişelik häsiýetini berýär. Çünki, şonda duýgy akyl eleginden geçýär, duýgy akyl sütünleri bilen berkidilýär. Söýgi muhabbete öwrülmese, duýgy bolup galýar. Duýgy bolsa wagtlaýyn we ötegçi zatdyr. Adam ömrüniň dowamynda biz söýginiň dürli hillerini basgançakdan geçen ýaly başdan geçirýäris. Ynsanyň ilkinji başdan geçirýän söýgüsi ynsany söýgüdir. Jynsy kämillige çenli adam ynsany söýginiň mähir atly görnüşini bilýär. Şol döwürde adam şahsyýeti bitewidir, emma sadalyk derejesindedir. On dört ýaşdan adama yşk heseri sataşýar, onuň jynsy duýgulary bitewi ösüşinde esasy itergä öwrülýär. Näme üçin on dört ýaşda?! Bu gün dünýä alymlary her ýedi ýyldan adamyň akylynda hem bedeninde täzelenişiň, özgerişiň bolup geçýändigini subut etdiler. Bu gün ata-babalarymyzyň durmuşa ornaşdyran zatlary, aýdanlary dünýä ylmy taýyndan esaslandyrylýar. Her ýedi ýyldan adamyň ösüşiniň bir döwri gutarýar. Her ýedi ýylyň adamyň akylynda we bedeninde bitirýän zatlary bar. Ýedi ýaşda hökmürowan çagalyk döwri gutarýar. Ikinji döwri soranjaňlyk, bilesigelijilik diýip atlandyrmak isleýärin. On dört ýaşda soranjaňlyk, bilesigelijilik döwri gutaryp, yşk gapysyny açýar. Indi ony dünýäni unudyp oýnamak däl-de, gyzlar gyzyklandyrýar. Bu döwür kämillik müçesine çenli dowam edýär. Kämillik müçesinde ynsanda dünýä söýgüsi oýanýar. Dünýä söýgüsi adam garradykça böwşeňleşip biler, emma asla ýitip gitmez. Ruhubelentlik müçesinden başlap, ynsanyň söýgi meselesindäki esasy omy ylah söýgüsi eýeläp ugraýar. Hindistan – türkmen halkynyň taryhynyň bir ülşi. Hindi topragynda türkmeniň men-men diýen ärleri ýatyr. Hindi topragynda türkmen halkynyň gahrymançylyk, mertlik yzlary ýatyr. Nedir şanyň Hindistandaky bir permany onuň dünýäsini has doly açýar. Şa permanynda Hindistandaky patyşalaryň hem türkmendigini buýsanç bilen nygtap, basyp alan şäherinde Delide ýene öňki patyşany – Muhammedi patyşa belländigi, onuň türkmendigi, mundan beýläk Muhammet patyşanyň her ýyl özüne salgyt tölemelidigi aýdylýar. Mahmyt Gaznalynyň döreden urdu dilinde Hindistanda gürleýänleriň köpdügem guwandyrýar. Türkmenleriň Haýdarabat, Döwletabat, Swargadwara, Adylabat, Jahanpena ýaly ençeme şäherleri döredendigi-de guwandyrýar. Ýöne meniň häzirki gürrüňim bu zatlar hakynda däl-de, türkmenleriň Dähli (Deli) atlandyran şäherindäki ýekeje waka hakynda. Gürrüň çyn sungatyň – Täçmahalyň döreýşi hakda. Jahan şa Şiraz şäherinde bir ussat mygmaryň – binaçynyň bardygyny eşidip, ony ýanyna çagyrýar. Ol mygmar sopuçylyk ylmyna berlen adam eken. Özüni Şirazy diýip atlandyran mygmary Jahan şa dergähine çagyrýar: – Sen hakda köp gürrüň bar. Meniň eşidişime görä, sen adamyň elinden tutup, ýüzüni, boý-syratyny, aýaldygyny ýa erkekdigini görmezden, şol adamyň heýkelini döredip bilýärmişiň. Şu dogrumy? – Siz hakykaty eşidipsiňiz, hökümdar. – Munuň hakykatdygyny nädip subut edersiň? – Siz öz köşgüňiziň zenanlaryndan ýigrimi bäş sanysyny perdäniň aňry tarapynda goýuň. Goý, men olaryň ýekejesiniň hem ýüz keşbini görmäýin. Ýöne gerlen perdede olaryň ellerinden tutup görmäge mümkinçilik bolsun. Şonda men olaryň birisini saýlap alaýyn we şol saýlan zenanymyň ýüzüni görmesem hem heýkelini janly ýaly edip döredeýin – diýip, Şirazy aýdypdyr. – Hökümdar, ýöne meniň hem bir şertim bar. Ýigrimi bäş zenanyň içinden meniň heýkelini döreden gyzyma öýlenmäge rugsat beriň. Heýkeliň sähelçe kemçiligi bolsa, size meniň şertimi berjaý etmegiň zerurlygy bolmaz. Jahan şa Şiraza elini uzadypdyr: – Men seniň şertiň bilen ylalaşýaryn. Perdäniň aňyrsynda köşkdäki owadan gyrnaklary hatara durzupdyrlar. Şirazy olaryň ellerinden tutup, hiç birisinde-de saklanmandyr. Şanyň gyzy bilesigelijilik bilen perdäniň aňyrsyndan elini uzadypdyr. Onuň elinden tutan Şirazy birden saklanypdyr. – Ine, maňa gerek el! Şirazy gyzyň eline öz ýüzügini geýdiripdir. Bu barada eşiden şa ör-gökden gelipdir: «Eý, gyzym, bu näme etdigiň boldugy seniň? Ol garyp kişi birden seniň heýkeliňi döredäýse nädersiň?». «Ol meni görenog-a, kaka». Şu pikir Jahan şaga belli bir derejede teselli beripdir. Heýkeltaraş üç aýlap ussahanadan çykman, gije-gündiz işläpdir. Heýkel taýýar bolupdyr. Jahan şa öz wezir-wekilleri bilen heýkeli görmäge barypdyr. Görse, şanyň gyzy gelenleriň öňünde sülmüräp dur. Gelenler birbada heýkeli şanyň gyzydyr öýdüpdirler. Tas şanyň özem gyzyndan: «Sen bu ýerde näme işläp ýörsüň?» diýip soran eken. Şa serede-serede heýkelden ýeke kemçiligem tapmandyr. Onda-da gyzyny heýkeltaraşa bermezlik üçin heýkelden kemçilik agtaryp, gaty kösenipdir. Hemäçe yhlas etse-de, kemçilik tapyp bilmändir. Heýkeliň hakyt gyzyna meňzeýändigini görende şanyň aýaly-ha hasam erbet boldy. Gyzynyň garyp heýkeltaraşa durmuşa çykmaly boljakdygyny gaýgy edip näsaglapdyr. Ol şol wagt göwreli bolansoň, wagtyndan biraz öň çaga dogrup, ýaş üstünden aýrylýar. Şanyň aýalynyň ady Mumtaj Mahaldy. Şa agyr ýagdaýda Şirazy ýanyna çagyryp, hakykaty, bolan zatlary doly gürrüň berýär. – Merhemetli hökümdar, siz maňa beren sözüňiz üçin biynjalyk bolmaň. Hökman däl. Men siziň aýalyňyzyň ölümine sebäp bolandygyma çäksiz gynanýaryn. Men gelen ýerime – Şiraza giderin. Gyzyňyz maňa durmuşa çyksyn diýip aýtmazlyga söz berýärin. Siz bu barada beren ähtiňizi ýadyňyzdan çykaryň. – Bu mümkin däl – diýip, Jahan şa janykdy. – Men ýadymdan çykaryp bilemok. Sen garaş. Men oýlanaýyn, bir çykalga taparyn. Şa wezirlerine maslahat salýar. Baş wezir şeýle maslahat berýär. – Bir iş gyzyňy bermek üçin az bolýar. Bu heýkeltaraş, goý, ýene bir gudrat görkezsin. – Näme etsin? – Seniň aýalyň ýogaldy. Goý, heýkeltaraş aýalyň mazary üçin entek dünýäde ýok türbetiň çyzgysyny taýýarlasyn. Biz onuň taýýarlan türbetini halamarys. Wessalam! Şirazy Şiraza gaýdar. Şiraza şanyň aýalynyň mazary üçin dünýäde iň gözel türbet gurmak isleýändikleri, şonuň üçinem, ilki türbetiň çyzgysyny taýýarlamalydygy, çyzgy şaga ýaran ýagdaýynda şa gyzynyň oňa durmuşa çykaryljakdygy aýdylýar. Şirazy: – Men razy – diýýär. Jahan şa: «Men hiç haçanam razy bolmaryn» diýip, içini gepledýär. Şirazy yhlas bilen işe girişýär. Owadandan owadan çyzgylar edýär. Çekilen türbetleriň çyzgylary, her näçe gowy bolsa-da, Jahan şa her gezek şol bir sözüni gaýtalaýar: «Göwnümden turanok». Baş wezir agyr ýagdaýa düşýär. Çünki, Şirazynyň taýýarlaýan çyzgylary juda owadandy, «Halamadym, bolanok» diýmäge ynsabyň çatar ýaly däldi. Baş wezir ahyr çykalga tapýar. Ol heýkeltaraşyň gulagyna iler ýaly myş-myş ýaýradýar: «Heýkeltaraşyň öýlenmekçi bolýan şa gyzy gaty agyr ýagdaýda kesel ýatyrmyş». Baş wezir ikinji hepde gyzyň ýagdaýy agyrlaşýarmyş diýip, myş-myş ýaýradýar, üçünji hepdäniň myş-myşy hem şa gyzynyň agyr keselden galman, ölendigi hakyndady. Şol habar baranda Şirazy türbetiň soňky nusgasyny taýýarlaýardy. Şirazy soňky nusgany şaga eltip berdi. Soňky nusgany gören şa «Halamok» diýip bilmedi, bu sözi aýtmaga ynsaby çatmady. Men bu hekaýaty sungatyň gudratyny, güýjüni nygtamak üçin gürrüň berdim. * * * Eziz oglum, mähriban gyzym! Biziň al-ýaşyl Zemin togalagymyzy ummanlaryň, deňizleriň gurşap durşy ýaly, her bir adamy çar tarapyndan söýgi gurşaýar. Adam söýgi gujagynda dünýä inýär, söýgi sallançagynda kemala gelýär. Adamzat döredijilige meýil edip, dileki hem ýazmaça eserler döredip başlany bäri, onuň döredýän ähli eseriniň ondan dokuzysy söýgi eserleridir. Söýgi Zeminde düşünip hem düşündirip hem bolmaýan gudratdyr! Birek-biregi tanamaýan iki ýaş juwan tötänleýin biri-birine nazar salýar. Garaşylmadyk ýagdaýda ýigidiňem, gyzyňam gözlerinde ýyldyrym çakyp, olar bir bakyşda aşyk-magşuk bolýarlar. Beýle söýginiň öňünde durup biljek güýç hem gudrat ýok. Zöhre gyzyň yşgyna düşen Tahyr magşugynyň didaryny görmäge barýarka, öňünden gara daglar çykýar. Tahyr ataşly yşk aýdymyny aýdýar welin, gara daglar para-para bolup, ýol açyp berýär. Agaýunusyň yşgyna düşen Görogly beg daglaryň sili ýaly aždarha garşy söweşe çykýar, aždarhany gyzyl gana boýaýar. Asmanda älemlere nur saçyp, jümle-jahany ýagtyldyp, nuruna çoýup duran Gün ýaly söýgi hem adamzady gudratly, keramatly nuruna çoýýar. Islendik ýurduň, islendik zamanyň islendik dilinde döredilen söýgi aýdymy dünýäniň ähli adamy üçin ýürekdeş, ähli dildäki adama düşnükli. Hakykatdan-da, yşk derdine sezewar bolan adam janly-jandaryň, haýwanlaryň, ösümlikleriň, daglaryň-daşlaryň diline düşünýär. Söýen ynsan adamdan has belende galyp, Hudaýa golaýlaşýar, ynha, şonuň üçinem, ol dünýädäki ähli dillere düşünýär, ösümliklere, haýwanlara düşünýär. Şahyry dünýä berýän söýgüdir. Ýaş suratçy ýa heýkeltaraş ýigit öz söýgüsiniň jadyly keşbini döretjek bolup, gara daglaryň daşlaryny ýonýar, öz janyndan gara daşa jan berýär. Şeýlelikde, döredijilik başlanýar. Allanyň gudraty bilen lal oglan söýgä sataşsa, hökman dil açyp, gygyryp aýdyma zowladar. Allanyň gudraty bilen kör oglan söýgä sataşsa, ol hökman yşk oduny görer! Allatagalanyň öz eziz adamlaryny saýlaýşy ýaly, söýgi päk, arassa, ýagşy adamlary saýlaýar. Söýgi adamlaryň ählisine degip çykaýmaýar. Ol diňe bagty gelen ýaş ýigide, ýaş gyza sataşýar. Adamzat gowakdan çykaly bäri söýgini keramat derejesine göterip, söýgi barada aýdym döredýär, saz döredýär, dessan döredýär. Ol söýgi eserleri bolsa, umumyadamzat ruhy hazynalaryna öwrülýär. Çeşmeler, çaýlar – depesi ümürli-dumanly daglaryň söýgüsidir. Çabgalar, baranlar – däli ummanlaryň söýgüsidir. Elwan güller, ýaşyl maýsalar – topragyň söýgüsidir. Gadymy ynanç bar: beýik-beýik daglary lerzana getirip çakan ýyldyrymyň biri ahyry dagyň jigerine ot berip, onuň pynhanda ýatan çeşmesine ýol arçaýarmyş. Şeýdip hem janly-jandaryň jany, adamzadyň melhemi bolan çeşmeler döreýärmiş. Müň adamy yşk oduna sezewar eden onuň aly hezretleri Söýgi olaryň birini şahyr, birini sazanda, birini aýdymçy, birini suratçy edermiş. Dünýäni bendi eden beýik şahyrlar, alymlar, serdarlar, aýdymçylar gudratly söýgüden gözbaş alyp gaýdýar, şonuň üçinem, olar beýik bolýar, ölmez-ýitmez bolýar. Hakyky söýgi jahanyň, adamzadyň kada-kanunlaryndan, düzgün-tertiplerinden has beýikdedir, çünki, hakyky söýgi – adamzadyň täze belentligi! Aşyk bilen magşuk Adam ata bilen How ene ýaly dünýäde diňe birek-biregi görýär. Aşyk bilen magşuk üçin dünýäde özlerinden başga adam ýok. * * * Dünýä, ýaşaýyş, adam şeýle bir kämil ýaradylypdyr welin, doly akyl ýetirmäge ömür gysga gelýär. Çagajyk dünýä inip, onuň ýigit çykmagy üçin azyndan ýigrimi ýyl gerek, kämil adam çykmagy üçin otuz ýyl gerek. Ýigrimi ýyl, otuz ýyl uzak möhlet! Adama gulluk edýän jandarlaryň aglabasynyň ömri ýigrimi ýyl. Adamdan näçe esse güýçli bedew atlar, esrik inerler, öküzler dört-bäş ýylyň içinde baş kämilligine ýetýärler. Näme diýip tebigat adamyň ýetişmegi üçin beýle uzak möhlet belledikän?! Megerem, Hudaý, tebigat adam çagasyny söýgüden, mähirden gandyrmak üçin şeýle uzak möhlet bellän bolsa gerek! Çagajyk dünýä inýär. Ata-enäniň bagty dünýä inýär. Ata-ene dünýä inen perzendiniň özünden has ezizdigine akyl ýetirýär. Durjan-durjan, ýörjen-ýörjen bolan çaganyň joňkuldapjyk äden her ädimi atanyň-enäniň bagty. Dil çykaryp başlan çagajygyň aýdan her sözi, her jümlesi ene-atanyň bagty! Çagajygy ene gujagyndan sypdyrsa, atasy gujagyna alýar, atasynyň gujagyndan çykan çaga ene gujagyna dolýar. Ene-ata gije-gündiz çagasyna söýgüsini, mährini, buýsanjyny siňdirýär. Çagajyk gije-gündiz tükenmez söýgi hem mähir bolup, ene-atasynyň kalbyny gandyrýar. Her bir çaganyň geýim-gejimi söýgüden, iýjek-içjegi mähirden! Diýmek, dünýä gelen çagajygyň ýigit çykmagy birinji mesele däl-de, Hudaý üçin, adamzadyň ýaşaýşy üçin çagajygyň söýgi hem mähirden ganmagy birinji mesele bolup durýar. Çagajyk ýigit çykýar, ony göwün söýen gyzyna öýlendirýärler. Olardan perzent dünýä inýär. Ýaş ene-ata perzendini söýüp, ganyp bilmeýär, emma garry ata-ene üçin agtygynyň söýgüsi öz çagasynyň söýgüsinden hem eziz. Ejesi-kakasy-da çagany söýýär, emma ene-atanyň söýgüsi has artykmaç! Agtyga ýüzi düşen her bir adam meniň bu sözlerimi makullar. Agtyk perzendiňden-de eziz bolýar! Diýmek, tebigat, Hudaý bizi söýgüden söýgä uçradýar, bizi söýgüden söýgä alyp barýar. * * * Eziz ýaşlar! Men şu ýerde ýaşlyk ýyllarymyň bir parçasy baradaky «Ilkinji serpaý» atly hekaýatymy siziň dykgatyňyza hödürleýärin. Bäşinji synpda okaýarkam, menden on ýaş çemesi uly, goşunda gulluk edip gelen Aşyr atly ýigit ýörite ýanyma geldi. Äpet ýigit bir müýni bar ýaly meniň öňümde bir gyzarýar, bir agarýar. Gaty aljyraňňy: – Syr saklap bilýäňmi? – Bilýän! – Saparmyrat jan! – diýip, Aşyr özüne zor salyp ýylgyrjaklady. – Syr saklap bilýänligiň üçin men seniň ýanyňa geldim. Häzirki aýtjak zatlarymy ikimizden başga hiç kim bilmeli däldir. Diňe ikimiziň aramyzda galmalydyr. – Arkaýyn bol, aýdyber. – Aýtsam, Saparmyrat jan, men bir gyza aşyk boldum. Senem ony tanaýaň. Nurjemal diýýärler adyna. – Nurjemalmy? Obamyzda iň owadan gyzlaň biri ol. – Ana, şol gyzy, biler bolsaň, Saparmyrat jan, men söýýän-dä. Şol gyzy almagym üçin seniň kömegiň gerek. – Men näme kömek edeýin? – Şol gyza meniň adymdan goşgy ýazmaly. Sen goşgy ýazyp bilýäň-ä. Goşgulaň diwar gazetde-de bar eken, gördüm. Nurjemal goşgyny okap, maňa durmuşa çykmaga razy bolsun. Joşup-joşup ýazyp bersene! Özüň bilýäň, men-ä goşgy ýazyp bilemok. Mekdepde diňe sen ýazýaň. Sen öňem birki ýigide kömek edenmişiň diýip eşitdim. Haýyşy bitirmesem, Aşyryň ýalbaryp günüme goýmajagyny aňamsoň, men Nurjemala Aşyryň adyndan söýgi hatyny goşgy bilen ýazdym. Goşgyny Aşyr halady. Iki günläp sünnäläp göçürdi. Aşyr iki-üç gündenem ylgap ýanyma geldi. Ol meni garsa gujaklap, pyrlap, bäş-alty gezek daşyndan aýlady: – Saparmyrat jan, sag bol, sagja bol, sen maňa hakyt doganlyk kömegini etdiň. Hiç kimiň edip bilmejek kömegini etdiň. – Anygrak aýtsana. – Anygrak aýtsam, ýaňy Nurjemala duşdum. Ol meni görüp ýylgyrdy. Hakyt ýylgyryp seretdi maňa. Soňam näme diýenini bilýäňmi? «Sen-ä hakyky şahyr ekeniň, oglan. Men-ä sen beýle gowy goşgy ýazyp bilýänsiňem öýtmändirin» diýdi. Hakyt şeýle diýdi. Özem şeýle bir mähir bilen seretdi welin, Saparmyrat jan, ynan, endamymdan garynja ýörän ýaly bolup gitdi. Söýgi bü! Ýene bir goşgy ýazyp berseň, ol doly maňa göwün berýär. Soň öýlerine sawçy iberäýýän. Wessalam. Aşyryň diýşi ýaly boldy. Nurjemal ikinji goşgyny hem gowy görüpdir. Aşyry hem hakyky şahyr diýip taryplapdyr. Netijede, Aşyr maksadyna ýetdi: sawçylaryň saçagy kabul edilipdir. Obada Aşyr bilen Nurjemalyň toýy boldy. Şol toýda Aşyryň iň arzyly myhmany, elbetde, men boldum. Toýdan bäş-alty aý geçensoň, ýolda men Aşyr bilen Nurjemala tötänden gabat geldim. – Nurjemal, sen meniň beren goşgylarymy okap, maňa: «Hakyky şahyr ekeniň» diýdiň. Hakyky şahyr men däl, ine, şu ýigit – diýip, Aşyr ýylgyrjaklady. – Aşyr, bu syr biziň ikimiziň aramyzda galmalydy ahyryn, äht edişipdig-ä. – Ähtimiz öz möwritini ýitirdi, Saparmyrat jan. Indi men Nurjemaly sypdyrmaýan. Munuň özüniňem meni taşlap gitjek ýeri bolmaz. – Hakykatdanam şol gowy goşgulary sen ýazdyňmy? – diýip, Nurjemal geňirgenmesini daşyna çykardy. – Sen entek ýaş-a, onuň ýaly owadan sözleri nädip tapdyň?! – Siz aýyplaşmaň. – Ýok, ýok, sen gowy iş etdiň. Men hakda juda gowy goşgular ýazdyň. Men ol goşgulary ömrümiň ahyryna çenli bukjamda saklaryn. Aşyr ikimizi bagtly etdiň, özüňem bagtly bol! – diýip, Nurjemal meniň egnimden sypady. Nurjemalyň egnimden sypamagy döredijiligime berlen ilkinji serpaýdy. * * * Eziz oglum! Sazlaşykly türkmen şahsyýetine söýginiň ähli görnüşleri mahsus bolmalydyr. Emma ýaş wagtynda ynsan, esasan, yşk – muhabbet bilen ýaşaýar. Biziň ajaýyp dessanlarymyz, gözel şygryýetimiz, köplenç, muhabbet barasyndadyr. Sen bu söýgüde ata-babalarymyzyň ykrar eden söýgi edebiniň şertlerini berjaý etmelisiň. Söýgi edebinde oglanyň öz edebi, gyzyň öz edebi bolmalydyr. Eziz oglum! Sen öz söýgiňe akyl bilen göz ýetirmelisiň! Söýgi – duýgudyr, emma söýginiň hakyky bolmagy üçin duýgy ýeterlik däldir. Duýgy bary-ýogy söýginiň badalgasydyr, başlangyjydyr. Duýgular akyl tarapyndan rejelenenden soň, hakyky söýgi döreýändir. Yz – nyşan goýman, uçup gidýän duýgy söýgi däldir. Söýýän ýürege akyllylyk mahsusdyr. Ten duýgusy haýwanlarda-da bardyr. Emma ynsan söýgüsi akylyň gatanjy we ruhuň parasady bilen parhlanýandyr. Şonuň üçinem, ýüregiňde dörän duýgynyň hakyky söýgüdigine göz ýetirmek üçin wagt gerekdir. Söýgi ten isleglerinden başlansa-da, ruhy islegler bilen jem bolýandyr. Çyn söýgi ten islegleriniň däl, ruhuň islegleriniň kanagatlandyrylmagyna mätäçdir. Duýgy tende döreýändir, tende-de eda bolýandyr. Söýgi bolsa, ten islegleriniň ruhy isleglere, hajatlara ösüp geçmegidir. Şonuň üçinem, söýgiňi wagt bilen syna! Gadymy dessanlarymyzda aşyklyk möhleti ýedi ýyl diýlip kesgitlenilipdir. Hut şol sebäpden dessanlarda ýedi ýyldan soň mesele bir ýaňalyk edilýändir – ýa aşyk magşugyna gowşar, ýa-da olar wepat bolarlar. Söýgi ýüregiň gözünden başlanýandyr, paýhasyň gözi bilenem dowam edýändir. Gözden başlanýan söýginiň döwri iň süýji, iň ajap döwürdir. Aşyklyk zamanyndaky ýaly owadan dünýä soň hiç mahalam size nesip edýän däldir. Söýgi arzuwlary ýürege iň oňat ruhy iýmitdir. Dünýä durşuna gözellik, dünýä durşuna mähribanlyk, ýaşamak ne hezildir. Dünýäniň kynçylyklary, aladalary juda ownujak zatlar bolup görünýändir. Söýgi külli ýaşaýşy, bütin ömri bala garyp, seniň ygtyýaryňa berýändir. Sen şonda öz söýgiňde päk, arassa hem edepli bolgun! Aşyklygyň pynhan bolsun, duýgularyň deň-duş, dost-ýar bilen paýlaşar ýaly zat, hanyman däldir. Söýginiň tagamy, lezzeti we süýjüsi pynhanlykdadyr. Derdiňi diňe ikiçägiň bilen, syrlaryňy diňe söýgüliň bilen paýlaşmalydyr. Söýgi seniň hasam agraslaşmagyňa, kämilleşmegiňe, ulalmagyňa ýardam etmelidir. Duýgularyň içine tarap ösüp gidende, söýgi berkeýändir. Tä nika gyýylýança, söýgi gatnaşyklary pynhan-pynhan şirin sözleşikden, hyýaly hem edepli gözleşikden aňry geçmeli däldir. Agraslyk we akyllylyk çyn söýgi üçin böwet däl-de, tebigylykdyr. Duýgularyň gödeňsiligi, aç-açanlygy, bahyllygy söýgini betnyşanlyk derejesine düşünýändir. Söýeni söý, söýmedige süýkenme! Özüni söýmeýändigini görmek ýigit üçin uly betbagtlyk bolup görünýär, emma şonda-da özüňi ele al, mertebäňi sakla! Söýmedige süýkenmek has uly betnyşanlykdyr. Söýgi tebigatyň hulky, çünki gözellik tebigatdandyr. Emma söýgi tebigatdan has ýokarky barlykda – ruhda dowamat edýändir. Aşyk söýgüsini magşugyň kabul edendigini görensoň, şoňa görä bolmalydyr. Söýgini süýji hem manyly gözellige öwürýän zat aşyk bilen magşugyň belli bir aradaşlykda saklanmaklarydyr. Aradaşlyk diňe biri-biriňe gowşanyňdan soň aradan aýrylýandyr. Sen söýgiňi söz bilen däl, bolşuň bilen görkezmelisiň. Söz söýgüde esasy zat däl, ol, köplenç, artykmaçlyk we ýerliksizlikdir. Akylly ýürek az sözleýändir. Köp söz söýgüdäki galplygyň alamatydyr. Diliň däl, hereketleriň, bolşuň sözlesin! Söýgi dowamaty maşgala gurlandan soň başlanýandyr. Maşgala hem nikadan soňam dowam edýän, duýgularyň terligini saklaýan söýgi hakyky söýgüdir. Aşyklyk-magşuklyk är-aýallyga geçenden soň, ana, şondan soň, has aýan bolýar. Eger soňky gatnaşyklar duýgynyň üstünde guralan bolsa, olar ýitip gidýärler. Eger olar akylly ýüregiň söýgi-muhabbetiniň üstünde guralan bolsa, söýgi barha gül açýar, ýüregiň duýgulary terleşýär, adam öz ruhy gujuryny öz taýyna geçirip, biri-birine ömür uzaklygyny bagyş edýärler. * * * Mähriban gyzym! Türkmen gyzynyň söýgüsi haýalydyr, ejaplydyr we agrasdyr. Türkmen gözeli aşygyny diňe ýüregi däl, eýsem, öz mertebe-derejesi bilenem söýýändir. Söýgüde türkmen gyzy oglandanam akyllydyr we agrasdyr. Oglandan has pikirli, has öňdengörüjidir. Türkmen gyzy hiç mahal däliräp söýýän däldir. Ol atymyna golaýlatmaýan jerendir. Ol wepalydyr, wepa diýmek soňuna bakmak, soňuny bagyş etmek diýmekdir. Türkmen gyzynyň wepasy, maksady nika hem maşgaladyr. Gyz maşgala üçin we maşgala diýip söýýändir. Şonuň üçinem, türkmende gyza maşgala diýilýändir. Akyl we agraslyk, wepa we ejap türkmen gözeliniň tebigatyndaky esasy häsiýetlerdir. Şonuň üçinem, wepaly, ejaply, akylly we agras söýmek türkmen tebigylygynyň alamatydyr. Türkmen halkynyň gyza terbiýe berşi üýtgeşik. Gyzjagaz gulpajygyny örüp ugranyndan ejesi: «Kömek et, gyzym, ony et, muny et» diýip, berekellasyny ýetirip, iş buýrup başlar. Joralary bilen oýnamaga-da goýberer, ýöne kiçijiklikden başlap tikin-çatyn, gaýma, el işlerini-de öwreder. Sähel ulaldygy haly-palas başyna geçirer. Gaty ýadatmazam, oba içinde selk-selk gezdirmezem. Nahar-şor etmänem öwreder. Türkmen maşgalasynda gyza aýratyn sarpa goýulýar. Garybrak bolsa-da, özi geýmez, gyzyny geýindirer. Gyzyň göwni ýykylmaz. Gyza bedew ata seredilen ýaly serediler, oglana iş atyna seredilen ýaly. Gyz eýýäm ýaşlykdan özüne aýratyn hormat goýulýandygyny, buýsanylýandygyny, ene-atasynyň görer gözüdigini duýup başlar. Gyz öýde aýratyn söýgüden gandyrylar. Ol şeýde-şeýde özüniň tutuş öýüň mertebesidigine, kakasynyň, erkek doganlarynyň namys-arydygyna, tutuş maşgalanyň, tutuş kowmuň baýdagydygyna, tugudygyna akyl ýetirer. Özüne dil ýetse, öýüni ýel ýykjakdygyna, özüne ýokjak garanyň tutuş maşgalanyň maňlaýyny garaltjakdygyna gowy düşüner. Her bir türkmen gyzy on üç-on dört ýaşyndan başlap, diňe ene-atasynyň ýa-da doganlarynyň däl, goňşy-golamlarynyň hem daş-ýakyn garyndaşlarynyň gözüniň astynda, garamagynda gezýändigini bilýändir. Ol akylly, edepli-ekramly bolsa, dumly-duşdan özüne garaýan gözlerde mähir-buýsanç duýar, edepsizlik etse welin, şol gözleriň ählisinde ýazgaryş, sowuk bakyş görer. Sähelçe paýhasy, üşügi bar gyz dogan-garyndaşynyň, doganlarynyň, ene-atasynyň ýüzüni ýere saldyrjak işiň gyrasynda görünmez, çünki ol tutuş maşgalanyň tugy ahyryn. Ol tutuş kowmuň tug göterijisi ahyryn! Ine, şol sebäplem, türkmen gyzlary tug göterijiler ýaly örän buýsanjaň bolýarlar! Gyz ýetişer, sawçy döldiler, nesibeli kişi guda bolar. Gyzly öý galyň salar! Şu ýerde «Gorkut ata» kitabyndaky Däli Garçaryň uýasy üçin goýan adaty bolmadyk, geň şertini ýada salalyň. Bamsy Begrek Banuçeçek atly gyza aşyk bolýar, ony babasyna duýdurýar. Babasy: «Ogul, Banuçeçegiň Däli Garçar atly gardaşy bardyr, gudaçylyga baranyň kellesini aparar» diýýär. Hakykatdan-da, Däli Garçar şeýle äht edýär. Sebäbi näme? Sebäbi gyzly öýden umydygär köp. Bolaram geljek gudaçylyga, bolmazam. Özüni oňaranam geljek gudaçylyga, oňarmadygam! Däli Garçaryň şol sözünden soň kim ol gyza gudaçylyga baryp biljek?! Diňe hak aşyk! Hak aşyk ölümden gorkmaz, hak aşyk aýraçylykdan gorkar! Ony Garçar bilýär, hak aşygy saýlamak üçin hem däli şertini goýýar! Gyzly öý galyň salýar, ogully öý galyň toplaýar, öýlenjek ogla öý dikilýär. Türkmende öýlenmek diýmek «öý» sözünden bolup, «täze öý dikmek» manysy bar. Täze öýe bolsa, hemme zat gerek! Hemme zady hem iki guda galyň bilen çözýär. Öýem, goş-golam hem, ýorgan-düşek hem, garasaý, bir hojalyga gerek-ýaragyň bary galyňda bar. Galyňy alan ata-ene onuň baryny bir gaýtarýar, üstesine barlyrak bolsa, özündenem goşýar. Sebäbi ýaş çatynjalaryň tüýs ýaşaýjak wagty, hiç zatdan har-hor bolmaly däl. Ýaş çatynjalar çaga-çugaly boljak wagty, hiç zadyň aladasyny etmeli däl! Ine, galyňyň düýp manysy nirede ýatyr! Türkmeniň iki gudasy birleşip, üçünji sagdyn maşgalany döredýär! Hany, onsoň bu ýerde näme aýyp bar?! Bir zady unutmaly däl, türkmen halky islendik nysagyny, kada-kanunyny, däp-dessuryny uzyn taryhyň dowamynda oýlap-ölçerip, pähim-paýhas eleginden geçirip, taraşlap-taraşlap kämil döretdi, özem zerur bolandan soň döretdi. Bu gün gaty diplom alyp, ýetmiş ýedi arkamyzdan akyllysyrap, olaryň ýörelgesinden çyksak, gaty ýalňyşarys! Dogrusy, baknalyk ýyllarynda köp dessurlarymyza, däplerimize palta saldyryp, köp-köp ýalňyşlyklary başdan geçirmeli bolduk. Türkmen halky gyzlardan gelin, gelinden ene ýetişdiren bolsa, sowet döwründe dünýäni aňk edýän haly-palas dokap bilýän gyzlara, keşde edip, gaýma gaýap bilýän inçe senetli gyzlara kürelerde kerpiç kesdirip, tarladyp traktor sürdürdiler... Indi ýetmiş ýylda ýol berlen nogsanlyklarymyza ýol bermek bolmaz. Gelin-gyzlar agyr işlerde işlemesin, işledilmesin! Gelin-gyzlar durmuşymyzyň bezegi bolsun, ýaşaýşymyzyň halallygy bolsun, ýüzümiziň tuwagy bolsun! Gelin-gyzlar durmuşymyzyň al-elwan bahary bolsun! * * * Orta asyrlarda türkmenleriň arasyna gelen arap alymy haýran galyp: «Olaryň aýallary öz ärlerindenem, keseki erkeklerdenem ýüzüni ýapmaýarlar... Olar, şonuň ýaly-da, azgynçylyk diýen zadyň nämediginem bilmeýärler» diýip ýazýar. Türkmen nikasy – mukaddes. Ol nika aňsat-aňsat bozulmandyr. Birinjiden, guda bolnanda ýigit tarap gyzyň, gyz tarap ýigidiň ýedi puşduna, kowum-hyşdyna çenli öwrenipdir. Yaş barabarlygy saklanypdyr. Eger ärli aýal aýagyny gyşyk bassa, ony äri hem öldürip bilipdir, äriniň doganlaram. Gyzyň öz hossarlaram tohuma gara getirýäne ýowuz darapdyr. Eger aýal aýagyny gyşyk basmaýan bolsa, düýpli bir sebäbi bolmasa, erkek kişi aýalyny kowup hem biläýmeýär. Erkek aýalyny kowjak bolsa, onuň hossarlary soraýar, kazy soraýar: – Aýagyny gyşyk basdymy? Naharyňy bişirip, kiriňi ýuwmaýarmy? Aýalyňy kowmak üçin düýpli bir sebäbiň bolaýmasa, kazy-da, aksakgallar-da, öz hossarlaryň-da, aýalyň hossarlary-da, ony saňa kowduraýmaýar. Ruhnamanyň birinji kitabynda-da aýdyşym ýaly, çaga edinmek meselesi türkmende örän möhüm mesele. Biziň ata-babalarymyz çaga edinjek bolanlarynda, muňa ýörite taýýarlyk görüpdirler. Bir aýyň dowamynda äri hem, aýaly hem gaharlanmaz ýaly, artykmaç iýmez ýaly, arkaýyn ýaşar ýaly şert döredipdirler. Eger maşgala ogul isleýän bolsa, hamylalyk döwri diňe guzuka biçilen işşek goýnuň eti iýdirilipdir, ak-gök, gawun-garpyz bol edilipdir. Tebip aýal gelne, ýigidiň hossarlary ýigide özüni alyp barmagyň ýollaryny öwredipdirler. Şol jogapkärli pursatda ýigide şerap içmek, gaýry keýpler gadagan edilipdir. Ene gamynda çaga galanyndan soň, är-aýallyk işi hem bes edilipdir. Saýyrdyň halk saýyrdyň çaga isläpdir! * * * Allatagala biziň ýaşaýan dünýämizi, gör, nähili owadan, tämiz, gözel hem kämil edip ýaradypdyr. Eger biziň içki dünýämiz hem daşky dünýä ýaly owadan, eziz, gözel, tämiz, päkize hem mähriban bolmasa, ol ýerde ruhumyz göýdük bolar! Ruhuň iýmiti – söýgi! Ruhuň ganaty – söýgi! «Mukaddes Watanyny janyndan artyk söýüp, il-ulsuny keramat bilip, Watanyna howp abanan güni ata atlanyp, söweşde şirin janyny gurban berýän gerçekler göni jennete barar» diýip, ata-babalarymyz ynanypdyr. Ýaňy ýaşlygyň bir gyrasyndan girip, birek-birekde keramatly söýgä uçrap, al-asmanda kepderi ýaly ganat kakyp ýören aşyk-magşuklaryň ruhy, meger, iň kämil ruhdur, sebäbi olaryň göwresi ruhuna tabyn, sebäbi olaryň ruhy bilen birlikde göwresi hem al-asmanda uçup ýör. Biziň ruhumyz – biziň mazmunymyzdyr! Daýhan ýerini sürýär, ekýär, dökün berýär, suwarýar. Ak bugdaýly gallasy deňiz ýaly owsunýar. Daýhan orak orýar, dag ýaly harman ýasaýar, döwýär. Sykylyklap, Haýdar babadan medet diläp, harmanyny sowurýar. Dag ýaly harmandan depe ýaly çäç galýar! Ynha, dünýäniň manysy! Bir gün geler, harmanymyzy sowurmaly bolarys. Näçeräk çäjiň galsa, dünýäde abraýyň-hormatyň şol bolar. Allatagala älemi, jümle-jahany, ýaşaýşyň göwher jygasy – Adam ogluny söýgüsinden, mährinden, nurundan, paýhasyndan-parasadyndan ýaradypdyr. Ol bu dünýäde söýüp, mähir ummanynda ýüzüp, tämizlenip, kämilleşip, ýene Allanyň dergähine dolanyp bolýandyr. Eziz oglum! Eziz gyzym! Söýüp hem söýlüp, owadan ýaşaň! Ýaşaýyş söýgüdir. Siz söýgi dünýäsinde ýaşaýansyňyz. Bu ajaýyp dünýäde, bu ajaýyp ýaşaýyşda söýgiňiz özüňiz deýin owadan bolsun! Söýülýän kişi owadandyr, bagtlydyr. Owadan boluň! Bagtly boluň! Ruhnama II kitapdan. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |