12:18 Ruhuñyz belent bolsun! | |
RUHUŇYZ BELENT BOLSUN!
Pedagogika we edep-terbiýe
Eziz watandaşlarym! Edebiň maksady oňat ahlagy terbiýelemek we olaryň amalyny tapmakdyr. Oňat gylyklaryň içinde-de iň oňady, elbetde, ruhubelentlikdir. Ruhubelentlik adamyň baş ömür gymmatlygydyr. Sen ruhubelent bolmasaň, ýaşan ömrüňe haýp, ruhubelent bolmasaň, ýaşaýşyň gömügi hem yssysy bolmaz. Ruhubelentlik başyňy dik tutup, mertebäňi duýup, durmuşyň şatlygyna we hezilligine barabarlykda ýaşamakdyr. Durmuş ýoly, adatça, iki zadyň – üstünligiň we kynçylygyň gezekleşmegi görnüşinde dowam edýär. Durmuş hiç mahal birsydyrgyn bolmaýar. Ol ak hem-de gara zolaklardan ybarat bolýar. Biz ony tibet kanuny diýip şertli atlandyrýarys. Ahlagyň mähekdaşy bolan ruhubelentlik şol durmuş ahwalatlarynyň ikisinde-de juda zerurdyr. Üstünliklere ýüzüň düşüp, işleriň şowly gidip, durmuş gözeli saňa hoşsyrat jemalyny görkezýän günleri-de ruhubelent bol! Bir üstünlige ýetip, indikini amala aşyrmak üçin, durmuş mähribanlygynyň dowamatly bolmagy üçin ruhubelentlik gerekdir. Durmuşdan bir peşgeşi gazanyp, onuň bilen çäklenmek mümkin däldir. Çünki, ömür diýilýäniniň özi çäksizlikdir, has dogrusy, ajal atly nokadyň, çägiň içindäki çäksizlik, dynuwsyzlyk hem hereketdir. Şol sebäpden, bir ýetilen nokatdan indikisine bat alyp, okdurylmak üçin ruhubelentlik gerekdir. Çünki, ruhubelentlik seniň ýaşaýşa bolan yşkyň gowşamazlygydyr, batly akyp duran durmuş derýasynyň depginine seniň öz ömrüň depgininiň barabar gelmegidir. Bu soňsuz hereketde rahatlyk wagtlaýyndyr, okgunlylyk bolsa – hemişelikdir. Wagt hereketiniň tozanyna garylyp galmazlyk üçin ol herekete eýermegi, ömrüň tizligini wagtyň tizligine deňeçer etmegi başarmalydyr. Dünýäde hemme zat hereketde, ýaşaýyş – üznüksiz akgynlylyk, soňsuz depginlilik diýmekdir. Ýalandan däl, çyndan ýaşamak isleseň, onuň bilen aýakdaş gitmelidir. Munuň üçin bolsa, üstünlikler mahalyndaky ruhubelentlik gerekdir. Munuň manysy bolsa, bir ýetilen sepgitden has uly sepgide atygsamakdyr. Hereketde durgunlyk bolmaz. Durgunlyk diňe ölümde mümkindir, durgunlygy diňe ölüm halaýandyr. Emma, ruhubelentlik kynçylykly günlerde has hem zerurdyr. Çünki, kynçylykly mahal beden hem ruhy hereketiň aňrybaş derejede haýallaýan mahalydyr. Has kynçylykly günler bolsa, hereketiň doly togtap, gözlegleriň petige direýän günleridir. Şeýle mahallar we şeýle günler adama, köplenç, daşky däl, eýsem, hut içki hereketlendiriji we yş açyjy güýç we itergi gerek bolýar. Bu güýç, bu itergi, elbetde, ruhubelentlikdir. Sussupeslik, göwnüçökgünlik, bizarlyk, owarramçyllyk we şulara meňzeş ahwalatlar we gylyklar adamyň ganym duşmanydyr. Sen duşmanyňy daşdan däl, içiňden gözle! Sen duşmanyňy özgeden däl, özüňden gözle! Olar seniň ömrüňe, ömrüň manysyna we hözirine el urýan jellatlardyr. Şeýle kynçylykly döwürde sende bary-ýogy iki zadyň barlygyna düşünmegiň, olaryň saňa artykmajy bilen ýeterlikdigine düşünmegiň özi eýýäm ruhubelent bolmaga doly esasdyr. Bularyň birinjisi – jan saglygy, ikinjisi bolsa – başyň dikligidir. Durmuşda, birek-birege edilýän arzuwlarda häli-şindi gaýtalanyp duran, megerem, şol gaýtalanma netijesinde-de köplerimiz üçin bimanylyga öwrülen şol iki gymmatlygyň asyl, tebigy manysyny teswirläp bereýin. Jan saglygy diýmek näme? Munuň özi diňe bir beden rahatlygy, janyň agyrysyz-ynjysyzlygy däldir. Ömrüňi ykrar etmegiň nukdaýnazaryndan onuň has düýpli, has ähmiýetli manysy bardyr. Jan saglygy – bu seniň ömrüň dowam etmek mümkinçiliginiň doly saklanýanlygydyr. Şol mümkinçilik saklanýarka, eliňde ömür dowamatyň, ertirki, birigünki, ondan soňky günlerdäki ýaşamak kepili we umydy barka, sen näme üçin sussuňy pes tutmaly, göwnüňi çökgün saklamaly?! Eýsem, seniň alnyňda duran kynçylyklary-da sen hut öz ömrüň, durmuşyň ezizligine we hözirine zeper ýetirýändigi üçin hossa bilýärsiň ahyryn. Emma, jan saglygy mynasybetli ömrüň, durmuşyň, ýaşaýşyň öňküsi ýaly eliňde bolsa, dowam edýän bolsa, onda näme diýip gama batmaly, göwnüçökgün bolmaly?! Düşün, jan saglygynyň barlygy kynçylyklary wagtlaýyn we ötüp geçmeli bir zada öwürýändigine düşün! Janyň sag bolsa, ömrüň dowam eder, ömrüň dowam etse, alnyňy alyp duran kynçylyklar şu günden düýne, düýndenem öňňine öwrüler. Jan saglygynyň ýüzi – geljege, kynçylyklaryňky bolsa geçmişe sarydyr. Şonuň üçinem, entek janyň sagka, özüňi-de, özgäni-de gönertlemäge hakyň asla ýokdur. Eýsem, sussupeslik, göwnüçökgünlik we gaýry ruhy ejizlikler bilmezden özüňi hem özgäni günäkärlemegiň görnüşleridir. Allatagala saňa azatlyk diýen beýik peşgeşi berensoň, başga näme etsin?! Jan saglygy – beden azatlygy, başyň dikligi bolsa – akyl azatlygydyr. Şu iki azatlyga eýe bolubam, özüňi gulçulyga, baglylyga – sussupeslige, göwnüçökgünlige salmak aklap hem, esaslandyryp hem bolmajak peslikdir. Gautama Budda kyrk ýyllap bir pikiri: sammasati – dogry ýatlamak pikirini birsyhly gaýtalapdyr. Dogry ýatlamak pikiri adamyň özi babatda has möhümdir. Adam, köplenç, özüniň kimdigini, aslyny tanaman-bilmän heläk bolýar. Adam gaty köp zady ýatda saklap-öwrenip biler, ýöne ol özüni öwrenmäge az wagt sarp edýär hem özüni gowy bilmeýär. Gautama Budda öz taglymatyny gadymy bir waka esasynda – bir depeden ikinji bir depä böken ýolbarsyň şekili çekilen nyşan bilen aňlatdy. Ýolbars iki depäniň ortasyndan böküp geçip barýar, aşakda – iki depäniň aşagynda bolsa, goýun sürüsi bar. Rowaýata görä ýolbars köpeljek bolup ýören eken, ol bir depeden ikinji depä bökende dogupdyr, ondan bir ýolbarsjyk aşakdaky süriniň üstüne gaçypdyr. Ýolbarsjyk özüniň kimdigini bilenok, ol goýun sürüsinde ulalýar, ol goýunlar ýaly diňe ot iýýär, ýolbarsyň iýmeli etini iýmeýär. Ýolbars özüni ýolbars däl-de, goýun hasaplap ulalýar. Günlerde bir gün garry ene ýolbars aw gözlegine çykýar. Onuň ýoly şol goýun sürüsiniň üstünden barýar. Görse, içinde bir ýolbars arkaýyn otlap ýör. Goýunlaram ondan ürkenok. Garry ýolbars bu ahwalaty görüp, awy unutdy, ýaş ýolbarsdan gözüni aýyrman synlady. Ýaş ýolbars goýunlar näme etse, ol hem şony edýär, edil goýunlaryňky ýaly ot çürtüp iýýär, ylganda-da goýunlara meňzäp ylgaýar. Garry ýolbars sürä topulýar. Ol kowalap, ýaş ýolbarsy tutýar-da, çeşmäň kenaryna alyp gelýär. Ýaş ýolbars ýalbarmaga durýar: – Ýalbarýaryn, meni öz sürime goýberiň. Garry ýolbars ýaş ýolbarsyň özi hakda nädogry pikirdedigini bildi-de, oňa suwa seretmegi we öz keşbini görmegi buýurdy. Ýaş ýolbars suwa seretdi we öz keşbini gördi. Görse, ol goýun däl-de, gapdalynda duran ene ýolbarsa meňzeş ýolbars. Öň goýunlaryň arasynda mäläp ýören ýaş ýolbars suwda öz keşbini görensoň, ýer sarsdyryp öwran-öwran arlady. Garry ýolbars: – Men öz etmeli işimi etdim – diýdi. – Indi galany özüňe bagly. Ýaş ýolbars garry ýolbarsa: – Men özüm barada nädogry pikirde ekenim. Özümi tanamaga eden kömegiňiz üçin men sizden çäksiz minnetdardyryn. Köp-köp sag boluň! Gautama Budda mydama aýdýan eken: – Halypanyň baş wezipesi şägirdiň kimdigini açyp görkezmek, şägirdiň özüni görmegi. Meniň aýdanlaryma aň eden bolsaň, jan saglygyna iki hili düşüniş durmuşda gabat gelýär. Biri – ýaltanyň düşünişinde jan saglygy hereketsizlikden, gymyldysyzlykdan lezzet almak bolsa; işjeňiň düşünişinde jan saglygy kynçylygy ýeňip geçmek üçin hereket mümkinçiligi we hereket kepilidir. Başyň dikligi – akylyňy işletmek, ömrüňi akylly-başly meýilleşdirmek, kadalaşdyrmak, sazlaşdyrmak, garaz, ömrüňe eýelik etmek mümkinçiligidir. Akyl uly güýçdür. Akyl bilen hemme zatlara ýetse bolar. Akyl bilen baýlygam, malam, mülkem, dost-ýary hem, garaz, bagtly ömür üçin zerur zatlaryň baryny gazanyp bolar. Emma olaryň biri bilenem akyl gazanyp bolmaz. Akyl – gutarmaýan baýlykdyr. Akyl – biwepalyk etmeýän dostdur. Akyl – öçmeýän. söýgüdir. Akyl – çözgütdir. Şonuň üçinem, adamlaryň aglaba köpüsinde, tas hemmesinde ruhubelent bolmazlyga hiç hili esas ýok diýip pikir edýärin. Muňa diňe bahana bolup biler, emma, çyn sebäp bolup bilmez. Jan saglygyna daýanyp, başyň dikliginde akylyňy işlet! Beýik atamyz Oguz han Türkmeniň bir aýdan pähimini tymsal ornunda getiresim gelýär. Ol: «Bir at arryklykda-da, orta semizlikde-de, aşa semizlikde-de oňat çapsa, oňa gowy at diýip bolar, bularyň birinde oňat çapyp bilmese, gowy at diýmek bolmaz» diýýär. Adam hem şol pisintdir. Adam üç halda-da – syrkawlykda, üstünlikde we kynçylykda ruhubelent bolup bilmese, oňa çyn adam diýip bolmaz. ■ Rowaýat: Zews bilen Gera asmanda oturan ýerlerinden Ýerde adamlaryň ýagdaýyna, ýaşaýşyna syn kylmaga başlapdyrlar. Gera adamlaryň gülki-şagalaňy unudyp, bir kesemen tötek gazanjak, maşgala-günema endişesini gowulandyrjak bolup çekýän kösençliklerine-horluklaryna gynanmak gynanypdyr. – Eý, howandarym! – diýip, Gera Zewse ýüzlenipdir: – Adamlaryň gözgyny durmuşyny görýärmiň! Olara haýpyň gelsin! Olara kömek-hemaýat et, eý, keramatly Hudaýym! Gör ahyryn, adamlar nähili garyp ýaşaýarlar. Seret, ol adama! Aýagyndaky çepeginiň bagjygam ýok. – Eý, meniň Geram! Her adam maňlaýyna ýazylanyndan artyk baýlygy berseňem almaz. – Meni aldamak islediňmi, Gera ynanar öýtdüňmi? Sen onuň ýörejek ýoluna bir halta tylla okla. Şonda sen onuň tyllany alýanyny-almaýanyny görersiň. Tyllany alan adamlaryň durmuşy düýpgöter özgerer. Bolçulykda ýaşap başlarlar. Goý, adamlar bolçulykda ýaşasynlar. – Gera, maňa ynan, ýöräp barýan ýoluna bir halta tylla taşlanymda-da, ho-ol, aýagyndaky çepegine bagjyk tapman ýören tyllalary görmez. – Sen görer ýaly pytradyp taşla. – Goý, seniň diýeniň bolsun – diýip, Zews ýyldyrym çakdyryp, gök gürletdi, soňam aýagy çepekli garyp adamyň öňüne bir halta tyllany pytradyp goýberdi. Aýagy çepekli garyp tyllanyň deňine gelende asmana seretdi. Megerem, ol ýagşyň ýagjak-ýagmajagyny anyklamak islän bolarly. Garyp kişi tyllanyň deňinde saklandy, birdenem, nämedir bir zady ýadyndan çykaran bolarly, yzyna öwrülip zut gitdi. Tylla köçede çaşyp ýatyşyna galyberdi. Türkmende nesibe diýip örän gowy düşünje bar. Nesibe bilen baglanyşykly rowaýat hem bar. Şol rowaýatda bir ýagşyzada adam obanyň bir ýarlykly garybyna kömek etmek isleýär. Kömek etmek maksady bilen ýagşyzada bir tokga içi tyllaly düwünçegi onuň geçjek paýapylynyň ortarasynda goýýar. Garyp kişi bolsa şol gezek öz başarnygyny barlap görmek niýeti bilen paýapyldan gözüni ýumup geçýär, tyllaly düwünçegi görmeýär, gaýtam, aýagy bilen depip, düwünçegi suwa gaçyrýar. Suwa gaçan düwünçege ünsem bermeýär. Türkmen nesibeli halk, rysgally halk. * * * Eziz watandaşlarym! Her üç halda-da ruhubelent bol we özüňe-de, özgä-de gatnaşygyňda ruhubelentlik edebiniň şertlerini berjaý et! Üstünlikde eselme, kynçylykda peselme! Üstünlikde: «Ata münen atasyny tanamaz» diýdirme, kynçylykda özüňi ýitirip, ryswa bolma! Üstünlikde herrelme, kynçylykda müzzerme! Üstünlikde şowlulygyň, kynçylykda şowsuzlygyň hemişelik däldigini unutma! At-owazaň, ornuň, derejäň, baýlygyň ulaldygyça, göwnüň öňküdenem kiçelsin! Üstünligiň akylyň hem göwnüň synagydygyna, kynçylygyň mertebäň hem buýsanjyň synagydygyna düşün! Üstünlikde, barka bermegi endik et, kynçylykda, ýokka almaga ýeriň bolar! Üstünlikde, şowunaka, adamlara ýitirip tapan ýaly bol, kynçylykda ýiteniňde, olaryň özi seni taparlar! Jan saglygyňda şükür etmegi öwrenseň, hassalykda göwnüňi giň tutmagyň hötdesinden gelip bilersiň. Durmuşyň bar syry durmuşyň öz-özüligi däl-de, eýsem, seniň durmuşa gatnaşygyňdadyr. Üstünlige göwnügiň garasaň, başyň aýlanmaz, azmarsyň, kynçylyga ruhubelent garasaň, aljyramarsyň, özüňi ýitirmersiň, azmarsyň. Bar gep seniň özüňdedir. Ruhubelent bolsaň, kynçylykda-da azmarsyň, üstünlikde-de azmarsyň! Üstünlikde päliňi azdyrma, päliňi pes tut, kynçylykda göwnüçökgün bolma, göwnüňi giň tut! Üstünlikde nebsiňe, kynçylykda göwnüňe buýur! Üstünlikde özgä, kynçylykda özüňe pitjiň atma! Üstünlikde özgä, kynçylykda özüňe sygyn! Üstünlikde süwümsiz, kynçylykda durumsyz bolma! Üstünlikde saýrama, kynçylykda zeýrenme! Üstünlikde süýjiňi gizleme, kynçylykda ajyňy sözleme! Üstünlikde men-menlige, kynçylykda peslige, gaýgy-hasrata syrnyh bol! * * * Eziz watandaşym! Ruhubelentlik ahlagynyň we ruhubelentlik edebiniň ýedi sany şerti we ýedi sany esasy bardyr. Olaryň birinjisi – kalbyňy hemişe arassa we mähirli saklamakdyr. Kalbyňy arassa we mähirli saklamak – dünýä hemişe aşyk gözler bilen bakmakdyr. Aşyklyk seniň içki ruhy joşgunyňdyr. Ol saňa islendik kynçylyga döz gelmäge kömek eder. Kalbyňy arassa saklamak kynçylyklardan bir gez ýokarda bolmakdyr. Dünýäde kynçylyk ýok, ejizlik bar diýleni hakykatdyr. Dünýä aşyklyk şeýle bir ruhy haldyr, şonda sen ownuklyklardan belentde bolarsyň. Sähel zat üçin göwnüňe gaýgy getirmersiň. Hatda uly kynçylykda-da, aşyklyk başyňy hem kalbyňy durmuş çarkandaklyklaryndan sag-aman alyp çykmaga puryja berer. Muňa düşünmek isleseň, aşyk bolan ýigidiň bolşuny ýadyňa sal. Onuň üçin dünýä mydama pasly bahar, mydama ala ýazdyr. Onuň kalbynyň howalalygyna akylyň haýrandyr. Sen durmuş babatda-da hut şo hili howalalykda we ruhubelentlikde bolmalysyň. Şonda seniň öňüňde üstünlikleriň we bagtyýarlygyň gapylary açylar. Seniň iýýän zadyň – seniň bedeniňdir. Seniň duýýan zadyň – seniň kalbyňdyr. Seniň pikir edýän zadyň – seniň özüňsiň. Durmuşy näme diýip we nähili diýip kabul edýän bolsaň, durmuş şol zadyňam özüdir. Ony hossa bilseň, ol hossadyr, ony gözellik bilseň, ol gözellikdir. Ruhubelentlik ahlagynyň ikinji bir şerti minnetdarlyk duýgusy we minnetdarlyk gatnaşygydyr. Düşün, bu durmuşdan juda köp zatlary alandygyňa düşün! Ýekeje adamyň adam bolmagy üçin näçe gujuryň, näçe zadyň sarp bolýandygyny göz öňüne getir! Sen durmuşdan gaty köp zady alansyň. Durmuş diýýänim – il-gün, Watan, ýakynlaryň, dost-ýarlaryňdyr. Öz-özüňden adam bolaýandyryn öýtmegin. Şu zatlara düşünmeklik seni hemişe minnetdarlyk duýgusyna getirer. Edilen ýagşylyklaryň astyndan çykmaga güýç-gujur berer. Ähli ýagşy işler minnetdarlyk duýgusyndan başlanýandyr. Özüňi algyly däl, bergili saý. Bir gün şol bergileriň aşagyndan çykmak pikiri we yhlasy bilen ýaşa. Minnet etme, minnetdar bol. Minnetdarlyk – özüňe edilen ýagşylyklara düşünmek we munuň minnetini çekmekdir. Ruhubelentlik edebinde üçünji ahlak we amal – erkdir. Erkiň ýok ýerinde ruhubelentlik mümkin däldir. Beýle diýenimde, men, ilkinji nobatda, özüňe erk etmegi göz öňünde tutýaryn. Özüne erk edip bilmedik adam hiç bir zat gazanyp bilmez, hiç bir menzile ýetip bilmez. Özüňe erk etseň, ähli ýollar açykdyr, özüňe erk edip bilmeseň, çar ýanyň petikdir. Dünýä özüne erk edip bileniňkidir. Özüňi islege görä däl-de, zerurlyga we talaba görä ýaşamaga mejbur et! Isleýän zadyňy däl, zerur zady etmäni başar. Özüňi ele alsaň, dünýäni ele alarsyň. Özüňe erk etmek, ilkinji nobatda, duýgularyňa erk etmekdir. Aýaklaryň islän ýerine däl, akylyň hem bähbidiň görkezen ugruna gitsin! Elleriň islän zadyny däl, zerurlygyň görkezýän zadyny tutsun. Diliň göwnüňe gelen sözlerini däl, ýaşamak üçin zerur sözleri diýsin. Duýgy islegi biakyldyr. Özüňe erk etmek, ikinjiden, pikirleriňe erk etmekdir. Öňüňde duran wezipelere laýyk pikir işini amala aşyr. Ýaşaýşyňy üpjün etjek pikirleriň yzyna düş. Pikirleriňi özüňi ykrar etmegiň serişdesine öwür. Netijesiz zada pul çykdajysyny, zat çykdajysyny etmeýşiň ýaly, durmuşyňa zerur bolmadyk pikirlerdenem ýüz dönder. Özüňe erk etmekligiň üçünji jäheti wagtyňa erk etmekdir. Wagt – ömürdir. Wagtyňy nähili ulanyp bilýän bolsaň, üstünligiň we ömrüň şoňa-da baglydyr. Wagt suwuna akylly miraplyk etgin! Ähli üstünlikleriň girewi wagtyňy tygşytly we sarpaly ulanyp bilşiňe baglydyr. Köpler uly-uly işleri, zerur işleri amala aşyrmak üçin wagtyň ýetmeýänliginden zeýrenýärler. Bu ýalňyşdyr. Sen näme etmeli bolsaň, sende şonça-da wagt bardyr. Geleňsiz daýhanyň suwy bisarpa tutup, ekinini zaýalaýşy ýaly, köpler wagty bisarpa tutup, ömrüni zaýalaýarlar, beýik maksatlara ýetmän galýarlar. Soňundanam wagtyň az bolandygyndan zeýrenmegi gowy görýärler. Onsoň maksatlar gury hyýal, ýetilmejek arzuw bolup galýar. Akylly az pul bilenem köp zady bitirýändir, geleňsiz köp pul bilenem, derekli iş bitirip bilýän däldir. Wagta gatnaşyk hem edil şonuň ýalydyr. Öz-özlüginde wagt azam däldir, köpem däldir. Onuň möçberi seniň oňa gatnaşygyň boýunça kesgitlenilýär. Kimler ýüz ýaşabam derek tapanok, boş geçýär, kimler otuz-kyrk ýaşda-da dünýäniň işini bitirip, geçip gidýärler. Wagty özüňe, öz maksatlaryňa we bähbitleriňe işlemäge mejbur et! Ruhubelentligiň dördünji ahlagy – kanagatlylykdyr. Kanagat durmuş üstünligine we kynçylygyna ruhy gatnaşykdyr. Adamyň bir häsiýetli tebigaty bar: bereniň köp ýaly, alanyň az ýaly görünýändir. Şu hili «ýalylar» aradan aýrylyp, durmuşy hakyky bolşunda görmek üçin kanagat gerekdir. Özüňe sähel üstünlige monça bolmagy öwret! Göwnüňi sähel üstünlikden razy bolmaga, indiki üstünliklere tarap gitmäge endik etdir! Özüňe uly kynçylyga-da döz gelmegi öwret! Kanagat durmuş şowsuzlygynyň güýçli urgularynyň öňüne tutulýan synmaz polat galkandyr. Ýagşy işler tiz bolmasa-da, sabyr bilen bitýändir. Diňe tizlik bilen ýykyp bolýandyr, gurmak üçin wagt we kanagat gerekdir. «Giç ýat, ir tur – alty pişegi artyk ur» diýlenidir. Ömür işi zergäriň işi ýaly irginsizlik we kanagat bilen bitýändir. Ruhubelentligiň bäşinji ahlagy – maksatlylykdyr. Hemişe gursagyňda belent hyýal, başyňda maksat bolsun. Maksatsyz ýaşamak – ömrüňi ýele bermegi, boş geçirmegi karar etmekdir. Her günüň, her hepdäniň, her aýyň öz maksady bolsun, her ýylyň, tutuş ömrüň öz maksady bolsun. Uly maksatlary tutun, olary amala aşyrmak üçin kiçi maksatlary aýdyňlaşdyryp, baryny bir işe jem etmegi başar. Maksat tutup, oňa gönügeniňde, maksadaokgunlylyk, tutanýerlilik, erjellik, irginsizlik zerurdyr. «Başarmaryn» diýme, entek synanyşyp görmän, başarmajagyňy näbilýäň?! Adamyň hyýalyna diňe başarjak, ýetip biljek pikirleri gelýändir. Bir gezekde başartmasa, ikinji gezek synanyş, ikinjide başartmasa, üçünji, üçünjide başartmasa, dördünji... gezekler atyp gal! Ahyry başararsyň, diňe başaranyňdan soň, many, gözellik we bagt taparsyň. Diňe başaranyňdan soň, öz-özüňe sylag we hormat taparsyň. Iş bitirmegiň lezzeti lezzetleriň seresidir. Iş bitirmek ýeneki üstünliklere badalga berýär. Iş bitirseň, abraýyň hem artar. Ruhubelentligiň altynjy ahlagy – şadyýanlyk, ýedinji ahlagy – irginsiz gözlegdir. Göwnüňi şadyýan tut, gülki, keýpihoşluk hemişe hemraň bolsun! Göwnaçygyň mydama ýoly açykdyr. Şadyýan bolsaň, hemmeler daşyňdadyr, gülseň, hemmeler seniň bilen bile güler. Aglasaň, ýeke özüň aglamaly bolarsyň. Çünki, adamlar şatlyga mätäçdirler, hezillige maýyldyrlar. Şatlyk kalplary gözelleşdirýändir. Aýdym-saza, degişmä ömrüňden uly orun ber. Olar ýaşamaga we gurmaga, kynçylygy ýeňip geçmäge beýik ruhy goltgy berýär. Olar pese taşlanan kalbyňy al-asmana göterip bilýär. Aýdym-saz, degişme, sungat göwün dümewiniň bire-bir emidir, ruhy ýadawlygyň däri-dermanydyr. Hemişe gözlegde bol! Bir ýerde, bir pikirde, bir sepgitde durma, indiki alyslyklara – üstünliklere ümzük et! * * * Eziz watandaşlarym! Ruhubelentlik türkmeniň Altyn asyrynyň baş ahlak gymmatlygydyr. Maňa köpçülikden hemişe haýyşlar gelýär. Olaryň köpüsinde täze jemgyýetimiziň ýaşaýyş endiklerini döretmek hakynda gürrüň edilýär, teklipler aýdylýar. Adamlar ýurduň, jemgyýetiň özgermegine işjeň gatnaşmak höwesi bilen joşýarlar. Ruhubelentlik endiklerini gündelik durmuşymyza ornaşdyrmak zerurlygy duýulýar. Şonuň üçinem, şu ýerde men edilýän teklipleriň birini çemlemekçi bolýaryn. Goý, her bir tutumdan, dabaradan, ýygnakdyr beýleki çärelerden soň, okuwyň, işiň tamamlanan pursatynda birek-birege: «Ruhuňyz belent bolsun!» diýmek dessury girizilsin. Şonuň ýaly her çäre üç gezek batly hem ynamly: «Ruhuňyz belent bolsun!» diýip gaýtalamak bilen jemlenilsin. Özara gürrüňdeşligiň ahyrynda-da adamlar bir-birege: «Ruhuň belent bolsun!» diýip arzuw etsinler. Tele ýa radiogepleşik tamamlananda-da: «Ruhuňyz belent bolsun!» arzuwy ýaňlansyn. Şeýle dessur durmuşymyza ornaşsa, durmuş has gözelleşer, kalbymyza ynam we ruhubelentlik ornaşar. Indi türkmeniň Altyn asyrynyň şahsyýeti üçin möhüm bir zady gozgamakçy. Milletiň milli özboluşlylygyny saklamak üçin biz familiýalary türkmençe almak isleýäris. Men bu meselede Oguz handan gelýän ýoly girizmeli hasaplaýaryn. Familiýa üçin aýratyn goşulma zerur däldir. Diňe belli bir tertipde – ilki adamyň öz adyny, soňra kakasynyň, iň soňunda-da atasynyň adyny ýazmak ýeterlikdir. «Gyzy», «ogly» diýen sözlerem bu ýerde artykmaç hasaplaýaryn. Aýdaly, adamyň ady Çary, kakasynyň ady Myratberdi, atasynyň ady Hakberdi bolsa, onda Çary Myratberdi Hakberdi ýa-da gyz babatda Gözel Myratberdi Hakberdi diýip ýazmak amatly we ýeterlik, düşnükli we gelşikli bolar. Munuň özi biziň adamyň üç arkasyna bakmak ýörelgämize hem doly laýyk gelýär. Pasportda «Ýörgünli ady» diýen setir girizeliň. Onda şahsyň il içindäki ýörgünli ady ýazylsyn. Sebäbi her gezek adamyň adyny, kakasynyň adyny, atasynyň adyny doly tutup ýörmek kyn düşer. Biz Oguz han Gara han ogly ýa-da Magtymguly Azady ogly diýemzok ahyryn. Her kim il içinde bir at bilen ýörgünli bolýar. Isleýänler özlerine at alsynlar. Ýöne ähli zat pasportda resmi bolsun! Atlarymyzda ruhy ahwalatymyz duýulmalydyr. Çagalarymyza owadan atlary dakalyň. Her bir türkmen, ilki bilen, türkmen diýen adyna, ata-enesiniň dakan adyna mynasyp bolsun. Altyn döwre mynasyp bolmaga çalşyň! Janyňyz sag, başyňyz dik, ruhuňyz belent bolsun! * * * Adamdan ýalňyz bir ýadygärlik galýar, ol hem onuň durmuşda bitiren işleridir. Saýlap alan altyn ýolumyzda özümizden soňkulara beýik ýadygärlik galdyrmak her bir türkmen raýatynyň gursagynda bolmalydyr, şol mukaddes maksat bilen işlemelidiris, ýaşamalydyrys. Biziň Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz on iki ýylyň içinde içerki ykdysady ösüşde her ýyl bassyr ýigrimi göterim töweregi ösüş gazanyp, ösüp barýan döwletleriň sanawyndan çykyp, ösen döwletleriň sanawyna goşuldy. Bu beýik ykdysady Galkynyşy BMG-niň ösüş syýasaty komiteti dünýä jar etdi. Men şu ýerde bir zady aýratyn nygtamak isleýärin: geçen on üç ýylyň içinde diňe bir ykdysadyýetimizde däl, eýsem, syýasatymyzda hem-de ruhyýetimizde Beýik Galkynyş bolup geçdi. Özem ol jemgyýete hiç hili azarsyz hem zyýansyz amala aşyryldy. Biz bu gün dünýäde ylalaşdyryjy bitarap döwlete öwrüldik. Ruhnamanyň birinji hem ikinji kitaplary biziň ruhyýetdäki Beýik öwrülişiklerimiziň altyn miwesidir. Men häzir Ruhnamanyň ikinji kitabynyň soňky setirlerini ýazyp otyrkam Muhammet pygamberiň arka atan ömrüni yzda galdyryp, geçen durmuş menzilimi aň-ynsap mizanyna goýýaryn. Geçen agyr durmuş ýoly, ýetimçilik, mätäçlik meniň erkimi egsip bilmedi. Men durmuşa mydama okgunly hem ruhubelent çemeleşdim. Irginsiz okadym, öwrendim. Ruhnama kitaplarym, şygyr diwanlarym – meniň ruhy dünýämiň çeper beýanydyr. Ruhnama kitaplarym, şygyr diwanlarym – ruhy terjimehalymdyr. Pygamber ýaşyny arka atyp, miweli daragt deýin öz ruhy miwelerimi mähriban halkyma hödürleýärin. Men manyly ömrümi öz şahsy durmuşymy, durmuşyň lezzetlerini, hözirlerini terk edip, mähriban halkyma bagyş etdim. Iki garpyz bir elde tutdurmaýar. Şonuň üçin, şahsy hözirlerimi terk etmeli boldum. Özüme şeýle dözümli, gazaply daraşandygym üçin özümi birjigem günäkärlemeýärin. Meniň mähriban raýatlarym üçin ýaşaýyş lezzetleri bir ýa iki zatda däl, kän zatda. Men muňa guwanýaryn. Ýöne meniň saýlan ýolumda ömrüň manysy hem lezzeti ýeketäk bir zatda – halkyň bagtyýar, al ýaşamagyny gazanmakdadyr. Meniň durmuşdan alýan lezzetim – watan. ýüzleriniň ýylgyryp durmaklarydyr. Meniň bagtym – meniň halkymdyr. Men babadaýhanlarymyzyň ene toprakdan alýan uly hasylyna guwanýaryn. Men gallaçylaryň ene ýerden alýan her bir batman gallasyna guwanýaryn. Nebitçilerimiziň, gazçylarymyzyň her bir üstünligi maňa ganat berýär. Men özümi Türkmenistan döwletimiziň bir synasy hasaplaýaryn. Men özümi türkmen halkynyň bir synasy hasaplaýaryn. Men türkmen halkynyň gaýgy-hasraty bilmän, diňe şatlykda hem baýramda ýaşamagyny isleýärin. Men her bir türkmen raýatynyň durmuş eşretlerinden doly peýdalanmagyny isleýärin. Sowet döwründäkiden – mundan ýigrimi ýyl owalkydan bu gün gallany kyrk esse köp öndürýändigimiz Beýik Galkynyş, Beýik öwrülişik dälmidir eýsem?! Men her gün säher: «Men bu gün mähriban raýatlaryma nähili ýagşylyklary edip bilerin?!» diýen pikir bilen işe girişýärin. Men öz başarnygymy, zähmetimi halkymyň güler ýüzlerinde görýärin. Syýasatdaky, ykdysadyýetdäki, ruhyýetdäki rewolýusion galkynyşlarymyz meniň yhlasymyň, gije-gündizki oýlanmalarymyň, aladalarymyň ýerine düşendigine kepillik edýär. Döreden ýolumyň dogry ýol bolandygyna bu gün çäksiz begenýärin. Geçilen menzil, bitirilen işler şu günümizi we geljegimizi has kämil etmäge ýol salgy berýär. Mähriban türkmen halkym! Siz meniň ömrümiň manysysyňyz. Men her günümi diňe siziň bagtyýarlygyňyz üçin aladalar bilen geçirýärin. Meniň ganatym – halkymdyr. Meniň bagtym – halkymdyr. Dünýe dursun, türkmen halkym dursun! Dünýe dursun, Türkmenistan döwletim dursun! Ruhnama II kitapdan. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |