12:33 Her kim özüne bagban | |
HER KIM ÖZÜNE BAGBAN
Pedagogika we edep-terbiýe
Eziz türkmen halkym! Biziň her birimiz Allatagalanyň sung eden açylmadyk hazynasydyrys. Alla bizi hazyna diýip ýaradypdyr, emma biz üsti açylmadyk hazynadyrys. Hazynamyzyň açary-da özümizdedir. Her birimiz öz paýymyza berlen hazynany ýeke-täk açar – zähmet bilen açyp bileris. Zähmet bolmasa, ömürlerimiz ýer astynda gömlüp galan, üstünden barylmadyk hazyna kimin ýaşaýyş hakydasynda üstüni wagtyň gumy basyp, baslygyp galar. Zähmet adamyň öz-özüni ykrar etmegidir. Bu durmuşda adamyň bardygynyň, bolandygynyň gözli ykrary – zähmetdir. Zähmet adamy kämillige, ýaşaýşy bolsa – gözellige ýetirýär. Adamzat tebigatyň iň kämil närsesidir. Bu kämillik iki pursatdan ybaratdyr. Alla öz sungy bilen tebigatyň iň kämil derejesi bolan adamy ýaradypdyr. Munuň özi kämilligiň birinji ýarymy, deslapky kämillikdir. Munuň aňyrsynda Ýaradanyň zähmeti, has dogrusy, gudraty we keramaty ýatýar. Kämilligiň gutarnykly, ikinji ýarymy üçin adamyň öz zähmeti zerurdyr. Ýaradan başlapdyr, kämilligi gutarnykly etmek adamyň elindedir we erkindedir. Şonuň üçinem zähmet – Allanyň yradasynyň adamzat erkine geçmegidir. Dünýä akyldarlary zähmeti söýginiň göze görünmesi hökmünde teswirleýärler. Söýgi üç hilidir: – beden, jynsy söýgüsi; – ruhy söýgi; – zähmet söýgüsi. Jynsy söýgi – külli janly-jandaryň nesil dowamatyny üznüksiz edýär. Ruhy söýgi – ruhy dowamaty amal edýär, gözel ahlagy kemal edýär. Zähmet – maddy söýgüdir, söýginiň maddylaşmagydyr. Zähmet azyndan iki pursat boýunça söýgüdir, ol beýleki söýgüler ýaly miwe, hasyl, netije berýär. Netije diýilýän gymmatlyk adamzadyňam, dünýäniňem ýaşaýşynda iň möhüm pursatlaryň biridir. Diňe netije arkaly ýaşaýyş mana gelýär. Onuň ýoklugynda ýaşaýyş boşluga meňzeýär. Zähmetiň netijesi gün-güzeran abadançylygy we durmuş gözelligidir. Güýz diýilýän pasly döredip, tebigat wagtyň hasylyny, netijesini amal edýär. Şu manyda netije – wagtyň belli bir aralykda ösüşiniň jemidir. Hasylsyz ömür, netijesiz iş bimanylykdyr, şerdir. Gymmatlyk hasyldan, miweden, netijeden gelip çykýar. Bular bolmasa, adamyň ýaşasy-da gelmezdi, onuň dünýäden, ýaşaýyşdan göwni geçerdi. Gymmatlyk – tükeniksizlik içindäki gutarnyklylykdyr. Dünýäniň ýaşaýşy üçin, bir tarapdan, wagtyň tükeniksizligi gerek, wagt akmasyny goýsa, ýaşaýyş togtar. Şol bir wagtda-da, bu üznüksizligiň belli-belli aralykda jem bolup, hasyla durmagy, netije bermegi gerekdir. Zähmet göze görünýän netije bilen ýaşaýşy gözelleşdirýär, zähmet arkaly ozal bu durmuşda bolmadyk zatlar, närseler peýda bolýar. Ynsan zähmetiniň söýgä kybapdaşlygy bagt düşünjesi bilen baglanyşyklydyr. Söýgi ynsany bagtly edýär, oňa özüni bagtyýar duýmaga, özüni bagtly saýmaga mümkinçilik berýär. Bu ýerde bagt – ruhy lezzetleriň utgaşygydyr. Zähmet adama tükeniksiz we bimöçber ruhy lezzet berýär. Adamyň jan saglygyny üpjün etmekden başga-da, ol adamyň ruhuny bagtyýar edýär. Zähmet arkaly adam ömür boşlugyndan, biweçliginden, göwnüçökgünlik, bihepbelik we özgä elgaramalyk ýaly nägehandan halas bolýar. * * * Diňe ömrüň zähmet atly söýgüsine duçar bolan adam bagtly bolup biler. Diňe zähmetiň bagty hakyky bagtdyr. Berilýän zat bagt däldir, diňe gazanylýan zat bagtdyr. Çünki bagt adamyň daşyndan gelýän hezillik däl-de, adamyň özünden – içinden gögerip çykýan, kemala gelýän gymmatlykdyr. Zähmet – ömrüň wepasydyr. Zähmet – ýaşaýşyň rehnetidir. Zähmet adama özi bolmaga mümkinçilik berýär. Her bir adam üçin ähli çagalaram ezizdir. Emma, öz bagryňdan hem ýüregiňden önen perzendiň ezizligi başgadyr. Edil şonuň ýaly, öz zähmetiň bilen gazanylan baýlyklaryň höziri-de emgeksiz berlen zatlaryň yssylygyndan bütinleý başga zatdyr. Zähmet – zehiniň açarydyr. Dünýäde zehinsiz adam ýokdur. Aslynda adamzadyň özi tebigatyň beýik zehinidir. Bu zehiniň açylmagy, amala aşmagy diňe zähmet arkaly mümkindir. Zähmet ýöne bir eklenç çeşmesi däldir. Gün görmek, düýbüne seredeniňde Allanyň berýän ryskyna baglydyr. Zähmetiň manysy has çuňdur, has düýplüdir. Zähmet – bagtyň çeşmesidir. Bagtly bolmak üçin rysgal gerekdir, emma ýeterlik däldir, rysk bagtyň özi däl-de, şertidir. Alla rysk berer, emma bagty taýyn edip bermeýär, bagtyny adam öz zähmeti bilen özi gazanmalydyr. Şu manyda bagt öz-özüni amal etmek, öz-özünden razylyk derejesinde zähmet çekmekdir. Adam aşyk bolanda, özündäki mähir atly söýgi gujuryny ýüze çykarýar, özündäki baslygyp ýatan gujury boşadýar, azat edýär. Onsoň ol bagtyýarlyk duýgusyny başdan geçirýär, çünki bagt – azatlykdyr, azat bolmakdyr. Zähmet hem edil şonuň ýalydyr, özüňdäki gujury, zehini we başarnygy oýarmakdyr, bu oýanyşdan lezzet alyp, aşygyňky ýaly bagtyýar bolmakdyr. Hut şu sebäpli-de, zähmetiň bagtynyň ornuny tutup biljek hiç bir zat ýokdur. Söýülmek – bagt, emma söýmek iki esse bagtdyr. Zähmetsiz baýlyga eýe bolmak ýakymly zat, emma zähmet çekip, onuň miwesini görmek hakyky bagtdyr. Rehnet atly gymmatlyga diňe zähmet arkaly ýetip bolýar. Rehnet maddy nygmatdanam, ten keýpindenem, ýürek lezzetindenem ýokardaky zatdyr. Rehnet – ömrüň miwesini görmekdir. Hut zähmet ömre rehnet, bagta bolsa kepillik berýär. Bägülüň gunça ýaryp, içinden açylyşyny ýada salyň. Şeýle pursaty göreniňde, janyň hezil edýär, gözleriň lezzet alýar. Gül bilen bilelikde seniňem göwnüň açylýar. Şonda siz bir hakykatyň pikirini edip gördüňizmi?! Eýsem, şeýle pursatda diňe bir biziň göwnümiz bagtyýar bolman, bägülüň özi hem bagtly bolýandyr. Biziň göwnümiz bu gözellikden, bägülüň özi bolsa, şol gözelligi kemal edýän zähmetinden bagtly bolýandyr. Adamzat bägülüň gunça açyşy ýaly edip, öz zähmeti bilen öz zehinini, öz barlygyny açýandyr. Adam eli gyzyl güldür. Adam akyly-da gyzyl güldür. Şonuň üçinem, zähmet adamy-da bezeýär, dünýäni-de görke getirýär. * * * Mähriban türkmen halkym! Allanyň ýaradan zähmet atly bagtyndan namut hem ät galma! Azapsyz ýeriň ady bolmaz, emgeksiz baýlygyň gadyry bolmaz! Gazanylman, şeýle berlen baýlygyň adam ruhy üçin many-maňzy ýokdur, ol owadan, emma ýasama gül ýalydyr. Keýpiň soňy görgi we azardyr, rehnet bolsa, tükeniksiz ruhy bagtyýarlykdyr. Alla adamy erkin edip, esasy meseleler babatda diňe öz-özüne garaşly edip ýaradandyr. Erkinligiň manysy bagta diňe öz erkiň bilen ýetip bolýanlygyndan, betbagtlyga-da diňe öz erkiň sebäpli sataşylýanlygyndan ybaratdyr. Zähmet hem öz erkiň çägindäki bagt çeşmesidir. Şonuň üçinem, sözüň hakyky manysynda bagtly bolmak isleseň, çagalygyňdan zähmete werziş bol! Işlemegi, zähmet çekmegi, iş edip, miwesini görmegi, ömür sürüp, wepasyny görmegi ýaşlykdan öwren. Bagt uly zatdyr, emma hiç bir ululyga birbada ýetip bolýan däldir, ähli ululyklar kiçiliklerden, ähli irilikler ownuklyklardan başlanýandyr. Çylşyrymlylyklar ýönekeýliklerden başlanýandyr. Çagalykda iň bir ýönekeý işleri ýerine ýetirmegi, oňat ýerine ýetirmegi öwren. Oňat ýerine ýetirmek – netijeli ýerine ýetirmekdir. Eýsem, kiçilik näme? Kiçilik – amal edilen ululykdyr. Bir ululygy amal edeniňden soň, ol seniň üçin kiçilige öwrüler, onsoň sen has uly ululyga dalaş edersiň. Adamzat şeýdip, barha ulalyp, barha beýgelip barýandyr. Çagalygyňy ýada sal. Oýun çagalygyň baky hemrasydyr. Emma, çaga üçin oýun oýun däl-de, zähmetdir. Çünki ulynyň zähmet çekip kämilleşişi ýaly, çaga oýun arkaly ulalýandyr. Çaga üçin üst-başyny arassa saklamak hem uly zähmetdir, çünki, ol şeýtmek arkaly öz-özlügini saklap bilýär. Çaga üçin hat ýazmagy, hat okamagy öwrenmek hem uly zähmetdir. Ol bular arkaly aňyny, pikirini işletmegi öwrenýär. * * * Zähmet – ulalmak serişdesidir. Merdiwanyň basgançagyndan basgançaga geçip, ýokary galynyşy ýaly, adam zähmet arkaly kämillige tarap göterilip gidýär. Adamzat balasy üçin ulalmak iki görnüşdedir – daşky taýdan ulalmak we içki ulalmak. Birinji tebigatyň emri, ikinji bolsa – içki ruhuň emri bilen bolup geçýär. Ikinjisi beýleki şertler bilen birlikde adamyň öz erkine baglydyr. Munuň üçin adamyň kämillige aňly-düşünjeli ymtylmagy gerek. Beýle ymtylmanyň esaslary çagalykda goýulýandyr. Her bir ata-ene çagasyna zähmet çekmegi, zähmetiň süýjüsini duýmagy öwretmelidir. Işden gorkmazlyk, işe werzişlik çagalykdan başlanýandyr. Adam çagaka nämä endik etse, ulalansoňam şol endikler oňa ýar bolar. Ýaltalyk, bikärlik – şum süýjülikdir. Şonuň üçinem, çaganyň beýle şum süýjülige maýyl bolaýmagy tebigydyr. Eýsem, çaga bikärlik, ýaltalyk süýjüliginiň şumdugyny nireden bilsin?! Şol sebäpden, perzendi bu nägehanlardan aman saklamak ata-enäniň boýnuna düşýär.22. Öwrenişilen kynçylygyň howpy ýokdur. Çaga zähmete werziş bolsa, endik etse, zähmet onuň zandyna goşular, zandyna reňk berer. Netijede, kynçylyk bolup görünýän zatlary ýeňip geçmek onuň üçin müşgil bolmaz. Bu babatda-da adam öz ata-enesine görä bolýar. Atasy zähmetkeş, enesi janypkeş çaga işe ir werziş bolýar. Gören zady çaganyň gözünde gowy galýar. Adam perzendi iki ýaşyna çenli iň ýönekeý işleri ýerine ýetirmegi, iň sada zähmet gurallary bilen işlemegi öwrenip bilmelidir. Türkmende «Ata kesbi – ogla halal» diýilýär. Zähmet meselesinde obanyň kesbi oba, şäheriň kesbi şäher çagasyna muwapyk bolmalydyr. Obadaky zähmet oba hojalygy, şäherdäki zähmet akyl, senet bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Emma, adama akyl zähmetiniňem, el zähmetiniňem endikleri deň derejede zerurdyr. Daýhançylykmy, maldarçylyk, mugallymçylykmy – gullukçylyk – her hünäriň öz tilsimleri, syrlary bardyr. Emma, ähli hünärleriň, islendik işiň esasy syry birdir – ol özüňi zähmete dözüp bilmek ukybyňdyr. Mähriban oglum, eziz gyzym! Sen ýaşlykdan özüňi zähmete, emgege dözmäni öwren! Ýaşlygyň çagalykdan, zähmetiň oýundan soň gelýändigi sebäpli, iş endigi kynlyk bilen edinilýär. Ýaşaýşa ukyplylyk – zähmet çekmäge ukyplylyk, durmuşa taýýarlyk – zähmet çekmäge taýýarlykdyr. Şonuň üçinem, adam şekilli ýaşamak isleseň, zähmet çekmegi başar! Zähmet başarnygy üçin işiňe höwes, hünäriňe söýgi gerekdir. Öz ýürek söýen işiňi tap! Çekýän zähmetiňden lezzet almasaň, ömrüň gyzygy, durmuşyň manysy bolmaz. Zehiniňe, başarnygyňa, höwesiňe kybap işi gözle! Äheňňir bolma, işeňňir bol! Oňarmaýan, halamaýan, başarmaýan işiňe bulaşmak uly derdeserdir, özüňe azap, özgelere dert bolarsyň. Işiňem gadyryny gaçyrarsyň, özüňem arzyňy gaçyrarsyň! Şonuň üçinem, adam ýaşlygyndan diňe aljak gyzyny, çykjak ýigidini däl, eýsem, ondanam öň işlejek işini, meşgullanjak hünärini saýlamagy başarmalydyr. Başarmaýan işiňe baş goşup, janyňy ýakma, başarýan hünäriňde janypkeşlik görkez! Işjanly bol! Şonda janyň hezil eder. Işiňi oňarsaň, öýüň abadan, özüň gerekli, hünäriň arzyly bolar! Bagta zähmet bilen ýetilýändir. Yhlaslylyk, zähmetsöýerlik bagtyň ýaranydyr. Zähmet, yhlas gudrat döredýär. Mikelanjelo bilen baglanyşykly bir wakany gürrüň bereýin. Dünýä meşhur ussat bazaryň içinde aýlanyp ýör eken. Ol mermer daşynyň satylýan ýerine barypdyr. Ol ýerde äpet bir harsaň daş ýatan eken. Mikelanjelo daşyň daşyndan aýlanyp, uzak synlapdyr. Ussat satyjydan daşyň bahasyny sorapdyr. – Wah, geregiň şu daş bolsa, mura-mugtuna al. Bu daş bir derde ýarar öýdemok. On iki ýyl bäri ýatyr şu daş şu ýerde. On iki ýylyň içinde şu daşa hyrydar bolup, bahasyny soran kişi bolmady. On iki ýyldan soň bu daşa hyrydar çykan sen bolduň. Derdiňe ýarar öýtseň, baş üstüne, al. Ussat bu daşy äkidip, bir ýyllap işleýär. Bir ýylyň içinde ussat heýkeltaraş ol daşdan dünýäde iň ajaýyp heýkel ýasaýar. Heýkelde bibi Merýemiň gujagynda ölüp barýan Isa pygamberiň keşbi döredilipdir. Ussat işini tamamlap, bazardaky mermer satýan söwdagäriň ýanyna gidipdir we oňa şol daşdan nähili heýkel döredendigini görkezmek isleýändigini aýdypdyr. Satyjy heýkeli görüp, gözlerine ynanmandyr: – Sen nireden aldyň beýle owadan mermeri? – Bu seniň maňa mugt beren, on iki ýyllap hyrydar tapylmady diýýän mermeriň. – Şol tagaşyksyz daşdan şeýle ajaýyp eser döretmek nädip kelläňe geldi? – Men bu hakynda oýlanmadym – diýip, Mikelanjelo jogap beripdir. – Mende şeýle uly heýkel döretmek pikiri öňden bardy. Men bazara baranymda aňymda bir ýagty şöhle döredi. Men şol şöhläniň yzyna düşdüm. Seniň on iki ýyl bäri ýatyr diýen daşyňa gözüm düşdi. Göwnüme bolmasa, meniň döretjek Isa pygamberim şol daşyň içinde ýalydy, göýä, Isa pygamber: «Men daşyň içinde. Meni halas et!» diýýän ýalydy. Men ýüregimiň emri boýunça hereket etdim. Ýüregimiň aldamandygyna göz ýetirdim. Men senden alan daşymdan gerekmejek bölejikleri aýyrdym we Isa pygamber bilen bibi Merýemi halas etdim. Men bu wakany ýatlamak bilen, öz ýüregiňi diňlemelidigini, diňlemegi endik edinmelidigini nygtamakçy bolýaryn. Ýüregimiz biziň iň wepaly geňeşdarymyz. Ýürek aldamaýar. Küýsegimize gulluk edip, oňa gulak asyp, gyltyma kowalaşyp, köplenç, öňümizde kynçylyk döredýäris. * * * Biz näme diýip ata-babalarymyzyň ýoluny saýlap alyp, ony döwrüň talaplaryna görä kämilleşdirip, halkymyzyň, döwletimiziň mukaddes ýoly diýip yglan etdik?! Sebäbi biziň ata-babalarymyzyň ýoly müňýyllyklarda synagdan geçen mukaddes ýol, türkmen halkynyň edim-gylymlaryna, gylyk-häsiýetlerine, ruhuna, aňyna şaplaşyp duran ýol! Ol ýol nämeden ybarat? Ynançdan, päklikden, ygtybarlylykdan, ynsanperwerlikden, söýgüden, mähirden, doganlyk-dostlukdan, ganybirlikden! Biziň ata-babalarymyz ynanjy bilen güýçlüdi, Olar serdaryna, kethudalaryna, aksakgallaryna ynanýardylar. Olar Watanyna, halkyna, ýurduna ynanýardylar. Olar topragyna ynanýardylar. Biziň mukaddes topragymyz müdimi hazyna! Olar şu topragyň üstünde agzybirligi, parahatlygy, dostluk-doganlygy ygtybarly gorap bilseler, bala-çagalarynyň, oba-iliniň bolelinlikde, doklukda ýaşap biljekdigine ynanýardylar. Olar mukaddes topragy Allanyň ýalkap beren bereket-baýlykdan doly hazynasy hökmünde hormatlaýardylar, keramatdygyna, mukaddesdigine ynanýardylar. Ata-babalarymyz öz güýjüne, gaýratyna ynanýardylar! Ata-babalarymyz Asmanda Allatagala, Zeminde Adama ynanýardylar! Olar gonamçylykda ýatan ata-babalarynyň ruhuna halys ýürekden ynanýardylar. Ata-babalarymyz durmuş pudaklaryny hazyna hasaplaýardylar. Ata-babalarymyz ýedi zady – ýedi hazyna hasaplapdyrlar. Türkmeniň işi, ömri şol ýedi hazyna bilen berk baglanyşyklydyr. Eýsem, türkmeniň ýedi hazynasy haýsy zatlar?! Tükmeniň ýedi hazynasy diýip, men şu aşakdakylara düşünýärin. Toprak – türkmeniň ýedi hazynasynyň başydyr. Biz, meger, dünýä döräp, edilmedik adyllygy etdik. Türkmeniň müňläp gektar ýerini hakyky daýhanlara mugtuna berdik. Toprak zähmet çekýäne, derini dökýäne rehnetini sahylyk bilen eçilýär, bolçulykda, eşretde ýaşadýar. Eker ýaly ýeri bolan daýhan hor bolmaz. Biziň bereketli topragymyz bar. Bu toprak eken bir dänäňi müň edip, iki müň edip, gaýtaryp berýär. Ýylda iki-üç gezek hasyl alyp bolýan sahy topragymyz bar biziň. Bu jomart toprakda pagtanyň, bugdaýyň, şalynyň, gök we bakja ekinleriň bolçulygyny döretmesek, topragyň öňünde bizden aýypdyr. Eždatlarymyz mundan bäş müň ýyl öň hem bu toprakdan hasyl alypdyrlar, bugdaý ekipdirler, pagta ýetişdiripdirler. Bu gün dünýäniň bilermenleri ak bugdaýyň Watany – Änew, türkmen topragy diýip, biragyzdan ykrar etdiler. Häzirki döwürde özleşdiren 2 million gektar ýerimizden bol hasyl alýarys. Gelejekde ekerançylyk ýerlerimizi on esse köpeltmäge küpürsäp ýatan tarp, boz meýdanlarymyz bar. Ikinji hazyna – gylýalçylyk. Türkmen mydama bedew atlaryny erkinligiň, azatlygyň, abadançylygyň, durmuşyň, Watanyň Tugy hasaplapdyr. Halkymyz seýisleri keramatly adam hökmünde hormatlapdyr, sylapdyr, söýüpdir. Türkmen patyşalarynyň, soltanlarynyň iň arzyly weziri – mähter bolupdyr. Mähter bütin ýurduň söweşjeň – kazylyk atlaryna, tohum atlaryna, ýylkylaryna jogap beripdir. Türkmenler dünýäde ilkinji bolup ýabany atlary eldekileşdiripdirler, atlary seýislemegi uly mekdebe öwrüp bilipdirler. Gypjakda ýaşap başlan günlerim men oba oglanlary bilen kolhozyň athanasyna gidip, atbakara atlary suwa ýakmaga, aýagyny ýazmaga, seýislenýän atlary ýuwuşmaga kömek edýärdim. Men atlar bilen gaty ysnyşdym, çünki, atlaryň gözlerinde şeýle bir mähir bardy, hatda bedew atyň başyny sypalap, ýürekden ýylgyrsaň, şol ýylgyryşyňa dörän mähremligi atyň gözünde görüp bolýardy. Men janly-jandarlaryň içinde atlar hem itler ýaly ýürekdeş jandar bardyr öýdemok. Men aty çeşmeden suwa ýakmaga gidenimde hut Görogly bolup uçýardym. Bedew at maňa öz rowaýaty ganatyny berýärdi. Bedew atlar bilen sözleşmän, düşünişip bolýardy, asyl-ha, dil artykmaçlyk edýärdi. Her gün agşamara işlerimden dynyp, athana baranymda meniň mydama suwa ýakýan atym horguryp, bolubilenini bolýardy. Meniň ýaly ýarymgöwün oglana ondan uly bagt barmy?! Men adamda görmedik mähir-mylakatymy atlarda görýärdim. Haçan-da «Görogly» şadessanyny doly okap çykanymdan soň, men Görogla düşündim, men türkmene düşündim. Ynha, indi bolsa «Görogly» şadessanynyň diňe Görogly barada däl-de, türkmen aty Gyrat hakyndaky dessandygyna ynanýaryn. Eziz ýaşlarym! «Görogly» şadessanyny öwran-öwran okaň, siz şonda Görogly ýaly öz ýurduny söýýän gerçek goç ýigit bolup ýetişersiňiz. Siz türkmen halkynyň beýikligine şol dessany okap hem göz ýetirip bilersiňiz! Hossarsyz çagym bedew at meni ganatlandyrdy, «Görogly» şadessany bolsa, geljegime uly umyt berdi, ynam döretdi. Biz türkmen taryhynyň iň täze – bäşinji eýýamynyň ruhy oňony diýip, bedew aty ýöne ýere saýlap almadyk. Bu eýýamda, hakykatdan hem biziň ruhumyz bedew atlarymyz deýin owadan hem ýyndam, ruhubelent hem mähriban bolmalydyr. Üçünji hazyna – halyçylyk. Türkmende topragyň, bedew atyň mukaddes bolşy ýaly, haly sungaty hem mukaddes sungatdyr. Biziň ençe müň ýyllyk taryhymyz, aňyýetdir ruhyýetimiz, kalbymyzyň gözelligi türkmen halysynda ýatandyr. Türkmen halysy dünýäniň hatyraly köşkleriniň, muzeýleriniň, millionerleriniň kaşaň saraýlarynyň bezegidir. Türkmen halyçysy mydama abraýly, baý, gurply durmuşda ýaşapdyr. Türkmende halyçy däl maşgala barmy? Üçünji hazyna ýürekden uýup, haly sungatyny keramat derejesine göterip bilen halkymyz ähli zamanlarda baý ýaşapdyr. Çünki, ähli eýýamlarda hem hala ýokary baha kesilipdir. Dördünji hazyna – maldarçylyk. Halkymyzda şeýle bir ynanç bar – ýigrimi ýyllap sürüsini hor etmän, urman-sögmän bakyp bilen çopana Hydyr ata duşarmyş. Ýigrimi ýyllap goýun malyny söýüp, eziz görüp, bakyp bilseň, Hydyr ata duşmasa-da, uly baýlyga duşarsyň, çünki, goýun malynyň yrýa zady ýok. Eti derman. Goýun malynyň ýüňi mydama gymmatlygyny ýitirmeýär, çünki, halkymyz goýnuň ýüňüni halyçylyk, dokma senagaty üçin peýdalanypdyr. Derisinden eýläp, aýakgap tikipdirler. Hullasy, goýnuň çörünem yrýa etmän, mellegine döküp, ekininden bol hasyl alypdyrlar. Sowet eýýamynda biziň halkymyzy çarwa halk diýip, dünýä ýaýdylar. Sebäbi, çarwa halkyň – mekany-da, haty-sowady-da, toprak bilen baglanyşygy-da bolmaýar. «Patyşa Russiýasy çarwa halky dünýä siwilizasiýasyna goşmaga geldi» diýip, basybalyjylykly syýasaty aklamaga çalşyldy. Türkmen halky hiç zaman-da çarwa halk bolmandy. Dünýäniň baş halysyny – türkmen halysyny dünýä sungatyna beren halk, heý, çarwa bolarmy?! Dünýäde ýetmişden gowrak döwlet guran halk, heý, çarwa bolarmy?! Türkmen halky mydama gök, miwe, bakja önümlerini örän köp iýipdir. Türkmen halkynyň syrdamlygy, söweşjeňligi, görmegeýligi – onuň gök önümleri gaty köp iýýändiginden gelip çykýar. Süýt, gatyk, çal – onuň arzyly naharlary. Halkymyz düýe çalynyň, agaranynyň derman iýmitidigine örän ir zamanlardan göz ýetiren halk. Hekaýat: Lukman Hekim ölüm ýassygynda ýatyrka, aksakgallar: – Hekim, sen halkyň müň derdine derman tapýan beýik lukmandyň, hekimdiň. Indi biz sensiz nähili ýaşap bileris? – diýipdirler. Lukman Hekim: – Düýeden uly hekim bolmaz! Düýe saklaň, çalyny, agaranyny içiň, düýe ýüňünden don, jorap ediniň, kesel ýanyňyza gelmez – diýenmiş. Türkmen topragynyň suw gyt ýerlerinde, Garagumda düýe malynyň gadyry bir aýry. Düýeler her günde onlarça kilometr ýol geçip, çölüstanyň iň derman ot-çöplerinden iýip, halkymyzyň saglygy üçin zerur bolan süýt-gatyk önümlerini berýär. Düýe malyny saklap, depseň deprenmez baý bolan adamlaryň köplügini kim bilmeýär?! Düýe gadymdan türkmeniň öz maly. Namazgadepeden tapylan düýe süňklerinden çen tutup, alymlar Türkmenistanyň çäginde düýäniň baryp alty müň ýyl öň hem bolandygyny, onuň iş maly, ulag hökmünde ulanylandygyny kesgitlediler. Türkmen Beýik ýüpek ýolunyň agyr menzillerini arwanaly kerwenleri bilen geçipdir. Türkmen göçümi ineri bilen çekipdir. Öz kuwwatly, gujurly-gaýratly ineri barada türkmen: «Hatarda ner bolsa, ýük ýerde galmaz» diýen pähimi döredipdir. Türkmen: «Kejebäni çekmäge ak maýa gerek» diýipdir. Üstüne kejebe gurap, gelni tagtda oturdan ýaly düýäniň üstünde getiripdir. Türkmen düýe malyny – dünýe maly hasaplapdyr. Lukman Hekimiň düýäniň lukmanlyk omy baradaky sözleri rowaýat däl-de, hakykatdyr. Ol tebipçilik ylmynda düýäniň möhüm ähmiýetini ýüze çykarýar. Bäşinji hazyna – guşçulyk. Häzir guşçulyk ýurdumyzda iň çalt ösýän pudaklaryň birine öwrüldi. Her obada müňläp-müňläp towuk, hindi towugyny, ördek-gazy, hatda düýeguşuny hem saklaýanlar köpelip gidip otyr. Käbiri, aňsadyna bakyp emeli usulda jüýje çykarsa, başga birleri basyryp, jüýje çykarýar, sebäbi basyrmadan çykan jüýjäniň, towugyň eti süýji, ol dürli kesellere durnukly hem bolýar. Hindi towuklaryny goýun sürüsi ýaly uly süri edip, meýdanda bakyp ýörenlerem köp. On müňläp towuk saklaýan guşçularyň arasynda Ýewropa ýurtlary ýaly häzirki zaman towuk ýataklaryny gurnup, döwrebap kesp edinenlerem bar, özleriçe bakyp, guşlaryny köpeldýänlerem bar. Altynjy hazyna – kitap. Türkmeniň bilim hazynasy – baky hazyna. Bu hazynany hiç kim ogurlap bilmeýär. Bu hazyna könelmeýär, möwritini ötürmeýär. Bu hazyna eýesiniň mydarna arkadagy, howandary. Bu hazyna eýesini baý hem bagtly edýän egsilmez hazyna. Türkmen halky bilime, sowatlylyga Oguz han eýýamyndan bäri gaty uly üns berýär. Hut Oguz hanyň özi her bir oguzyň sowatly bolmagy, okamagy ugrunda irginsiz alada edipdir. Ol her bir raýatynyň diňe bir dili däl, ýedi dil bilmegini wagyz-wesýet edipdir. Oguz hanyň: «Bilegi zor birini ýykar, bilimi zor – müňüni» diýen pähimini türkmen bäş müň ýyllap kalbynda apalap saklapdyr, bu pähime uýupdyr. Türkmeniň türkmen bolup galmagynda, asyrlaryň apatlaryndan aman-esen aşmagynda we ýaşamagynda bu nakyl örän uly orun eýeleýär. Oguz hanyň ýola goýan atabeglik mekdeplerinde serkerdelik hem söweş tilsimatlary bilen birlikde dünýäniň köp dilleri öwredilipdir, köp ugurlar boýunça okadylypdyr. Türkmen halky mydarna ata-babalarymyzyň wesýetlerine uly ähmiýet beripdir, berlen wesýetler esasynda ýaşapdyrlar. Geçmişde ýetmişden gowrak döwlet guran türkmen keseki bir halkyň pähim-parasadyna däl-de, öz içinden dörän akyldarlaryna sygnyp ýaşapdyr. Türkmen yslam dinine hem Magtymgulynyň şygyrlarynyň üsti bilen akyl ýetiripdir. Garahan türkmenleri Ýusup Balasagunlynyň «Bilimnama», seljuk türkmenleri Nyzamylmülküň «Syýasatnama», salyr türkmenleri Şyh Şeref Hojanyň «Müinal mürit» («Talyplara gollanma»), akgoýunly türlemenler Uzyn Hasanyň «Kanunnama»... kitaplaryny ýaşaýyş kanunlary hökmünde gollanma edinipdirler. Türkmen bilimiň, kitabyň gadyr-gymmatyny mydama arzylan halk. Magtymguly atamyzyň diwanynyň guba düýä çalşylandygy, Ärsary babanyň (XIII-XIV asyr) Şyh Şeref Hojanyň kitaby üçin kyrk düýe nyýaz berendigi, il-günüň sowatlylygy ugrunda irginsiz aladalanandygy barada rowaýatlar saklanyp galypdyr. Türkmen halkynyň sowatlylyk ugrunda nähili göreşendigi milli miraslarymyzda saklanyp galypdyr. Edebi miraslarymyz bilen içgin tanyşsaňyz, türkmen halkynyň ruhy äleminiň nähili çuňdugyna, nähili röwşendigine, ruhubelentdigine göz ýetirersiňiz. Ýedinji hazyna – suw. Beýik Taňry Älemi ýaratjak bolanda, ilki bir dür ýasaýar. Dürden suw, suwdan Älemi, Ýeri ýaradýar. Taňry ilkinji derýa döredende suw Hudaýyň ýüzüni görüpdir. Şonuň üçin ol mydama: «Hakyň ýüzüni ýene bir görsem» diýip, asman şekili bagryna basyp, şol akar durarmyş. Suwuň keramat saýylandygy «Gorkut ata» kitabynda şeýle beýan edilýär: «Gazanyň öňünden bir suw çykdy: «Suw Hakyň didaryny görendir, men suw bilen habarlaşaýyn» diýip, oňa ýüzlendi». Dessanlarymyzda-da suwdan salam ibermek, suwdan ýaryny soramak ýaly ýagdaýlar beýan edilýär. Suwy keramat saýmak ynanjy il arasynda entegem saklanyp galypdyr. Käbir ýerlerde «Suw almaga bimahal barmaly däl» diýen düşünje bar. Eger barlaýsa-da: «Essalawmaleýkim, suw aga!» diýip, suwa ýüzlenilýär. Ýagşyň ýagmagy bilen güýçli tozanyň ýatýandygyny görüp, gadymy ata-babalarymyz suwa gara güýjüň öňüni alyp bilýän gudrat hökmünde garapdyrlar. Tüweleýiň turanyny gören çarwalaryň: «Howul bela, sowul bela!» diýip, tüweleýiň gelýän ugruna suw sepmekleri hem suwa ynanylmagy bilen baglanyşyklydyr. Halk arasynda: «Ýeliň piri – Mirhaýdar, ýagyş-ýagmyryň piri – Burkut, sygryň piri – Zeňňibaba, ekiniň piri – Babadaýhan, oduň piri – Oraz, düýäniň piri – Weýis baba, demriň piri – Dawut, goýnuň piri – Musa» diýen düşünjeleriň bolmagy hem türkmenleriň dürli ynançlarynyň bolandygyny aňladýar. Ata-babalarymyzyň Hudaýy zenan şekilinde göz öňüne getirip, şoňa sežde eden halatlary-da bolupdyr. Sopuçylyk taglymatynda Hudaýy gözel ýar hökmünde göz öňüne getirmek däbi öz gözbaşyny şol ynançlardan alyp gaýdypdyr. Yslam dininden ozal türkmenleriň esasy uýan otparazlyk dininiň pygamberi Zaratustra bahar baýramynda suw diýip Murgap derýasynyň kenaryna baranda ýalkym saçýan zada nazary kaklyşypdyr. Oňa Wahu-Mahan (Ýagşy niýet) diýipdir. Şeýlelikde, ot ýagşy niýetiň nyşany hasaplanypdyr. Şol gün Nowruz güni hasaplanýar. Şol döwürlerde adamlar gökde Güne, ýerde Günüň bir bölegi hökmünde oda çokunypdyrlar. Ýyldyrym çakanda Hudaý gaharlanýandyr öýdüpdirler. Şeýdip, Güne salam bermek, Aýy ýüzüňe sylmak, gelin gelende, baýramçylyklarda şaman oduny ýakmak, aýry-aýry aýlarda tütün çykarmak, otdan towusmak, näsagyň daşyndan ot aýlamak, şamanyň dem salan suwundan içmek, suwy Taňry, gudrat hasaplamak ýaly ynançlar türkmenleriň däp-dessuryna siňipdir, yrymlaryna giripdir. Tüýtätin, Gaýtarmyş ata, gökde ýagyş ýagdyrmak üçin sanajyn kakýan Garry mama baradaky suw, ýagmyr bilen baglanyşykly ynançlar otparazçylyk eýýamynda dörän ynançlardyr. Magtymgulynyň «Ýagmyr ýagdyr, Soltanym!» diýen goşgusy hem otparazçylyk eýýamyndaky Göktaňrydan ýagyş ýagdyrmagyny haýyş edilip ýerine ýetirilýän ýörite dessur-tansdan täsirlenmedir. * * * Eziz ýaşlar! Halkymyzyň bu ýedi hazynasy onuň ruhy dünýäsini açýan, düşnükli edýän gymmatlyklardyr. Halkymyz şu hazynalara gatnaşygy, şeýle hem içki dünýäsi boýunça özge halklardan tapawutlanýar. Elbetde, her bir halkyň öz milli aýratynlyklary, milli gymmatlyklary bolýar. Öz milliligini saklamagy başarýan, oňa hormat-gadyr goýýan halk mydama agzybirlikde, sylaşyklylykda ýaşaýandyr. Biz ata-babalarymyzyň kämilleşdirip bize ýetiren milli gymmatlyklaryna örän aýawly, paýhasly çemeleşmelidiris we edil ata-babalarymyzyň edişi deýin öz perzentlerimize geçirmelidiris. * * * Halkymyz gözleýär, agtarýar, tapýar. Nädip uly baý bolmaly? Nädip kuwwatly hojalyk bolmaly? Gözlän adam tapýar. Her kimiň gapysynda ençe sygyr, düýe, ýylky bar. Her kimiň gapysynda, hiç bolmanda, özüniň iýjek towugy, hindi towugy, towşany bar. Daýhanlar, maldarlar ähli salgytlardan azat. Daýhan banklary telekeçilik işleri bilen meşgullanýanlara, ýer eýelerine, maldarlara karz puly elýeterli edip berip dur. Baýamak üçin başga näme gerek?! Diňe sowet döwrüniň aň-düşünjesinden saplanmaly. Döwletiň içindäki her bir maşgala, her bir hojalyk kiçijik döwlet. Her döwletiň ýolbaşçysy nädeninde öz maşgalasyny gurply edip biljekdigi barada oýlanmaly, agtarmaly, gözlemeli. Ýokardan görkezmä garaşmaly däl. Käbir adam çagalykdan başlap işe werziş, islendik işi, ozal görüp goýan ýaly, ökde bolýar. Beýle adamlar dogabitdi üşükli, zehinli adamlar. Umuman, islendik adama işjeňlik mahsus, sebäbi adamzadyň million ýyl ömründe, geçen durmuşynda ony gara zähmet taplapdyr. Sowet ýaşaýyş ulgamynda ähli zat döwletiňki boldy. Edýän işiňe, yhlasyňa görä hak tölenmän, ortaça ölmezödi hak tölenildi. Suw getiren bilen küýze döweniň parhyna bakylmady. Işleseňem, şol bir gaty aýlyk, bardym eşek-geldim eşek, işlemeseňem, şol bir gaty aýlyk berildi. Netijede, halk işden çykdy. Ol şeýle bolaýmalydy, sebäbi edýän işiň miwesini başgalar iýse, ol iş öz manysyny ýitirýär. Altmyşynjy ýyllara deňiç kolhozçylara hak tölenilmän, zähmet güni ýazyldy. Ýylyň aýagynda bolsa zähmet gününe ölmezödi iýjek gallaň berildi. Altmyşynjy ýyllardan soňam eýdip-beýdip kolhoz edarasyndan bolgusyzja-da bolsa wezipejik eýelän adam kolhozçydan has köp aýlyk aldy. Işlemeýän, işlemejek ýeser adamlar işleýänden köp gazanyp, gowy ýaşady. Şeýlelikde, adamlar işden sowady. Ýerler sandan çykdy! Melleginde öndüren önümiňi satmak hem hyllalla boldy. Peýdakeş diýip at berlip, olara gyýa göz bilen garaldy. Sagat ýaşamak üçin, ganyň sagdyn aýlanyp durmagy derkar. Ganyň sagdyn aýlanyp durmagy üçin iş zerur. Zähmet çekmek zerur! * * * Eziz watandaşlarym! Men ähli tarapdan ölçerip-döküp, Türkmenistanyň ähli ýeri – dagy-düzi, çöli-sährasy önümçilik üçin ýaramly ýerler, biziň röwşen geljegimiz bar diýip ynam, buýsanç bilen aýdýaryn. Biz Garaşsyzlygyň sanalgy ýylynyň içinde ýerimiziň, suwumyzyň, çölümiziň, dagymyzyň gadyryny bilip, onuň ähli ýerini eşrepi ýaly görüp, bir zada göz ýetirdik: Türkmenistanyň daglarynyň ähli ýerinde diýen ýaly agaç ekmek mümkin. Biziň dagystanlyklarymyz ýakyn gelejekde hoz, arça, kerkaw, çynar, böwürslen tokaýlyklaryna öwrüler. Biz onuň baýyrlaryndan tokaýlaşdyryp başladyk, ýene kyrk-elli ýyldan Köpetdagam, Köýtendagam, Balkan daglaram tokaýly daglar bolar. Türkmenistanyň daglarynyň eňňitleri bolan baýyrlar, Hanhowuz, Gülüstan, Şasenem düzlükleri, Kesearkajyň baýyrlyklary miweli-miwesiz tokaýlyklara öwrüler. Dehistan subtropiki tokaýlyklara bürener. Aýböwürden başlanýan uç-gyraksyz ümmülmez Üstýurt tekizligi bolçulygyň, rysgal-döwletiň saçagyna öwrüler. Türkmenistanyň segsen göterimine golaýy çölüstan hasaplanýar. Dogry, çölüstan. Emma ol näme diýip çölüstan? Şu mahala çenli ýerimiziň bollugy üçin ol ýerler çölüstan! Häzir Murgap hem Amyderýanyň boýlarynda, ýeriň gytçylyk edýän etraplarynda çägeli düzlükden ýer açýarys. Ol ýerler aňyrsy on ýylyň içinde mes toprakly meýdana öwrülýär. Sür, dökünini ber, hasylyňy al! Türkmenistanda çölüstan ýok! Türkmenistanyň çölüstany entek adamyň eli degip, gyzyl güle öwrülmeli ekinzarlyklar. Meniň bu pikirlerime siz dessine: «Arman, suw ýok!» diýersiňiz! Bu pikir diňe siziň pikiriňiz däl, halkymyzyň pikiri, halkymyzyň öňüne düşýän käbir ýolbaşçylaryň pikiri. Has dogrusy – bu pikir düýnüň, geçmişiň pikiri. Geçmişiň pikirine daýanyp, gelejege gidip bolmaýar. Türkmenistanda suw köp, gaty köp! Heý, Allatagala-da ýer berip, suwuny kem edermi? Dogry, Ýewropadaky ýaly üstümizden guýup duranok, derýalarymyz sansyz däl. Ýedi sany derýamyz bar. Eýsem, bir döwlete ýedi derýa azmy? Suw, elbetde, altyn. Altyndan altyn ýasap bilmeseň, günäkäri uzakdan gözleme. Türkmenistanyň tas ähli ýetim diýen ýaly ekinzarlyga öwürmäge biziň suwumyz hem, baýlygymyz hem, zähmetsöýer halkymyz hem bar. * * * Sowet ulgamynyň, gurluşynyň, edara edişiniň, aňyýetiniň ýalňyş bolşy ýaly, biziň tebigata, topraga bolan garaýşymyz hem ýalňyşdy. Bary-ýogy ýetmiş ýylda topraga zorluk edip, Türkmenistanyň ümmülmez düzlüklerini, ýerlerini hatardan çykardyk. Az berip, köp aljak bolup, topragy harladyk. Diňe biziň topragymyz däl, tutuş Merkezi Aziýanyň ekin meýdanlary, ekilmedik meýdanlary zeýe aldyryldy. Indi ol ýerleri ýer etmekde iş bar! Emma geçmişde şeýdildi diýip, geçmişe gargap otursak, arzyly pursatlary hem ýitireris. Türkmen topragyny halas etmeli! Türkmen topragyny halas etmeli, emma nädip? Men bu tutumly iş barada köp oýlandym: çykalga – Türkmen köli! Men gijeler Türkmenistanyň kartasynyň üstünde işläp, pikirler ummanynda gark bolup, Türkmen kölüniň taslamasyny taýynladym. Hünärmenler, alymlar, döwlet ýolbaşçylary, ýere ýakyn ýer eýeleri bilen gürrüňdeş boldum. Olar meniň pikirimi dogry tapdylar. Türkmen köli – Türkmenistanyň iň uly gurluşygy bolman, Asyryň, Dünýäniň iň uly Gurluşygydyr! Türkmen Köli diňe Türkmenistanynňň zaýalanan ýerleriniň däl, Merkezi Aziýanyň zaýalanan ýerleriniň halas edilmesidir. Türkmen köli dünýä tebigatynyň halas bolmagydyr! Häzir Türkmen kölüniň gurluşygy güýçli depginler bilen alnyp barylýar. Türkmen köli diýmek – ini segsen, boýy ýüz ýigrimi kilometr bolan, türkmen gudraty bilen emele gelen täze deňiz diýmekdir! Türkmen köli diýmek – on müňlerçe kilometr derýa ýaly, ýüz müňlerçe kilometr nobur ýaly, million kilometr ýap ýaly zeýkeşler diýmekdir! Türkmen köli – gurluşygy amala aşyrylandan soň on müň kilometr derýa, ýüz müň kilometr kiçi derýasy bar diýmekdir. Şeýlelikde, türkmen topragynyň endam-jany ýaşaýşy halas edýän gan damarlary bilen örtüler. Häzir gyssaga düşende Marynyň, Lebabyň, Daşogzuň ir zaman çekilen zeýkeşleriniň suwy bilen ekini hem suwaryp bolýar. Diýmek, million kilometr zeýkeşler diňe topragy arassalaman, geçen ýolunda süzüp-süzülip suwuny hem arassalaýar. Türkmen köli diýmek – Türkmenistanda ikinji Amyderýanyň döremegi diýmekdir. Dogry, suwy şor! Emma suw bolsa, ony süýji suwa öwürmek şu gün üçin çylşyrymly mesele däl. Türkmen kölüniň daş-töwereginde islendik ýerinden gaz guýusyny gazyp, alyp bolýar. Ýakyn gelejekde Türkmen kölüniň süýjedilen suwy bilen Balkan deresiniň gözýetmez düzlüklerinde, Dehistanyň subtropiki ýerlerinde, Üstýurduň ümmülmez giňişliklerinde ýaşaýşyň pajarlap ösmegini üpjün ederis. Million kilometr zeýkeşler Daşogzuň gazaply gyşynyň, türkmeniň yssy tomsunyň ýumşamagyna oňaýly täsir eder. * * * Türkmen halkynyň käriz gazyp, ekin meýdanlaryny suwlulandyryp başlanyndan bäri müňlerçe ýyl geçipdir. Sekiz müň ýyl taryhy bolan Jeýtun ekerançylygyny ilkinji türkmen ekerançylygynyň gözbaşy hasaplap bolar. Jeýtunda suw nagymlarynyň peýdalanylandygyna taryhy çeşmeler şaýatlyk edýär. Emma geçen ýetmiş-segsen ýylda kärizleriň ykbaly keç boldy. Kärizlere geçmişiň köroňňudy hökmünde garaldy. Ýeri burawlap, skwažinalaryň kömegi bilen suw alyp başlan pursatymyzdan kärizler ýok edilip ugraldy. Emma bäş ýyl, on ýyldan skwažinalaryň suwy şorlaýar, duzlulyk artýar. Açgözlük bilen has köp suw aljak bolup, negözel çeşmeleri hem guratdyk, kärizleriň ulanyşdan galyp, gözleriniň baglanmagyna sebäp bolduk. Men aýdýaryn: kärizler geçmiş däldir, kärizler gelejekdir! Ýaşuly adamlar Kesearkaçda, Etekde, Arçman sebitlerinde müňlerçe kärizleriň bolandygyny aýdýarlar. Hany ol kärizler? Olardan barmak büküp sanaýmalysy galdy. Sebäbi näme? Sebäbi sowet eýýamynda tebigaty ýeňip, tebigatdan zor bilen almak kadady. Käriz nämä gerekmiş, haçan-da bir brigada bir aýyň içinde zogdurylyp duran suwly skwažinany ulanmaga berýärkä? Skwažina gurlup, ýer astyndaky suwlar nasoslar arkaly alnanda tebigatyň garşysyna gidilýär. Kärizler arkaly suw alnanda bolsa, tebigy sazlaşyk bar. Biz suwuň her damjasyny göwher damjasy ýaly görýäris. Häzir biziň ekýän ýerlerimiz üçin suwumyz ýeterlik bar. Emma ýakyn gelejekde biz has köp ýer ekip, has köp baýlyk almagy öwreneris. Mäne-Çäçe düzlüginden Balkana çenli dagly-baýyrly ýerlerde kärizleri gazmak döwletimiz üçin ullakan iş däl. Bol suwly kärizleriň akyp durmagy Türkmenistanda ýene bir Amyderýanyň döremegi dälmidir? Kärizler gelejegiň işidir. Eýran döwleti kärizler arkaly öz ýerini gülzarlyga öwrüp oturmanmy?! Biz hem ýakyn döwürden başlap, kärizleriň giň ulgamyny dörederis. Türkmen halky hiç haçan suwsuzlygyň, gurakçylygyň ejirini çekmez! Taryhçylar gadym-gadym zamanlarda suwaryş ulgamlarynyň türkmen topragynda döräp, dünýä ýaýrandygyny adalatly ýazýarlar. Türkmenistan gadym-gadym zamanlardan başlap, ekerançylygyň watany hasaplanýar. Çarwadarçylykdan oturymly çomruçylyga geçilmegi bolsa, adamzat ösüşiniň iň belent basgançaklarynyň biridir. Ata-babalarymyz mundan alty, ýedi müň ýyl ozal ýap çekip, nobur gazyp, ekin meýdanlaryna suw çekipdirler. Çeşme-çaý suwlaryny ýaplar arkaly ekin meýdanlaryna eltipdirler. Murgap, Tejen we beýleki derýalara bent gurup, suwy göterip, ekin meýdanlaryny nasossyz suwarmagyň hötdesinden gelipdirler. Şonuň üçinem, Türkmenistanyň niresine seretseň, gadyrny noburlaryň, ýaplaryň yzy eriş-argaç bolup ýatyr. Häzir hem adamzat ýedi müň ýyl ozalkysy ýaly ýap çekýär, nobur gazýar, şeýdip hem ekin meýdanyny suwarýar. Häzir Türkmenistandaky ululy-kiçili ýaplaryň uzynlygy million kilometre barabar bardyr. Million kilometr ýaby gazmaly, her ýylda gazy geçirmeli, her ýylda gögerip çykýan suw çöplerinden arassalamaly. Ýaplara çekilýän zähmet ýere edilýän zähmetden köp bolmasa, az däldir. Häzir iki million gektar ýeri suwarmak üçin örän uly-uly ýaplary gazmaly bolýarys. Olary gazýan ýörite maşynlar ýok, ekskawatorlar bilen gazmaly. Ekskawator bolsa endigan, tekiz gazmaýar. Netijede, suwuň üçden biri ekin ýerine ýetmän yrýa bolýar. Ululy-kiçili ýaplar haşal otlaryň ösýän-örňeýän hem tohumyny ýaýradýan ýerine öwrülýär. Bir söz bilen jemläp aýdanymyzda, hasyl almak üçin edýän tagallamyzyň ýaryny biz suw üçin sarp etmeli bolýarys. Ýakyn gelejekde, Türkmenistan üzümçiligiň Watany bolup, üzümçilik diňe turbalar arkaly damjalaýyn usulda suwarylar. Ýakyn gelejekde, Türkmenistanda million gektar bagzarlyklar döräp, bagbanlar bagyny turbalar arkaly damjalaýyn usulda suwarar. Ýakyn gelejekde, Garagum çölüniň içinden eriş-argaç turbalar geçip, Garagum çöli saýaly hem miweli agaçlaryň tokaýyna öwrüler! Ýakyn gelejekde, Meşedi-Missirian hem-de Dehistan düzlüklerinde hoz, pisse, nar, turunç, narynç tokaýlyklary dörär, olar hem damjalaýyn usulda suwarylar. Dehistanda, Meşedi-Missirianda kofe hem çaý ekinleri ekiler. Uç-gyraksyz Üstýurt «ak altynyň», ak bugdaýyň mesgenine öwrüler! Häzir hyýal hem bolsa, ýakyn ýyllarda bu işleri durmuşa geçirip başlarys. * * * Türkmen her bir zadyny sungat derejesine ýetirmegi başarypdyr. Türkmen halky guýulary, kärizleri gazmak işini sungat derejesine ýetiripdir. Türkmen ömürboýy suwa teşne bolup gelipdir. Biziň topragymyzyň köp bölegini Garagum çöli tutýar. Türkmenleri ekläp=saklap, penalap gelen çölümizde suw damjasy altyn dänesi ýaly görlüpdir. Şonuň üçin suwy – zer, suwçyny – zergär hasaplapdyrlar. Guýy gazmak hünäri gadymy döwürden bäri iň hormatly kär hasaplanyp gelýär. Guýy ussasy halkyň iň hormatly adamy bolupdyr. Guýular birnäçe görnüşli bolýar: kak suwy ýygnanýan, takyrlardan gazylan guýa çyrla diýilýär. Olaryň süýji suwy bolýar. Ürgün çägeli gollardan hem guýy gazýarlar. Olaryň suwy ýogynrak bolup, köplenç, mal ýakmak üçin ulanylýar. Şykgy toýunly, gaty ýerden hem guýy gazylýar. Ýöne beýle guýulary gazmak iňňän kyn bolupdyr. Gaty ýerden gazylan guýa çöwlük hem edilmeýär. Şol hili guýulara suw toýun diwardan damjalap syrygyp ýygnanýar. Olara damdam guýular diýilýär. Gumlular guýulary aýap, gorap saklaýarlar. Wagtal-wagtal arassalaýarlar. Sebäbi gumlularyň suw üpjünçiligi, esasan, şol guýulara bagly. Garagumda üç ýüz metr çuňluga ýetýän guýular hem bar. Olar dünýädäki iň çuň guýulardyr. * * * Guýular gumlular üçin ýaşaýyş çeşmesi bolsa, dag eteklerinde ýaşan ata-babalarymyz üçin kärizleriň ähmiýeti uly bolupdyr. Käriz ussalaryna kärizgenler diýilýär. Olaryň bu kyn, çylşyrymly hünäri gözbaşyny gadymlardan alyp gaýdýar. Dag etek obalarda, şäherlerde miladydan öňki I müňýyllykda-da kärizler ulanylypdyr. Käriz ýerasty süýji suwlary toplap, ony ýeriň ýüzüne çykarmak üçin gazylýan ýerasty suw desgasydyr. Olar birnäçe suw toplaýjy guýulardan we olary birleşdirýän ýerasty ýaplardan ybarat. Guýularyň çuňlugy ikiden bäş metre çenli, ini bir metr, her guýynyň aralygy ýigrimiden kyrk metre çenli bolupdyr. Ýerasty ýaplaryň uzynlygy birnäçe kilometre ýetipdir. Her ýüz metr aralykda käriz suwy on-on bäş santimetr ýapgytda ýerleşip, käriziň aýagyna çenli altmyş-ýetmiş metre çenli ýokary galypdyr. Guýular hem, ötükler hem ýykylmaz ýaly, diwarlary agaç, bişen kerpiç bilen berkidilipdir. Kärizgenleriň sungaty nesilden nesle geçip gelipdir. Kärizlere, köplenç, ony guran ussanyň ýa-da gurduran adamyň ady dakylypdyr. Köpetdagyň eteginde ululy-kiçili 175 sany käriz bolupdyr. Türkmen topragynda gadymy döwürlerde oturymly ýerlerde emeli suwaryş desgalarynyň bolandygyny hem arheologik tapyndylar ýüze çykardy. Şeýlelikde, guýular, kärizler emeli suwaryş desgalary bilen utgaşyklylykda, halkymyzy suw bilen üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýe bolupdyr. Hut şonuň üçin, bu ýerasty desgalary bina etmäge halkymyz öz zehinini bagyş edipdir. Zehin bilen el hünäri utgaşanda bolsa, ajaýyp sungat emele gelýär. * * * Eziz ýaşlar! Külalçylyk türkmeniň gadyrny medeniýetinde gülläp ösen senetdir. Ýöne orta asyrlardan başlap, kulalçylyk pese gaçyp başlaýar. Külalçylyk – küýzegärçilik senedi irki döwürlerde ýurduň günortasyndaky şäherlerde has giňden ýaýrapdyr. Dehistanda, Şähryslamda, Nusaýda, Merwde, Sarahsda şykgy palçykdan kürelerde bişirip, gap-gaç ýasamak esasy hünärleriň biri bolupdyr. Şol gap-gaçlar her dürli şekiller we nagyşlar bilen bezelipdir. Şekillerde biziň ata-babalarymyzyň gündelik durmuşy, ýaşaýşy beýan edilipdir. VIII-IХ asyrlarda küýzegärçilik önümlerini ýasamak sungaty has kämilleşdirilipdir. Misserian, Şähryslam, Duran, Nusaý, Abiwerd şäherlerinde otuz-kyrk litrlik uly göwrümli humlar, galla saklanýan syrçaly humlar, beýleki azyk önümlerini saklamak üçin golçalar, kersenler, suw küýzeleri ýasalypdyr. Gap-gaçlary owadan syrçalar bilen bezäp, araplaryň has irki «kufi» hatynda ýazgylar ýazypdyrlar. Ýazgylar: «Bereketli bolsun!», «Şu gapda nahar iýeniň iýen tagamy inine siňsin!», «Şu gabyň eýesi uzak ýaşasyn!» ýaly hoşniýetli arzuwlardan ybarat eken. * * * Türkmen topragynyň ähli ýerinde adamzat ýaşaýşynyň irki ojaklary bar. Şol ojaklarda-da binaçylyk işleriniň deslapky nusgalarynyň saklanyp galandygyny arheologlar ýüze çykardylar. Bu toprakda binaçylygyň başlangyjy öz gözbaşyny miladydan öňki 7-6-njy müňýyllyklaryň sepgidinden – Jeýtundan alyp gaýdýar. Göksüýri, Garadepe, Namazgadepe, Änew we Ýaňykent gadymky şäherleriň galyndylarydyr. Bu ýerlerde eýýäm kämilleşen ýaşaýyş jaýlary, hatda köşkler hem bolupdyr. Miladydan öňki III–II müňýyllyklarda türkmen topragynyň ähli ýerinde şäherler ösüp başlaýar. Dehistan, Nusaý, Gürgenç, Margiana ýaly dünýä meşhur şäherleriň düýbi ezeli döwürde tutulypdyr. Orta asyryň binagärlik ýadygärlikleri köp ýerlerde saklanyp galypdyr. Olara Sarahsdaky Abul-Fazlyň, Atamyrat etrabyndaky Astanababanyň, Mäne obasynyň ýanyndaky Abu-Seýit Mehneýiniň kümmetleri, Daýahatyn kerwensaraýy, Dehistanyň minaralary, metjitleri we beýlekiler degişlidir. Ajaýyp binagärlik ýadygärliklerine baý bolan «Horasan şäherleriniň enesi» diýlip atlandyrylan gadymy Merw bimäçe galany özüne birleşdirýän şäher bolupdyr. Margiana gelip gören jahankeşde Strabon bu şäheriň daşynda iki ýüz elli kilometre ýetýän halkalaýyn diwaryň bolandygyny ýazypdyr. Maryda gurlan köşkleriň köpüsiniň iki gatdan ybarat bolmagy türkmen binaçylarynyň gadym döwürlerde-de ymarat dikeltmäge ussat bolandyklaryny aňladýar. Her köşk, her jaý özboluşly nagyşlar bilen sünnälenip bezelipdir. Gönüburçly aýlawly, ýokarsy çürelip gidýän derweze görnüşleri jaýlara milli öwüşgin beripdir. Jaýlaryň gümmezleri syrçalanan kerpiçler bilen örtülipdir. Jaýlaryň bular ýaly binaçylyk şekilleri beýleki şäherlerde, obalarda gurlan binalar üçin hem häsiýetli bolupdyr. Marydaky Soltan Sanjaryň kümmedi türkmen binaçylarynyň şöhrat-şanydyr. Ol şeýle bir berk gurlupdyr, hatda ony Çingiz hanyň leşgerleri hem syndyryp bilmändir. Arap jahankeşdesi Ýakut ibn Hamawi bu kümmediň gümmeziniň bir günlük ýoldan görünýändigini ýazypdyr. Orta asyr ulamasy Reşideddin oňa: «Dünýäde iň uly bina» diýipdir. Bu binanyň mygmary sarahsly meşhur binaçy ussa Muhammet ibn Atsyzdyr. Binýady dört metr çuňlukdan tutulan otuz sekiz metr beýikligi bolan bu kümmet dörtburçly bişen kerpiçden salnypdyr. Ymaratyň özboluşly binagärlik keşbi, diwarlara salnan nagyşlar türkmen ussalarynyň öçmejek şöhratydyr. Merwiň beýleki gözel ýadygärlikleri bolan Gyzbibi kümmedi, Muhammet ibn Zeýdiň aramgähi, Hoja Ýusup Hamedanynyň metjidi – bularyň bary türkmen binagärçilik sungatynyň milli ýörelgeleriniň aýdyň yzlarydyr. Köneürgenç şäherinde bina edilen ymaratlar hem halkymyzyň milli binaçylyk ýolunda galan asyl nusgalardyr. Bu ýerdäki Il-Arslanyň, Tekeşiň, Nejmeddin Kubranyň, Soltan Alynyň, Törebeg hanymyň, Pirýar Weliniň kümmetleri, Gutly Temiriň minarasy we beýleki ymaratlar biri-birini gaýtalamaýan täsin görnüşleri bilen akylyňy haýran edýär. Gutly Temiriň minarasy diňe bir Köneürgençde ýa-da türkmen topragynda saklanyp galan ymaratlaryň arasynda däl, eýsem, tutuş Merkezi Aziýada iň beýik binalaryň biridir. Başda segsen metre golaý bolan bu minaranyň beýikligi häzir altmyş dört metre ýetýär. Onuň başyndaky gümmezini Çingiz hanyň basybalyjy leşgerleri ýykypdyr. Bu minara barada şeýle rowaýat aýdýarlar: Minarany gurdurýan hökümdar başga hiç ýerde şeýle beýik binanyň gurulmazlygy üçin, gurluşyk gutaransoň onuň ussasyny öldürmek kararyna gelenmiş. Hökümdaryň bu piriminden habarly bolup, ussa başyny halas etmegiň garnyny iýip başlapdyr. Hem minarany beýgeldipdir, hem özüne gamyşdan, deriden ganat ýasanyp ugrapdyr. Işini boldum edip, ol özüniň ýasan şol ganaty bilen minaranyň başyndan uçup gidipmiş. Ussalaryň, senetkär adamlaryň hünäri bilen özleriniň başyny gutaryşlary barada halk arasynda rowaýat köp. Ýaşlar üçin ähmiýetli hasaplaýandygym üçin, Törebeg hanymyň aramgähiniň döreýşi hakdaky rowaýaty hem gürrüň bereýin. Rowaýat: atasy ýogalandan soň, ýalňyz gyzy Törebeg hanym tagta çykýar. Törebeg hanym owadan hem tekepbir gyz eken. Köp ýerlerden sawçylar gelipdir, ýöne Törebeg hanymyň hiç bir ýigide, şazada göwni ýetmändir. Onuň owadanlygy hakdaky gürrüňler men-men diýen ýigitleri heýjana salypdyr. Elinden dür dökülýän bir ussa ýigit Törebeg hanyma aşyk bolupdyr. Ol Törebeg hanymyň gözelligini wasp edip, özüniň aşyklygyny, ýanyp-köýýändigini beýan edip, ençeme goşgy-gazal döredipdir. Seýit atly ol aşyk ýigidiň goşgy-gazallary Törebeg hanymyň hoşuna gelipdir. Ýöne tekepbir gyz syr bermändir. Törebeg hanym Seýitden näme hünäriniň bardygyny sorapdyr. Seýit özüniň ussadygyny, ajaýyp-ajaýyp binalary gurýandygyny aýdypdyr. Törebeg hanym Seýide söýgüsiniň nyşany hökmünde şäherde owadan bir ymarat gurmagy tabşyrypdyr. Soňundanam, eger ymarata göwni ýetse, oňa durmuşa çykmaga razy boljakdygyny, eger-de ymaraty halamasa, onda ony öldürjekdigini aýdypdyr. Seýit şerte razy bolup, ymarat gurmaga girişipdir. Seýit sünnäläp-sünnäläp, entek bu jelegaýlarda görülmedik ajaýyp bir ymarat gurupdyr. Görenler ymaratyň owadanlygyna haýran galypdyrlar. Sähel wagtyň içinde bu owadan ymaratyň at-owazasy jümle-jahana ýaýrapdyr. Törebeg hanym kenizekleri, wezir-wekilleri bilen ymaraty görmäge barypdyr. Ymarat şa gyzyň göwnünden turupdyr. Şonuň üçinem, bu ymaraty özüne köşk edinipdir. Şa gyz: – Sen şundan owadan edibem gurup bilenniň? – diýip sorapdyr. – Gur diýseň, guraryn – diýip, Seýit jogap beripdir. – Meniň üçin ýörite aramgäh gur. Meniň üçin guran aramgähiň göwnümden tursa, men saňa durmuşa çykaryn. Ussa ýigit Törebeg hanymyň sözlerine ganatlanyp, gurluşyga başlapdyr. Seýit yhlasyny, başarnygyny, söýgüsini aramgähe siňdiripdir. Netijede hem ýene bir ajaýyp ymarat bina bolupdyr. Törebeg hanym bir sähetli gün ýene öz kenizlerini, wezir-wekillerini yzyna düşürip, aramgähe syn etmäge barypdyr. Ymarat öňküdenem ajaýyp bolupdyr. Görenler haýrana galyp, ussa ýigidiň waspyny ýetirip, kän-kän alkyşlar aýdypdyrlar. Törebeg hanym hem aramgähi halapdyr. Ol ussany ýanyna çagyryp, şeýle diýipdir. – Gowy ymarat gurupsyň. Sözüm ýok, seniň eliň hünäri-ne göwnüm ýetdi. Ýöne sen indi maňa öz söýgiňi hem subut edip görkez! – Söýgimi görkezmek üçin men näme etmeli? – Guran şu ymaratyň depesinden özüňi aşak okla! Törebeg hanymyň bu sözüne onuň ýanynda duranlar haýygypdyr. Duranlar ýerli-ýerden: «Hanym, munyňyz gabahat bolýar. Heý-de, beýle ýowuzlyk bolanny? Oňa haýpyňyz gelsin! Durmuşa çykmak islemeseňiz, goý, ol öz ýoluna gitsin!» diýipdirler. Şa gyz gözlerini alardyp, ýanyndakylara bir seredipdir welin, ähli kişi hyrçyny dişläp, başyny aşak salypdyr. Aşyk ýigit gulagynyň eşidýän sözlerine ynanmaýan ýaly, şa gyza çiňerilip-çiňerilip seredipdir. Gulagynyň eşidýän sözlerine onuň teý ynanasy gelmändir. Syrly ýylgyryş, näz-kereşme bilen gyz ýigide aramgähiň depesini görkezipdir, näzik gollary bilen ussanyň ýokaryk çykmaly ýerini görkezýär. Ussa ýigit yza şa gyza bakypdyr. Gyzyň ýylgyryp, bakyp durmagy ýigidiň ýüregini elendiripdir. Owadan gözler, näzik beden ussa ýigidiň söýgüsini hasam möwjedipdir. Wysala gowuşmak üçin ähli süteme kaýyl aşyk ölüm hakda birjikde pikir etmän, söýýän ýarynyň islegini bitirmek niýeti bilen ýokaryk çykmaga başlapdyr. Ine, binaň depesi. Hana, aşakda Seýidiň gijeler ýatman küýsän gözel gyzy, özem şa gyz özüne seredip dur. Söýgüsine gowuşmak islän ýigit özüni aşak oklapdyr. Çalajan ýigidi öýlerine äkidipdirler. Ýöne abat süňki, synasy galmadyk ýigit jan beräýmändir. Ol söýýän gyzynyň iň soňky şertini hem bitirdi ahyryn. Seýit intizarlyk bilen gyza garaşypdyr. Şäheriň kethudalary jemlenişip, Törebeg hanymyň ýanyna barypdyrlar: «Sen ol ýigide özüňi bagyş edýändigiňi aýtmasaň, o görgüli hiç wagtam bu dünýäden gidip bilmez, ejir çeker ýatar» diýip, kethudalar şa gyza töwella edipdirler. Şa gyz bu töwellany her näçe ýokuş görse-de, kabul edipdir, ussa ýigidiň ýanyna baryp, birki oýnam hoş söz aýdypdyr, durmuşa çykmaga razylyk beripdir. Aşyk ussa Törebeg hanymyň hoş sözlerine rahatlanypdyr, ejirli ýüzüne röwşen çaýylypdyr. Soňam jan beripdir. Men Ruhnamanyň birinji kitabynda-da ýörite nygtapdym. Her kim durmuşda öz taýyny gözlemeli, tapmaly. Öz deňiňi tapman, ula ymtylsaň, soňunyň nähili betbagtlyklara eltýändigini ata-babalarymyz rowaýata öwrüp, bize ýetirdiler. * * * Mähriban oglum! Eziz gyzym! Durmuşdan gerekli zadyňy aljak bolsaň, özüň durmuşa gerekli bol! Almagyň pikirini etmezden ozal, bermegiň hötdesinden gel, şonda zeruryň özi üstüňe gelýändir. Özüň özüňi zähmetiň arkaly döret! Emgege dözümli bol! Özüň özüňi nähili kybapda kemala getirseň, şol kybapdaky adam bolarsyň! Özüňi ilki pikiriňde, soň işiňde kemala getir! Şu günüň işini ertä goýmak – şu günüň zähmetiniň lezzetinden we miwesinden özüňi mahrum etmekdir. Galan naharyň tagamynyň başdaky tagamyça bolmaýandygyny sen bilýärsiň ahyryn! Rehnetiň özi gelýän däldir, kynçylygyň özi gidýän däldir! Işläňde işle gul ýaly, ýaşaňda ýaşa beg ýaly! Ýaşaýyş – hereketdir, ýaşajak bolsaň, mydama hereketde bol! Eliň, aňyň hem ýüregiň dek durmasyn! Zähmetde gaýduwsyz bol – kynçylykdan gaýtma! Bagt, ykbal birbada berilýän däldir. Kynçylyk artdygyça, gujuryň artsyn! Kynçylykly maksada ýetmegiň süýjüsi başgaçadyr. Tutanýerli bol! Tutan ýeriňi gopar, giden ýeriňden getir! Üstünlige barýan ýoluň köp bölegi şowsuzlykdan durýandyr. Dokuz şowsuzlykdan soň bir üstünlige ýetmek durmuşyň iň bir tebigy halatydyr. Kynçylykdan basylmak öz-özüňi kemsitmekdir. Maňlaýyň çygjarmasa, agzyň ýagjarmaz! Eliň ýüwrük, pikiriň ýüwrük, göwnüňem ýüwrük bolsun! Pikiriňem dury, göwnüňem dury, gözüňem dury bolsun! Halallyk – arkaň dagydyr! Adam şekilli ýaşamagy zähmet bilme! Ýeňil diýip, harama ulaşma, agyr diýip, halaldan gaçma! Haramyň lezzeti öňünde, halalyň lezzeti soňunda, haramyň ajysy ahyrynda, halalyň süýjüsi-de ahyryndadyr. Zähmet – mertebedir, mertebäňden ýüz dönderme! Durmuşy nähili keşpde kabul etseň, ol şol keşpde-de bolýandyr! Owadan görüp bilseň – owadan, betnyşan görseň – betnyşan gömer! Alanyňa minnetdar bolmagy başarsaň, bermegi-de başararsyň. Bermegi başarsaň – minnetdarlyk görersiň! Synanyşyp görmedik işiňe başaramok diýme! Bir maksada ýetseň, ondanam ulusyna dalaş et! Maksat gutarsa, ömürem paýawlaýandyr. Ömrüňi gydyrdanyp geçir! Gyrmyldan gyr aşar, yrgyldan çat açar! Der damjasy – dür dänesidir! Nämäni gözleseň, şonam taparsyň! Är – zähmeti bilen, bedew at – ýyndamlygy bilen, gylyç – kesgirligi bilen tanalýandyr. Seni il içinde hormatly, atly-abraýly edip biljek, saňa gowulykda güwä geçip biljek zähmetiňdir. Zähmetden daşlaşdygyň – gowy durmuşdan daşlaşdygyňdyr. Zeýtun ýagynyň oda ýiti alow berşi deýin, zähmet badyňa bat, adyňa at goşýandyr, ömrüňe aýratyn many-mazmun çaýýandyr. Bagt daşyňda däl, içiňdedir! Durmuşdan öýkeleme, durmuş öýkäni kabul edenok, ony özüňe gaýtaryp berýär. Durmuş ähli bereniňi özünde alyp galman, saňa gaýtaryp berýändir. Durmuşa şatlyk berseň – şatlyk, bagt berseň – bagty gaýtaryp berýändir. Jäht et, çalyş, dalaş et – hiç mahal duran ýeriňde durma! Durmak – durmak däl, yzyňa gaýtmakdyr. Pikiriň ömrüňden öňde bolsun! Zähmet çekilende, zähmet edebine laýyklykda işlenilmelidir. Islendik zähmet werzişdir, werziş bolsa, tertip-düzgünlilikdir. Işiňde tertip bolmasa, üstünlik hem, netije hem gazanyp bolmaz. Munda wagt uly orun tutýar. Belli bir wagt tertibinde zähmet çekmek uly medeniýetden nyşandyr. Ykjamlyk, meniklilik, kadalylyk, möhletlilik zähmet edebiniň hökmany şertleridir. * * * Eziz oglum, mähriban gyzym! Adam ömrüniň manysy, rahatlygy we abatlygy hünäre baglydyr. Adam belli bir hünäriň başyny tutmasa, ömrüň mazasy bolmaz, durmuşyň görnügi hem manysy bolmaz. Hünärsiziň il içinde mertebesi-de, hormaty-da egsik bolar. Ol hemişe ikinji derejeli adam ornunda görler. Şonuň üçinem, oglanlykdan hünär edinmegiň aladasynda bol! Adam on dört ýaşynda eýýäm özüniň geljekki hünärini aňly-düşünjeli saýlap, onuň ugrunda çalyşmalydyr. Adam hünär saýlap alanda üç sany ölçegden ugur almalydyr: seniň bu hünäre höwesiň, seniň bu hünäre ukyplylygyň hem-de bu hünäriň ile, durmuşa zeruryýeti bolmalydyr. Şu üç zady utgaşdyryp bilseň, öz hünäriň eýesi bolarsyň, hünäriň eýesi bolsaň, ömrüň eýesi bolarsyň. Özüň öz ömrüň eýesi bolsaň, bagt hemişe hemraň bolar. Ömrüňi eýesiz goýmajak bolsaň, hünär edingin! Hünäriň ýaramazy bolmaz. Çünki, hünäriň gerekmezi ýokdur. Durmuş diňe özüne gerek hünärleri sygdyrýar. Esasy zat – öz hünäriňe ussatlykdyr. Ussat bolmasaň, hünäriňi kemsidersiň, özüňi betbagt hem kemmagal edersiň. Her kim bol, öz işiňe ussat bol! Ussat üçin hünär wezipe däl, ykbaldyr. Iş ussatlyk hem söýgi bilen ýerine ýetirilende, zähmet adamyň ykbalyna we kalbynyň aýnasyna öwrülýändir. Arzysyz hünär ýok, arzysyz işgär bar. Ol öz emelsizligi, dürtmegursaklygy bilen işiniň arzyny gaçyrýar. Beýle adam durmuşyň görküni gaçyrýar. Öz işiňe ussat bol, hünäriň we zähmetiň seni alyp çykar! Owadan işle! Iş ornuň hemişe tertipli, serenjamly we tämiz bolsun! Işiňi edil zergäriňki ýaly nepislik we inçelik derejesine ýetirgin. Munuň üçin köp zähmet çekmelidir. Şuwlap, geçip giden ýel ýaly, gyssanyp, alňasap, bir gezekde üçüň mukdaryny aljak bolup işlemek edepsizlige barabardyr. Az-azdan, tertip boýunça, emma uzak wagtlap işlemegi, birsydyrgyn işlemegi endik edin. Dama-dama köl bolar. Özüňi, işiňi tertibe we çäge sal, şonda zähmetiň netijesini we lezzetini görersiň. Adam – bagdyr, zähmet – bagbandyr. Zähmet – bagdan seni menziliňe, bagtyňa ýetirjek ýeke-täk howandaryňdyr. Zähmetsöýerlik – bagtyň kepilidir. Ruhnama II kitapdan. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |