10:51 Şahsyýet edebi | |
ŞAHSYÝET EDEBI
Pedagogika we edep-terbiýe
Eziz türkmen milletim! Edep netijedir. Her bir netijäniň öz esaslary, sebäpleri bar. Edebiň esasy akyl ýetirmedir. Şahsyýet edebiniň esasy öz-özüňe akyl ýetirmekdir. Şahsyýet edebi edebiň beýleki görnüşlerinden şu tarapdan tapawutlanýar: özge edep kadalary adamyň özgä, daşky dünýä gatnaşygynyň şertlerini kesgitleýär. Şahsyýet edebi bolsa, adamyň öz-özüne gatnaşygyny düzgünleşdirýändir. Türkmeniň millet hökmünde ruhy-medeni ösüşinde şahsyýet edebiniň aýratyn manysy we aýratyn omy bardyr. Gaty irki döwürlerden başlap, türkmen akyldarlary adam kämilligini nädip gazanmaly diýen meseläniň üstünde pikirlenip geldiler. Bu meselede ýetilen akyl sepgitleriniň biri şeýle diýýär: «Adam kämilligi onuň öz-özüne bolan gatnaşygynda amal bolýan gymmatlykdyr. Adama daşyndan täsir etmek, ony gözükdirmek, terbiýelemek zerur zat, ýöne munuň öz çäkleri bardyr. Daşyndan täsir etmek adamyň ruhy taýdan öz-özüni ele alýança netijelidir we ýerliklidir. Emma, ösüşiň şol hetdine ýetilenden soň, ösüş diýilýän zat bir giňişlikden – adamyň daşky dünýä bolan gatnaşygyndan ikinji bir giňişlige – adamyň öz içki dünýäsine geçýär. Adam özüni aňlandan soň, «menini» duýandan soň, onuň öz-özüne gatnaşygy esasy ruhy we akyl hereketlendiriji güýjüne eýe bolýar. Şondan soň adamyň özi özüne täsir etmek arkaly ösüp, gözügip, kämilleşip başlaýar. Şonuň üçinem, ösüşiň esasy barlygyna öwrülen içki dünýäniň ruhy-ahlak ýaşaýşyny kadalaşdyrmak maksadyndan şahsyýet edebi işlenilip düzülipdir. Şahsyýet näme? Şahsyýet adamyň «meni» diýip jogap berersiň. Bu jogap, umuman, dogrudyr. Emma, adatça, göz öňüne getirilişindäkiden «men» has çylşyrymly we köpjähetli ruhy hadysadyr. Eýsem-de bolsa, öz «meniňizi» tapjak bolup görüň. «Men» niredekä we ol nämekä? Adamyň aýagy «meni» däl, eli «meni» däl, beden agzalarynyň hiç birinde-de «men» ýok, şol bir wagtda-da «meni» bedenden aýry göz öňüne getirmegem mümkin däl. Edil özgeler bilen bolşy ýaly, adam öz «meni» bilen gatnaşyga girip, gürleşip, jedelleşip, ony ýigrenip ýa ondan razy bolup bilýär. Diýmek, şahsyýet iki jähetli çylşyrymly ruhy hadysadyr. Akyldarlar adamy kämil etmegiň iň netijeli hem iň ynamly ýolunyň şahsyýetiň öz-özüne bolan gatnaşygynda ýatandygyna ir göz ýetiripdirler. Dünýä bilen ikiçäkligiň ruhy we ahlak manysy öz-özüň bilen ikiçäklikden düýpgöter tapawutlanýar. Adama özüni eý görmek mahsusdyr. Ol daşyndan gelýän sese garanda içinden gelýän sese has gulak asgyç bolýar. Şonuň üçinem, jemgyýet öz gymmatlyklaryny adamyň içki gymmatlygyna öwrüp bilen halatynda, diňe şonda terbiýe işinde hakyky netijeleri gazanyp biler. Daşky gymmatlygyň içki ynanja öwrülmegi üçin adamy kämilleşmegiň zerurdygyna ynandyrmak gerekdir. Adamyň içinde iki «men» bar – «esasy men» we «goşmaça men». Türkmen akyldarlary tebigatdan bolan «meni» nebis, ikinji, ruhdan bolan «meni» köňül diýip atlandyrypdyrlar. Nebse bikemallyk, biakyllyk mahsusdyr, köňle kämillik mahsusdyr diýip hasap edilipdir. Çünki, birinji – tebigatdan, ikinji – ruhdan, medeniýetdendir. Hakyky kämillik adamyň içinde ruhuň tebigaty ýeňmeginden ybaratdyr. Özem bu ýeňşi diňe adamyň özi gazanyp biler. Adamy terbiýelemegiň iň oňat ýoly bu terbiýäni onuň öz eline bermekdir, has dogrusy, onuň ruhy-medeni «menine» bermekdir. Adam nebsi tebigatdan bolup, tebigatyň kanunlaryna görä-de ýaşamak isleýär. Emma, jemgyýet başga bir giňişlik, başga bir kanunlardyr, onda tebigat kanunlary ýöremeýär, eger olary goldanjak bolsaň, uly ruhy-ahlak kynçylyklary we hatda betbagtlyklary ýüze çykýar. Şahsyýet edebiniň düýp manysy öz-özüňi jemgyýetçilik ruhy-ahlak talaplaryna tabyn etmekden ybaratdyr. Boýun egmegiň oňady nebsiň göwne boýun bolmagydyr. Tabynlygyň oňady özüňi özüňe tabyn etmekdir. Çyn ýeňiş öz-özüňi ýeňmekdir. Orta mekdebi tamamlap, geologiýa ekspedisiýasynda işlän ýyllarym şeýle bir hekaýaty okapdym. Onda bir ajaýyp heýkeltaraş hakda gürrüň berilýärdi. Şol heýkeltaraş ölmez-ýitmez eserler döredip, il arasynda adygypdyr. Ýaşaýşy gowulaşypdyr. Ol şeýle bir ajaýyp heýkeller ýasapdyr, seredip, heýkeldir öýder ýaly dälmiş. Hakyt diri adama meňzeýärmiş. Ol haýsy adamyň heýkelini ýasasa, soňundan onuň haýsynyň heýkeldigini, haýsynyň janly adamdygyny tapawutlandyrmak aňsat düşmändir. Herki zadyň başlangyjy hem soňy bolýar. Heýkeltaraş hem özüniň ölüm karkarasynyň ýakynlandygyny aňypdyr. Ýöne, teý, ölesi gelmändir. Ajaldan gaçyp gutulmak isläpdir. Oýlanyp-oýlanyp, ajaldan sypmagyň bir ýoluny tapypdyr. Ol özüniň on sany heýkelini ýasapdyr. Özem şeýle bir yhlas bilen ýasapdyr welin, görseň, ynha, heýkeltaraş bir adam däl, heýkelleri bilen on bir adam. Heýkellerden ýekeje-de kem-köst tapar ýaly däl. Ine, bir gün Ezraýyl amanadyny almak üçin heýkeltaraşyň ussahanasyna gelipdir. Heýkeltaraş Ezraýylyň gelýändigini öňünden duýup, döreden heýkelleriniň arasynda gizlenipdir. Ezraýyl ussahana girip seretse, içerde bir heýkeltaraş däl-de, on biri durmuş. Ezraýyl bu ahwalata ör-gökden gelipdir. Beýle ýagdaý Ezraýylyň durmuşynda öň gabat gelmän eken. Allatagala bir döreden adamynyň ikinji nusgasyny etmeýär. Ähli adamlar gaýtalanmasyzdyrlar, ýeke-täkdirler. Doganlaryň ýüz keşpleri meňzeş bolup biler, ýöne olarda hökman tapawut bardyr, gylyk-häsiýetlerinde-de tapawut bardyr. Ezraýyl sanap görse, gaşynda biri-birine meňzeş on bir sany adam dur. Oňa bolsa, diňe bir adamyň jany gerek. Ajal pygamberi her näçe oýlansa-da, çykalga tapmaýar. Ol lapykeç bolup, yzyna gaýdýar. Hudaýyň ýanyna baryp, arzyny aýdýar: – Men kyn güne düşdüm. Bir adamyň janyny almaga bardym welin, ol ýerde on bir sany meňzeş adam dur. Men ol on bir heýkeltaraşyň haýsysynyň janyny almaly? Allatagala onuň bu sözüne hezil edip gülüpdir. Soňam Ajal pygamberine nädende hakyky adamy hakyky däl adamdan tapawutlandyryp bolýandygynyň syryny öwredipdir. – Bar, ýene heýkeltaraşyň ussahanasyna barybam, meniň öwreden sözlerimi gaýtala. Ezraýyl geňgalyjylyk bilen sorapdyr: – Aýdyşyň ýaly etsem, hakyky heýkeltaraş öňe çykarmy? – Hökman çykar, alada etme. Ezraýyl ikinji gezek heýkeltaraşyň ussahanasyna barypdyr-da, «heýkeltaraşlaryň» hiç biriniň ýüzüne garaman, sesini biraz gataldyp şeýle diýipdir: – Bu heýkeller diri adam ýaly, edilen iş, umuman, erbedem däl. Meniň pikirimçe, mundanam gowy edip bolardy. Bu ýerde howlukmaçlyk edilen bir kemçilik bada-bat göze ilýär. Eger şu göze dürtülip duran kemçilik bolmadyk bolsady... Bu sözleri diňlän heýkeltaraş gaharlandy, özüniň gizlenip durandygyny ýadyndan çykaryp, Ezraýylyň alkymyna dykylyp bardy: – Hany, şo diýýän kemçiligiň? Hiç hili kemçilik bolmaly däl. Ezraýyl gülüpdir: – Ele düşdüň gerek?! Ine, adamyň ýeke-täk kemçiligi: ol öz-özüni hiç wagt unudyp, aňyndan aýryp bilenok. Adam özüni öwlüýä ýykylyp alnan ýaly biçak söýýär. Şol aşa söýgi hem adama köp ýerde kössek bolýar. Edebiň başy-da öz-özüň öňünde edepli bolmakdyr. Öz-özüň öňünde edepli bolmak şahsyýet edebidir. * * * Şahsyýet edebiniň baş şerti öz-özüňe akyl ýetirmekdir. Öz kemçiliklerini ilden öň görýän, öz kemçiliklerini ilden oňat bilýän adamyň geljegi bardyr. Şahsyýet edebiniň akyl şertine meşgul bolup, ol özüniň hüý-häsiýetinde, özgelere gatnaşygynda, biliminde, işinde, pikirinde, garaz, bütin şahsy ýaşaýşynda bärdengaýtmalary, säwlikleri, çiglikleri, bikemallyklary görer we olary düzetmegiň, ýagny kämillige ýetmegiň ýollaryny agtarar. Munuň özi kyndyr, bu juda kyn işdir. Adam şeýle bir ýaradylypdyr, oňa özüne boýun egmekden özgä boýun bolmak aňsat düşýär. Näme üçin? Sebäbi özgä boýun egmek oýalykda daşky, görer göze bolýan, «ýalan» işdir. Munuň özi etmek däl, eden bolmakdyr. Özüne boýun bolmak has çynlakaý zat bolup, munuň üçin döwülmek, tüýsüňi, içki barlygyňy özgertmek gerekdir. Bu inçe hadysany bir tymsal bilen düşündireýin. Aýdaly, seniň öňüňde belent dag dur, seniň wezipäň şol dagdan geçmek diýeli. Bagdan aşmak seniň ýeňşiň bolýar diýeli. Seni dagyň o tarapynda görenler ýeňşiňi ykrar etmeli diýeli. O tarapa düşmegiň iki ýoly bar: sen ýa-ha kösenip, emgek baryny görüp, belent, kert gaýalardan janyň suw üstünde bolup geçip, o tarapa çykmak, ýa-da sen köpräk wagtyňy ýitirip, dagyň daşyndan aýlanyp, şol ýere barmaly. Ine, özgä boýun bolmak – daşyndan aýlanmak, özüňe boýun bolmak – üstünden geçmekdir. Elbetde, ikinjisi kyn, ýöne ol hakyky ýeňişdir, gutarnyklydyr we jedelsizdir. Elbetde, birinji aňsat, ýöne ol çyn däl-de, çynaberimsizlikdir, daşyndan dogry ýaly, içinden bolsa – ýalanlykdyr. Şahsyýetiň akyl hereketiniň edebine öz bolşuňy mydama gözegçilik astynda saklamak şerti girýändir. Akylyň gözegçiliginiň aýrylýan ýerinde edep hem ýitýändir. Şahsyýet öz öňünde edýän hereketleri üçin jogap okamalydyr. Şonda ol özgäniň öňünde jogaby taýýar kişi, özgeleriň öňünde müýnsüz kişi bolar. Akyla eýer, soňundan ökünmeli boljak hereketlerden saklanmagy başar! Elbetde, nebis öz hözirine bakyp, seni her hili nämynasyp işlere iterjek bolar. Şonda sen akyla we ahlaga daýanyp, diňe soňy rahatlyk we müýnsüzlik bolan işleri ýerine ýetirersiň. Her iş etseň, akyla we ynsaba geňeşip et! Akyl bilen ylalaşmasaň, soňundan puşman edersiň, ynsap bilen ylalaşmasaň, soňundan güzaba galarsyň. Akyl – Allanyň gözüdir, ynsap – halkyň gözüdir. Ynsap özüňe etmejek işiňi özgä-de etmezlikdir. Özüňe etmejegiňi özgä etseň, özgelerem sen babatda şo hili bolarlar, onsoň sen olaryň öňünde ýüzsüz, delilsiz we aklamasyz bolarsyň. Ynsap ýüregiň içki emridir. Bir nälaýyk, gelşiksiz iş edersiň, belki-de, hiç kim görmez, hiç kes aňmaz. Başda oňadam ýalydyr. Emma, eden işiň aňlamasy ýuwaş-ýuwaşdan içiňe ornap, kalbyň çuňlugynda nägilelik, närazylyk we makullamazlyk duýgulary gelip ugrar. Bu duýgy gitdikçe güýçlenip, seni ruhy we ahlak ynjysyna salar, soňabaka ahwalyň hasam kynlaşar. Sen öz-özüňe igenip, öz-özüňi ýekirip, öz-özüňi kötekläp, özüňe özüň jeza berersiň. Bu – ynsabyň möwjüdir. Şahsyýet iki tarapdan – akyl bilen ynsap tarapyndan goragly bolanda, edebe taýýarlykly bolar. Bu goraglaryň güýçlüdir, çünki biri Allanyň, beýlekisi halkyň goragydyr. Edepli şahsyýet üçin Hak hem, halk hem diňe daşky zatlar bolman, eýsem, içiň hökmürowanlarydyr. Onuň akyly Ýaradanyň ölçegleri boýunça ýaşar, ynsaby-da halkyň ýörelgelerini goldanar. Akyl bile ynsap bolsa – daşda däl, içdedir. Kämil şahsyýet daşarky gymmatlyklary özüniň janly içki ölçeglerine öwren şahsyýetdir. Islendik gymmatlyk diňe içe geçende, haýsydyr bir mana we ähmiýete eýedir. Daşda galýan zat gury howaýylyk bolar. Şahsyýete gapdalyndan baha bermegiň mähek daşy amaldyr. Amalsyzlyk diňe bir adamdan däl, gymmatlyklardanam göwnüň geçmegine sebäp bolýan şumlukdyr. Gymmatlyklaryň manydan we gadyrdan gaçmagy özgä et diýip, özüň etmezlikden başlanýandyr. Jemgyýetçilik ahlagynyň ýagdaýy şahsyýete baglydyr. Şahsyýet öz ädimlerinde gymmatlyklary puja çykarsa, bu iň ýaramaz zatdyr. Şonuň üçinem, akyldarlaryň kämillik ýörelgesi – özüňe bek bolmakdyr. Olar ile däl, ilki özlerine nesihat edýärler, ilki özlerini ynandyrýarlar, ilki özleri bilen jedelleşip, hakykatyň durnagöz kimin düýbüne ýetip, diňe şondan soň, özgä tarap ýüz öwürýärler. Şahsyýet edebinde kämilligi içinden gözlemek we içinde tapmak şertdir. Şahsyýetiň arassalygy özi tarapyndan gazanylýandyr. Hapysa bolsaň, ynjarlar, närazy bolarlar, gaçarlar, emma, sözüň ähli manylarynda arassalanmak diňe öz işiňdir. Bedeniňem, kalbyňam, ynsabyňam, ýüregiňem arassa bolsun! Ynsabyň görkezijisi utançdyr. Ynsap –jandyr, utanç – bedendir. Jan bolmasa, beden ölüdir. Eliň dyrnagyny ilden utanyp, aýagyň dyrnagyny özüňden utanyp almalydyr. Ilden utanyp, daşky eşigiňi, özüňden utanyp, içki geýimiňi tämiz saklamalydyr. Özüňden utanmagy endik etmeseň, ildenem utanmak diýen zady bilmersiň. Öz diýeniňi etmeseň, özgäň diýenini-de etmezlige endik edersiň. Akylyň bolmasa, Alladan gorkyny bilmersiň, ynsabyň bolmasa, ili sylamagy bilmersiň. Alladan gorkmadyk ölümden gorkar, ilden çekinmedik ryswalykdan gorkmaz. Alladan gorkan ölümden gorkmaz, ilden çekinen nebisden gorkar. Öz ynsabynyň we akylynyň synagyndan geçen, iliň içinde başyny dik tutup gezer. Rowaýat: Delili bir baýyň öýünde ogurlyk bolýar. Baýyň tyllalary ogurlanýar. Olary kim ogurlap biler? Baý ogurlygyň daşdan gelip edilmändigini, kimem bolsa öýdäkileriň biriniň ogurlandygyny aňýar. Ýöne, tutulmadyk, ogry däl. Näme etjegini bilmedik baý Ekber patyşanyň baş weziri Birbalyň ýanyna barýar: – Eý, hormatly Birbal, seniň ugurtapyjylygyň äleme doldy. Seniň bilmeýän zadyň ýok diýýärler. Onsoň, ine, menem senden kömek sorap geldim. – Aýdyber. – Aýtsam, öýümdäki tyllalarym ogurlandy. – Güman edýän adamyň barmy? – Eý, hormatly wezir! Men ogurlygy hyzmatkärlerimiň biriniň edendigine ynanýaryn. Ýöne haýsynyň edendigini takyk bilmeýärin. – Bolýar, men bir usuly ulanyp göreýin. Meniň ol usulym öňki gezekler-ä takyk çykypdy. Sen öz hyzmatkärleriň ählisini meniň ýanyma getir. Hyzmatkärler alty sany eken, olar Birbalyň dergähine gelýärler. Birbal alty sany des-deň kesilen samany olaryň öňünde hatarlap goýýar. – Ine, deň ululykdaky alty sany saman. Görüň. Samanlar deňmi? Hyzmatkärler barmakboýy alty sany samany içgin synlap, jogap berýärler: – Altysam des-deň. – Hany, onda heriňiz birini alyň. Hyzmatkärleriň hersi bir samany alýar. – Baýyň tyllasyny biz, nesip bolsa, ertir bileris. Häzir her biriňizi aýratyn otagda ýatyrjak. Ertir irden meniň ýanyma gelersiňiz we eliňizdäki samany görkezersiňiz. Tyllany kim ogurlan bolsa, şonuň elindäki saman bäşden bir öser. Kimiň elindäki saman beýlekileriňkiden uzyn bolsa, ana, şol adamyň hojaýynynyň tyllasyny ogurlandygy. Şol hyzmatkäre hem ertir jeza bereris. Hyzmatkärleriň her birini aýratyn otaga salýarlar. Baýyň tyllasyny ogurlan biraz samsygrak bolýar. «Ertir Birbal meniň syrymy bilmez ýaly, men bu samanyň bäşden bir bölegini döwüp aýraýyn» diýip, ol hyzmatkär pikir edýär. Pikir edişi ýaly samanyň bäşden bir bölegini döwüp aýyrýar. Ertir alty hyzmatkär samanyny Birbalyň öňünde goýýar. Tylla ogurlanyňky beýlekileriňkiden bäşden bir gysga. * * * Şahsyýet üçin esasy zat ynsap duýgusydyr. Bu duýgy ony ähli ýerde halas eder, abraýly eder. Utanç – ynsap duýgusydyr. Geýinmek, naharlanmak, sözleşmek, işleşmek, gatnaşmak edebiniň ähli şertlerini berjaý etmegiň-de içki şerti utançdyr. Utançly adam owadan, tämiz, laýyk we gelşikli geýner, çünki utanç duýgusy oňa içinden adamlaryň keýpini bozmajak bolsaň, şeýle-şeýle geýin diýip salgy berer. Utanjaň adam edepli, usully hem arassa naharlanar, çünki utanç duýgusy oňa içinden iliň duýgusyny ynjytmajak bolsaň, şeýle-şeýle boluşda naharlan diýer. Utançly adam sypaýy, hoşgylaw hem süýji sözleşer, çünki utanç duýgusy oňa içinden morta, gödek söz bilen kalplary ynjytma diýer. Utançly adam ynsaply işleşer, çünki içinden oňa utanç duýgusy işini özgäň üstüne atmak haramlykdyr diýip seslener. Utançly adam özgeler bilen edepli gatnaşar, çünki utanç duýgusy oňa içinden biedeplik dünýäni betnyşanlyga eltýändir diýip seslener. Adamyň akyly gaýyk kimindir, zehin atly küregi bolmasa, gaýyk butnawsyzdyr. Adamyň ynsaby jan kimindir, utanç atly dili bolmasa, jan owaz edýän däldir. Kämil şahsyýetiň sypatlary şulardyr: Göwni diňe haýyr işe hyýal eder. Elleri diňe haýyrly işiň başyny tutar. Aýaklary diňe haýyrly ýola gadam urar. Başynda diňe oňat pikirler gopar. Dili diňe ýagşy sözleri sözlär. Gözi diňe ýagşylygy gözlär. Gursagynda gözel duýgular bolar. Öňünde haýyrly maksady, yzynda sogap işleri, sagynda ýagşylygyna guwanjy, çepinde eden ýalňyşlyklaryna ökünji ýörär. Bagtyň girewi edepli pikirlere, edepli sözlere we edepli hereketlere endik etmekdir. Edepli ýaşamagy endik edinseň, ömrüň sapaly geçer. Biedeplik ynsap gülüni guradar, akyl daragtyny çüýreder. Gözleriň mydama özüňde bolsun. Özgede kiçijik kemçilik görseň: «Bu mende-de barmyka?» diýip pikir et. Şonda özüňde has uly kemçiligiň bardygyny görersiň. Ilki özüňe gara, soň özgelere! Akyl bagtyň kepili, ynsap kämilligiň güwäçisidir. Ynjamaýyn diýseň, ynjytma! Akylyň diliňe, ynsabyň eliňe, ahlagyň aýagyňa gözegçilik etmese, rahatlyk hem hözir tapdyrmaz. Eliň egri, aýagyň egri, diliň egri bolsa, ýörejek ýoluň çarkandakly bolar. Akylyň hem ynsabyň bilen nebsiňi öldürseň, rysgal-döwletiň özi üstüňe geler. Bagta garaşma, onuň üstüne bar, şumlugyň özi gider öýtme, onuň üstüne akylyňy hem ynsabyňy küşgür. Ynsaply adam özüniň ynsabyndan minnet çekýändir. Özüniň ynsaplydygyny bilýän kişä özge lezzet gerekmez. Özüniň ynsaplydygyny bilýän kişini dyza çökerip bolmaz. Güýç – halallykdadyr. Halaldygyny bilýäni gorkuzybam bolmaz, ürküzibem, ejizledibem bolmaz, boýun egdiribem. Halallyga ýeten – ýeňilmezdir. Ol uruldygyça güýçlener, ýenjildikçe, kuwwata geler. Ony ýok edibem bilmezler. Onuň bedenini ýok etseň, ruhy müň esse güýçli garşydaş bolup, ýagysynyň başyndan iner. Kämillik – öz-özüňi çäklendirmegi başarmakdyr. Özüňi çäklendir, şonda dünýä seniňki bolar. Kämil çykmak isleseň, özüň bilen dalaş, özüň bilen tutluş, özüň bilen garpyş. Özüňi gözle, özüňi tap, özüň bolmasaň, giden dünýäň näme manysy bar?! Şahsyýet edebi – adam bolmakdyr. Adam bolmak – özüň bolmakdyr. Özüň bolmak – gaýtalanmazlyk, öýkünmezlik, özgäň ornuna we derisine girmezlikdir, ýasama hem emeli bolmazlykdyr. Özüň bolmak – şänik däl, maňyz bolmakdyr, harpyk däl, çäç bolmakdyr, gabyk däl, kösük bolmakdyr. Ömrüň ahyrynda: «Özüm bolup ýaşadym!» diýmek, bagtdandyr. Gaýtalamaň we gaýtalanmaň! Göwün bossanynda biten ynsap gülleri gaýtalanýan we gaýtalaýan däldir. Ruhnama. II kitapdan. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |