22:59 Türkmen ýigidi nähili bolmaly?! | |
TÜRKMEN ÝIGIDI NÄHILI BOLMALY?!
Pedagogika we edep-terbiýe
Türkmen öz medeni gymmatlyklar ulgamynda nusgalyk adamyň şahsyýetini döredip bilen halkdyr. Biziň beýik nusgawy edebiýatymyzy okap gör! Türkmen dessanlarynda-da, şadessanlarynda-da, türkmen şygryýetinde -de sen bir şahsyýetiň – mert, merdana kişiniň merkezde durandygyny görersiň. Ýaşlykdan dünýä edebiýatynyň dür däneleri bilen içgin tanşyp, men öz aýratynlyklary boýunça iki hili edebiýat bar diýen netijä geldim. Bir hili edebiýat bar, ol durmuşy agyr, ýaramaz, göze we göwne ýakymsyz halda görkezmäge ýykgyn edýär. Başga bir hili edebiýat bar, ol durmuşy görkezende, adama nähili ahlak ýörelgeleri bilen ýaşamagy-da salgy berip bilýär. Ol ýöne bir näme we nähili diýen meseläni goýanok, ol näme bolmaly we nähili bolmaly diýen sowala jogap bermegiň hötdesinden gelýär. Biziň edebiýatymyz ikinji hile girýän edebiýatdyr. «Edebiýat» sözüniň düýp manysy şonuň ýalydyr. Edebiýat – edepler ulgamy diýmekdir. Adamy ýaşaýşa höweslendirmek, onuň ruhuny joşdurmak ýöne-möne zat däl, öz-özünden bolaýýan zat däl. Munuň üçin edebiýata ruhy daýanç nokatlary gerekdir. Biziň nusgawy edebiýatymyzyň ruhy daýanç nokady türkmeniň ruhy gymmatlyklar ulgamydyr. Adama ýöne öwüt-ündew berip, eýt-beýt diýip höwesini, hyjuwyny, ruhuny oýandyryp bolmaýar. Munuň üçin milletiň tebigy suratda kemala gelýän ahlak pelsepesiniň, ruhy gymmatlyklarynyň esasly we paýhas delilli ölçegleri talap edilýär. Biziň nusgawy şahyrlarymyz üçin ruhy hem akyl daýanç nokady bolan iki sany gymmatlygy agzamak ýeterlikdir. Olaryň birinjisi Alladyr, ikinjisi halkdyr. Şu iki gymmatlyga gatnaşyk esasynda adam durmuşda akyl tarapyndan esaslandyrylan ruhy-ahlak, ýagny edep ýörelgelerini edinip bilýär. Her bir aýdylan pikir, her bir çagyryş adama ruhy hörek bolup bilmeýär. Ruhy hörek – islendik adamy ynandyryp biljek akyl delillerine esaslanýan pikir gymmatlygydyr. Ýazyjy diňe durmuşy suratlandyryp, ýöne şol durmuşda adam şekilli nädip we nähili ýaşamagy görkezip bilmeýän bolsa, beýle edebiýata ruhy hörek diýip bolmaz. Sen pylan hili adam diýýän ýazyjy hakyky ýazyjy däldir, sen pylan hili ýollar bilen şeýle-şeýle beýik adam bolup bilersiň, bolmalysyň diýip bilýän ýazyjy hakyky ýazyjydyr. «Ýoluňda petik bar» diýýän adam akyldar däldir, «Petik bolup görünýän – aslynda ýagtylyga alyp çykjak yşdyr» diýip bilýän kişi akyldardyr. Aja: «Sen aj-ow» diýýän sahawatly däldir, ajyň gamyny doýrup bilýän sahawatly kişidir. Nusgawy edebiýatymyzyň beýikligi adamçylyga barýan ýollary görkezip bilenliginde, kalby aç kişilere ruhy hörekler berip bilenligindedir. * * * Türkmen edebiniň ulgamynda erkek kişiniň edep kadalary, erkek bolmagyň edep şertleri giňden beýan edilendir. Muňa gerçeklik edebi diýilýär. Gerçeklik edebi erkek kişiniň durmuşda özüni alyp barşynyň şertlerini öz içine alýar. Bu şertler ruhy-ahlak kadalaryň toplumy bolup, olaryň ýerine ýetirilmegi netijesinde şahsyýetde gerçeklik sypatlary kemala gelýär. Gerçeklik edebiniň birinji şerti – ruhubelent bolmakdyr. Adamyň ruhy edil beýik daglar ýaly, edil tug kimin belentde bolmalydyr, Daglar Allatagalanyň ýaradan iň beýik gudratlarynyň biridir – ene Ýeriň arkasynda oturany üçin belentdir. Tug adam eli bilen dik asmana galdyrylýandygy üçin belentdir. Eýsem, adamyň ruhy näme mynasybetli belent bolmaly? Bu ýerde iki sany daýanç, iki sany esas bardyr. Ol esaslar türkmeniň milli pelsepesinden gelip çykýar. Birinjisi – Hudaýa bolan ynanç, ikinjisi bolsa, halka bolan ynamdyr. Hudaýa ynanç bize şeýle diýýär: Hudaý adamy belli-belli maksatlar üçin ýaradypdyr, dünýäde hiç bir zat tötänlik däl. Dogulmagam, ölmegem Allanyň göz öňünde tutan kanunalaýyklygydyr. Özi ýaradany üçin, ömür bereni üçin, ýagşy hem ýaman ýollary görkezip, ýagşy ýola düşeniň ýalkanjakdygyny, ýaman ýola gidene azap beriljegini aýdany üçin, sen öz ömrüňi ahlakly ötürmelisiň. Allanyň iň söýýän ahlagy bolsa – ruhubelentlikdir. Kyn güne düşeniňde peselmeseň, ýeňil günüňde eselmeseň, munuň özi ruhubelentlikdir. Eselmersiň – çünki, Hudaýa ynanýansyň, peselmersiň – çünki, Hudaýa bil baglaýansyň. Bu bäş günlük dünýäde gaýgy-gama ulaşyp, sähel işi dert-alada bilip oturmak gerçek ýigide uslyp däldir. Gola gelen döwrany mynasyp ötür! Has uly gymmatlygyň – Ýaradanyň bardygyna ynanan ynsan durmuşyň geldi-geçer ýalpyldysyna göwün bermez, durmuşyň geldi-geçer kynçylyklarynyň öňünde müzzerilmez, bulary owunjak zat hasaplar. Ol diňe şu güni, şu pursaty bilen ýaşamaz, ol ertirine-de sereder. Ol durmuş atly üznüksiz heňňamyň daşyna çykyp, gündelik aladajyklaryň juda-juda ownuk görünýändigine göz ýetirer. Ol şonda göwün diýilýäniň bir kiçijik guşdugyna, ony kanagatlandyrmak üçin bary-ýogy guşuňky ýaly ujypsyz zadyň-da ýeterlikdigine göz ýetirer. Öz-özünden dert tapynyp, sähel işi gam bilip, göwnüçökgünlige ýüz urup, sussupes bolmak gerçege gelişmez. Wagtyňam, rysgalyňam, ömrüňem Alla tarapyn berilýändigine ynanan kişi, Allanyň hereketi, jäht etmegi halaýandygyna ynanan kişi ruhubelent bolar, çünki ol göwnüni giň tutar, gaýa-gopuzyň ýokdugyna düşüner. * * * Gerçek ýigit halkyna ynanar. Bu ynanç ony ýekelikden, ýadyrgamakdan, ilden nägile bolmakdan halas eder. Uly ilde Allanyň ady bardyr. Gerçek ýigit iliň götermejek işini etmez. Il-gün türkmen ýigidi üçin ölçeg birligidir. II bilen gatnaşykda ýaşamak onuň üçin toý-baýramdyr. Oňa başga närse gerekmez. Uly iliň adyna aşyk bolanyň ýüreginde gam bolmaz. Ol her gezek ädim ädende, şeýle diýip pikir eder: «Hudaýa hoş gelermikä? Il-günüň göwnüne ýararmyka?!» Il-gün – edep terezisidir. Allanyň halamajak işini eden imansyz, il-günüň halamajak işini eden ryswa bolar. Gerçek ýigit her pursatyny şadyýanlykda, keýpiçaglykda, ruhy sapada geçirer. Gerçegiň gaýgy-gamy bir pursatlyk, şadyýanlygy ömürlik bolar. Gerçek adamlar mähriban bolar, her görenini ýitirip-tapan ýaly garşylar. Gerçek gussasyny özüne, şatlygyny iline berer. Gerçek aýbyny özünde saklar, ondan saplanjak bolup çalşar, şeýtse, özgeleriň gözüne kämil gömer. Sen eleşan eşdildi, hapysa bolup, il içine çykmarsyň, eýsem, sen öz kalbyň, ýüregiň, göwnüň hapysa, eleşan görünmegini-de islemersiň ahyryn?! Sen öz gözüňe özgeleriň diňe owadan hem oňat görünmegini isleýärsiň, eýsem, özüňi-de iliň şeýle halda görmek isleýändigi hakda pikir etmeýärmiň?! Özgäni sussupes, gaýgyly, perişan halda göreniňde, saňa ýakymly däldir, eýsem, seniň şo halda bolmagyň ile-de ýakymly däldigini oýlanýarmyň?! Gerçek ýigidiň mydama ýüzi-gözi gülüp durandyr, nuranadyr, keýpiçagdyr. Öz keýpiçaglygy bilen özgäniň-de göwnüni açar. Şonda göwün göwünden suw içip, durmuş gözelleşer, adamlar biri-birine mähriban hem mylakatly bolarlar. Gerçeklik edebiniň ýene bir şerti – namysjaňlykdyr. Namysjaňlyk gaýrata baglydyr. Namysjaňlyk Allanyň we iliň öňündäki arassalygyň, päkligiň we çirksizligiňdir hem-de olary gorap bilmek dogumyňdyr. Töwekgellik, batyrlyk, ugurtapyjylyk hakda gürrüň gidende ejemiň Agöýli serdar hakda aýdan bir wakasy göz öňümde janlanýar. Agöýli serdar Nedir şanyň goşunynda kesearkaçly ýigitlere serdarlyk edipdir. Bir gezek agyr ýagdaýa düşüpdirler. Garşydaşlarynyň goşuny iki-üç esse artyk eken. Muny gören esgerleriň howy basylyp ugrapdyr. Nedir şa hem onuň serkerdeleri howsala düşüpdirler. Yza gaçmak – masgaraçylyk. Esgerlerde ynam bolmasa-da, ýeňiş gazanmak kyn düşer. Maksat aýdyň: diňe ýeňmeli. Agöýli serdar öz kesearkaçly ýigitleriniň ýanynda duran ýerinden ähli ýagdaýy synlapdyr. Birdenem, töwekgellik etmegi ýüregine düwüpdir. Ol atyny gorduryp, Nedir şanyň serkerdeleriniň üýşüp duran ýerine barypdyr. Agöýli serdarda köne bir dinar bar eken. Ol goltugyndan dinary çykaryp, adamlara görkezipdir: – Adamlar, ah-ow, adamlar, meni diňläň. Men häzir bije atmakçy. Şu dinary ýokary zyňaryn. Eger dinaryň goçly tarapy ýerde ýokary bolup ýatsa, onda Allanyň bizi ýalkajaklygy. Eger ýazgyly tarapy ýokary bolsa, onda Allatagalanyň o tarapdalygy. Kimiň ýeňjekdigini Allatagala çözýär. Serkerdeler bir zat diýmäge ýetişmeýär. Dinar eýýäm ýokary zyňylypdy. Adamlar dinaryň zyňylan tarapyna eňdiler. Birdenem, gowur al-asmana galdy. – Alla bizlik! – Biz ýeňýäris! – Goçly tarap ýokary boldy. – Nedir şa ýeňýär! Agöýli serdar dinarynyň gumuny kakyşdyryp, goltuk jübüsine salypdyr. Nediriň Agöýli serdaryň bu özbaşdaklygyna biçak gahary gelipdir. Ol Agöýli serdary jezalandyrmak üçin ýerinden turupdyr. Adamlaryň duşmanyň üstüne ýeňmek üçin dyzap gygyryşyp duruşlaryny görüp, Nedir şa Agöýlini jezalandyrmagy soňa goýup, söweşi başlamaga yşarat edipdir. Şeýle bir gazaply darkaş bolupdyr. Darkaşda kesearkaçlylar çäksiz gahrymançylyk görkezipdirler. Deň bolmadyk darkaşda Nedir şa üstün çykypdyr. Ýeňişden soň Nedir şa Agöýli serdary ýanyna çagyrypdyr: – Edýäniň näme seniň? Kim saňa bije at diýdi? Agöýli serdar dymypdyr. – Goşunda her kim kellesine gelenini etse, o nähili bolar? Dinaryň ýazgyly tarapy ýokary bolan bolsa näderdiň? Men seni jezalandyrjak. Agöýli serdar jübüsinden hälki dinary çykaryp, Nedir şaga uzadypdyr. Nedir şa görse, dinaryň iki tarapynda-a goçuň şekili bar eken. Nedir şa dinary synlap, uludan demini alypdyr: – Men aýtdym, sen eşitdiň. Men seni barybir jezalandyrjak. Ýöne bu gün däl. Ýigitlerimiz, goý, bu gün dynç alsynlar. Hiç wagt aýdan sözüni yzyna almaýan Nedir şa Agöýli serdary jezalandyrmak baradaky günüňiň üstünden şol günüň ertesem, soňam barmandyr. Namysjaň bol, zat üçin, mal-mülk üçin, wezipe hem şöhrat üçin mertebäňi aýak astyna taşlama! Namysjaň bol, bähbit göreýin diýip, adamçylykdan, abraýdan mahrum bolma! Namysjaň bol, illere ýeňsäňden gybatyňy etmäge, üstüňden güldürmäge pursat berme! Eşigiň gözel bolsun, namysyň-da gözel bolsun, namysyňy betnyşan etmegiň hatyrasyna gözel eşik geýmek gözellik däldir. * * * Gerçek namysjaňlygy: – başyňy dik tutup, il gözüne arkaýyn bakmak; – öňýeteniň gepini çekmezlik; – bähbidiňe, nebsiňe gul bolmazlyk; – başa iş düşende, namartlyk etmezlik; – adamçylyk mertebäňi ýitirmezlik; – mes ýaşaýyn diýip, peselmezlik; – zat üçin özüňi satmazlyk; – zat üçin nebere, dogan-garyndaş namysyny basgylatmazlyk; – baş bermek, emma mertebäňi bermezlikdir. Gerçek ýigit jomart bolýandyr. Jomartlyk il-güne söýgiňi subut etmegiň iň ynandyryjy ýoludyr. Jomart bol, çünki, günlerde bir gün ýaşaýyş seniň özüňi jomartlyk bilen ölümiň eline berip goýberer. Jomart bol, çünki, Alla saňa jomartlyk bilen ömür berendir. Jomart bol, çüriki, bereniň özüňde galar, bermedigiň – ýitip gider. Özüňde galýandygynyň sebäbi – ömrüňde-de, öleniňden soňam jomart adyň galar, ýitip gidýänliginiň sebäbi – sende nämäniň bardygyny özüňden başga hiç kim bilmez, özüň bolsa, öňi-soňy ýiter gidersiň. Gysgançlyk – imansyzlykdandyr. Aslynda bar zat Allanyňkydyr, zat – baýlyk diňe wagtlaýyn seniňkidir. Gysgançlyk – zat hemişelik meniňki diýip dawa tutmak, Allanyň barlygyna şek ýetirmekdir. Jomartlyk – seniň özüňiňem, seniň zadyňam Allanyňkydygyny ykrar etmekdir. Wagt höküm sürýän dünýäde hemme zat, baýlygam sergezdandyr, elden-ele, atdan-ada geçýändir. Şu hakykaty ykrar etmedik – gysgançlyk etmek – Hudaýa ynanmazlykdyr. Hudaýdan alanyňy halka ber, halkdan alanyňy – Hudaýa ber. Abraý, ýagşy at bakydyr. Zadyňy terekä salarlar, abraýyňy Alla-da almaz. Diňe eliň däl, köňlüňem jomart bolsun! Ilden ýagşy sözüňi, güler ýüzüňi, açyk göwnüňi gysganma! Iň gysganç adam – ilden salamyny gysganýan adamdyr. Alla bilen adamsyň, il-gün bilen kişisiň. Berip bilýärkäň bermeseň, almaly günüň hem alyp bilmersiň. Ýagşy iş eliňden gelmese, göwnüňde ýagşy niýetiň bolsun. Işiň hemişe niýetiňe görädir. Dünýäni Niýet atly hökümdar Iş atly hyzmatkäri bilen dolandyrýandyr. Janyň – Ýaradandan, şanyň – halkdandyr. Alanyňda – bir eliň bilen al, bereniňde – iki eliň bilen ber. Uly bolsaň, iki eliňi uzadyp, kiçi bolsaň, bir goluňy uzadyp salamlaşylýandyr. Öýke-kine etmek köňül husytlygydyr. Dünýä – dowamatdyr, abraý – bakyýetdir. Öter dünýä üçin ötmejek abraýyňy satma! * * * Türkmen gijesi-gündizi ýelip-ýüwrüp, hallan atyp, birini iki, ikisini üç etjek bolup, sermenip ýören halk däldir. Aýdylan janly diýer, sadaka diýer, ile berip, il bilen iýer. Toý diýer, tomgy diýer, bahana tapsa, il üýşürip, bagşy aýtdyryp, şady-horramlyk kylyp, il bilen bile iýer. Oguz han atamyza bakyň: ol her bir ýörişden gaýdyp geleninden soň, her bir şanly seneden soň uly toý tutup, ulus-ilini jem edip, şalyk sowgat-serpaýlaryny, mertebeli atlary, ýurt-ýer paýlapdyr. Gorkut atamyz her bir ýeňişden soň, ili jem edip, toý tutup, şatlyk kylyp, ýagşy namalaryny aýdypdyr... Görogly beg her bir saparyndan geleninden soň, külli Çandybil ulsuny çagyryp, toý tutupdyr, mülk, ygta, şalyk serpaýlaryny paýlapdyr. Ata-babalarymyzyň bu ýagşy däp-dessurlaryny biz hem dowam etdirýäris. Sahylyk – türkmeniň ganynda bar bolan häsiýetdir. On dördünji asyrda Ürgenje (häzirki Köneürgenje) gelen jahankeşde alym: «Başga ýurtlarda her kim baýlyk toplap, emläk edinip, biri-biri bilen bäsleşse, bu ýerde myhman alyp, aş-nan berip, zyýapat kylyp, jomartlyk etmekde bäsleşýärler» diýip ýazypdyr... Hatam Taý Muhammet pygamberimiz zamanyndan ozal ýaşap geçen taryhy şahs. Onuň jomartlygy baradaky hekaýat äleme dolýar. Hatam Taý sahy türkmen halkynyň sahylyk babatda buýsanjyna öwrülýär. Ol hatda dilegçä kellesini hem berip bilýän jomart kişi. Türkmen halky sahy, jomart, tarhandöker halk, sebäbi ol jomart, sahy topragyň ogly! Şa sahawatly türkmeniň mele topragyndan misil alyň, toprak az alyp, köp hasyl berýär. Derýalardan misil alyň, olar mydama akyp ýatandyrlar, eger olar akmasa, sadyr atar, kereplär... Daragtlardan misil alyň, Gün gyzyp başladygy olar ýapraklap, adam balasyna saýa salar, Günüň howry gaçyp, ynsana Günüň nury gerek bolup ugradygy olar ýapraklaryny döker. Ýagşy sözler, bugdaý sözler, röwşen sözler derwiş ýaly köňülden köňle göç eýläp, baran ýerine aram-karar berer, pähim berer. Biribar Ybraýym pygamberden: – Ala-böle seni azyzlanymy bilermi sen? – diýip sorapdyr. Pygamber: «Ýok» diýip, jogap beripdir. – Sen göwne degýäniň däl-de, göwne degilýäniň ykbalyny saýlap aldyň, ine, şonuň üçinem, seni gowy görýärin. Türkmeniň ganynda ejize hossarlyk har. Goý, ol tanyş bolsun, nätanyş bolsun, ezilýäni, ejizi görse, türkmen ähli zerur işini bir gapdala goýup, şol ejize, ezilýäne kömek-ýardam berer, hossar çykar. Bu türkmene mahsus häsiýet. * * * Seýis görmedik at şindi at däldir, haçan-da onuň seýsi duşsa, ol ganatlanyp, ajaýyp gudrata öwrüler. Halypa görmedik bagşy bagşylyk etse edibersin, barybir, ol halkyň ýüreginden orun alyp bilmez. Nahaly ekeniň bilen bag ýetişäýmeýär, bagban ony gyrkar, çyrpar, timarlar, owadan görnüşe salar, onsoň onuň miwesi hem ullakan, hem datly bolar. Daglardan, magdan känlerinden tapylan almaz göwher däldir, ol bary-ýogy almaz daşydyr. Ony ýuwup, rejeläp, timarlap, köp-köp azap bilen göwhere öwürýän zergärdir. Biziň her birimiz özümiziň zergärimiz, halypamyz, seýsimiz bolup, gylyk-häsiýetlerimizi timarlaman, ýagşy adam bolup bilmeris. Allatagala ynsanyň takdyryny, täleýini, ykbalyny maňlaýyna ýazan-da bolsa, ol syry paş edip, takdyr ýasaýan gylyk-häsiýetlerimizdir. Derýa baryp, nan atyň, balyk biler, balyk bilmese, Halyk biler, emma içinde çeňňek bolmasyn, eýwana çykyp, guşa-gumursa däne sepiň, emma daşynda tor bolmasyn, mydarna mätäje kömek ediň, emma yzynyň minneti bolmasyn. At-abraýy, mertebäni pul döküp, ýa berim bilen alyp bolmaýar, ýa zor bilen güýje baýrynyp alyp bolmaýar, hile bilen, pirim gurup alyp bolmaýar. Onuň ýekeje ýoly bar, diňe ýagşy adam bolmaly! Saýaly agaç diýerler, miweli agaç diýerler, daragtlary ikä bölerler, emma miwesiz daragt ýokdur, miwesiz daragtlara tebigat boý beripdir, ynsana saýaňy sal diýip... Watany hak aşyk bolup söýüň, söýgiňiz size näme etmelidigini salgy berer! Söýülýän hak aşyk bolup söýüň, söýgiňiz size näme etmelidigini salgy berer! Söýülýänler garramaýarlar, goý, diýarymyz mydama nowjuwan bolsun! Söýülýänler eziz bolýarlar, goý, diýarymyz bize ezizimizden hem eziz bolsun! * * * Mähribanym! Türkmençilik – halkyň, iliň-günüň bähbidini araýan demokratik düzgünlerdir. Türkmençilik – halkymyzyň öz milliligine mahsus demokratiýasydyr. Türkmen demokratiýasy taryhy-geografik ýaşaýşy birmeňzeş bolan beýleki halklar üçin hem nusga alarlykdyr. Türkmençilik – türkmen häsiýetiniň gözbaşydyr. Türkmençilik – gerçek bolup ýaşamagyň kada-kanunydyr. Türkmen hemişe özüni lebzi halallyk, ýaşulyny sylamak, ýaşkiçä hormat goýmak, geçirimliligi, birek-birege bolan ynamy, türkmen paýhasy bilen öz türkmençilik häsiýetini döredipdir. Bu häsiýet nesilden-nesle geçip, türkmeniň milliligine ornapdyr. Bir agza bakmak, bir patyşa, bir hana gulluk etmek, bir aksakgaly diňlemek ata-babalarymyzyň oňat häsiýetleriniň biri bolupdyr. Aňrymyz baryp otparazlyga uýan döwürlerinde hem agzybirligi türkmençilik häsiýetine siňdiripdir. «Awesta» kitabynda şeýle pikirler bar: – Gözbaşlar jemlenende, hana çuň we uzyn bolýar. – Ýumulan barmaklar güýçli ýumruk döredýär. – Agaç kök uran ýerinde miwe berýär. Ata-babalarymyz yslam dinini kabul edenden soň bir agza bakmagy, bir patyşa, bir hana gulluk etmegi, töre-aksakgallary diňlemegi has çuňlaşdyrýarlar. Olar adyl patyşalary, hanlary Hudaýyň ýerdäki ilçisi hökmünde kabul edýärler. Oguz zamanynda oguz taýpalary bir oguz hanlygyna boýun bolýarlar, oguz ýörelgelerinden ýöreýärler. Gorkut ata döwründe hökümdarlar Taňrynyň nazar salan adamy – başyna döwlet guşy gonan adam hasaplanypdyr. Ata-babalarymyz sözüne-lebzine halal bolupdyr. Hiç haçan ýalan sözlemändir. Bir zady söz berse, soň hiç bir ýagdaýda-da sözünden dänmändir. Şonuň üçin il arasynda: «Jan hem agyzdan çykar – lebiz hem» diýilýär. Türkmen halky yslamy täze eýýamyň deňme çenli göterdi. Geçmişde türkmenleriň yslamy goraýşy hakda gaty köp ýazgylar galypdyr. Taryhçy Ryza Nurdan ýekeje mysal getireýin: «Türkmenler ilkibaşda yslam dinine gazaply garşylyk görkezipdir. Onunjy asyrda türkmenler yslam dinini doly kabul edipdirler. Türkmenler musulmanlygy kabul eden wagtyndan başlap, yslamyň din gylyjyna öwrüldiler. Şol wagta çenli Ýewropa bilen Hytaýyň arasynda köpri ýaly bolup duran türkmenler orta asyrlarda bolup geçen haçlylaryň çykaran dini söweşlerinde ýewropalylaryň öňüni kesdiler, olaryň ýeňilmeklerine sebäp boldular. Ýewropalylaryň Aziýany basyp alma pikirini puja çykaranlar türkmenleriň ýeke özleridir. Türkmenler bu gaýduwsyzlygy, gahrymançylygy bilen yslam dinini, yslam dini bilen birlikde bolsa, arap kowmuny, onuň milli özboluşlylygyny ýok bolup gitmekden halas etdi. Eger şol wagt türkmenler bolmadyk bolsa, bu gün arabyň diňe bir dini däl, onuň ne dili, ne özi galardy. Ynha, dünýä söweşiniň birnäçe wakalary şuny tassyk edýär. Ýöne yslamyýeti gahrymanlarça şunça ýyllap gorap, hatda ony Hindistandan, Wena çenli ýaýradan türkmenlere, dindeşlerine hristianlaryň sapyna geçip, hyýanat edipdirler. Ýagny täzeden guralan haçlylaryň ýörişine Ehi Salibiň goşunynyň hataryna öz islegleri bilen goşulypdyr. Hakykatdan hem Aziýanyň iň batyr, güýçli, sagdyn, gaýduwsyz we başarjaň milleti türkmenlerdir. Aziýa diýlen wagty türkmenler olaryň gözüniň öňüne geliberýär. Aziýa syýasatyny we taryhyny bilmek üçin, hökmany suratda türkmenleri öwrenmek gereklidir. Türkmenler Ýewropanyň üstüne hunlar, parslar, awarlar, osmanlylar ady bilen çozup, rowaçlyk gazanypdyrlar. Ýewropalylaryň ganly ýörişlerini ýene-de türkmenler togtadypdyr. Anadoluda, Malazgirtde garaşsyzlyk söweşi bolmadyk bolsa, Aziýanyň işi gaýdýardy. Anadoly Aziýa üçin mäkäm bir gorag halkasy boldy. Ýewropalylaryň türkmenlerden nesilden-nesle geçip gelýän gorkusy bardy. Hindistanda, Müsürde bolup geçýän wakany hem iňlisler türkmenlerden görüpdiler. Hakykatdan-da, fransuzlara garşy Şamda çykan gozgalaňlarda esasy kynçylyk döreden Iskenderiň şäheriniň töweregindäki bir oýnam türkmen ýigitleridi. Nirede deňsiz-taýsyz ýeňiş gazanylýan bolsa, onda ol türkmenleriň işidir diýen ynam, gorky Ýewropa, Aziýa ýaýrapdy, türkmenler Ýewropanyň, Aziýanyň aňynda ýeňilmezek, beýik halk hökmünde ýaşaýardy». * * * Türkmen taryhynyň dördünji eýýamynyň döreden şahsyýet nusgasy – goç ýigitdir. Goç ýigit – ýokary ahlak sypatlary özünde jemlän şahsyýetdir. Oňa rehimdarlyk, kiçigöwünlilik, iliň bähbidi üçin ýaşamak, pespällik we ruhubelentlik mahsusdyr. Ol öz töweregindäkileri äsgermezçilik edenok, gaýta, öz bähbidini, öz isleglerini basyp, il bile ylalaşyga gelmegi başarýar. Şeýle ýigide türkmençe arkaly adam diýilýär. Türkmeniň ruhy dünýäsi goç bile gurdy, goýun bile möjegi gapma-garşy goýýar. Has giň jähetde aýdanyňda, munuň özi türkmeniň döwletsizlik eýýamynda durmuşda agalyk eden şahsyýet görnüşini – gurdy inkär etmekdir. Çünki ol şahsyýet özüniň dyzmaç meýilleriniň yzyna düşýär, özüniňkiden başga zady bilmeýär. Şeýdibem, uly iliň bähbidi we ary köýýär. Bu hili sypat, elbetde, göçme manyda gurda mahsusdyr. Ili hormatlamak – adamy, ýanyňdaky janly adamy hormatlamakdan başlanýar. Sebäbi il şeýle adamlaryň köplüginden emele gelýär. Il-gün ýöne bir howaýy düşünje däldir. Türkmen adam şahsyýetini hormatlamagy goç ýigidiň esasy sypaty hasaplaýar. Gurt ýaly bolmaly däl-de, goç kimin mert, goýun kimin parahatlyk söýüji, hoşniýetli bolmaly. Şonda adam hem, tutuş il hem döwlet tapar. Islendik manydaky döwletlilige ýetmek üçin şahsyýet öz-özüni çäklendirmäni, öz isleglerini agyzdyryklamany başarmalydyr. Türkmen türkmeni baýnatmaýan häsiýetiň biriniň hem kakabaşlyk, men-menlikdigine oňat göz ýetiripdir. Men-menlikden el çek, il bile bol, il oňlasa, atyňy soý, ii bile gelen toý-da-baýram, hatda horlansaňam, urulsaňam il ýagşy diýen pelsepe türkmeniň baş ýörelgesidir. Çünki diňe ili, halky şeýle jebis bitewülige öwünmek arkaly milleti ýokary göterip, döwlete ýetmek mümkin. Şeýle pelsepäniň taryhy durmuş tarapyndan şertlendirilendigini aýtmak gerek. Türkmen beýik döwletdir beglikler, hanlyklar eýýamynda şeýle pelsepäni ýöretmese-de ýöretmezdi. Çünki maddy, syýasy, harby taýdan güýçli hem gurnalan millet has hem ýokary galmagyň aladasynda ýaşaýar. Şahsyýet özüni çäklendirmek däl-de, özüni doly ykrar etmek barada pikir edýär. Hany, ol eýýam?! XVIII asyrda pessaý uçmaly, ýorganyňa görä aýak uzatmaly bolupdy. Indi milletiň içki ruhy düzüminde özgertme geçirmeli we ony täze gymmatlyklara ugrukdyrmalydy. Magtymguly türkmene mert ýigit nusgasyny berdi. Bu mert ýigit öňki eýýamlaryň mert ýigidinden düýpli tapawutlanýandyr. Indi onuň mertligi «Gorkut atadaky» ýa-da «Görogludaky» ýaly baş kesip, gan dökmek bilen ölçenilenok. Hatda eli gylyçly bolaýanda-da, gylyç oňa diňe goranmak üçin gerek. Ýöne oňa gylyçdan hem beter ahlak, ynsap ölçegleri gerek. Mertlik – durmuşdaky adam gatnaşyklarynyň hadysasydyr. Şahyryň mertlik düşünjesinde harby many ikinji orunda durýar. Bu, esasan, ruhy-ahlak düşünjesi we ruhy-ahlak gymmatlygydyr: «Mert çykar myhmana güler ýüz bile, namart özün gizlär, myhman ýoluksa». Akyldar türkmene mertligiň bir wagtky tarapyny açyp berýär. Ol – myhmansöýerlikdir. Mertlik – jomartlykdyr, ejizi goldamakdyr, ile azaryňy ýetirmän, öz derdiňi özüň çekmekdir. Jomartlyk hem ruhy, hem maddy manyda düşünilýär. Magtymguly türkmeniň Eflatunydyr. Sebäbi ol beýik ýunanly ýaly akyl ýetirmäniň, pelsepe ýöretmäniň baş usulyny – gapma-garşylykly pikirleri özara çaknyşdyryp, üçünji bir pikiri – hakykaty tapmak usulyny ussatlyk bile ele alan akyldardyr. Goýun – gurt, mertlik – namartlyk, husytlyk – jomartlyk, nebis – iman, akmak – akylly, dana – nadan ýaly gapma-garşylykly jübütler arkaly şahyr täze türkmene gerek pikir gymmatlygyny tapmagy başarypdyr. Mert – iliň adamy. Namart – bir özüni bilýär. Şeýdip, Magtymgulyda esasy gymmatlyk bolup il-gün, il-günüň bitewüligi hem-de jebisligi öňe çykýar. Beýik akyldar türkmeni agzybirlikden, syýasy bitewülik bolan döwletden daşlaşdyran gylyk-häsiýetler, düşünjeler barada köp oýlanypdyr. Erbetlikleriň çeşmesi adamyň içinde otyr diýen pelsepä gulluk eden şahyr şol içki erbetligi bir söz – «nebis» diýen söz bilen aňladypdyr. Nebis adamyň dosty ýaly bolup görünýär. Sebäbi ol adama – ýygna, ýygşyr, döwran sür diýýär. Emma ol muny wagtlaýyn – adam erkini eline alýança diýýär. Adam öz erkini dostsyraýan duýga – nebse berenden soň, ol uly hossa, adam başyny iýiji bela öwrülýär. Adam nebsiň guluna, nebsiň elindäki gurjaga we gurala öwrülýär. Mert, erkek adam – öz nebsine buýrup bilýän adamdyr. Mert nebsi hemişe-de özüne duşman saýar. Sebäbi hut nebis adamy ýakynlarynyň, köpçüligiň, jemgyýetiň duşmanyna öwürýär. Nebisden ýalňyz gaçybatalga – imana göwün bermekdir. Şahsyýet özüniň içki dünýäsini köpçüligiň gymmatlyklary, Allanyň gymmatlyklary esasynda gumanda, ol imanly bolýar. Imanly adamyň güýçli tarapy – oňa gizläre, bukara, utanara, çekinere hiç hili ýaramazlyk, erbetlik ýok. Ol içki, ruhy taýdan tämiz adam. Iman edinen adamda dünýä üçin, kynçylyk üçin hiç hili gam, hiç hili göwnüçökgünlik bolmaýar. Iman jemgyýet bilen sazlaşykly ýaşamagyň ajaýyp içki ruhy usulydyr. Magtymguly özünden öňki eýýamlaryň daşky göreşini adamyň içine saldy. Türkmen şahsyýetiniň baş göreş diýip öz-özi bilen, öz bikemallygy bilen göreşi hasap etmegini isledi. Sebäbi şahsyýetiň täze görnüşinde esasy sypat manalyk bolmalydy. Gadymy döwürde bir parasatly ulamanyň ýanyna ýaş ulama gelip, şeýle diýipdir: – Siz örän parasatly adam. Siz Allatagalanyň nazar salan kişisi. Ulama baş atyp, minnetdarlyk bildiripdir: – Seniň pikiriň dogry... Ýaş ulama çykyp gidensoň, parasatly ulamanyň ýanyna başga biri gelipdir. Ol ulama şeýle diýipdir: – Sen ýönekeý adam däl. Sen şeýtan. Şeýtanlyk gudratyň bilen adamlary özüňe imrindirmegi başarýarsyň. Parasatly ulama minnetdarlyk bildirip, başky sözlerini gaýtalapdyr: – Seniň pikiriň dogry... Parasatly ulamanyň ýanynda oturan kişi bu iki kişä berlen birmeňzeş jogaba geň galypdyr: – Men düşünmedim-le, sen gelenleriň ikisine hem: «Seniň pikiriň dogry» diýdiň. Munuň hikmeti nämedir?! Parasatly goja ýanyndaky oturana şeýle jogap beripdir: – Men hakykaty aýtdym. Diňe bir ikisi däl, men hakda müň adamyň dürlüçe pikirleriniň bolmagy-da mümkin. Her kim öz dünýäsi boýunça özgä baha berýär. Onsoň, heý, müň adamyň pikirem bir bolarmy?! Adamy özgä berýän bahasy beden-de tanap bolar. * * * Eziz oglum, mähriban gyzym! Ýer ýaly jomart bol, üstüňden ýaşaýyş gitmez! Diliňem jomart bolsun, eliňem jomart bolsun! Göwnüňem jomart bolsun, akylyňam jomart bolsun! Dil jomartlygy – ýagşy sözleri aýtmakdyr. El jomartlygy – halal zatlary eçilmekdir. Göwün jomartlygy – halky söýmekdir. Akyl jomartlygy – peýdaly pähimleri ündemekdir. Jomartlyk – halallykdan nyşandyr. Diliň jomartlygy – sözüň halallygyndan, el jomartlygy – zadyň halallygyndan, göwün jomartlygy – niýetleriň halallygyndan, akyl jomartlygy – pikirleriň halallygyndandyr. Jomartlyk – özüňi ile aldyrmakdyr. Jomart adam – Allanyň ýalkan adamydyr. Gerçek ýigit dil edebini berjaý edýändir. Dil edebi – dilewarlykdyr. Göwni açygyň – dili süýjüdir, sözleri mähir-muhabbetden doludyr. Gerçek – bag, agaç kimindir, ajyny özüne siňdirer, süýjüsini – ile eçiler. Pähim-paýhasly sözleri köp biler, ýerli-ýerinde ulanar. Uruş-sögüşiň, jenjeliň ýapan gapylaryny süýji dili, dilewarlygy bilen açar. Gepini-sözüni her ýerde-de düşündirip biler. Dilewarlyk – göwün gapysydyr. Göwnünde ýaman zadyň ýoklugyny süýji dili bilen subut eder. Dilewarlyk – göwün açarydyr. Gerçek ýigit ýagşy söz bilen özüne ýol arçar, öňündäki böwetleri ýykar. Söz bilen göwün awlar, söz bilen göwün alar. Göwün bolsa galadyr, Şonuň üçinem, dilewarlyk iň oňat serkerdelikdir. Söz – akylyň şaýadydyr. Akylsyz kişi akylsyz sözlär, akylly kişi akylly sözlär. Geplemeli ýerinde durmak akyl nalajedeýinligi, dymmaly ýerinde geplemek akyl ätiýaçsyzlygydyr. Akyl nämäni buýursa, dil şony diýer. Akyl Alla tarapyn berler, emma adam berlen akyly öz zähmeti bilen güli açan ýaly açýandyr. Akyly açmak üçin köp okamak, zehini açmak üçin köp oýlanmak gerek. Gerçek ýigit rehimli hem hamrak bolýandyr. Rehimdarlyk ejizleriň däl, güýçlüleriň sypatydyr. Gerçek ýigit özünden ejize, özünden akyly pese, özünden zehini gowşaga rehim eder. Çünki onuň göwni giňdir, oňa özgeleriň gerdeninden basyp ýokary galmak zerurlygy ýokdur, çünki ol şeýle-de özgelerden ýokarda durýandyr. Gerçek ýigit aýal maşgala dözümsiz, neresse çagalara hamrak bolar. Gerçegiň endamy gaty, köňli ýumşak bolar. Gerçegiň ruhy belent, päli pes bolar. Gerçegiň başy gökde, göwni ýer kimindir. Gerçek ýigit kiçiniň ýanynda – kiçi, ulynyň ýanynda – welidir. Kişi kimin garpyşar, kişi kimin garşydaşyny bagyşlap biler. Kiçi bolma, kişi bol! Mertlik, gerçeklik edebiniň miwesi – öz-özüňden razy bolmak, öz-özüňden kanagat tapmak, öz göwnüňe ýetmekdir. Eziz türkmenim! Taňrynyň ynsana beren peşgeşi paýhasdyr. Paýhasyň miwesi ylymdyr. Ylmyň netijesi terbiýedir. Terbiýäniň netijesi edepdir. Edebiň netijesi bolsa ýagşy ahlakdyr. Men ynsan gymmatlyklarynyň içinde ahlagy iň ýokarda goýýaryn. Çünki biziň ähli ömür işimiziň maksady oňat ahlagy döretmekdir. Men talyp ýaşlaryň öňünde çykyş edenimde, türkmen ýaşlaryna on iki sany ahlagy sargyt etdim. Ruhnamanyň şu ikinji kitabyny-da şol sargytlary göz öňünde tutup ýazdym. Öz çykyşymda men ýaşlara mahsus on iki ahlak gymmatlygyny görkezip geçmek bilen çäklenipdim. Häzirki kitabymda bolsa, ol gymmatlyklaryň düýp manysyny, dürli taraplaryny has anyklaşdyrdym we meseläniň jähetlerini has giňeltdim. Netijede, türkmen ýaşlaryna, umuman, türkmen şahsyýetine niýetlenen ruhy edep kadalarynyň birgiden ulgamy döredi. Edep kadalarynyň öwrenilmegi, özleşdirilip, kalba siňdirilmegi, her bir ýaş juwanyň durmuşynda ýerine ýetirilmegi oňat ahlaklylygy terbiýelär. Edebiň esasynda köp-köp ahlak gymmatlyklary, ylaýtada, meniň sargyt eden on iki ahlak ýörelgäm ýatýar. Olaryň birinjisi – akylly bolmak hulkudyr. Akyl hem pikir adama dünýä düşünmäge, özüne göz ýetirmäge kömek edýär. Akyl bolmasa, adam-da bolmaz. Adam diňe pikirlenip bilýändigi bilen adamdyr, Akyllylygyň şerti sagdynlykdyr. Akyl ruhuň hadysasy bolsa-da, beden üstüne daýanýandyr. Bedene bolsa, sagdyn akyly üpjün etmek üçin, jan saglygy gerekdir. Jan saglygy, ilkinji nobatda, adamyň öz elindedir. Akylly-başly durmuş endikleri, beden hereketleri, ýaramaz endiklerden daşda durmak we beýleki zatlar janyň saglygyny kepillendirip biler. Jan saglygy ýöne bir hyýal-arzuw edilip, beýleki tarapdanam, saglyk talaplaryna biperwaý garalanda, ýetdirýän gymmatlyk däldir. diýmek, pikirlenmek üçin saglyk gerek, saglyk üçin bolsa, akyl gerekdir. Bular biri-biri bilen baglanyşyklydyr. Baky bagtyýarlyk ýoluna düşen türkmen iliniň her bir ogul-gyzynyň sagdyn pikirlenmäge ukyby bolmalydyr, niýet edinen işini, maksadyny durmuşa geçirmek üçin on iki süňňi abat bolmalydyr. Akyl hem beden sagdynlygy pikiriň dogry hem dürs işlemegine şert döredýär. Pikirlenmek möhüm gymmatlykdyr. Pikirlenip bilmeýän adam aýdylan söze dogry düşünip bilmez. Dogry düşünmek – sözüň aňyrsynda ýatan many genjine ýetmekdir. Mana ýetmek üçin degşirmek, umumylaşdyrmak, netije çykarmak ukyplaryna eýe bolmaly. Aýdylany ýöne ýat beklemek, düşünmän gaýtalap ýörmek idili netije bermez. Düşünmek üçin aýdylany ýüregiňe-kalbyňa siňdirmek, ony öz içki baýlygyňa we ynanjyňa öwürmäni başarmak gerekdir. Diňe dogry düşünilip, kalpda orun alan sözler oňat ahlaga we herekete getirip biler. Ýaşlar her bir aýdylan zada dogry hem dürs düşünmelidir, her bir aýdylan zatdan dogry netije çykarmany başarmalydyr. Aslynda öwrenmek, bilim almak diýilýän zadyň manysyda şondadyr. Özbaşdak pikirlenmek, özüňçe dogry netije çykarmak, soň öz gezegiňde täze-täze pikirleri açyş etmek hakyky bilimdarlykdyr. Diňe şeýle bilimdarlygyň bolan ýerinde hünär, iş miweli zähmete öwrülýär. Emma her bir pikiriň, her bir akyl işiniň gürrüňsiz ykrar etmek hakykaty bardyr. Ol hakykat iman hakykatydyr. Iman – Taňrynyň barlygyna we birligine ynanmakdyr. Akyl şu jedelsiz hakykatdan ugur almalydyr. Ýogsa, ol azyp, külli ýaşaýşa howp salyp biler. Imansyz akyl tebigaty weýran edip, ahlagyň soňuna çykyp biler. Munuň özi gaýtgynsyz, doly weýranlyk bolardy. Şonuň üçinem: Türkmeniň her bir ogul-gyzy Taňra uýmalydyr. Taňrydan gorkmalydyr. Diňe şonda zehin güli açylyp, akyl miwe berip biler. Iman hem akylyň netijesidir, hem akylyň baş şertidir. Iman esasyna daýanmaýan akyl boş gülleýän agaçdyr. Iman esasyna daýanmaýan akyl garypdyr we göýdükdir. Imansyz akyl ownukçyldyr, dardyr we nalajedeýindir. Imanly bolsaň, zehiniň gül-gül açylar. Şonda adamyň ähli beden, akyl ukyplary derýa kimin joş urar. Bossanyň gülleri kimin berk urar. Zehin açylyp, ýat berkär, syzgyrlyk, düşbülik ukyplary işe girer. Adam şahsyýeti ruhy şahsyýet bolup oýanar. Ruh şahsy akyl-paýhas miwelerinden dadyp, özge hiç bir zadyň ýetmeýän kämilligine, belentligine ýeter. Şonuň üçinem: Ýaşlar okan, eşiden, gören zatlaryny ýadynda saklamagy öwrenmelidir, okanyny unutmaly däldir, ýaşlar düşbi, syzgyr bolmalydyr, aňlamagy başarmalydyr. Bilimiň oňat netijeleriniň biri-de suhangöýlük hem dilewarlykdyr. Zehini açylyp, ylym hazynasy ýetik bolan adamyň ýüz-gözi-de üýtgeşik nuranadyr. Onuň aýdýan sözleri-de üýtgeşik täsirli we özüne çekijidir. Akyl hazynasy pikir baýlygyndan belli bolar, pikir baýlygy söz baýlygynda görünýändir. Geplemegi-sözlemegi oňarmaýanyň ylmyna ynanyp bolmaz. Ylym akyly, akyl kalby, kalp zybany, zyban bolsa, adamy herekete getirýändir. Şonuň üçinem: Ýaşlar çeper sözli, düşündirmegi we gürleşmegi başarýan bolmalydyr. Durmuş tejribesi ýetik, köpügören adam bolsa-da, ylymsyz hem bisowat kişi sözi bilen köpçüligi imrindirip, özüne çekip hem haýran galdyryp bilmez. Suhangöýlük we dilewarlyk ylymdandyr. Emma kämil bolmak üçin bular asla-da ýeterlik däldir. Diliň owadan hem enaýy sözler bilen boş işläp durmazlygy üçin, bu gymmatlyklaryň üstüne ýene bir esasy gymmatlyk – amal goşulmalydyr. Amal – ähli ruhy gymmatlyklaryň ölçeg daşydyr, amal – ähli ruhy gylyklaryň mähek daşydyr. Ylym öwrenip, amal etmeseň, ýaşaýyş çapyşygynda orta ýolda galmakdyr. Kämil kişi amaly bilen kämilligini subut eder. Şonuň üçinem: Türkmeniň her bir ogul-gyzy öwrenen zadyna amal etmelidir, tebigy taýdan dogry sözli, ýamany ýazgarýan bolmalydyr. Amally bolmak üçin diňe bir sözde däl, eýsem, işde-de ýamany ýazgaryp, ýagşyny ykrar etmek gerek. Meniň tebigy taýdan dogry sözli bolmaly diýýänim sözümiň aňyrsynda tebigy bolşy, amaly ýatmaly diýdigimdir. Çünki söz bilen hereketiň aýry gelmegi ýasamalyk we emelilikdir. Amala esaslanmaýan söz owadan bolup biler, emma hiç mahal tebigy, ýagny hakyky bolmaz. Amala esaslanýan, amal bilen tassyklanmaýan akyl emelidir, bu bolsa ýaşaýşa ukypsyzlykdyr. Netijede, beýle söz adamy kämil çykarmagyň däl-de, ony güýmemegiň, wagtyny almagyň serişdesi bolup çykýar. Beýle aky! iň soňunda petige direýär, synýar, akylyň synmagy bolsa, uly-uly ruhy we ahlak kynçylyklaryna getirýär. Şonuň üçinem, edepli ruhy ýaşaýşyň ýene bir gymmatlygy – adamkärçilik we ynsap öňe çykýar. Ýaşlaryň adamkärçilik sypaty beýik bolmalydyr. Ýaşlar ynsabyna görä adalatly, dogruçyl, akgöwünli bolmalydyr, habarna garşy göreşmelidir. Ynsap amalyň içki ruhy esasydyr. Akyldan gözbaş alyp, dile gelýän sözüň amala öwrülmegi diňe bir gymmatlyga – ynsaba baglydyr. Ynsaplylyk gözel ahlakdyr. Ynsap iki zada – adamyň zandyna we ynanjyna baglydyr. Alla zandyna guýan bolsa, adamyň özi-de düşünjelilik bilen ynam hem ynanç edinen bolsa, onuň amally boljagy şübhesizdir. Ynsabyň umydy ýeke bir gymmatlyk – ruhubelentlikdir. Ruhubelentlik ynamdan gelip çykýar. Öz gezeginde-de ruhubelentlik ynam we ýaşaýşa söýgi döredýär. Söýmän, ýaşamak bolmaz. Söýgi – mähirdir. Gün – älemiň söýgüsidir. Gün bolmasa, älem ýaşaýşy bolmazdy. Türkmeniň her bir ogul-gyzy maksada okgunly bolmalydyr, göwnüçökgün bolmaly däldir, ýaşlara sussupeslik ýaraşmaz. Ruhubelentligiň daýanjy bolan ynam mukaddeslikler bilen baglanyşyklydyr. Ol mukaddeslikler barasynda men dürli edep sapaklarynda giňişleýin gürrüň edipdim. Ýöne olaryň içinde iki sanysynyň orny başgadyr. Bular Watan hem-de il-gündür. Ýaşlar Watan üçin, il-gün üçin, maksady, namysy üçin ölümdenem gorkmaly däldir. Sebäbi Watan, il-gün, maksat hem-de namys adam ömrüň manysyny düzýän ruhy-ahlak gymmatlyklardyr. Onsoň olar üçin ölümden gorkmazlyk tebigy zatdyr. Olar bolmasa, ömür ömürem däldir. Ömür üçin ölüme göni barmak tebigylykdyr. Ömür baýlykdan gymmatlydyr, baýlyk ömre deň däldir. Ömür öz-özüňi ykrar etmek, bardygyňy ýagşy adamlar bilen subut etmekdir. Türkmeniň her bir ogul-gyzy mertebesiniň öňünde baýlygy, puly pes saýmalydyr. Türkmeniň her bir ogul-gyzy wagtyny bihuda geçirenine, netijesiz işlänine namys etmelidir. Mähriban gyzym, eziz oglum! Ömrüňi ömre meňzet! Bu haýyrly işde meniň edebim saňa gollanma hem ýardamçy bolsun! Ruhnama II kitapdan. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |