12:59 Adamzadyñ ýeke-täk gyssagly meselesi: Klimat üýtgeşmesi | |
ADAMZADYÑ ÝEKE-TÄK GYSSAGLY MESELESI: KLIMAT ÜÝTGEŞMESI
Publisistika
Dünýäniñ we adamzadyñ iñ derwaýys meselesi klimat üýtgeşmesidir. Klimat üýtgeşmesi ýaly wawwaly mesele barka, galan zatlara üns berip oturmagyñ hajaty ýok. Gynansak-da, birnäçe ýurtda klimat üýtgeşmesi diýen zat bardyram öýdülenok. Gaýtam klimat üýtgeşmesini ara alyp maslahatlaşmagyñ ýerine manysyz, ýöntem, netijesiz syýasy garpyşyklara üns berilýändigini we esasy meselelere öwürýändiklerini görýäris. Biziñ ýurdumyzda-da klimat üýtgeşmesine mynasyp derejesinde üns berlenok. BMG-nyñ Angliýanyñ Glazgo şäherinde geçiren Klimat üýtgeşmesine bagyşlap geçiren konferensiýasy barada dagy bilýänem ýok. Klimat üýtgeşmesi boýunça birinji halkara konferensiýa 1995-nji ýylda geçirildi. Glazgoda geçilen CoP 26 (Conference of the Parties) klimat üýtgeşmesine bagyşlanan ikinji uly global ýygnanşykdyr. Ýurdumuzda gyssagly ýagdaýda klimat üýtgeşmesi boýunça jemgyýetçilikde seslenme döretjek we syýasy kararlary kabul edijileriñ üstünde oñyn düzedişleriñ girizilmegini üpjün edip biljek klimat aktiwistleri ýaly tagalla etjek adamlara, toparlara we guramalara mätäçlik duýulýar. Klimat üýtgeşmesi aşymyza awy gatjak derejede çynlakaý sosial meseledir. Garşymyzda klimatyñ we ekologiýanyñ weýran bolan görnüşindäki sowuk we sardyryjy hakykat dur. Şeýle hakykata garamazdan geografiýamyzdaky we dünýädäki "susagyñ sapyny elinde saklaýanlar", guramalar, hökümetler we liderler hiç zat edenok. Klimat üýtgeşmesi we ekologik krizis babatda hökümetleriñ we liderleriñ biperwaýlygy, düşünjesizligi, duýgusyzlygy adamzat dünýäsini gorkunç gorpa tarap alyp barýar. Dünýä liderleriniñ bir ýere üýşýän ähli ýygnanyşyklaryndan soñ klimat üýtgeşmesi we ekologik krizis boýunça dünýä jemgyýetçiligine oñyn signallar berildi. Berilen oñyn signallara garamazdan klimat üýtgeşmesi we ekologik krizis boýunça dynnym ýaly-da işjeñ we netijeli syýasatlar häzire çenli durmuşa geçirilmedi. Klimat üýtgeşmesini we ekologiki krizisi liderler ýurtlaryndaky içki syýasy oýunlara gurban edýär. Şu günki gün biziñ mätäçlik duýýan zadymyz dünýä liderlerinden oñyn signallar almak däl. Adamzadyñ mätäçlik duýýan zady hökümetleriñ we döwletleriñ klimat üýtgeşmesi boýunça anyk, kesgitli hem-de düýpli syýasatlary durmuşa geçirmek üçin işe girişendigini görmek. Klimat üýtgeşmesi howanyñ gyzmagy we ykdysady krizis boýunça herekete geçmegiñ, hakyky syýasy ugurlary durmuşa geçirmegiñ ýerine liderler, syýasatçylar, hökümetler onlarça ýyldan soñky wagta boş wadalary berýärler. Ýurtlar 2030-njy, 2040-njy, 2050-nji ýa-da 2070-nji ýyllara çenli klimat üýtgeşmesi boýunça nämedir bir zatlary etjekdilerine söz berýärler. Zir-zibilleri zyýansyzlandyrmak, tokaýlaryñ, suw çeşmeleriniñ, ekin meýdanlarynyñ goralmagy, emissiýa derejesiniñ düşürilmegi, gaz zäherlenmeleriniñ azaldylmagy, dowam etdirip boljak galkynyşyñ durmuşa geçirilmegi boýunça dessine we edil häzirden herekete geçilmedik ýagdaýynda aýdylan zatlar ölüm howply güýmemelerden we az-owlak yza süýşürmelerden başga zada ýaramaýar. Geçip barýan her bir minut klimat üýtgeşmesini yza dolap bolmajak görnüşe getirýär. Klimat we tebigat syýasatçylaryñ, hökümetleriñ, döwletleriñ keýpiniñ saz wagtyna garaşyp duranok. Klimat üýtgedigiçe hemme zat üýtgeýär, ýok bolýar. Ýa-ha häzirden herekete geçmeli, ýa-da hemmämiz bilelikde ýok bolmaly bolarys. Klimat üýtgeşmesi krizisi babatda oýun edip, güýmäp, gijikdirip bolmaýar. Klimat üýtgeşmesi dünýäni dowzaha öwrüp barýar. Bu boýunça düýpli işleriñ amala aşyrylmadyk ýagdaýynda hemmeler hemme zadyny elden giderer. Dünýä ekin ekip bolmaýan, adamlaryñ iýmäge çörek we içmäge suw tapmaýan, arassa howadan dem alyp bilmeýän ýerine öwrülip barýar. Klimat üýtgeşmesi krizisi bizden soñkularyñ ýagty geljeginiñ we ýaşaýyşlarynyñ ýokdugy diýmekdir. Klimat üýtgeşmesi adamzadyñ geljeginiñ ýokdugy, bizden soñky dünýä inen bala-çagalarymyzyñ ýaşar ýaly ýeriniñ bolmajakdygy diýmekdir. Hökümetler we syýasatçylar häkimiýetlerini dowam etdirmek üçin her dürli syýasy oýunlardyr hilegärlikleri etmäge ýaýdananok, emma klimat üýtgeşmesi meselesinde bolsa çuñ gaflat ukusynyñ, azgynlygyñ we hyýanatyñ derýasynda boýlaýarlar. Klimat üýtgeşmesi howpunyñ garşysynda eserdeñ jemgyýetiñ kemala gelmegine zerurluk bar. Bu boýunça syýasatçylary we hökümetleri herekete geçirmek üçin jemgyýetçilik mobilizasiýasyny yglan etmek gerek. Klimat we ekologiki krizis babatda köpçülik bolup hereket eden ýagdaýymyzda netije almagymyz mümkin. Jahana syýasatçylaryñ galp ekologsyraýan oýunlarynyñ geregi ýok. Adamzadyñ zerurlyk duýýan zady haýal etmän emissiýanyñ azaldylmagydyr. Emissiýanyñ azaldylmagy boýunça hakyky syýasy ugurlar orta atylmadyk ýagdaýynda klimat üýtgeşmesi we tebigat krizisi babatda aýdylýanlaryñ barsy aldawaçdan we boş güýmemelerden başga zada ýaramaz. Klimat üýtgeşmesi boýunça haýal etmän we edil şumatdan herekete geçilmelidir. Tersine bolanda, netije Ýer togalagyny elden gidermek bilen soñlanar. Professor Bilal SAMBUR, Ankaranyñ Ýyldyrym Beýazit adyndaky uniwersitetiniñ mugallymy. 06.11.2021 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||