20:57 Selefizm: Çäkli howpmy ýa çäksiz howp? | |
SELEFIZM: ÇÄKLI HOWPMY ÝA ÇÄKSIZ HOWP?
Publisistika
Musulman ýurtlar diniñ we zorluk-zulmuñ biri-biriniñ içinden eriş-argaç bolup geçýän ýurtlary hökmünde üns merkezindäki ýerini yzygiderli diýen ýaly başgalara bermän gelýär. Parahatçylyk manysyny berýän silm sözünden dörändigi aýdylýan yslam musulman jemgyýetleriñ agdyklyk edýän dinidigine garamazdan, bu ýurtlar parahatçylyk (silm) ýurdy däl. Ady silm (parahatçylyk) sözünden dörän bu dine uýanlary bilen parahatlyk söýüji adamlar bolup bilmeýişleri ýaly, olaryñ ýaşaýan ýurtlary-da Darüsselam (parahatçylygyñ ýurdy) bolup bilenok. Musulman ýurtlar ganly geografiýalar bolşy ýaly, bu geografiralar ganly çäklerini çäksiz ýagdaýda yzygirerli giñeldip durýarlar. Selefizmiñ we jihadizmiñ ganly çäkleri ýok, ganly çäksizlikleri bar. Palestina konflikti, 1979-njy ýylyñ Eýran rewolýusiýasy, Owganystanyñ SSSR tarapyndan okkupirlenmegi ýaly üýtgeşmeler uzak wagtdan bäri jihat düşünjesiniñ zamanabap dünýä garşy baş götermek, Günbatary ýykmak görnüşinde militaristik garaýyşa we praktika ýugrulyp täzeden formulirlenmegine sebäp boldy. Siriýa urşy "El-Kaide", "YŞYD" ýaly militaristik jihatçy-terrorçylykly toparlaryñ iman, jihat, kalaşnikow, uruş we ýeñiş düşünjeleriniñ binýadynda özlerine dini ideologiýalar işläp düzmelerine şert döretdi. Jihat şygary astynda urup-ýençmeleri mukaddesleşdirmegi, guramaçylyk etmegi we giñden ýaýmagy sünni we şaýy dünýäsiniñ meñzeş tarapydyr. Durmuşyñ tutuşlygyna jihatdygyny aýdýan jihadizm durmuşy tutuşlygyna urup-ýençmelere, zorluk-süteme öwrüp bilýär. Iñ uly ybadatyñ jihatdygyny aýdýan jihadizm aslynda iñ uly ybadatyñ sütemkärlikdigini adamlaryñ we jemgyýetiñ boýnuna dakýar. Jihat şygary astynda sütemkärligiñ ybadatlaşdyrylmagy we dinleşdirilmegi jihadizmdir selefiligiñ ortasyny hem-de soñuny düzýär. Jihadizmiñ we selefiligiñ arasynda eriş-argaçlyk derejesinde ýakynlyk bar. Selefizm radikal dini hereketleriñ militan we urşujy gazanmagyñ ideologiýasydyr. Jihadizm bilen bitewileşen militan selefist ideologiýa diniñ sa:p amal edilmegi, sa:p dini çeşmelere dolanyp gelmek, yslamy Kuranda motomot aýdylşy ýaly ýaşamak, Hezreti Pygamberimiziñ (s.a.w), sahabalaryñ, tabygynlaryñ we olardan soñ gelenleriñ hutma-hut ýaşaýşy ýaly ýaşamagy añlatmaýar. Selefizm modern dünýäni bütin gymmatlyklary we gurluşy bilen bile küpür yglan edip, olara garşy diniñ adyndan jihat etmegk bütin geografiýalardaky musulmanlaryñ ýeke-täk wezipesine öwürýär. Selefizm we jihadizm Allanyñ dünýäsine Allanyñ düzgünini ýola goýmak üçin modern medeniýete garşy göreşmegi diniñ özeni görnüşinde añlara guýýar. Jihadizmiñ we selefizmiñ belli bir geografiýasy ýok. Modern dünýä we Günbatara duşmançylykly garşydaşlygy, ýigrençleri, gahar-gazaplary añsatlyk bilen ulanyp bilýän jihadizmdir selefizm dini wagyz-çykyşlar arkaly islendik geografiýa aralaşyp bilýär. Selefizm-jihadizm añsatlyk bilen bütin musulman ýurtlaryna ýaýramaga we islendik ýerden özüne militan ýygnamaga ukyplydyr. Hiç bir musulman jemgyýetiñ selefizm-jihadizmden täsirlenmän, "bular ýaly zat bizde ýaýrap bilmez" diýip, arkaýynlanar ýaly ýagdaýy ýokdur. Musulman jemgyýetler modernleşmekden (döwrebaplaşmakdan) yza galan jemgyýetlerdir. Musulman jemgyýetler demokratiýa, ylym, filosofiýa, adam hukuklary, rasionalizm we aýal-erkek deñligi ýaly döwrebap gymmatlyklara daşdyrlar. Modern döwürde yslamyñ demokratiýa, ylym, zenan hak-hukuklary bilen utgaşyp-utgaşmaýandygy baradaky sowallaryñ üstünde ýygy-ýygydan jedelleşilýär. Musulman dünýäsinde birküç sany synagy hasaba almasak, durnukly, dowamly, sistematiki demokratiýa tejriesi ýok. Musulman geografiýasy modern dünýäniñ daşynda galdygyça, oña duşman bolupdyr we kesekileşipdir. Modern dünýä keseki we duşmançylykly musulman jemgyýetlerinde modernleşen hem-de günbatarly bolan her bir zada duşmançylyk etmegi dine öwürdiler. Döwrebaplaşmaga garşy gidýän musulman jemgyýetleri güýçlenmek we dogumlanmak üçin dine ýapyşdylar. Her bir döwrebaplyga garşy çykmak üçin dine ýapyşmagy we dine ýüzlenmegi öñe sürýän çemeleşmäniñ hiç hili intellektual tutarygy ýokdur. Intellektual, teologik, pelsepewi, ruhy çuñluklardan binesip görnüşde döwrebaplaşyga garşy çykmak üçin dine ýapyşmak ideologiýasy ýüzleý we emeli maksatly jihadizmiñ hem-de selefizmiñ emele getirilmegine sebäp boldy. Jihadizm-selefizm yslamyñ duşmany hökmünde modernizmi we Günbatar medeniýetini garşysynda goýýar. Modernizme, Günbatara eglişiksiz duşmançylyk, bulara garşy jihat arkaly göreşmek pikiri selefizmi, jihadizmi, yslamy syýasy-ideologik taýdan ýowuzlaşdyrýar, gödekleşdirýär, sütemkärligiñ jihatlaşdyrlan militarizmini emele getirýär. "Din Allañky" bolýança kapyrlara garşy söweşmegi, ýer ýüzünden küpür (pitne) ýok bolup gidýänçä jihat etmegi diniñ iñ esasy maksadyna we borjuna öwren jihadizm-selefizm sünnilikden, hanbaly-wahhabylykdan, umuman dini medeniýetiñ hemmesinden iýmitlenip bilýär. Selefizmi we jihadizmi diñe bir mezhep bilen çäklendirip bolmaýar. Selefizm-jihadizm nirde dini medeniýet bolsa, şol ýere syzyp we olardan iýmitlenip bilýän akgynly ideologiýadyr. Selefi toparlardyr tarykatlaryñ dini añlama we ýaşaýyş-durmuş formalary kän nukdaýnazardan biri-birlerine meñzeş. Selefilik we tarykatlar dini daşky formada ýaşaýarlar, diniñ lafzy-literal düşündirişlerini oñlaýarlar. Selefiler we tarykatlar filosofiýany, akyl-paýhasy, tankydy düşünýäni ýigrenýärler, bulara dine perdelenip garşy çykýarlar. Selefiler we tarykatlar jemgyýetde sosial, syýasy-ykdysady agalyk ediş ugurlaryny dowam etdirmek hem-de giñeltmek üçin öz aralarynda soñlanmaýan göreşiñ içindedirler. Tarykatlary we selefileri garşyma-garşy getiren düýp faktor özara sosial, syýasy-ykdysady qgalyk sürmek dawasydyr. Filisofiýa, ylma, akyl-paýhasa, tankydy düşünjä garşy çykýan selefi toparlar ýaraga, sütemkärlige ýüz urmagyñ dini tutaryklaryny añsatlyk bilen jihat düşünjesinde tapybilýärler. Selefilik-jihadizm diñe Saud Arabystany, Müsür, Yrak, Owganystan ýa-da Çeçenistan bilen çäklenip oñjak ideologiýa däl. Selefilik we jihadizm musulmanlaryñ ýaşaýan ähli ýurtlarynda özünemilitanlar we müritler toplap bilmäge ukyplydyr. Dini medeniýetiñ iñ gadymy çeşmelerinden özüne salgylanmalary tapyp bilýän selefilik we jihadizm musulman jemgyýetlerdäki ýowuzlygy we ýapyklygy Günbatara we modernleşen dünýämize garşy duşmançylykly maksatlar bilen öz islän ugurlaryna gönükdirip bilýän, guramaçylyk edýän, muny sütemkärlikler ylahyýeti bilen birlikde ýaraglandyrybilen täsirli we howply ýönelme hökmünde dowam etdirýär. Bilal SAMBUR, Ankaranyñ Ýyldyrym Beýazit adyndaky uniwersitetiniñ mugalymy. 29.07.2022 ý. © The Independentturkish | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |