10:47 Nämüçin fanatizm edebiýatdan we azatlykdan gorkýar? | |
NÄMÜÇIN FANATIZM EDEBIÝATDAN WE AZATLYKDAN GORKÝAR?
Edebi makalalar
Dinleriñ we ideologiýalaryñ bir ülñüli, üýtgewsiz, bir tipleşdiriji, kollektiwçi, gyşarnyksyz, reduksionist adam we dünýägaraýyşlary bolýar. Şular ýaly aýratynlyklarynyñ bardygy sebäpli häzirki wagtda adamy, tebigaty, durmuşy reduksionist we berk berk düzgünli ideologiýalardyr dinleriñ çemeleşmeleri bilen añlamak, düşündirmek dogry däl. Häzirki wagtda absolýut dogruçyl we diýdimzor tebigata eýe fanatizmleriñ (yñdarmalygyñ) edebiyatda, pelsepede, ylym-bilimde, sungatda, ahlakda çuñ many-mazmunly, batnykly we döredijilikli sözleri ýok diýen ýaly. Absolýut dogruçyl we diýdimzor ideologiýalardyr dinler many-mazmunly, aç-açan, döredijilikli sözleri aýtmagyñ deregine, eýerijilerini adamy ýok etmäge höweslendirýän we ugrukdyrýan epizodlaryñ ýüze çykmagyna sebäp bolýarlar. Golaýda dünýä meşhur ýazyjy Salman Rüşdi mazaly gojalşandygyna garamazdan, Hadi Matara atly bir yñdarmanyñ hüjümine uçrady we agyr ýaralandy. Eýran diktatory Homeýni çeper eser ýazandygy sebäpli ýazyjynyñ ölüm fetwasyny beripdi. Homeýni çeper eseri bahana edip, dini halkara güýç göreşiniñ guraly hökmünde ulandy. Diniñ döwletiñ öz içinde halkara güýç göreşlerinde hemişe ulanylýan gurala öwrülmeginiñ san-sajaksyz mysaly bar. Eýran režimi dini we mezhebi global gurşawda täsirli ýumşak güýç guraly hökmünde häzire çenlem ulanyp gelýär. Eýranyñ Salman Rüşdiniñ üstünden dini halkara güýç göreşiniñ guraly hökmünde ulanmagy birnäçe kynçylyklara we birnäçe täze meseleleriñ gozgalmagyna sebäp bolýar. Şunuñ bilen baglanyşyklylykda "nämüçin fanatizmiñ edebiýatdan we erkinlikden gorkýandygy" baradaky sowalyñ düýpli ara alynmagy we jedelleşilmegi gerek. Fanatizm diniñ we ideologiýanyñ hasabyna, adam tejribesiniñ gazananlaryny bir kiçi galyba sygdyrjak bolýar. Adamzat tejribesiniñ gazananlary ýeke formula ýa-da galyba sygmajak derejede baý we çäksiz köpdürlülige eýe. Ýeke-täk ýoluñ ýa-da çözgüdiñ bardygyny aýdýan dinlerdir ideologiýalar aslynda adam bilen bir hatarda durmuşy we tebigy hakykylygy, köpdürliligi ret edýärler. Adamy we durmuşy ret edýän ähli dinler we ideologiýalar fanatizmi (yñdarmalygy) hem-de zorluk-sütemi ýaýýarlar. Awtoritar dinler, ideologiýalar hemişe başgalary duşmanlaşdyrmak we şeýtanlaşdyrmak arkaly, olary saýrylaşdyrýar, gymmatsyzlaşdyrýar, iñ pes derejä düşürmäge çytraşýar. Awtoritar dinlerdir ideologiýalaryñ çeşmeleri özlerini kabul etmedik adamlaryñ nähili ýoldan çykandygy, azgynlyga düşendigi we nädip heläkçilige gidendigi baradaky hekgetlerden doludyr. Bir diniñ awtoritar terzde özünkiden tapawutly ynançlary saýlap alanlary saýrylaşdyrmagy we nyşanalamagy ynsanperwer plýuralizme garşy duşmançylygyñ ýüze çykmagyna sebäp bolýar. Awtoritar we totalitar dinler pluralizme garşy gidişleri ýaly, ylyma, pelsepä, şahsa, gepiñ keltesi her bir zamanabap täzeçillige, özgerişlige garşydyr. Awtoritar we totalitar ideologiýalar zamanabap dünýäniñ gymmatlyklaryna we ýaşaýyş-durmuş formalaryna garşy çykmak bilen özleriniñ biziñ günlerimizdäki güýjüni kanunylaşdyrmaga we berkitmäge synanyşýarlar. Birmahalky taryhy eýýamlaryñ köne, derege ýaramaýan garaýyşlary bilen adamy we durmuşy añlamak mümkin däl. Zamanabap döwürde adam - azatlyga, akyl-paýhasa we hormat-sylaga eýe, özboluşly indiwid bolup durýar. Başgaça aýdanda, adam azat, buýsançly, akylly we gaýtalanmaýan özboluşly şahsdyr. Dinler we ideologiýalar azat, özdiýenli we özboluşly şahsyñ pikirlerini hiç mahalam halamaýar. Azat, özdiýenli, özboluşly şahslar hiç haçan belli bir dine, medeniýete, ideologiýa ýa-da identifikasiýa baglanyp galmandyr. Akylly-huşly adamlar hökmünde şahslar okap-öwrenen, gören-eşiden maglumatlary we toplan tejribeleri arkaly durmuşlarynyñ dürli döwürlerinde dürli ugurlara ýönelip, her dürli ýönelişde dürli pikirleri beýan edip bilerler. Azat şahslaryñ dürli-dürli ýönelişi täze çeper we pelsepewi eserleriñ, sungat eserleriniñ, ylmy işleriñ döremegine gönezlik bolup hyzmat edip biler. Şahslaryñ saýlap alan azat saýlawlary olaryñ durmuşyny, şertlerini we jemgyýetlerini düýbünden özgerdýär we şekillendirýär. Azat edebiýatçy, pelsepeçi ýa-da alym arasynda doglup, kemala gelen guramaçylykly ynançlaryñ we ideologiýalaryñ dogmatlaryny inkär edip biler, bulardan daşgaryn özüne amatly täze gymmatlyklary, garaýyşlary, ideallary öñe çykarybam biler. Azat ýazyjy tutanýerli we tankydy ruha eýedir. Azat ýazyjy basyşyñ, diýdimzorlugyñ we fanatizmiñ üýtgäp durýan görnüşlerini radikal tankyt bilen garşylaýar. Azat ýazyjy çeper eser ýazan wagtynda, muny haýsydyr bir dine ýa-da ideologiýa alternatiwa hökmünde ýazmaýar. Çeper edebiýat - islän pikiriñi beýan edip bilmekdir, islän hyýaly pikiriñi kagyz ýüzünde janlandyrmakdyr. Çeper edebiýat adamy gysýan, törpileşdirýän, ýasamalaşdyrýan ähli öte geçmeleri we ýaramazlyklary täzeden çeperleşdirmek arkaly adamy arasynda gezip ýören reallyklar bilen täzeden ýüzleşdirip, gözüniñ alnyndaky düýpli ýaramaz ýagdaýyndan nädip çykmalydygy babatda adama täsirli güýç çeşmelerini bermäge synanyşýar. Azatlyk we edebiýat bir bitewi ruhdyr. Azatlygyñ ýok ýerde edebiýat hem bolmaz. Zorluk-zulum, ýanamalar we senzura bilen azatlygy ýok etmegiñ özi aslynda edebiýatyñ, pelsepäniñ, ylym-bilimiñ, sungatyñ ýok edilmegidir. Ýazyjy-şahyrlar azat şertlerde pikirlenip, hyýal atyna atlanyp ýazmaly. Basyşyñ, gynamalaryñ maksady ýazyjynyñ hyýal atyny, pikirlenme ukubyny, döredijilik dünýäsini ýok etmekdir. Edebiýat adamy we durmuşy erkin çeperleşdirip, azat adamy belende göterýär. Fanatizm adamyñ şahsyýetleşmeginden we azatlaşmagyndan gorkýandygy üçin edebiýaty ýigrenýär hem-de gorkýar. Bilal SAMBUR, Ankaranyñ Ýyldyrym Beýazit adyndaky uniwersitetiniñ mugallymy, professor. 26.08.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 3 | ||||
| ||||