09:22 Bir halta süñk ýa-da wyždanyny ýitiren adamkärçilik | |
BIR HALTA SÜÑK ÝA-DA WYŽDANYNY ÝITIREN ADAMKÄRÇILIK
Publisistika
Diýarbekir sudunyñ binasyndan çykan ýaşulynyñ fotosuraty heniz wyždanyny we ahlagyny ýitirmedik her bir adamyñ ruhuny lerzana getirdi. 2022-nji ýylyñ 29-njy awgustynda Ali Ryza Arslan atly bir ýaşuly ata ýedi ýyldan soñ ogly Hakan Arslanyñ süñkleriniñ salnan haltasyny elinde göterip suddan çykdy. - Ne prokuror bar, ne sudýa. Ýanymda ýönekeý gullukçy. 28 ýaşly oglumyñ süñkleriniñ salnan haltasyny şkafdan çykaryp elime berdiler. Beýle zada garaşamokdym, gözüm garañkyrady, demim tutuldy, hamana, şol pursat jümle Diýarbekir depämden inen ýaly boldy. Içinde oglumyñ süñkleri bolan ol haltany nädip elime alanymy, nädip göterip gelenimi bilemok... Oglumyñ meýdine eýe çykmak we gerekli resminamalary düzetmek üçin suda gidipdim. Inilerim oteldedi, olar oýanmanka resminamalary almak üçin ir turdum we kepilnamany alyp, soñra Sudmedekspertiza bile gideris diýip pikir etdim. Suduñ binasyna aýak basanymda ýekeje işgär bar eken. Tirkeşip bir otaga girdik, suduñ işgäri şkafdan çykaryp bir haltany elime tutdurdy, asyl haltada oglumyñ süñkleri bar eken. Haltany elime tutduran işgäriñem haly teñdi. Ol ýerde "beýtmek adamkärçilige sygýan zat däl" diýip biljek ýeke ygtyýarly ýokdy. Belkäm, şoñ üçindir, ol işgäre-de gaty-gaýrym söz diýmäge dözmedim. Doññaradaş bolan ýagdaýda oglunyñ süñklerini alyp barýan atanyñ ýüzündäki mimika aslynda adamçylyk we jemgyýet hökmünde hemmetaraplaýyn gutaranlygymyzyñ alamatydyr. Italýan karikaturaçy Janluka Konstantini Diýarbekir sudundan ýer ýüzüne ýaýylan bu aýylganç fotosuratyñ kartinasyny Stambuldaky bir diwaryñ ýüzüne çekdi. Konstantini çeken diwar suratyny Twitter hasabyndan şu sözler bilen paýlaşdy: "Hakan Arslan we onuñ kakasy Stambul köçelerinde". Jemgyýet her tarapy agyr ýaraly halda. Hemmeler biri-biriniñ dert-aladasyndan bihabar we biparh ýagdaýda ýaşaýar. Biriniñ başdan geçirýän çuññur hasratyny beýlekisi bilenok, äwenok, üns berenok. Garyplygyñ, ýetde-gütdeligiñ içinde çyrpynýan jemgyýetleriñ çuññur ahlak we wyždan çöküşligi bar. Garyp jemgyýetlerde demokratiýa, azatlyk, hak-hukuk we parahatçylyk boş sözlerden başga hiç zat däl. Demokratiýanyñ, hak-hukugyñ, azatlygyñ, parahatçylygyñ jemgyýetde ymykly kök tutmagy üçin hakyky we sahyh manyda wyždan, ahlak täzelenmesine, direlmesine, janlanmasyna mätäçlik duýulýar. Garyplyk, fanatizm, militarizm we tireparazlyk adamlary biri-birinden aýrypdyr we daşlaşdyrypdyr. Adamlar biri-birlerine keseki ýaly ýaşaýar. Garyplykdan, bialaçlykdan, lapykeçlikden, umytsyzlykdan çykmagyñ ýolunyñ adamlaryñ biri-birleri bilen gyzyklanmakda, biri-birlerine ýakyn bolmakda, duýguçyl we düşünjeli şahslaryñ derejesine dyrmaşyp çykmakdadygyna göz ýetirmekden kän-kän daşlaşdyk. Duýguçyl we düşünjeli ýagdaýda bir-biri bilen gatnaşmaýan, gyzyklanmaýan we raýdaşlyk saklamaýan jemgyýete demokratiýa, azatlyk, adalat däl-de, despotizm, gulçulyk we zulum agalyk edýär. Çäksiz baýlyk, häkimiýet we eden-etdilik üçin adamlar garyplaşdyrylýar, umytsyzlaşdyrylýar, ýok edilýär. Demokratiýanyñ ýerine despotizm, parahatçylygyñ ýerine eden-etdilik, adalatyñ ýerine ýigrenç götergilenýär we mukaddesleşdirilýär. Eden-etdiligi, ýigrenji, diskriminasiýany dowam etdirmek üçin din, mezhep, millet, dil, jynsyýet ýaly dürli tapawutlylyklar eksplutatirlenýär we bular arjaly adamlaryñ duýgulary, pikirleri, özlerini alyp baryşlaryna zäherlenýär. Adamlardan her kesiñ biri-birine açyk bolan plýural, azat we mertebeli durmuşda ýaşamaklary islenmeýär. Adamlardan her kesiñ öz mezhebine, mekdebine, tarykatyna, partiýasyna, ideologiýasyna, regionyna, etnosyna, jynsy gettosyna örklenip galan bendiler ýaly ýaşamaklary islenýär. Dar gettolara örklenip galmagy ret etmek we her kesiñ arassa asmanyñ aýdyñlygynda jümle beşeri tapawutlylyklar boýunça gatnaşykda bolmagy başarmak - buýsançly we azat ýaşamagyñ iñ esasy şertidir. Öz gowagynyñ garañkylygynda ýaşamagy dowam edýänlere demokratiýanyñ, hak-hukugyñ, parahatçylygyñ, azatlygyñ hiç hili manysy ýok. Demokraýa, parahatçylyk, azatlyk gymmatlyklarynyñ ýerleşmedik jemgyýetlerinde din, syýasat, söwda, bilim, medeniýet ýaly adama dahylly her bir ugur ýykgynçylykly lagerleşmeleriñ, çaknyşyklaryñ we bölünişikleriñ serişdesine öwrülýär. Demokratiýany, parahatçylygy, hak-hukugy internalizirlenmedik (siññin ornaşmadyk) ýerlerde adamlaryñ düşünjesi pes we primitiw derejede bolýar. Demokratiýadan, azatlykdan üzñe jemgyýetlerde her kes diñe özüni, öz medeniýetini, ýaşaýyş-durmuş formasyny, ynanjyny ýeke-täk kanuny, dogry, makul, gowy we üstün hasaplaýar. Tapawutly bolansoñ, hukuksyzlyga, despotizme, eden-etdilige, ýigrenje uçradylmak geñem görülmeýär. Hukuksuzlyk, fanatizm, despotizm adam tapawutlylyklaryny saýrylaşdyrmagy kanunylaşdyrýar we muny gerekli çäreler hökmünde kabul etdirýär. Özünden tapawutly bolanyñ azat, mertebeli we demokratik durmuşda ýaşamaga bolan hak-hukugyny ahlak we wyždan nukdaýnazaryndan kabul etmedik we internalizirlemedik ýagdaýymyzda adamkärçilik taýdan demokratiýany, asudalygy, parahatçylygy we azatlygy doly üpjün etmegimiz mümkin däl. Demokratiýanyñ, hukugyñ, parahatçylygyñ ýok ýerlerinde garyplyk, korrupsiýa, talañçylyk we degenerasiýa ýetjek derejesine ýetýär. Demokratiýanyñ, hukugyñ, parahatçylygyñ ýok ýerinde mertebeli we azat durmuşda ýaşamaga bolan hukugyñ ýokdur. Adamlaryñ mertebeli we azat durmuşda ýaşamagy ýetdirgisiz bir zat däl-de, eldegirmesiz raýat hukugydyr. Azat, mertebeli we ylalaşykly ýagdaýda ýaşaýanlar adam mertbesine laýyk şekilde depin edilýär. Adamyñ dirisine, ölüsine hormat goýmagyñ özi adam mertebesine, azatlygyna we hak-hukugyna hormat goýmagyñ şertidir. Adam durmuşyna, mertebesine, azatlygyna hormat goýmak kämilligine ýetmedikler "Emma ol eýle, bul beýle" diýip, özlerine eýermeýän her kesiñ dirisine we ölüsine garşy her dürli wagşylygy, warwarlygy etmekden gaýtmaýar. Dinine, kimdigine, jynsyna garamazdan ähli adamlaryñ dirisin8 we ölüsini sylamaga mejburdyrys. Şunuñ bilen baglanyşykly Hezreti Muhammet pygamberimiziñ durmuşyndan rowaýat edilýän bir waka diýseñ çuññur many-mazmuna eýedir. Muhammet pygamber (s.a.w) bir merhumy jaýlamaga äkidip barýanlaryny görüp, ýerinden turupdyr. Ýanyndakylar öleniñ jöhitdigini we onuñ ölüsine ör turup hormat görkezmegiñ gereginiñ ýokdugyny pygambere ýatladypdyrlar. Muny aýdýanlara pygamberimiziñ (s.a.w) jogaby şeýle bolupdyr: - Olam adam! Pygamberiñ beren jogabyndaky ýaly, hemme zatdan ötri hemmämiziñ ölüsidir dirisi bilen birlikde adamdygymyz hakdaky hakykata täzeden göz ýetirmegimiz lazym. Adam et we süñk böleklerinden ybarat jisim däldir. Adam - duýgusy, düşünjesi, kimligi, medeniýeti, hekaýaty, ýatlamasy, garaýşy, maşgalasy, durmuşy, hakykaty, hak-hukugy bolan mertebeli we azatlyk eýesi barlykdyr. Adamyñ dirisine-de, ölüsine-de hormat goýmak, medeni derejesi kämil ynsanlar bolmagyñ iñ esasy şertidir. Adamyñ dirisine, ölüsine adam mertebesine mynasyp görnüşde hormat goýulmadyk ýagdaýynda demokratiýanyñ, hukugyñ, asudalygyñ we parahatçylygyñ çökjekdigini, her dürli kanun bozmalaryñ, korrupsiýanyñ, ýoklugyñ we talañçylygyñ durmuşymyzy ýesir aljakdygyna täzeden düşünmeli, şahsy we jemgyýetçilik durmuşymyzyñ garañky hapalyklary bilen ýüzleşmegi başarmaly. Bilal SAMBUR, Ankaranyñ Ýyldyrym Beýazit adyndaky uniwersitetiniñ mugallymy, professor. 09.09.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |