01:35 Adamzadyñ ykbaly "Uhan-2019" seminarynda kesgitlendimikä? | |
ADAMZADYÑ YKBALY "UHAN-2019" SEMINARYNDA KESGITLENDIMIKÄ?
Publisistika
2015-nji ýylda gazak sähralarynda ýaşaýan saýga antiloplarynyñ (saýgaklaryñ) dörtden bir bölegi üç günüñ içinde gyryldy. Gyrlyp gutarma howpy abanýan sähra antiloplarynyñ watany Gazagystanda şol ýylyñ maý aýynda bolup geçen we ylmy-fantastiki kinofilmiñ epizodlaryny ýadyña salýan şol wakalaryñ añyrsynda nämeleriñ ýatandygyny häzirem anyklap bilenoklar. Internet sahypalary bary-ýogy üç günde syrly ýagdaýda öpen antiloplarynyñ sanynyñ azyndan 60 müñe ýetendigini habar berdi. Antiloplaryñ näme sebäpli gyrylandygy barada welin ne resmi habar beriş serişdelerinde, ne-de alternatiw habar çeşmelerinde anyk bir zat aýdylmady. Ýöne bu gyrgynçylygyñ hökman bir sebäbi bolaýmalydy. Çünki, ABŞ-nyñ Kaliforniýa ştatynda, Gresiýada bolan ýangynlaryñ sebäpleri boldy. Hernäçe "gulagymyza ýakymsyz eşdilýänem" bolsa, 2019-njy ýylyñ tomsunda Amanzonka tokaýlyklarynyñ, gaz daglarynyñ, umuman alanda dünýäniñ üçden birine golaýynyñ oda berilmeginiñ birnäçe sebäpleri bardy. Şol wakalaryñ yzysüre Awstraliýada dört aýlap söndürip bolmadyk ýangynlar belli bir maksatlar bilen öñünden meýilleşdirilipdi we amala aşyrylypdy... Hemmämize mälim bolşy ýaly, agaçlar howadaky kömürturşy gazlary özüne sorup, kislorod bölüp çykarýar. Köklerinden şahalaryna çenli tutuş synasy newrotorlar ýaly özara sepleşik halynda bolup, adamyñ biologiki keşbine utgaşykly giñ gerimli elektromagnit tolkunlary ýaýradýarlar. Adamyñ saglygyna peýdaly bu emissiýalar sebäpli saýaly agaçlar bilen gurşalan tebigy zolaklarda ýaşaýan adamlaryñ iýip-içýän zatlaryna talapkär çemeleşilende uzak-uzak ýyllar sagdyn ýaşamaga mümkinçikleri bar... Eýsem-de, siziñ pikiriñizçe adamlaryñ uzak we sagdyn ýaşamagy kimleri ynjalykdan gaçyryp biler? Global dolanşykly derman öndürýän şereketlerimi? Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynymy? Adamzadyñ peýdasyna hereket edýän ýaly görünensireýän haýyr-sahawat fondlarynymy? Dünýäni elinde saklaýandygy aýdylýan 13 maşgalanyñ bähbitlerenimi? Ýakynda Roland Diggelmanyñ eden çykyşy köpüñiziñ ýadynda bolsa gerek: Derman öndürýän firmalaryñ hemmesiniñ gözünde diýen ýaly biz, gynansak-da, öz saglygymyza palta urýan näalalajedeýin müşderiden başga hiç kim däl. Käbirleriniñ pikirine görä dünýa ilatynyñ sany çaltlyk bilen 500 milliona düşürilmeli. Ýalñyş düşünmäñ, muny biz özümizden toslap aýdamzok, bu hut Jorjiýa Gidstons ýadygärliginde şeýlr ýazylgy: "Dünýäniñ ilatyny 500 milliondan aşakda sakla!" Häzir dünýäde sekiz milliarda golaý adam ýaşaýan bolsa, olaryñ ýedi milliarddan gowrak adamy ýok etmek isleýändigine düşünmek gerek. Bu depe saçyñy düýrükdiriji ähtimallyga ynanar ýaly däl... Ynansagam, ynanmasagam, munuñ üçin birtopar meýilnamalar işlenip düzüldi. Bilkastlaýyn we tapgyrlaýyn şekilde bu meýilnamalar durmuşa geçirilip ýör. Ýogsa-da, biri-birleri bilen ilteşikli, emma hiç sepleşinini bize tapdyrmak başartmaýan şol ädimler barada nämeleri aýtsa bolar? Köpçülikleýin gyrgynçylyklary döretmek üçin suwumyza awy gatjaklarmyka? Howa üsti bilenmi? Ýangyn bilenmi? HAARP bilenmi? Ýer titreme? Tsunami? Bu sanalanlaryñ haýsy bilen? Olaryñ amala aşyrýan meýilnamalarynyñ käbiri, gynansak-da, aklyña sygjak zat däl. Bu gabahatlygyñam añrybaşy we juda täsirli, maksady bizi tolkun arkaly öldürmek. Ýagny hemmelere düşnükli dilde aýtmaly bolsa, bäşinji guşak tolkun - "5G" bilen. Nädip diýýäñiz gerek? Bäşinji tapgyr mobil aragatnaşygy ýa-da gysgaça ady bilen 5G (5th Generation) ýokary tolkunda we ýokary lenta giñişliginde ulanylúar. 10 gigabaýt çaltlykda we iñ pes gijikdirmäge eýe internet bilen üpjün edýän 5G 6 we 300 GHz tolkunlarda işläp bolýar. Bu bolsa 5G-niñ 4G-den müñ essedenem gowrak çalt işleýändigini añladýar. Ýöne şeýle çaltlykdaky ýokary maglumat alyş-berişini ýola goýmak üçin 5G aragatnaşyk nokatlaryny 4G-ä garanda has ýygjam guramak we ortaça her 150 metrden bir güýçlendiriji goşmaça antenna oturtmak gerek bolýar. 5G-niñ ýaýýan radiasiýa mukdarynyñ öwrenilmegi üçin umumy beýanna bilen çykyş eden Halkara EMF (Elektromagnit meýdany) guramasynyñ alymlar geñeşinde işleýän iki ýüz kyrkdan gowrak ylmy işgär 5G-niñ durmuşymyza aralaşmagy bilen adamzadyñ we haýwanat dünýäsiniñ saglygyna uly howp abanjakdygyny aýdýar. Sözümizin başyny 2015-nji ýylda gazak sähralarynda duýdansyz ýagdaýda ölen 60 müñden gowrak saýga antilopynyñ syrly ölümi bilen başlapdyk, ynha, hut şol waka täze oýlanyp tapylan ýaragy synaýam we tehnologiýanyñ üsti bilen ölüm paýlamagy özlerine adat edinen adamsypat äjit-mäjitleriñ işidi. Mundan öñki makalalarymy okanlar himtreýl (himotrassa) we HAARP (англ. High Frequency Active Auroral Research Program — программа исследования ионосферного рассеяния высокочастотных радиоволн) barada beren giñişleýin maglumatlarym ýada salsynlar. HAARP-y häli-häzirem myş-myş teoriýasydyr öýdýänler, kellesini galdyranda bizi her gün zäherläp duran uçarlary görüp duranam bolsa, himtreýl bilen kontreýliñ (Конденсационный след) tapawudyny bilmeýänler, megerem, biziñ bu makalamyzda näme diýiljek bolýanyna düşünmez. Hatda her sözümi ýañsylamaga çalşyp, ýañzydylmak islenýän howp-hatarlary patarraky hasaplap, hezil edip gülerlerem. Elbetde, olaram öz bilenlerini okarlar, menem... Billi Geýts 2018-nji ýylda gatnaşan bir konferensiýasynda eden çykyşynda: "Geçmişden näme bilýän bolsak, ölüm howply täze kesel dörär we çaltlyk bilen ýer ýüzüne ýaýrar, epidemiýa alty aýyñ içinde 30 million adamyñ ölümine sebäp bolup biler" diýipdi... Konferensiýada görkezilen simulýasion wideoroliginde tomaşa edeniñizde wirusyñ nireden ýaýrandygyna üns beriñ. Wirusyñ başy Hytaýyñ Uhan şäherinde başlaýar... atötänleýine ýa-da çaklama teoriýasyna baglanyşdyrmañda-da, sähel şygyrdysy barlar munuñ nämäni añladýandygyna eýýäm düşünendirler, şeýle dälmi? 2019-njy ýylyñ 18-nji oktýabrynda Billi Geýtsiñ fondy, Jon Hawkins adyndaky Blumberg saglyk saglyk mekdebi, Bütindünýä Ykdysady forumy bilelikde Nýu-Ýorkda ýygnak geçirdiler. Bu ýygnaga gatnaşan syýasatçylar we gigant şereketleriñ ketdeleri saglyk ulgamynyñ jogapkär işgärleri bilen birlijde koronawirus keseli boýunça simulýasiýa geçirdiler. Bu şolar ýaly haý-haýly simulýasion taslamady we ol Hytaýyñ Uhan şäherinde dörän koronawirus keselinden edil alty hepde ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu şular ýaly zatlara ynanýanlar üçin täsin "tötänlik" bolsa gerek. (Maglumat üçin: https://www.facebook.com/dimitrov.tesla/posts/1257319111139137 linkine seret). Billi Geýtsiñ fondy bu ýygnaga diñe guramaçykyk etmek bilenem çäklenmedi, şol bir wagtyñ özünde fond 100 million dollarlyk ylmy-barlag işlerini alyp barjak we patent üçin ýüz tutjak şereketiñ hemme çykdajysyny öz boýnuna aldy. Uhanda dörän koronawirus üçin Billi Geýtsiñ birnäçe ýyl öñ patant alandygyny gulagy ker-gözi körlerem eşden-bilen bolsa gerek. Nähili täsin "tötänlik", şeýle dälmi? Nýu-Ýorkda geçirilen bu simulýasion ýygnaga gatnaşanlaryñ kimlerdigini bir bilsediñiz! Uly-uly banklaryñ hojaýynlary, BMG-nyñ delegatlary, dünýäniñ iñ uly metbugat serişdeleriniñ ketdeleri, hytaý we amerikan hökümetiniñ wekilleri, we başga-da birgiden adamlar... Soner Ýalçynyñ "Bize nukdaýnazar lazym" makalasyny hökman okañ: Koronawirus! Nähili tötänlik! Koronawirus (öñki ady 2019-nCoV, häzirki ady COVID-19) boýunça hiç babatda jedelleşere zat ýok... Global metbugat nämäni dykgatymyza ýetirse, şoña-da hökman ynanmagymyzy isleýärler! Aslynda bolsa dünýäde ne çekişmeler bolup dur. Meselem: 5G täze goýberiş kabelsiz telefon tehnologiýasy Hytaýyñ Mobil ylmy-barlaglary (CMRI) guramasy tarapyndan üstünlik bilen tamamlandy. Onuñ 2020-nji ýylda dünýä ýurtlarynda herekete girizilmegine garaşylýardy. Amerikan merkezli global metbugat geçen ýyl 5G-niñ saglyga erbet zyýanynyñ bardygyny we ölüm howply rak-dümew keseline meñzeş simptomlara sebäp bolýandygy barada garşa-garşa ýazyp başlady. Olar 5G-niñ 4G-den tapawutlylykda diñe täze goýberiş mobil aragatnaşygy bolman, eýsem harby tehnologiýadygyny, biologiki ýaragdygyny ýanjap-ýanjap ýazdylar... Bütin bular ýazylýarka, entek koronawirus belasy orta çykmandy! Eýsem, 5G-niñ güýje girizilmegi üçin saýlanyp alnan synag şäheri haýsy şäher, bilýäñizmi? Koronawirisyñ ilki ýüze çykan şäheri - Uhan! 2019-njy ýylyñ oktýabr aýynyñ 18-den 27-ne çenli aralykda Uhanda Bütindünýä söweşjeñ oýunlary (Military World Games) geçirildi. Şol çäräniñ dowamynda-da 5G ilkinji gezek ulanyşa girizildi. Şol gün... 2019-njy ýylyñ 18-nji oktýabrynda Nýu-Ýorkuñ Jon Hawkins adyndaky merkezinde Bütindünýä ykdysady forumynyñ we (waksinanyñ imperatory) Billi-Melinda Geýtsleriñ fondunyñ bilelikde geçiren "Hadysa 201 – Global epidemiýanyñ werzişi" epidemolik keseller simulýasiýasy geçirildi. Bu simulýasiýa üçin haýsy wirusy saýlap-seçendiklerini çak edýäñizmi? Elbetde, koronawirus! Ýokarda görkezen delillerimizi henizem ýerbe-ýer goýup, nämäñ-nämedigine göz ýetirip bilmeýänler üçin sözümizi dowam edeliñ. Merhum Aýtunç Altyndal ölmezden öñ bize ýumagyñ ujuny çöşlär ýaly köp sanly maglumatlary beripdi. Şol maglumatlaryñ içinde şeýle bir maglumat bar welin, gysgaça üstünde durlup geçilen bu bölekleýin maglumatlary birikdiren wagtyñyzda görýän zatlaryñyza haýran galarsyñyz... (Maglumat üçin: https://m.youtube.com/watch?v=MrLSpIjQ37I&feature=share linkine seret) Alymlar uzak wagt bäri 5G bazaly kabelsiz aragatnaşyk serişdeleriniñ döredýän elektromagnit meýdanynyñ hemme ýerde diýen ýaly barha we barha bizi gurşap almagy baradaky "çynlakaý ünjilerini" dillenmän durup bilmediler. Olar "soñky wagtlarda geçirilen köp sanly ylmy-barlag işleri elektromagnit meýdanynyñ janly organizmleri köplenç halkara we döwlet derejesinde alynýan direktiwalara oñaýsyz täsir edýändigini görkezdi" diýip nygtaýarlar. Oñaýsyz täsirleriñ arasynda rak howpy, öýjükleriñ stresleri, mäde bulanyklygy, dümew simptomlary, semizlik, saç düşme, işdäsizlik, tapsyzlyk, gowuşgynsyzlyk, kemis süñk ýiligi, kemis synalar, huşsuzlyk, güýçli depressiýa, akyl-huş bulaşyklygy, heniz öwrenilmedik dürli infeksiýalar, genetiki bozulmalar, nesil öndürijilik sistemasynyñ gurluş we funksioal üýtgeşmeleri, öwreniş we añ ukybynyñ kütekligi, newrologik bozulmalar, adamlaryñ güzeran gaýgysyndan ýaña endige öwrülen dargursaklygy, işjeñligiñ peselmegi we ölümler... ýaly birgiden kemçilikler bar. Baý-baý-ow, sanap soñuna çykyp bolmasa näme!!! Agzalan täsirleriñ berýän zyýany gelejekde adamzat nesline öwezini dolup bolmajak gorkuly netijelere getirjegi köre hasa. Sebäbi, hem ösümlik, hem haýwanat dünýäsiniñ zyýanly täsirlere uçrap, gözümiziñ öñünde nähili ýok bolup gidýändigine degişli gün geçdigisaýyn artýan subutnamalar bar. Alymlar 2015-nji ýylda kabelsiz tehnologiýanyñ RF-EMF meýdanynyñ saglyga çynlakaý zyýanlarynynyñ bardygyny tassyklady. Tokaý ýangynlary hem edil şol wagtda ýüze çykýar. 5G-niñ täsir ediş meýdanynyñ köpçülikleýin gurşawa eýe bolmagy üçin tokaýlaryñ mümkin boldugyça ýok edilmegi gerekmişin! Makalamyñ şu ýerine çenli ýazanlarymy we okanlaryñyzy çaklama teoriýasydyr öýdýänler üçin sözümi dowam edýärin. Türkiýede 5G aragatnaşygyny ýola goýmak üçin Goranyş tehnologiýasy müdirliginiñ, ASELSAN-yñ we köp sanly ýerli firmanyñ gatnaşmagynda ýerli aragatnaşyk bekedi ULAK ulanyşa girizildi. ULAK aragatnaşyk beketleri Türkiýede häzirem 500-den gowrak nokatda işjeñ ulanylýar. Belkäm, bu san size çökderräk gelendir? Eger şeýle bolsa, Italiýadaky 5G ulgamy bilen deñeşdirme geçirip görüñ we elbetde, yzyndandanam hyýalyñyzda infeksion wakalaryñ öz bilýän faktlaryndan sanawyny düzüñ, şonda siz meniñ näme diýjek bolýandygyma düşünersiñiz. "Hytaýlylara geçen güýzde mejbury waksinalar uruldy. Waksinany Uhanda (we 60Ghz 5G ulanýan ähli ýurtlar bilen bilelikde) öñden bäri açylan 60Ghz mm 5G tolkunlary bilen uzak aralykdan gözegçilik edip bolýar we onuñ RNA yzygiderliligi bar". Kimdir biri infeksiýasyny ýeñip, saglygynyñ gowulaşandygyna garamazdan, bäş günden soñ uzak aralykdan gözegçilik edip bolýan fermentler arkaly onuñ keselini gaýtadan gozgap bolýar ýa-da ýaşamaga ukyply funksiýalarynyñ işleýşini bes edip biljek şekilde immunitetini doly peseldip bolýar. Hususanam kruz (cruise) gämileri 60Ghz 5G bilen doly üpjün edilen we synag meýdançasy hökmünde ulanylýar. Didiwanyna ilkinji nobatda lokal ulgamlary mündüren bu äjit-mäjitleriñ göz öñünde tutýan täze maksady adamzadyñ gelejegine uzak aralykdan ädimme-ädim kast etmekdir. Dünýäniñ segsen göterimine ýigrimi ýyldan gowrak wagt bäri himtreýl çyrşalyp gelinýär. Himtreýl bilen doldurylan ýerlerdäki populýasiýanyñ 96 %-niñ akbagyrlaryna mätäçlik duýulýan molekulalar ýerleşdirilen, munuñ üçin giñ gurşawly täsir ediş meýdanynda arasy has ýygjam gurulan aragatnaşyk beketleriniñ we tolkunyñ mukdaryny has güýçli ýaýradyp biljek açyk meýdanlar gerek! Gynansak-da, biziñ organizmimiziñ immunitet goragyny uzak aralykdan ýok edip biljek tehnologiýa eýýäm olaryñ ellerinde bar. Adam synasynyñ funksiýalary kişä mätäçlik duýmaýandygy bilnen ýagdaýynda-da uzak aralykdan togtadyp bolýar. Uhan ID2020 QDDR üçin synag tapgyrydy. Duş gelinen ýagdaý uzak wagtlap durmuşa geçirilen "mejbury waksina" çäreleriniñ bir ädim öñüne geçdi. Immunitet goragymyzy köpçülikleýin ýok etmelerine ýene ýekeje ädim galypdy. Bu çäräniñ "B" we "J" meýilnamasy bolan mejbury "Çip" ulanyşygy we mugt internet hyzmaty ýalany, haosdan soñky guruljak gulçulyk düzgünini ýola goýmak üçin hemişe üns merkezinde saklanylýarr we ädimme-ädim islän zatlaryny bize ýerine ýetirtmäge çytraşylýar. Mundan beýläk eşdiljek her bir dünýä habarlaryna şu nukdaýnazardan seretmek we hüşgärligi elden bermezlik gerek. ABŞ-nyñ Merkezi razwedka uprawleniýesi bäş ýyl öñ laboratoriýa şertlerinde sintetik wirus öndürdi we patentini aldy. Soñea ony Hytaýyñ laboratoriýalaryna satdy. Hytaýda ilkinji bolup 5G taslamasy durmuşa geçirilip başlanandan bäri adam we köpçülikleýij guş ölümleri artdy. Muña garamazdan 5G nähili agyr netijelere getirýänem bolsa, ulanyşyga giriziläýmelidi we 5G-ni mazamlamak üçin "HOLISTIC" programmasynyñ bir bölümi bolan "COVID" taslamasy diýseñ "oýlanyşykly" orta atyldy. Bolup geçýän ölümler aslynda koronawirusdan däl-de, 60ghz lentalyk mikrotolkun (5G) sebäpli bolýar. 5G kislorod molekulasyndaky elektronlaryñ hereketlenmegine şert döredýär we gemoglobiniñ kislorod molekulasyna bolan sepleşigini bozýar (ýagny demikme döredýär). Şol sanda elektroportasiýa geçip, öýjükleri goraýan öýjük membranalarynyñ açylmagyna getirýär. Netijede adaty ýagdaýda organizmiñ goragy hemişeki we organizmde möwsümleýin ýagdaýda öñdenem bar bolan, sowukda gozgaýan wiruslaryyñ öýjüge şikes ýetirmegi üçin hiç hili päsgelçilik galmaýar. Başgaça aýdanymyzda, 5G organizmiñ gorag galkanyny doly ýok edýär. 5G aragatnaşyk serişdeleri 6Ghz we 300Ghz lenta giñişleriniñ arasynda işlemäge ukyply. Özem olar 4G-den tapawutlylykda, has ýygjam mikrotolkun ýaýradýar. 5G tehnologiýasy şöhle ýollaýan ýaly belli-belli nokatlara ýygjam energiýa akymyny goýberýär. Bu bolsa köpçüligiñ arasynda haýsam bolsa bir telefon belgisini göterýän adama ýöriteläp has ýygjam mikrotolkun ugradyp bolýandygyny añladýar. Bu tehnologik tilsim kimdir biriniñ janyna kast etmek maksady bilen aýratynlykda ulanylybam bilner, bir stadion adamy 10 sekuntda öldürmek üçinem! Munuñ ilkinji synagyny "Sowuk uruş" ýyllarynda ABŞ-nyñ Russiýadaky konsullygynyñ işgärleri boýunça ruslar geçirip gördüler. Amerikanlar operasiýanyñ geçiriljekdigi hakynda öñünden maglumat edinenem bolsalar, konsullygyñ işgärlerine olaryñ üstüne abanýan howpy duýdurmadylar. Çünki olara-da operasiýanyñ ahyrky netijesi gyzykly bolup göründi. Kän wagt geçmänkä, konsullygyñ işgärleri dürli rak kesellerine ýolugyp aradan çykdy. 2017-nji ýylyñ 13-nji sentýabryndan bäri alymlar, 5G-niñ saglyga zyýanly täsiriniñ bardygyny tekrarlap gelýärler. 5G kabelsiz radiasiýany iñ ýokary derejesine çykarýar. 5G tehnologiýasy diñe ýakyn aralykda täsirlidir. Gaty jisimden çalt ýaýraýar. Munuñ üçin birgiden täze antennalary dikmeli we doly ölçegli aragatnaşygy ýola goýmak üçin şäherlerde her 10-12 öýe aýratyn antenna dikmeli bolýar. Şeýlelikde radiasiýanyñ ýaýýan zyýanly täsiri-de artýar. "Kabelsiz tehnologiýanyñ barha köp gurşawly ulanylmagy" hiç kimi onuñ berjek zyýanly täsirinden çetde goýmaz. Çünki çaklamalara görä sany barha artýan 5G müşderileriniñ üstýne (myhmanhanalar, söwda merkezleri, hassahanalar hem) 10-20 milliard aragatnaşyk (holodilnikler, kir ýuwýan maşynlar, wideogözegçilik enjamlary, öz-özünden ýöreýän awtoulaglar, awtobuslar we başgalar) serişdesi internetiñ aýrylmaz bölegine öwrüler. Şol sanda Ýewropa bileleşiginiñ ähli raýatlarynda uzak wagtlaýyn RF-EMF uçramalary artyp biler. RF-EMF uçramalarynyñ zyýanly täsirleriniñ bardygy bireýýäm subut edilen zat. Kyrk bir döwletden 230-danam gowrak alym goşmaça 5G aragatnaşygynyñ ýola goýulmazyndan öñ elektron we kabelsiz enjamlaryñ döredýän elektromagnit meýdanynyñ barha giñemeginden duýýan "çynlakaý endişelerini" mälim etmekden çekinenoklar, ýöne bize näbelli bolan sebäplere görä metbugat organlarynda bu endişeler bilkastlaýyn bukulýar. Alymlaryñ 2015-nji ýylda geçiren birnäçe ylmy barlaglary kabelsiz tehnologiýanyñ döredýän RF-EMF meýdanlarynyñ saglyga zyýanly täsirleriniñ bardygyna güwä geçdi. Dünýäniñ iñ uly çykdajyly (25 million $) ylmy barlagy bolan Döwlet toksikologiýa maksatnamasy (NTP) elektromagnit meýdanyna uçran haýwanlarda ICNIRP (Ionizirlenmeýän radiasiýadan goranmak boýunça halkara komissiýasy) direktiwalarynyñ yzysüre beýni we ýürek düwnüginiñ statistikasynda artyş bardygyny görkezdi. Bu netijeler RF radiasiýasy we beýni çişmeleri howpy boýunça adam epidemologiýasy barlaglarynyñ netijelerini tassyklaýar. Köp sanly ylmy beýannamalar elektromagnit meýdanynyñ saglyga zyýanly täsiriniñ bardygyny biragyzdan aýdýar. Muny wikipediýanyñ gözleg düwmesine basyp, "Termoreaksiýa" diýlen ýazgydan goşmaça öwrenip bilersiñiz. (Maglumat üçin: https://www.facebook.com/dimitrov.tesla/posts/1195366737334375 linkine seret). Bütindünýä saglyk guramasynyñ (WHO) rak keselleri boýunça agentligi bolan Halkara Rak kesellerini öwreniş agentligi (IARC) 2011-nji ýylda 30 KHz – 300 GHz tolkunly elektromagnit meýdany adamlar üçin kanserogen döredýär diýen netijä geldi (Gruppa 2B). Munuñ bilen birlikde ýokarda görkezilen NTP maksatnamasy ýaly täze maksatnamalar we el telefonynyñ peýdalanylyşy we beýin raklaryny döretmegiñ howpy hakyndaky iñ soñky ylmy-barlaglany öz içine apýan epidemologik barlaglar RF-EMF radiasiýasynyñ adamlarda kanserogen döredýändigine güwä geçýär. "EUROPA EM-EMF" gollanmasynyñ 2016-njy ýyldaky sanynda "elektromagnit meýdanyna uçramagyñ rak keselleriniñ dürli görnüşlerini, alsgeýmering[1] we erkek önelgesizligi ýaly kesellerini döretme howpunyñ bardygy hakynda güýçli subutnamalar bar... EHS (aşa elektromagnit duýujylygy) simptomlarynyñ kelleagyrylary, konsentrasion bökdençlikleri, uky ýetmezçiligini, depressiýa, energiýa gowşaklygyny, ýadawlygy we dümewe meñzeş simptomlary" döredýändigi belli. Ylmy-populýar işlerde Ýewropa ilatynyñ barha artýan belli bir böleginiñ eýýäm birnäçe ýyl bäri elektromagnit meýdanyna uçraýandygy we kabelsiz radiasiýa bilen baglanyşykly kesel alamatlaryna ýolugýandygy bellenip geçilýär. 2015-nji ýylda Brýusellede geçirilen EHS we köptaraply himiki duýujylyk boýunça Halkara ylmy konferensiýasynyñ beýannamasynda (MCS) "Häzirki edinen ylmy gorumyza esaslanyp, ähli döwlet we halkara guramalaryna EHS-ny, MCS-ny hereket edýän hakyky medisina düzgünleri hökmünde tanamaklygy ündeýäris. Sentinal keselleriñ elektromagnit meýdanly kabelsiz tehnologiýalary we ulanyşdaky himiki maddalardan çäksiz peýdalanmagy ýola goýan ähli ýurtlarda ýakyn ýyllarda halk saglygynyna howp salmagyna garaşylýar. Muña göz ýummagyñ, görmezlige-bilmezlige salmagyñ getirjek agyr netijesini jemgyýet çekýär we bu indi bize çykalga bolup bilmez!!! Biz häzirem peýdalymy-zyýanly, witaminlimi-witaminsiz diýip gury jedele girýäris, Ýewropada bolsa oýanyp başlan birgiden gatlak bar we olar 5G-ni durmuşlaryndan çykarmagyñ aladasyny edip, garşylyklaýyn protest bildirip başladylar. (Maglumat üçin: https://www.youtube.com/watch?feature=youtu.be&v=DT4gYEDiWlw&fbclid=IwAR0DCPR9OyDBb50XxZsPGa3jsQLn8Y3MDqwXL6avKxzBc5gEFCE7OCj4BJ8&app=desktop linkine seret). ■ Öñüni alyş çäreleri 2005-nji ýylda Ýewropa bileleşigi "Öñünden duýduryjy prinsipleri" (YUNESKO) kabul etdi: "Alnyp barylýan işler bilen ylmy taýdan ylalaşyp bolar, emma ahlak taýdan netijesi näbelli öwezini dolup bolmajak zyýana sebäp bolsa, bu zyýanyñ öñüni almak üçin profilaktiki işler geçirilmäge degişlidir". ■ 1815 belgili karar (Ýewropa bileleşigi, 2011): ”Elektromagnit meýdanlardan, aýratynam el telefonlaryndan ýaýylýan radiotolkunlardan we kellede döreýän çişlerden iñ köp howp astyndaky çagalara, ýetginjeklere olara uçramagy azaltmagyñ iñ makul çärelerini kabul ediñ. Mejlisimiz ALARA (makul taýdan ýaýramaga ukypsyz) prinsipiniñ berjaý edilmegini we elektromagnit emissiýalarynyñ ýa-da radiasiýanyñ hem-ä termal täsirlerini, hemem atermik (termal däl) ýa-da biologiki täsirlerini gurşap alýan howpy degerlendirme ülñülerini we hilini gowulandyrmagy "aýratyn ýanjap" sargaýar. Nýurnberg kody (1949) 5G-niñ täze, has ýokary RF-EMF uçramasy bilen bile dolanşyga girizilmegi-de muña degişli bolup, adamlar boýunça geçirilýän ähli synaglaram şuña girýär. Bu synaglaryñ ählisi: "synagy gerekli görkezýän öñki maglumatlara (mysal üçin, haýwan synaglarynyñ netijesi) esaslanmalydyr. Ölüme ýa-da maýyplyk şikesine getirjegine ynandyrmak üçin hiç hili synagyñ geregi ýok. Muña hekimleriñ-de synag üçin geçirýän geçirýän işleri degişlidir" (Nýunberg kody, p.3-5). Öñ çap edilen ylmy işler saglyga zyýanly hakyky howplarda "ynanmak üçin iñ ilkinji sebäp" bardygyny açyk-aýdyñ görkezýär. Ýewropanyñ Tebigaty goraýyş agentligi (ÝTGA) radiasiýanyñ Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyñ ICNIRP ülñülerinden pesdigine garamazdan "gündelik enjamlardan ýaýylýan radiasiýanyñ howpunyñ" bardygyny duýdurýar. ÝTGA aýratynam şu netijä gelýär: Geçmişde öñünden oýlanyşylan prinsipleriñ ulanylmandygynyñ birnäçe mysallary bar. Bu adamlaryñ saglygynda we tebigy gurşawda köplenç öwezini dolup bolmajak ýitgilere getiripdir. Şeýle uzak wagtlaýyn täsirlenmelerden gelip çykýan "maýyl ediji" deliller we bu ýitginiñ nähili döreýändigine degişli biologiki çemeleşme mehanizmi kemala gelmezden öñ zyýanly täsirlenmeler artyp biler". "Howpsuzlyk kadalary" saglygy goramaly, industriýany däl. Häzirki ICNIRP ”howpsuzluk direktiwalarynyñ” hiç hili güýji ýok. Radiasiýa ICNIRP “howpsuzlyk direktiwalaryndan" pesdigine garamazdan, ýokarda bellenilen ähli zyýanly görkezijileri orta çykarýar. Şonuñ üçin täze howpsuzlyk ülñülerini işläp düzmek gerek. Ýalñyşdyrýan direktiwalaryñ sebäbi “ICNIRP agzalarynyñ telekommunikasiýa ýa-da elektrik şereketleriniñ arasyndaky özara gatnaşyklary sebäpli bähbit çaknyşygy, ionlaşdyryjy däl radiasiýa üçin jemgyýete täsir etme ülñüleriniñ düzgünleşdirilmegini dolandyrmak hökmany bolan bitaraplygy gowşadyp biler. Rak keseliniñ howpuny degerlendirmek üçin medisinada, hususanam onkologiýada güýçli alymlary bu meselä jemgyýetiñ ertirki ykbaly üçin dahylly etmek gerek". Elektromagnit meýdany boýunça ICNIRP-WHO direktiwalary ”RF-EMF täsirlenmesiniñ adam saglygy we howpsuzlygy bilen ilteşikli täsiri täsirlenen organizmiñ ýylamasydyr. Emma alymlar ICNIRP direktiwalaryndan kän pesdäki radiasiýa derejesinde ýylamalardan ("termal däl täsir") dürli-dürli birnäçe keseli we zyýany döredýändigini subut etdiler. Germaniýanyñ Aahen uniwersitetiniñ Elektromagnit tebigy utgaşma barlaglary merkezi güýçli radiotolkun ulgamlary bilen rak diagnozy goýlan syçanlaryñ arasynda görnetin ýakynlyk bardygyny görkezýän beýannama taýýarlady. Beýannamada aýdylyşyna görä iki ýyllap günde dokuz sagat elekktromagnit meýdanynyñ täsirinde galan syçanlaryñ beýnisinde, ýüreginde we damarlarynda üýtgeşmeleeiñ bolýandygyny hem-de öýjük ölümleriniñ artýandygyny görkezdi. Angliýanyñ Rak kesellerini öwreniş merkezi (CRUK) 90-njy ýyllardan 2016-njy ýyla çenli el telefonyny ulanýanlaryñ 500% artandygyny, munuñ bilen baglanyşyklylykda beýni çişmeleriñ (опухоль) hem öñkülere garanda 35% köpelendigini mälim etdi. Halkara Rak kesellerini öwreniş merkezi bolsa el telefonlaryny 2011-nji ýylda "rak keseline ýol açyp biljek sebäp" hökmünde görkezipdi. Waşington uniwersitetiniñ biohimiýa we düýpli medisina ylymlary bölüminiñ hormatly professory Dr. Martin L.Pall: “Oñaýlanan ýeke biologik howpsuzlygy synagy geçirilmezden millionlarça 5G antennasyny global möçberde ýerleşsirmek dünýä taryhynyñ iñ samsyklaç pikiridir” diýipdi. Professor Selim Şeker: "Adam organizmi 5G bilen has öñ görmedik-bilmedik derejesinde radiasiýa uçrar. Elektromagnit radiasiýasynyñ jandarlaryñ üstündäki belli-başly täsirleriniñ 2004-nji ýylda çap edilen "Refleks" ylmy işi bilen orta çykandygyny aýdýan Selim Şeker bu işiñ netijesinde elektromagnit radiasiýasynyñ çagalarda we uly ýaşlylarda aýry-aýry täsirleri berýändigine ünsi çekdi! Elektromagnit radiasiýasynyñ gysga wagtlyk täsirleri ukusyzlyk, ysgynsyzlyk döredýän bolsa, uzak wagtlyk täsirleriniñ adamyñ biologiki gurluşyny, gormonal işjeñligini we adam genetikasyny üýtgedýändigini, adamyñ DNK-syny täsiri astyna aljak zyýanlaryñ soñky nesillerde hasam belli boljakdygyny aýtdy. Elektromagnit radiasiýasy bilen adam ruhunyñ birmeñzeş energiýadygyny aýdýan Selim Şeker adamyñ bir günde harçlaýan güýjüniñ 40 watt töweregi bardygyny aýdýar. Professor Şeker iki energiýanyñ biri-birine utgaşmasy netijesinde elektromagnit radiasiýasynyñ beýnä urýandygyny we beýniniñ gorag mehanizmine zyýan berýändigini, netijede alsgeýmering, parkinson ýaly keselleri döredýändigini, ülñüniñ müñ esse pesdäki radiasiýalaryñ bolsa neýronlaryñ ölmegine getirýändigini we munuñ adamyñ ömrüni howp astyna almaga ýeterlikdigini aýtdy. Gollandiýa, Irlandiýa, Germaniýa, Belgiýa, Angliýa, Italýa ýaly ýurtlaryñ birnäçe şäher komiteti 5G tehnologiýasyna geçmegi goýbolsun etdi. Brýusseliñ Tebigaty goraýyş ministrligi ulanyşdaky aragatnaşyk ulgamyndan has köp radiasiýa ýaýratjakdygy üçin 5G-den ýüz öwürdi. Şweýsariýada 5G ulgamy işlemäge taýýar ýagdaýda durandygyna garamazdan saglyga zyýanly täsirleriniñ boljakdygy üçin deputatlar bu tehnologiýanyñ ornaşdyrylmagy baradaky meseläni referendumda ara alnyp maslahatlaşmagy teklip etdiler. Ýewropa bileleşinden talap edýäris: 1). Garaşsyz alymlar 5G we RF-EMF-niñ (2G, 3G, 4G we Wi-Fi bilen birlikde 5G) sebäp bolýan umumy radiasiýa derejeleriniñ raýatlar üçin zyýanly bolmajakdygyna kepil geçýänçäler 5G RF-EMF giñelişini togtatmak üçin ähli gerekli öñüni alyş çärelerini geçirmekn hususanam ýañy doglan çagalar, mekdep ýaşyna çenli ýaşly çagalar we göwreli aýallar üçin; 2). Ähli Ýewropa bileleşigi ýurtlarynyñ, hususanam radiasiýa howpsuzlygy agentlikleriniñ 1815-nji belgili Karara eýermelerini, mugallymlar we lukmanlar raýatlaryñ arasynda RF-EMF radiasiýasyndan döreýän saglyga zyýanly howplary, şeýle-de içinde we ýakynynda kabelsiz aragatnaşygyñ nähili we näme sebäpli öñüni almalydygy barada edara-kärhanalarda, mekdeplerde, öýlerde, iş ýerlerinde, hassahanalarda we garrylar öýlerinde wagyz-nesihat etmegi ýola goýmagy; 3). Saglyga zyýanly howplary täzeden seljermek üçin bähbidi bolmadyk garaşsyz alymlary, medisina işgärlerini, Ýewropa bileleşiginiñ degişli güýç birligini gyssagly industriýa täsir etmezden bellemek we: a). Ýewropa bileleşiginiñ içindäki ähli kabelsiz gatnaşygy üçin täze, howpsuz "maksimum umumy täsirlenme ülñüleri" hakynda karara gelmäge; b) Ýewropa bileleşiginiñ raýatlaryna täsir edýän umymy we jemi täsirlenmäni öwrenmäge; c) Ýewropa bileleşigi raýatlaryny, hususanam bäbekleri, kämillik ýaşyna ýetmedik çagalary we aýal-gyzlary goramak üçin her dürli EMF bilen ilteşikli Ýewropa bileleşiniñ täze “maksimum jemi täsirlenme ülñülerini” aşmagyñ nähili öñüni alyp boljakdygy barada düzgünnama-eýerme kadalaryny işläp düzmäge; 4). Lobbi guramalarynyñ üsti bilen kabelsiz-telekom industriýasynyñ Ýewropa bileleşigindäki jogapkär işgärlerini Ýewropadaky 5G hem dahyllylykda RF radiasiýasynyñ has köp ýaýylmagy boýunça karar çykarmaga razy etmeginiñ öñüni almaga; 5). Kabelsiz aragatnaşygyñ deregine kabelli elektron telekommunikasiýanyñ ornaşdyrylmagyna; Ýewropa bileleşiginde ýaşaýanlary RF-EMF-ä, hususanam 5G radiasiýasyna garşy goramak üçin nähili öñüni alyş işlerini geçirjekdigiñiz barada görkezen iki gol eýesine gijä galanda 2017-nji ýylyñ 31-nji oktýabryna çenli jogaba garaşýarys. Siziñ berjek jogabyñyz hemmelere mälim ediljekdir. Hormatlamak bilen, Raýner Niberg, EdD, professor Emeritus (Abo Akademiýasy), Wasa, Finlandiûa (NRNyberg@abo.fi) Lennart Hardell, MD, PhD, professor Onkoloýa bölümi, medisina we saglyk fakulteti, uniwersitet hassahanasy, Erebru, Şwesiýa (lennart.hardell@regionorebrolan.se) Gol çekenleri 2017-nji ýylyñ ahyryna çenli aşakdaky sanawa goşjakdygymyzy mälim edýäris. Gol çekenleriñ we şikaýatnamanyñ sanawy soñundan görkezilip bilner. Bellik: Ýewrola bileleşiginiñ parlamenti alymlaryñ bu möhüm çagyryşyna hiç wagt jogap bermediler, eşitmezlige-duýmazlyga saldylar. Aşakda görkezen linkimde abanýan howpuñ nähili zatdygyna göz ýetirmegiñiz üçin her ýurtdan gol çeken alymlaryñ atlarynyñ sanawyny okap bilersiñiz: https://ehtrust.org/wp-content/uploads/Scientist-5G-appeal-2017.pdf?fbclid=IwAR3Uku0S_QqF7CM8p1K7ClHphsAP8Tt7WwZaNwA7SryB_f8x1Kd94Xy_Uj4 Bizi it oýnaýan ýaly oýnaýarlar, ispan dümewiniñ mikroby tomsuñ yssysynda ýok bolup gider diýipdiler, emma ölümler iñ köp tomusda bolup geçdi, bu melamatyñ yssy ýa sowuk howa bilen dahylly ýeri ýok. Gurluşymyzda näçe "beket" bar bolsa şonça-da mutasiýa uçrar, immunitet goragymyz pese düşer we keseller örç alyp ölümler köpeler! Size her görkezilýän zada ynanyp ýörmäñ, her aýdylan söze-de ynanmañ. Seniñ sada ynanjañlygyñ olaryñ gözünde akmaklykdan başga hiç zat däl. Şonuñ üçinem olar gözlerine ejiz görnen her bir zady ýok etmegi özlerine wezipe edip goýdular. (Goşmaça maglumat üçin: https://www.siyasetcafe.com/korkutan-gelisme-32-dereceyi-goren-maldivlerde-salgin-buyuyor-65622h.htm?fbclid=IwAR0HJkYcYm4x65YKSEJW7ScOrftZmDuxv_KcpDB_I6yzwHj-EI4HuDX-_Hc linkine seret). Adam sypatyny ýitiren bu gäbazan mahluklar bütin dünýäni mikrotolkuna tutup bizi çişe düzjek bolýarlar. Düwmä basmalarynyñ öñüni almagyñ ýeke-täk ýoly bar, olam - oýanmak we howpy duýup, wagtynda herekete geçmek. Maglumatlary toplamakda ýardam beren Soner Ýalçyn, Ender Eraýdyn, Nesrin Durgut, Sian Jons Mýers dagylara we ady agzalmadyk başga-da birnäçe dostlaryma minnetdarlyk bildirýärin. Dimitrow TESLA. https://dimitrovtesla.blogspot.com/2020/03/mikrodalgada-coronali-kek-tarifi.html Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW, Stambul uniwersitetiniñ talyby. | |
|