21:24 Afrikada agdarlyşyklar döwri... | |
AFRIKADA AGDARLYŞYKLAR DÖWRI... MATERIKDÄKI TÄZE HUNTAÇYLAR RUSLARA WE HYTAÝLYLARA ARKALANÝAR
Publisistika
Afrika materigindäki döwlet agdarlyşyklary dünýä jemgyýetçiligini başagaýlyga salmagyny dowam etdirýär. Nigerdäki döwlet agdarlyşygynyñ yzyndan dartgynlylyk güýjäp başlady welin, agdarlyşyklar arkaly täze deñeçerlik ýola goýuljak bolýarmyka diýen sorag döredi. Nigerde köçä çykan halkyñ bir bölegi döwlet agdarlyşygyny goldady / Fotosurat: AA. Afrika materigi dünýäniñ iñ garyp esasy guryýer böleginden biri. Dünýäniñ iñ garyp elli döwletiniñ arasynda köp sanly afrika ýurdy bar. Ýerasty tebigy baýlyklara baýdygyna garamazdan, halkyñ aglaba bölegi aşa garyplykda ýaşaýar. Sebäbi materigiñ gymmatly magdanlaryna şindizem öñki kolonial güýçler eýelik edýär. Diñe şunuñ özem halk köpçüliginiñ nägileligine sebäp bolýar. Nigerde 26-njy iýulda bolup geçen döwlet agdarylyşygynyñ üstünde hemmetaraplaýyn pikir alşylýar. Agdarlyşyga ýolbaşçylyk eden Prezident Goragynyñ başlygy general Omar Tchiani ady bilen tanalýan Abdyrahman Tchiani häkimiýete el urup, "Watan goragy boýunça döwlet geñeşiniñ" (ýagny, Howpsuzlyk geñeşi) başlygy boldy. Aslynda Nigerde döwlet agdarlyşygy birinji gezek bolup geçenok, bulam soñkusy bolmasa gerek. Çünki Afrikada soñky üç ýylda köp ýurtda döwlet agdarlyşyklary sebäpli häkimiýetler çalşylyp dur. 2022-nji ýylyñ ýanwar aýynda özüne "Azatlyk we üýtgedip gurmak üçin ýurtsöýüji hereket" at dakan topar konstitusiýanyñ gödek bozulýandygyny, şonuñ üçinem hökümetiñ we mejlisiñ hereket edip gelýän ýatyrylýandygyny aýdyp, hökümete el urdy. Afrika dünýäniñ iñ garyp ýurtlarynyñ arasynda ýer alýar / Fotosurat Reuters 2021-nji ýylyñ sentýabrynda hem Ýörite Güýçleriñ serkerdesi polkownik Mamady Doumbouýa Gwineýadaky garyplygy we korrupsiýany tutaryk edinip, döwlet agdarlyşygyny gurnady. Ýene bir harby döwlet agdarlyşygy-da Çadda boldy. Otuz ýyl bäri prezident kürsüsini hiç kime bermän gelen Idris Debi 2021-nji ýylyñ aprelinde ýurduñ demirgazygynda gozgalañçylara garşy söweşýän harby bölümlere aýlanyp ýörkä ýüze çykan çaknyşykda aradan çykdy. Debiniñ ölüminiñ yzyndan Çad goşuny hökümeti ele aldy. 2020-nji ýylyñ awgustynda Malide hem Ýaragly Güýçlere degişli bir topar ofiser häkimiýeti eýeläp, prezident Ybraýym Boubakar Keitany öz arzasyny ýazyp işden gitmäge mejbur edip, parlamentiñ we hökümetiñ düzümini ýatyrdy. Başgaça aýdanda, Afrika materigindäki ýurtlaryñ hökümetleri birin-birin çalyşýar. Afrikada näme bolýar, sebitde wekilçilik uruşlary gidýärmi? Döwlet agdarlyşyklarynyñ Russiýa we ýerasty baýlyklar bilen baglanyşygy barmy? Hakynatutma harby toparlaryñ materikde täsiri nähili? Materikde bolup geçen üýtgeşmeler hakda Ankaranyñ Sosial ylymlar uniwersitetiniñ Afrika boýunça ylmy işler bölüminiñ başlygy Mürsel Baýram bilen pikir alyşdyk. Mürsel Baýram / Fotosurat: Twitter • "Materik uzak wagtdan bäri global göreşleriñ arenasy bolup gelýär" - Afrika materiginde näme bolýar? - Esasynda Afrika materiginde global güýç göreşleri bar. Geçen döwürlerden bäri Afrika hemişe uly güýçleriñ döwüş ringi bolup geldi. Materik soñky "Sowuk uruş" döwründe SSSR-iñ, ýagny Gündogar blogy bileb Günbatar blogynyñ özara göreşiniñ arenasy bolupdy. Häzir bolsa güýçlenen Russiýa, Hytaý bilen hemişeki aktýorlar ABŞ-dyr Ýewropa bileleşigi ýurtlarynyñ arasyndaky bäsdeşligiñ gyzyşandygy äşgär boldy. Sowuk uruş döwründäki polýuslaşmagyñ başgarak ýa-da täze wersiýasy hasap edip bolljak göreşiñ gürrüñi gidýär. Elbetde, muña Russiýa-Ukraina urşunyñ aýratyn uly täsiri boldy. Russiýa garşy girizen sanksiýalar sebäpli, ýewropa ýurtlary täze çeşmeleriñ gözlegine çykdylar. Aýratynam Afr8kadaky nebit-gaza baý Nigeriýa, Alžir ýaly ýurtlaryñ gymmaty artdy. Bilnişi ýaly Nigeriýa bilen Alžiriñ arasynda Nigeriñ üstünden geçirmek meýilleşdirilen tebigy gaz geçirijisi bardy. Meselem, Russiýa garşy girizilen sanksiýalar sebäpli özleri-de az zyýan çekmedik ýewropa ýurtlary munuñ öwezini Nigeriýanyñ we Alžiriñ gazy bilen doldurmaga synanyşdylar. Soñky bolup geçen döwlet agdarylyşyklary arkaly Russiýa belli bir manyda göz öñüne tutulýan şu maskatnamany sabotaž eden bolmagy-da mümkin. Banžul, Gambiýadaky Denton köprüsi gözegçilik nokadynda sebitleýin ECOWAS güýçleriniñ sudury görünýär / Fotosurat: Reuters • "Döwlet agdarlyşygynyñ bolup geçen ýerleri tebigy baýlyklar kän" - Soñky bolup geçen agdarlyşyklara Russiýa dahylly bolup bilermi? - 2020-nji ýyldan bäri Afrikada Sudan, Çad, Niger, Mali, Burkina Faso, Gwineýa ýaly ýurtlarda döwlet agdarlyşyklary bolup geçdi. Gwineýadan Sudana çenli aralykda uzap ýatan Sahel guşagy sebitinde döwlet agdarylyşyklaryñ bolup geçmegi oýlandyryjy. Bu ýerler iññän gadymy döwürlerden bäri kerwen we söwda ýollarynyñ ugrunda ýerleşen sebit. Şol bir wagtyñ özünde günbatar-gündogar haj güzergähi, şeýle-de demirgazyk-günorta we aýratynam Afrikadaky söwdanyñ tranzit güzergähinde. Bu sebitde ýerasty baýlyklar kän. Bu baýlyklaryñ arasynda nebit-gaz bilen birlikde uran, altyn, almaz ýaly gymmatbahaly magdanlar hem bar. Aýratynam soñky döwürlerde Sahel sebitinde galñap barýan rus täsiri ünsi çeker ýaly ýagdaýa geldi. Ýagny, deñagramlylygy üýtgedip biljek ukyba eýe. Meselem, häzir Russiýa 'Wagner" arkaly Merkezi Aziýa Respublikasynda täsirini güýçlendirdi. Malide, Gwineýada, Burkina Fasoda hem täsiri ýiti duýulýar. Ol ýurtlardaky režimler gönüden-göni Günbatara garşy Russiýa bilen güýç birikdirip deñagramlylygy saklamaga dyrjaşýarlar. Ýagny, Russiýa olar üçin deñagramlylygy sazlaýjy güýç roluny oýnaýar. Görşümiz ýaly, soñky bolup geçen dört döwlet agdarlyşygynda-da täze huntaçylar Russiýa arkalanýan, gyýtaklaýynam bolsa Hytaýa arkalanýan ýaly görnüş berýärler. Agdarlyşykdqn soñ Nigeriñ paýtagty Niameýde Fransiýanyñ ilçihanasynyñ öñünde üýşen demonstratlar huntany goldaýandyklaryny görkezmek üçin binany otladylar / Fotosurat: Reuters • "Fransiýa ýurduñ girjesiniñ 93%-ni özüne alýar, Nigere bolsa bary-ýogy 7%-i galýar" - Esasanam ýerasty baýlyklaryñ köp ýerinde döwlet agdarlyşyklarynyñ bolup geçmegi ünsi çekýär. Bu agdarlyşyklaryñ tebigy baýlyklara dahyly bar diýip bilerismi? - Elbetde. Bu ýerde global bäsdeşlik-göreş bar. Munuñ içinde köne hem güýçlenen täze kolonial güýçler bar. Gürrüñi gidýän ýurtlaryñ köpüsi öñ Fransiýanyñ koloniýasy bolan ýurtlar tebigy baýlyklaryñ agramly bölegi uran bilen bir hatarda hemmesi fransuz kompaniýalary tarapyndan çykarylýar. Meselem, Nigerdäki uran känlerinden gelýän girdejiniñ 93%-i fransuz kompaniýalaryna galýan bolsa, galan bary-ýogy 7%-i Nigeriñ özüne berilýär. Fransiýa elektrik toguny we energetika üpjünçiliginiñ aglaba bölegini Nigeriñ uranyndan alýar. Şonuñ üçin bolup geçen agdarlyşyklardan soñ üns berýän bolsañyz, täze režimler Fransiýa uran ýa-da altyn satmak ýaly meseleleri gozgap başladylar. Olar indi öz ýurtlaryndan çykýan baýlyklaryñ özlerine galjakdygyny we tutuş halkyñ peýdasyna ulanyljakdygyny aýdýarlar. Şeýle-de, antifransuz çemeleşme bilen tebigy baýlyklaryñ hak eýesine - halka berilmegini öñe sürýärler. Hawa, bolup geçen agdarlyşyklaryñ gönüden-göni tebigy baýlyklar bilen ilteşiginiñ bardygyny aýdyp bileris. Niger huntasy döwlet agdarlyşygyndan soñ ýokary düzümli ýolbaşçylary tussag etdi / Fotosurat: Reuters • "Fransiýanyñ täsiri gitdigiçe gowşaýar" - Fransiýanyñ kem-kemden Afrikadaky täsiriniñ peseljekdigini aýtjak bolýarsyñyzmy? - Hawa, azaljaga meñzeýär. Geçirilen barlaglaram muña güwä geçýär. Geçirilen bir barlagda "Afrika materiginiñ iñ bähbitli partnýory kim" diýip soralanda, Fransiýanyñ peselişe düşüp, Russiýa, Hytaý, Türkiýe ýaly aktýorlaryñ artýan täsiriniñ bardygy anyklandy. Afrika döwletleri, esasanam fransuz koloniýasy bolan ýurtlar Fransiýany başga döwletiñ işine goşulýan supermensireýän döwlet hökmünde görýär. Şonuñ üçinem olar mümkin boldugyndan fransuz täsirini azaltmaga gönükdirilen synanyşyklara ýüz urýar. Munuñ ykdysady taýdanam, harby taýdanam netijeleri bolup geçer. Muña mysal hökmünde birnäçe ýurtdaky operasiýalaryny soñlandyryp, goşun bölümlerini yzyna çagyrmaga mejbur bolandyklaryny görkezip bolar. Fransuz diliniñ döwlet dili statusynyñ ýatyrylmagy ýaly üýtgeşmeler hem bolup geçýär. Has öñ Marokko we Alžir bu ugurda ädimlerini ädipdi, indi Mali hem şeýdip, fransuz diliniñ döwlet dili statusyny ýatyrdy. Belli bir derejede Fransiýa garşy protest total protest häsiýetine eýe. Ýagny syýasy, harby, medeni, ykdysady ugurlar ýaly başga-da birnäçe ugry öz içine alýar. Afrikanyñ birnäçe ýerinde hakynatutma harby toparlar bar. "Wagner" hem şolaryñ biri / Fotosurat: Reuters • "Birnäçe ýurduñ Afrikada hakynatutma harby toparlary bar" - Hakynatutma harbylaryñ täsiri nähili, global güýçler bularyñ üsti bilen wekilçilikli uruşlary alyp barýarmy? - Hakynatutma harbylar temasy biraz düýpli tema, ýöne şuny aýdyp bolar. Käbir döwletler gönüden-göni jogapkärçilik çekmeýän ýerlerde hakynatutma harby toparlary ulananyny gowy görýär. Mysal üçin "Wagner" topary haýsydyr bir ýerde adam hukuklaryny bozaýan ýagdaýynda-da Russiýa munuñ üçin jogapkärçilik çekmeýär. Çünki toparyñ Russiýa bilen organiki ilteşiginiñ bardygyny subut etmeli bolýar. Käbir döwletler hut wekilçilikli uruşlarda bolşy ýaly ýarymharby toparlary bilen döwüşe çykýar. Bularyñ başyny Russiýa çekýär. ABŞ-dyr Angliýa ýaly köp sanly ýurduñam Afrikada hakynatutma harby toparlary bar. Bular baran ýerinde howply zonalarda hereket edýär. Girdejileri-de edýän işleriniñ howplulygy ýaly köp bolup bilýär. Meselem, "Wagner" Merkezi Afrika Respublikasynda almaz we altyn känleriniñ ýerleşen ýerinde aktiw hereket edýär. Sebitiñ howpsuzlygyny üpjün edýändikleri üçin kompaniýalaryñ girdejisinden ep-esli mukdarda paý alýarlar. Hakynatutma harbylar özüni özi ýok edip bilme ukybyna eýe. Hususanam Afrikada şular ýaly gatnaşyk göze ilýär. • "Afrika täze dünýä düzgüniniñ hatarynda tarap tutmaga dyrjaşýar" - Afrika haýsy ugra ýönelýär? - Täze dünýä düzgünine tarap ýönelmeler bar. Şeýle-de edil häzir köp polýusly dünýä çekişmeleri ýörgünli. Indi bir güýçden zyýada birden artyk dünýä höküm edesi gelýän, biri-biriniñ gegemoniýasyny döwjek bolup urunýan güýçler bar. Afrika döwletleri-de bu täze dünýä düzgüniniñ hatarynda tarap tutmaga dyrjaşýar. Emma Afrikanyñ bu ýönelmesi Hytaýyñ we Russiýanyñ başyny çekýän Aziýa-Ýewraziýa tarapa ýöneljege meñzeýär. Bu denklemin içinde Türkiye-de bar. Abdulhakim GÜNAÝDYN. Sişenbe, 08.08.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |