17:28 "Wagner" pitnesiniñ Orsyýete ýetiren täsiri... | |
"WAGNER" PITNESINIÑ ORSYÝETE ÝETIREN TÄSIRI:
Publisistika
"Moskwanyñ abraýy gün geçdigisaýy gowşaýar, Günbatar Putinden soñrasyny ara alyp maslahatlaşýar" Iosif Stalinden soñ Orsyýetde uzak wagtlap häkimiýet başynda oturan Wladimir Putin kyn günlerden geçýär. "Wagneriñ" başlan pitnesi gysga boldy, emma täsiri uzak wagtlap dowam etjege meñzeýär. "Wagneriñ" az wagtlyk pitnesi bütin dünýäde jedelleşilýär. Ukraina, Liwiýa, Siriýa ýaly käbir döwletlerde Orsyýetiñ hasabyna uruşýan "Wagneriñ" ýaraglaryny Kremle gönükdirmeginiñ seslenmeleri dowam edýär. Bilnişi ýaly hakynatutma harbylaryñ Moskwa garşy turzan pitnesinde az wagtyñ içinde birnäçe şäheriñ gözegçiligi Moskwanyñ elinden çykdy. Ümzügini paýtagta diken "Wagneriñ" hakunatutma harbylarynyñ pitnesi Belarus respublikasynyñ prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyñ ara girmegi bilen onçakly ulalmanka soñlandy. "Bu synanşyk bilen Iosif Stalindan soñ ýurtda iñ uzak wagtlap iş başynda galan ikinji şahs Wladimir Putiniñ 23 ýyllyk häkimiýeti agyr urgy aldy" diýen ýaly teswirleriñ berilmegine getirdi. Moskwa hökümetiniñ agyr ýitgä uçrandygyny aýdýan harby we syýasy analitikleriñ pikiriçe pitnäniñ Putine berjek çykdajysynyñ juda agyr boljakdygy ýaly öñki güýjüni gorap saklamagy-da çak edilişinden kyn bolar. Wladimir Putin / Fotosurat: Reuters Eýsem Kreml ýitiren öñki abraýyny nädip ýerine salyp bilerkä? Pitnäniñ Ukraina etjek täsirleri nähili bolarka? Kiýew hökümeti mundan peýdalanyp bilermi? Syýasatşynaslar bu meselä şeýle düşündirişleri berdiler: • "Putin öz ogrular toparyny döretdi" Türkiýäniñ Esenýurt uniwersitetiniñ Halkara gatnaşyklary bölüminiñ mugallymy professor Sait Ýylmaz Orsyýet-Ukraina urşundan garaşylan netijäni almadyk Orsyýetiñ köp sanly mesele bilen ýüzbe-ýüz bolup galjakdygyny çaklaýar. Putine garşy üç oppozision topardan söz açan Ýylmazyñ pikiriçe Orsyýetiñ içinde häkimiýet bölünişikleri bolup geçýär. Ors döwletiniñ içinde öñki harbylardan, kontrrazwedkaçylardan, işewürlerden emele gelen bähbitparaz we çemeçil bandanyñ bardygyny aýdýan Ýylmaz "Ukraina bilen uruş şowlamady. Putin öz ogrular toparyny döretdi. Günbataryñ sanskiýalary bilen birlikde bularyñ maddy çeşmeleri-de azaldy we nägilelikler artdy" diýdi. Sait Ýylmaz / Fotosurat: Twitter • "Putin Ukrainadan doly çekilmeli bolar" Ukraina goldaw berýän Günbataryñ urşy gutarmak islemeýändigini, onuñ Moskwany çagşatmak üçin çytraşýandygyny aýdan Ýylmaz "Öñümizdäki bir ýylyñ dowamynda goşun bölümleriniñ arasynda bölünişikler bolup başlar diýip pikir edýärin. Putin häzirlikçe belany başyndan sowdy, emma munuñ ertiriniñ ýokdugyny gören bolsa gerek. Günbatar indi Putini däl-de, ondan soñrasyny ara alyp maslahatlaşýar" diýdi. Günbataryñ "Orsyýeti böleliñmi ýa režimi üýtgedeliñ?" diýen soragyñ üstünde kelle döwýändigini öñe süren Ýylmaz "Orsyýeti bölmek olaryñ bähbidine däl. Orsyýet bölünse, mundan Hytaý peýdalanar. Şoñ üçinem "diñe režimi üýtgedeliñ" diýen senari bar" diýip, sözüniñ üstüni ýetirdi: "Putiniñ uzaga gitmejegi belli. Uruş we sanksiýalar Orsyýeti batga batyrdy. Putin bilen ylalaşyk baglaşylar. Munuñ netijesinde Putin häkimiýetden el çekip, Ukrainadan doly çykmaly bolar. Orsyýet diñe şeýdende Günbatar bilen dil tapyşyp biler. Mundan başga hiç bir şerti Günbatar kabul etmez. Ýagny, Ukrainadan doly çykman, Günbatara gol ýapýan häkimiýet iş başyna gelmezden Moskwa bilen hiç hili ylalaşyk baglaşylmaz". "Wagner" pitnesiniñ täsirleri dowam edýär / Fotosurat: Reuters • "Orsyýetiñ abraýy gün geçdigisaýy gowşaýar" Otstawkadaky general Osman Aýdogan hem Putiniñ Ukraina çozmak bilen ullakan ýalñyşlyk goýberendigini pikir edýänlerden. ABŞ-nyñ 2014-nji ýyldan bäri Kiýew hökümetine ýarag berip gelendigini we harbylaryna tälim berendigini aýdýan Aýdoganyñ pikiriçe birinji zarbasynda maksadyna ýetip bilmedik Orsyýetiñ ykdysady taýdanam, harby taýdanam güýji peseldi. Kremliñ abraýyny dikeltmek üçin edip biljek iñ gowy işiniñ Ukrainanyñ çäklerinden çykmak boljakdygyny aýdýan Aýdogan "Iñ mantykly çykalgasy şol" diýdi. "Orsyýet Ukrainada galdygysaýy uruş uzaga çeker" diýen Aýdogan şeýle diýdi: "Hytaý akyldarynyñ aýdyşy ýaly "uzaga çekýän uruş ilki goşuny, soñ goşuny ýabanylaşdyrýar". Orsyýet gün geçdigisaýy abraýyny ýitirýär. Moskwa sagdyn we abraýly parahatçylyk şertnamasyny baglaşyp, üstün çykyp biler. Uruşy soñlandyran parahatçylyk däl-de, parahatçylygy has-da berkidip biljek ylalaşyk Orsyýetiñ abraýyny dikeldip biler". Osman Aýdogan / Fotosurat: Twitter • "Üstünlik gazanmak umydy bilen Günbatar goldawyny hasam artdyrsa gerek" "Wagneriñ" pitnesinden soñ ukrain güýçleriniñ garşylyklaýyn hüjüminiñ hasam çakganlaşjakdygyny aýdýan Aýdogan sözüniñ dowamynda şeýle diýdi: "Bilnişi ýaly anyk netije alynmasa-da, Ukrainanyñ ors güýçlerine garşy garşylyklaýyn hüjüme geçmegi ünsdedi. Inisiatiwany alan Ukraina, goranyşa geçen Orsyýetdi. "Wagneriñ" bu pitnesi Putini bialaç ýagdaýda goýdy. Pitne bilen birlikde moral we psihologik üstünlik Ukraina geçdi. Kiýew hökümeti elden gideren ýerlerini yzyna alýança garşylyklaýyn hüjümlerine dowam eder. Dünýäniñ köp sanly ýurdy-da Kiýewiñ garşylyklaýyn hüjümlerini artdyrmak üçin elinden gelen kömegini berýär we üstünlik gazanmagyñ umydy janlanandygy üçin berýän goldawyny hasam artdyrsa gerek". • "Kiýew hökümeti peýdadan has köp zyýan görer" Otstawkadaky general Armagan Kulogly bolsa kärdeşi Aýdoganyñkydan başgaçarak pikiri öñe sürdi. Kuloglynyñ pikiriçe Moskwa pese düşen abraýyny Ukrainadaky urşy hasam güýçli dowam etdirip, maksadyna ýetmegi bilen dikeldip biler. Kiýew hökümetiniñ "Wagneriñ" pitnesinden peýdadan has köp zyýan görjegini öñe süren Kulogly şeýle diýdi: "Çünki Orsyýet pese düşen abraýyny Ukrainanyñ üstünden dikeltmäge dyrjaşjakdygy üçin ähli güýjüni, kuwwatyny, ünsüni jemläp, ukrain urşuna gönükdirer. Ol abraýyny we täsirini Ukrainanyñ üstünden dikeltjek bolar". • Armagan Kulogly / Fotosurat: Twitter • "Amerikan we iñlis kontrrazwedkalarynyñ roly uly" Günbataryñ Ukrainany NATO bileleşigine almak bahanasy bilen Orsyýeti weýran edendigini we urşuñ başlamagyna sebäp bolandygyny aýdýan Kulogly "Olaryñ bar maksady wekilçilikli uruş bilen Orsyýeti mümkin boldugyça çökertmek we frontda haýyny almakdy. Bu pygyllaryna ýetip bilmeýşi ýaly, Günbatar garaşan netijesini-de gazanyp bilmedi" diýip, sözüni şeýle dowam etdirdi: "Moskwa Ukraina garşy artykmaçlyk gazandy. Ukrainanyñ ýañadandan tijenip Günbatardan alýan goldawy bilen elinden gideren ýerlerini almagy o diýen mümkin däl. Munuñ üçin Günbatar Orsyýeti başga ýerden gowşatmaga mätäçlik duýdy. Bulam içinden urmak boldy. Munda ABŞ-nyñ MRU-niñ (CIA) Angliýanyñ M16-nyñ täsiri uly. Eýýäm birnäçe aý bäri "Wagner" bilen Orsyýetiñ arasynda oñuşmazlyk bardy. Günbatar munuñ bilen Orsyýetiñ içinde başga bir front açyp maksadyna ýetjek bolýar". Abdulhakim GÜNAÝDYN. Duşenbe, 26.06.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |