23:45 Kürsiniñ ýakymy: Oturansoñ turasy gelýän ýok | |
KÜRSINIÑ ÝAKYMY: OTURANSOÑ TURASY GELÝÄN ÝOK
Publisistika
Türkiýede ýolbaşçy wezipä bir oturandan soñ ýerinden turasy gelmeýän kän. Käbir ýolbaşçylar 10-20 ýyl, hatda ondanam köp wagt ýolbaşçy wezipede oturyp bilýär. Syýasaty öwrenijiler munuñ sebäplerini şeýle düşündirdiler. "Munuñ özi wajyp mesele. Kimdir birileri başlyklykdan gitmejek bolup kürsä aslyşyp ýatýar. Näme işiñ bar, gidiber-dä, senden başga adam ýokmy? Zorluk barmy saña? Ýigrimi ýyllabam bir ýolbaşçy bormy ýurtda? Bolmaz-a. Ýerine ýaşlar gelmeli, bu ýurt ýaşlaryñ ýurdy. Ýetişdirenoklar, alanoklar. Filtrasiýa bar, köpçülikleýin partiýasynda filtrleýärler". Bu sözleriñ eýesi meşhur türk taryhçysy, akademik Ilber Ortaýly. Ol bu sözleri "Halk TV" teleýaýlymynda Ismail Küçükkaýanyñ alyp barýan "Täze säher" ("Yeni Bir Sabah") gepleşiginde aýtdy. Ilber Ortaýly Ortaýlynyñ "Ýigrimi ýyllabam bir ýolbaşçy bormy" sözleri jedel turuzdy. Aslynda gozgalan gürrüñ täze däl, ençeme ýyllap dowam edip gelýän jedel. Çünki Türkiýede käbir ýolbaşçylar 10-20 ýyl, hatda şondanam köp wagt ýolbaşçy wezipede oturyp bilýär. Türkiýäniñ soñky 60 ýyllyk syýasy taryhyna ser salynanda, munuñ birnäçe mysalyna gabat gelmek mümkin. • Dürli hökümetlerde 7 gezek premýer-ministrlik Meselem, Süleýman Demirel, Nejmettin Erbakan, Bülent Ejewit, Deniz Baýkal, Döwlet Bahçeli, Rejep Taýýip Erdogan, Kemal Kylyçdarogly şolaryñ biri. Demirel 1965-1993-nji ýyllar aralygynda ýedi dürli hökümetde jemi 10 ýyl 5 aý premýer-ministr, 1964-1980-nji ýyllarda Adalat partiýasynyñ, 1987-1993-nji ýyllarda bolsa "Dogry ýol" partiýasynyñ başlygy bolup işledi. • Otuz ýyldan gowrak wagt başlyk bolup oturdy Erbakan premýer-ministr we premýer-ministriñ orunbasary ýaly wezipelerde işlemek bilen bir hatarda "Milli nyzam" partiýasynyñ (1973-1981), "Refah" partiýasynyñ (1987-1998), "Fazilet" partiýasynyñ (1998-2001), "Saadet" partiýasynyñ (2001-2011), jemi 30 ýyldan gowrak wagt başlygy bolup oturdy. Otuz ýyldan gowrak wagt başlyk bolup oturanlar bar / Surat: Independent Türkçe • Çärýek asyrlap başlyklyk etdi Ejewit premýer-ministr, premýer-ministriñ orunbasary, ministr ýaly wezipelerde işledi. 1972-1980-nji ýylda Halk-Respublikan partiýasynyñ (JHP), 1987-2004-nji ýyllarda bolsa Demokratik Çepçiler partiýasynyñ, jemi 25 ýyl başlygy bolup oturdy. Deniz Baýkal ministr, ministriñ orunbasary ýaly wezipelerde işledi. Deniz Baýkal az wagtlyk arakesmeleri hasaba almanyñda, 1992-2010-njy ýyllar aralygynda jemi 18 ýyllap başlyk wezipesini elden bermedi. Döwlet Bahçeli premýer-ministriñ orunbasary wezipesinde işledi. 1997-nji ýylda Milliýetçi Hereket partiýasynyñ (MHP) başlyklygyna saýlanan Bahçeli az wagtlyk döwri hasaba almanyñda, 25 ýyl bäri wezipesini elden bermän gelýär. • Ýigrimi ýyllap premýer-ministr we prezident wezipesinde Erdogan 2003-2014-nji ýyllar aralygynda arakesmesiz tegelek 11 ýyl premýer-ministrlik etdi. Ikinji möhletinde prezidentlik edýän Erdogan belli bir wagty hasaba almanymyzda 2003-nji ýyldan partiýasynyñ başlygy bolup otyr. • Kürsä oturansoñ turasy gelýän ýok Kylyçdarogly 2010-njy ýylda Halk-Respublikan partiýasynyñ başlyklygyna saýlandy we 12 ýyldan bäri wezipesini elden bermän gelýär. Mysallary hasam köpeldip bolar. Dogrusy, bu diñe syýasata mahsus ýagdac däl. Jemgyýetler, sport klublary, kärdeşler arkalaşyklary, söwda edaralary we zähmetkeşler birleşikleri ýaly ugurlarda-da şuña meñzeş ýagdaý gaýtalanýar. • "Kürsüden turup bilmeýän bolsa, hökman aşagyny hapalandyr" Dogrusyny dogry aýtmaly, kürsi şeýle bir süýji we özüneçekiji bolmaly, sebäp hiç kimiñ ondan turasy gelenok. Oturan kürsülerinden turup bilmezlikleriniñ birnäçe sebäbi bar. Türkiýäniñ Ýokary Halk Mejlisiniñ (TBMM) öñki başlygy Bülent Arynç has owal bu meselä kakdyryp, hindileriñ bir atalar sözüni ýatladypdy: "Hindi nakylynda aýdylyşy ýaly, "eger kimdir biri kürsüden turup bilmän kösenýän bolsa, hökman aşagyny hapalandyr". Bir Hint Atasözünde denir ki: "EĞER BİRİLERİ OTURDUĞU KOLTUKTAN KALKMAKTA SIKINTI YAŞIYORSA KESİNLİKLE ALTINI KİRLETMİŞTİR." pic.twitter.com/I7oEGCetA1 — Bülent Arınç (@bulent_arinc) March 15, 2017 Ýogsa-da, ýolbaşçylar nämüçin wezipesinden añsat el çekesi gelenok, nämüçin ýaşlara ýol berenoklar. Syýasaty öwrenijiler munuñ sebäplerini şeýle düşündirdiler. • Munuñ iñ janly mysaly ABŞ-dyr Syýasatşynas alym, professor Ilter Turan öz islegi bilen wezipesinden gitjek ýolbaşçynyñ ýokdugyny aýdýar. Häkimiýetiñ süýji bolýandygyny bellän professor Turan "Demokratik jemgyýetlerde adatça liderler saýlaw ýoly arkaly tãzelenip durýar" diýdi. Käbir sistemalarda liderleriñ we ýolbaşçy düzümleriñ täzelenmegi üçin birtopar çäklendirmeleriñ goýlandygyny aýdýan Turan "Munuñ iñ janly mysaly ABŞ-dyr. Bir adam iki möhletden artyk prezidentlik edip bilmeýär. Bu eýýäm däbe öwrülen ýörelge. Franklin D.Ruzwelt bu ýörelgäni bozup, dört gezek saýlandy welin, beýle ýagdaýyñ gaýtalanmazlygy üçib konstitusiýa bir madda goşuldy" diýdi. Ilter Turan / Fotosurat: AA Hytaýyñ prezidenti Si Szinpiniñ iki möhletlik partiýanyñ başlygyna saýlanmak düzgünini bozup, müddetini ýene uzaldandygyny ýatladan Turan "Birnäçe hökümet konstitusiýa iş möhleti boýunça çäklendirmeleri girizýär, ýöne has soñra muny üýtgedýärler. Eýle ýa beýle görnüşde ýolbaşçynyñ täzelenmegi syýasy partiýanyñ ýa-da ýurduñ üýtgäp durýan şertlere çalt uýgunlaşmagy üçin örän möhüm işdir. Aýratynam, demokratiýa bilen dolandyrylýan ýurtlarda munuñ hökmany suratda berjaý edilmegi gerek" diýdi. • Partiýanyñ içinde demokratiýa ornaşan ýagdaýynda beýle zat bolmaýar" Syýasaty öwrenij professor Ali Çarkogly hem Turan bilen bir pikirde. Çarkoglynyñ pikiriçe munuñ iñ birinji sebäbi, lideriñ ýakyn töwereginiñ ony çalşyrmak islemeýänliginden gelip çykýar. Biragyzdan goldasalar, liderleri çalyşyp durmagyñ kynçylygy ýok. Birleşen Korollykda Konserwatiw partiýanyñ işi igruna bolmaýan liderlerini şobada çalşyrýandygyny ýatladan Çarkogly "Emma Türkiýede partiýalaryñ gurluşy bular ýaly üýtgeşmä mümkinçilik döretmejek şekilde kemala gelipdir. Munuñam iñ esasy sebäpkäri, başlyklaryñ öz toparlaryny partiýany golastynda saklap biljek görnüşde jogapkär wezipelerde oturtmagydyr" diýdi. Ali Çarkogly / Fotosurat: Twitter Partiýanyñ içinde demokratiýanyñ ornaşan ýurtlarynda uzak wagtlap wezipede oturma ýagdaýynyñ bolmandyg6ny aýdan Çarkogly şeýle diýdi: Saýlaw ulgamy, saýlawlaryñ we syýasatyñ maliýe hemaýatkärligi, partiýanyñ içindäki düzülme mümkingadar bäsdeşlige açyk bolmaly. Açyk bolmaly diýmek bilen, eger wezipesine mynasyp bolup we saýlawlaryñ garşysynda başarnyk kriteriýasyna eýermezden iş başynda galýan partiýanyñ başlyklary islemeýän bolsa, elbetde. Ýogsam bolmasa, aýry-aýry birnäçe ýyrtda şol bir zat gaýtalanýar. Ýagny, bäsdeşligi üpjün edip biljek üýtgeşmeleri girizmeli. Emma Türkiýede, aýratynam partiýalaryñ öz içiniñ guramaçylygy şeýle bäsdeşlige esaslanýan üýtgeşmeleri manysyzlaşdyrýar, şonuñ üçin beýle zat ýok diýsek ýalñyşmarys. • "Şahslary añsatlyk bilen kultlaşdyrýan däplerimiz bar" Syýasaty öwreniji alym, dosent Jan Kakyşym hem professor Ilber Ortaýlynyñ aýdan sözleriniñ durmuşy hakykata yşarat edýändigini aýdýar. Kakyşymyñ pikiriçe şeýle ýagdaýyñ iñ esasy sebäbi türk partiýalarynyñ öz içindäki demokratik nogsanlykdan. Çünki syýasy partiýalar kanuny liderlere partiýany isleýişleri ýaly gysymynda saklamaga mümkinçilik berýär. Jan Kakışym / Fotosurat: Twitter Meselämiñ ýene bir tarapynyñ ýurduñ medeniýeti bilen baglanyşyklydygyny aýdýan Kakyşym sözlerini şeýle tamamlady: "Gündogar jemgyýetleri hökmünde institutisional işleýişden köp şahslary öñe çykarýan we olary añsatlyk bilen kultlaşdyrýan däplerimiz bar. Şol sebäpli diñe partiýalarda däl, jemgyýetlerde, sport klublarynda, kärdeşler arkalaşyklarynda, söwda we zähmetkeşler birleşiklerinde şuña meñzeş ýagdaý gaýtalanýar. Üýtgeşmäniñ töwekgelligine ýüz urmagyñ ýerine ähli nogsanlyklaryna garamazdan dowam edip duran we öwrenişen düzgünimizi saýlap alanymyzy gowy görýäris. Munuñ üýtgemegi üçin düýpli añ öwrülişiginiñ bolmagy gerek". Abdulhakim GÜNAÝDYN / @abgunaydin Şenbe, 29.10.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |