00:05 Agşamlyk | |
AGŞAMLYK
Goşgular
Gün ýene-de zemin bilen öpüşdi, Garasy köpelýär dünýäň çalyndan... Çep gursaga düşnüksiz heser düşdi, Perişdeleň ýere gonýan çagynda. Entek-entek kesilerli görnenok Bazara direýän köçäň akymy. Bazarda henizem ýöräre ýer ýok, Şeýle lezzetlimi söwdaň ýakymy?! Ozuşyp äwmezek awtobuslary, Öýüň ýolun tutýar ýüwrük ulaglar. Agşam – göýä gündizligiň gussasy, Gündizler kän, Ýöne şu gün dolanmaz. Aslynda, haýyra bolmagam mümkin Şu günümiň gaýdyp gelmejekligi. Elbetde, düýnümem meň üçin ýakyn, Ýöne men has ýakyn saýýan geljegi. Geçmişimi ýatlap bilerin, ýöne Ýaşap bilmen geçen günlerim bilen. Her näçe ýakymly bolsa-da köne, Ömrümiň ölçegin ertirim biler. Ertirimiň ertiri bar, ertirler Meni täze ertirlere ýetirler. Ertirlem iş biti:r, Düýnlerim bolsa, Heňňamlaryň demir penjiresinden Haýranlyga çümüp, garar otyrlar. Olaň ertirlere gözleri gider, Emma ýokdur edip biljek alajy. Ertirlerim bolsa öňküden beter Kämilleşer, Arşy sarsdyrar güýji. ...Ýaşa, Umyt! Seniň jadyňa gurban, Diňe seniň bilen ömrüm gözeldir. Süňňüm bilen syzyp ertire barýan, Adam bolup ýaşamagyň hezilni. ...Gün uklady gujagynda ertiriň, Girmek üçin çagalaryň düýşüne. Men pytradyp pikirleriň tertibin, Tisginýän oglumyň “Kaka!” diýşine. Oglum – çakylykçym yzymdan geldi, Diýmek, agşamlygmyz bolandyr taýyn. Körpäm çekeleýär galamly elmi, “Ýör, kaka, bireýýäm sowady çaýyň.” Hoşlaşasym gelmän hoşlaşýan onsoň, Geçmişim, geljegim – pikirlem bilen. Hem salam berýärin ýarym sagat soň – Dostuma – Öýmüze oturma gelen. Ýene gürrüň gidýär saçak başynda, Geçmişiň, şu günüň, ertäň gürrüňi. Diýmek, pikirlerim üzülmän eken, Dostum bilen dowam edibermeli... | |
|
√ Ölmeli bolsam / Goşgular - 07.12.2024 |
√ Iman ogrusy / Goşgular - 03.06.2024 |
√ Öýke eýleme / Goşgular - 23.06.2024 |
√ Ýaşa dünýäni gujaklap / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Ýediñde ýazylan goşgy / Goşgular - 26.06.2024 |
√ Boş bolgaý / Goşgular - 28.08.2024 |
√ Nesliň göterer / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Kalbymyň tümünde galan sargyt / Goşgular - 29.06.2024 |
√ Meniň gimnim / Goşgular - 07.09.2024 |
√ Din-u millet sorar iseň, aşyklara din ne hajat? / Goşgular - 05.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |