19:39 Ahyrda boljak sen gedaý | |
AHYRDA BOLJAK SEN GEDAÝ
Goşgular
Eý ýaranlar uşbu türkmen mekdebiñ kylsañ tamam, Her niçe çekseñ azap, ahyrda boljak sen gedaý. Iñ ulug mertebesi metjitlerde bolmak ymam, Her niçik çekseñ azap, ahyrda boljak sen gedaý. Medresäni gutaryp, adamlara berseñ sapak, Aş iýseñ geltirerler dolduryp saña tabak, Yzzat eýläp, ilden-ile çagyrarlar ýekme-ýek, Her niçe hödür etseler, ahyryñ boljak sen gedaý. Jennet etgeý yzzat eýläp, ol owaly asylar, Şeýle ilim bergeniñni görmäge gelgeý nasylar, Lagnaty şeýtan gelip, saña kylgaý waswasylar, Türkmen içre molla bolsañ, ahyryñ boljak sen gedaý. Köp tekepbirlik kylyp, köñlüñe getirseñ sen meni, Egniñe torba asyp, gezseñ gerek köp ülkäni, Amylarnyñ hüşri birle doldurar sen permany, Türkmen içre molla bolsañ, ahyryñ boljak gedaý. Abraýly mollalarnyñ oşol erer mertebesi, Jalataýy alymlarnyñ ýakmaz owazy-sesi, Dünýäde her kär edip, görmedim şundan pesi, Türkmen içre molla bolsañ, ahyryñ boljak sen gedaý. Gije-gündiz halk içre şepagatlar eýleseñ, Daşyña adam ýygnap, wagzy-nesihat eýleseñ, Köneden ötgenlerni destan-hekaýat eýleseñ, "Söýlegin, molla aga!" diýp ahyryñ boljak sen gedaý. "Sopy Allaýary" okap, magnysyn aýtsañ ýerbe-ýer, Ol "kelamylla" bilen "tesbireden" berseñ habar, Bu sözüñden ýagşy sen taryhlardan aýtsañ hub erer, "Ýagşydyr, molla aga!" diýp, ahyryñ boljak sen gedaý. Molla bolsañ türkmen içre, ol gedaýnyñ biri sen, Gamlylarnyñ biri bolup, şeýtan lagnat piri sen, Ömrüñ öter melul bile uşbu dowzah nary sen, Türkmen içre molla bolsañ, ahyryñ boljak sen gedaý. Hiç kemi ýok ynanyñ, aýdan sözümde ýok galat, Aýdanym gysga geler, omyn kylsam selawat, Türkmenge molla bolup, syryna boldum belet, Türkmen içre molla bolsañ, ahyryñ boljak sen gedaý. Eý ýaranlar köp görüpmen, şeýle munuñ ýagdaýyn, Sekiz ýyllap molla boldum, men bilenmi aýdaýyn, Deñi-duşum, dosty-ýarlar sizlere yzhar edeýin, Türkmen içre molla bolsañ, ahyryñ boljak sen gedaý. Indi bes kylsam nedir mollanyñ ähwetini, Köp bihuda saña berer garry kempir zekatyny, Şeýle bolgaý ýagdaýy bu türkmen ilatynyñ, Türkmen içre molla bolsañ, ahyryñ boljak sen gedaý. Muhammetgylyç BIÇÄRE (1885-1922). Surat: Owgan türkmenleriniñ çagalarynyñ okaýan mekdebi. | |
|
√ Agta han / Goşgular - 09.08.2024 |
√ Eý kylyp röwşen, ulus tapmaga enweri hüdä... / Goşgular - 03.08.2024 |
√ Goltugy daşly adam / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Ýar ýüzümi görüp derdi-gamymy bilse gerek... / Goşgular - 03.08.2024 |
√ Toba / Goşgular - 10.10.2024 |
√ Ýadyňdamy, ajalyň?! / Goşgular - 19.07.2024 |
√ Nädip ýaşamaly?! / Goşgular - 13.01.2024 |
√ "Şeýlemidi ahyrynda etjegiň..." / Goşgular - 03.12.2024 |
√ Düýşgowuran / Goşgular - 08.04.2024 |
√ Belki, gelersiň / Goşgular - 08.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |