13:20 Ahyrsoñy adamkärçilik öldi!.. | |
AHYRSOÑY ADAMKÄRÇILIK ÖLDI!..
Filosofiýa
Yzy ýarasyn, yzynda galanlaryñ göwnüne giñlik bersin... Ahyrsoñy adamkärçilik öldi. Bize gelip gowşan habar onuñ uzak wagta çeken aldym-berdimli kesel bilen garmalaşan adamkärçiligiñ düýn gözlerini armanly ýumandygyny aýdýar. Käbir tanyşlarym muña ynanmajak boldular, uzak wagtlap "eý-how, adamkärçilik öläýdimi?" diýip, hüñürdäp gezdiler. Şonuñ üçin olar gazetlerinde "Adamkärçilik öldümi?" ýa-da "Adamkärçiligem bir ölermi?" diýen ýaly sözbaşyly ýazgylary bermek bilen çäklendiler. Emma şum habar çalt ýaýrapdyr. Gazet redaksiýalaryna dumly-duşdan telefon jañlary, telegrammalar ýagypdyr. Hemmeler adamkärçilige näme bolanyny bilmek isläpdir. Käbirleri bu habary oýun edilýändir öýdenem bolsa, geçirilen barlaglar bu ajy hakykatyñ dogrudygyny görkezipdir. Hawa, adamkärçilik indi aramyzda ýok. Adamkärçilikden uzak wagtlap umydyny üzenler ýa-da ömürlerinde adamkärçiligiñ bardygynam bilmeýänler bu habara geñ galybam durmandyr. Emma adamzat dünýäsiniñ bu uly ýitgisi köp sanly ýürekde çuññur ýaralar açypdyr we olary ürküziji tümlüge iteripdir, şolar ýaly derejä ýetilipdir welin, käbirleri indi adamkärçilik ýokdugy üçin dünýäniñem gürrüñini edip oturmagyñ gereginiñ ýokdugyny öñe sürüp başlapdyr. Biziñ pikirimizçe, beýle giñ düşündirişleri bermek üçin heniz ir bolsa gerek. Adamkärçilik indi aramyzda ýogam bolsa, ýatlamasy ýüregimizde hemişelik ýaşar we çagalarymyz bizden birmahallar adamkärçiligiñ bolandygyny, biziñ ýaly dem alyp, ezýet çekendigini bilerler. Käte menem adamkärçiligiñ owadan we çekinjeñ ýüzüni gören ýaly bolýadyn. Biçäre adamkärçilik özüni tanatman köçelerde aýlanardy, adamkärçiligiñ hatyrasyna nämedir bir zatlary etjek bolýanlary guwanç bilen synlardy. Şu günki gün üçin adamkärçilik ölenem bolsa, onuñ prinsipleri akyllara seleñlik berip, ähli janlylygy bilen aramyzda ýaşamagyny dowam etdirer. Adamkärçilikden nesibini almadyklar üçin ol öñem ölidi, onuñ beýle uzak ýaşamagyna geñ galýardylar. Nijeme ýyl öñ kiçijik obada dünýä inen adamkärçilik jahan uruşlarynyñ birinde yzgarly okopda göwsüni sowuga urduryp, birnäçe aýlap ýaraman ýatdy. Şol wakadan soñ derdiniñ yzasyny ömürboýy jigerinde göteren adamkärçilik öññin agşam daña golaý demini alyp bilmändir, näçe jan edilenem bolsa, dañ agaransoñ lulmanlar adamkärçilikden umytlaryny üzmäge mejbur bolupdyr. Oñly bilim almadygam bolsa, özüni özi kämilleşdirip ýetişdiren adamkärçilik bir gezegem öýlenmändi. Körpe ýaşda ýetim galan adamkärçilige oñly miras hem galmandy. Şonuñ üçin adamkärçilik kynçylyklar bilen geçen ömründe oñ-muñ eden kömegi bilen gününi dolapdy. Adamzadyñ ölümi bilen ýurdumyz boşlugyny dolduryp bolmajak gymmatlygyny ýitirdi. Redaksiýamyz adamkärçiligiñ ýakyn hossarlaryna baş saglygyny we çäksiz sabyr-kanagat dileýär. P.S. Merhumyñ meýdi ilki uzak wagtlap ýaşan azаtlуk köçesinden geçirilip, ölýänçä bolan umyt jaýynyñ podwalynda jynazasyna durlar we gysga wagtlyk ýönekeýje ýygnanşykdan soñ depin ediler. Türk ýazyjysy Oguz Ataýyñ "Howply oýunlar" eserinden bölek. Terjime eden Has TÜRKMEN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||