05:12 Oguz Ataý | |
OGUZ ATAÝ
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly
Oguz Ataý, tanymal türk ýazyjysy, dramaturg. 1934-nji ýylyñ 12-nji oktýabrynda Kastamonynyñ Ineboly raýonynda halk deputaty Jemil Ataýyñ maşgalasyna dünýä inýär. 1951-nji ýylda Ankaranyñ Magaryf kolležini, 1957-nji ýylda Stambul Tehniki uniwersitetiniñ Gurluşyk fakultetini tamamlaýar. Üç ýyldan soñra Stambulyñ Dõwlet hünärmentçilik we binagärlik akademiýasynda (häzirki Ýyldyz Tehniki uniwersiteti) mugallymlar kollegiýasynyñ agzasy bolýar. 1975-nji ýylda dosent bolan Oguz Ataý "Topografiýa" atly öz ugrundan bir kitap ýazýar. Dürli žurnallarda we gazetlerde makalalary çykýar. Oguz Ataý "Uýgunlaşmadyklar" ("Tutunamayanlar") romanynyñ 1971-72-nji ýyllarda neşir edilmeginden soñra, tankytçylaryñ üns merkezinde boldy we bu eser uly çekişme döredýär. "Uýgunlaşmadyklar" 1970-nji ýylda TRT Roman baýragyna mynasyp bolýar. Türk edebiýatynda iñ ähmiýetli eserleriñ biri hasap edilen "Uýgunlaşmadyklar" romany tankytçy Berna Moran tarapyndan "hem sözleýän sözleri hem-de sözleýiş biçimi bilen bir baş galdyrma" hökmünde baha berilýär. B.Moranyñ pikirine görä "Uýgunlaşmadyklardaky" edebi kämillik türk romanyny döwrebap roman garaýyşy bilen bir ýere jemlemegi we köp zatlary gazanmagy başarypdyr. "Uýgunlaşmadyklaryñ" yzyndan Oguz Ataýyñ 1973-nji ýylda ýazan "Hatarly oýunlar" ("Tehlikeli oyunlar") romany ýene-de gyzgyn seslenme döredýär. Hekaýalaryny "Gorka garaşyp" ("Korkuyu beklerken") ýygyndysynda jemlän ýazyjy 1911-1967-nji ýyllarda ýaşap geçen professor Mustafa Inanyñ ömründen söz açýan "Bir alymyñ romany" atly kitabyny 1975-nji ýylda neşit etdirýär. 1973-nji ýylda ýazan "Oýunlar bilen ýaşaýanlar" atly pýessasy Döwlet teatrynda sahnalaşdyrylýar. Oguz Ataý beýnisinde ýüze çykan çiş (опухоль) sebäpli, "Türkiýãniñ ruhy" atly beýik tutumly eserini tamamlamaga ýetişmän 1977-nji ýylyñ 13-nji dekabrynda 43 ýaşynda aradan çykýar. Ýazyjy "Edirnegapy Sakyzagajy" gonamçylygyna jaýlanýar. Ölüminden soñra 1987-nji ýylda "Gündelik", 1998-nji ýylda bolsa "Hadysa-bilim" ("Eýlembilim") kitaplary neşir edilipdir. Diri wagtynda hiç bir kitaby ikinji gezek neşir edilmedik Oguz Ataýyñ kitaplary onuñ ölüminden soñra okyjylaryñ elinden düşmeýän kitaplara öwrüldi we onlarça gezek neşir edildi. 2005-nji ýylda Ýyldyz Ejewidiñ Oguz Ataýyñ ömri baradaky "Men bärde"- Oguz Ataýyñ biografiki we ceper dünýäsi" atly kitaby neşir edildi. "Gorka garaşyp" eseri 2008-nji ýylda "Öteki" teatry tarapyndan sahnalaşdyryldy. "Hatarly oýunlar" romany hem 2009-njy ýylda "Seyyar Sahne" teatry tarapyndan sahnalaşdyryldy we häli-häzire çenli sahnadan düşmän gelýär. "Bir alymyñ romany" atly biogragiki eseri bolsa, 2012-nji ýylda "Bir alymyñ oýuny: Mustafa Inan" ady bilen "Te Sahne" teatry tarapyndan sahna goýulýar. Eserlerinde hyýal bilen hakykatyñ bir-birine ýugrulyp berilmegi we çeper beýan edijiligiñ öñe tutulmagy Oguz Ataýy postmodernistik roman kategoriýasynda eser döreden ilkinji ýazyjy hökmünde tanatdy. Ýazyjy hususanam "Uýgunlaşmadyklar" romanynda döwrebap şäher durmuşynda şahsy ýalñyzlyk, jemgytetden üzñelik we jemgyýetçilik ahlak, galyplaşan düşünjeler bilen kesekileşen, uýgunlaşmadyk şahslaryñ içki dünýäsini beýan edýär. Eserleri tankydy, satiriki äheñe ýugrulan, we ironiki häsietlidir. 2007-nji ýyldan bäri Kastamony häkimligi Oguz Ataýyń adyna Edebiýat bäsleşigini gurnap gelýär. • Oguz Ataý barada ýazylanlar: 1. Ýyldyz Ejewit "Türk romanynda postmodernistik açyşlar", ("Iletişim" neşirýaty, Stambul-2001); 2. Ýyldyz Ejewit "Men bärde" - Oguz Ataýyñ biografiki we çeper dünýäsi", ("Iletişim" neşirýaty, Stambul-2005); 3. Handan Inji "Oguz Ataýa sowgat - Türk edebiýatynyñ "oýunbozary"", ("Iletişim" neşirýaty, Stambul-2007); | |
|
√ Beýik alym Isaak Nýuton - 16.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |