14:44 Ak öý hemem ojak bilen hoşlaşyk | |
Bo SZÝUÝ (772-846),
Goşgular
hytaý şahyry. ▶ AK ÖÝ HEMEM OJAK BILEN HOŞLAŞYK Kükräp gelen gyşyñ demi ýadymda, Sykylygy syrap ýagýan garyñ-da. Tümlükden gorky bar garran janymda, Düşlegde doñdurjak aýaz barynda. Ýöne bir öý bardy meniñ bagtyma, Demirgazyk şöhlesi deý mawudy. Ojagynda ýanýan ody ýagtyla, Gorady, ýetmedi ýürek awusy. Derýa tolkunlarna düşen balyk deý, Sürende towşan deý dünýäñ howpundan Men aman ýaşadym, ojagyñ ody Halas etdi gijeleriñ sowgundan. Geçdi tukatlygy garly gijeleñ, Tebigat ýaz donun atdy egnine. Wagt üýtgeýär, ýöne bu ak keçeli Öýümden razy men, razy men ýene. Ojakda ot ýanmasa-da ýaz aýy, Hoşlaşsam-da az pursatlyk öý bile, Tomsuñ jöwzasyndan alamsoñ paýy, Duşuşyk möhleti ýetirer bize. Saglygym sähelçe gowlaşsa, ýene Güýz bararyn ak keçeli öýüme. Terjime eden: Atamyrat ATABAÝEW. | |
|
√ Kalbymyň tümünde galan sargyt / Goşgular - 29.06.2024 |
√ Mekanyna gideli / Goşgular - 05.06.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Biz üçin üýtgemez pelegiň bolşy / Goşgular - 29.10.2024 |
√ Ak atly şazadam haçan gelersiñ / Goşgular - 11.09.2024 |
√ At galar / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Eýdip-beýdip... / edebi ýaňsylama / Goşgular - 12.01.2024 |
√ Garaş maňa / Goşgular - 17.02.2024 |
√ Nar / Goşgular - 22.04.2024 |
√ Yşarat / Goşgular - 10.10.2024 |