00:09 Gögümtil gara öý | |
GÖGÜMTIL GARA ÖÝ
Goşgular
Müñ goýundan ýüñ ýygnadylar, Kenarýaka tallarynyñ berk, täze, Amatly we owadan tegelek düýbünden Iki ýüz halka maña ýasadylar. Demirgazygyñ dup-dury gõk asmanyñ astynda Esger otuñ üstünde gara õýüni dikýär. Indi edil gõgümtil duman hõküminde Onuñ bilen ol günorta geldi. Gara õýi tüweleý yrgyldadyp bilmez, Ýagyşdan onuñ dõşi gataýar Onda hiç hili diwarlar, burçlar ýok, Emma içi gelşikli we ýyly. Sähralardan we daglardan daşlaşyp Gara õý meniñ howlyma geldi Onuñ kõlegesi owadan aýyñ astynda, Gyşyna ol elmydama meniñ ýanymda Keçe gyrawa garşy- diwar Garyñ õrtügi hem gorkuly däl, Sazly hatarlaryñ kirşlerin õrtüp, Onda lowurdaýan deriler ýatyr, Owazlanýan hatarlaryñ tarlaryn õrtüp. Onda aýdymçy bir gyrada oturýar(?) Maña gara õýe girmek, õýe girenimden ýakymly. Serhoş bolup gury keçede ýatýan Ojagyñ çym-gyzyl ody Kõlegede şatlykly çyrmaşýarlar, Kõmürjikleriñ õzi gyzgyna ereýär Edil irdenki orhideýa kimin; Ýuwaşjadan boş alagarañkylygyñ üstünden Gijeki keramatly tüsse uzaýar, Doñan gõwre ereýär, ine-de Goşgy, ýazky şarlawuk kimin, akýar. Hatda orhideýadan edilen örtük hem Bu õýlerden adamlary çykaryp bilmez. Gamyş çatmadakylara Ýumşak gyş hem ajydyr. Gara õýe monahyñ hem Bergä çolaşan okuwçynyñ hem gõzi gidýär. Gara õýde men õz myhmanlarymy kabul ederin, Gara õýi men õz çagalarym üçin aýaryn. Knýaz õz kõşklerini gazma nagyş bilen õrtdi- Olar gõk gara õýüñ ýanynda näme! Men ulumsy knýaz neberelerine Gara õýi olaryñ kõşgine bermerin. Bo SZÝUÝ Orta asyr hytaýyñ beyik şahyry alynan çeşme: Õ.Gündogdyýew. "Türkmenler we dünýä halklary" | |
|
√ Eý janlary süýjeden, huşly gider huşundan... / Goşgular - 26.09.2024 |
√ Я блондинка / Goşgular - 26.07.2024 |
√ Magtymguly / Goşgular - 06.07.2024 |
√ Meniň gimnim / Goşgular - 07.09.2024 |
√ Eýdip-beýdip... / edebi ýaňsylama / Goşgular - 12.01.2024 |
√ Arşda Aý, zeminde ýeke-täk sonam / Goşgular - 19.08.2024 |
√ Yşk ymamdyr bize, köňül jemagat... / Goşgular - 22.10.2024 |
√ Şol işandan / Goşgular - 12.06.2024 |
√ Ýiten ýyldyz / Goşgular - 31.08.2024 |
√ Ajymdan öldüm / Goşgular - 11.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||