12:25 Aleksandr Bezzubsew-Kondakow | |
ALEKSANDR BEZZUBSEW-KONDAKOW
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly
Saşa Bezzubsew-Kondakow, häzirki zaman rus edebiýatynyñ görnükli wekili, ýazyjy. Aleksandr Ýewgenýewiç Bezzubsew-Kondakow 1980-nji ýylyñ 12-nji ýanwarynda Leningradda (häzirki Sankt-Peterburg) dünýä indi. Ol heniz mekdep okuwçysyka «Дерзание» edebiýat klubyna işjeñ gatnaşdy. Bu onuñ zehininiñ ir açylmagyna ýardam etdi. Saşa Bezzubsew Russiýanyñ Gersen adyndaky Sankt-Peterburg döwlet pedagogik unuwersitetini tamamlady, soñra ol Sankt-Peterburgyñ oba hojalyk uniwersitetinde aspirant bolup okuwyny dowam etdirdi. Heniz on bäş ýaşyndaka, 1995-nji ýylda "Imperatoryñ joşguny" atly ilkinji romanyny ýazdy. Bir ýyldan soñ bolsa ikinji romany peýda boldy. 1998-nji ýylda bolsa Grigoriý Rasputin hakynda taryhy romany ýazyp gutardy. Saşa Bezzubsewiñ ýazyjylyk ukyby derrew göze ildi. Ol haýal edilmän, 1997-nji ýylda Russiýanyñ ýazyjylar birleşiginiñ agzalygyna kabul edildi. Saşa Bezzubsew Petrowskiý Ylymlar akademiýasynyñ habarçy agzasydyr we "Prometeýiñ ýyldyzy" ordeniniñ eýesidir. Ýazyjynyñ okyjylar köpçüliginiñ gyzgyn söýgüsini gazanan eserlerine «Наш современник», «Сибирские огни», «Север», «Урал», «Северная Аврора», «Дарьял», «Новый берег» (Кopengagen) ýaly abraýly edebi žurnallaryñ sahypalarynda giñden ýer berildi. Ýazyjynyñ "Üç gara çöwlüm" («Три черных омута») romany Sankt-Peterburgyñ guberbatorynyñ edebiýat we sungat boýunça ýörite baýragyna mynasyp boldy. Saşanyñ romanlary okyjylarda uly gyzyklanma döredýär. Şonuñ üçin onuñ kitaplary çap bolup çykan badyna iñ köp satyn alynýan kitaplaryñ sanawynda öñdäki orunlary eýeleýär. Saşa Bezzubsew döredijilik bilen meşgullanmagy baryp-ha talyplyk döwründe irnik edindi. Ol öz eserlerini okuwdan boş wagtlary ýazýardy. Uniwersitetden gelen badyna, derrew onuñ ikinji smenasy - döredijilik işi başlanýardy. Ol bu ýörelgesini häzirem dowam etdirýär. Ýazyjy her gün uzak wagtlap işlemäge endik edipdir. Onuñ edebiýaty öwreniş ylmy boýunça ýazan köp makalalary XX asyr rus edebiýatyna we "sosialistik realizmiñ" problemalaryna bagyşlanandyr. Ýazyjy häzir Sankt-Peterburgda ýaşaýar. ■ Ýazyjynyñ dürli ýyllarda neşir edilen kitaplaryndan: 1. «Императорская муза», 2. «Тропинки под луной», 3. «Светлейший князь», 4. «Крейсер «Аврора», 5. «Три черных омута», 6. «Встреча со святыней», 7. «Удачу нести на крыле», 8. «Русская Голгофа», 9. «Почему это случилось? Техногенные катастрофы в России». | |
|
√ Beýik alym Isaak Nýuton - 16.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |