ÄLEMIÑ BIWEPALYGY
Bir gün bir kişi köp zowk we şowk bilen «kah-kah» edip gülüp durdy. Bir sahyphal derwüş onuň ýanyna gelip ýetdi we aýtdy:
- Eý, ga:pyl! Ne jähtden munuň ýaly gülýärsiň?! Meger sen gördäki perişdelere jogap beripsiň ýa-da syrat köprüsinden ötüpsiň, ýa-da mizanda edep amallaryňy çekipdirler?! Köňlüň bu işlerden hatyrjem bolup, munuň ýaly gülýäňmi?!
Şonda ol kişä bu sözler ajap täsir etdi we zar-zar aglady. Ol derwüşiň aýaklaryna ýykylyp, toba etdi. Nyýazmentlik bilen hezreti Allatagalanyň bendeligine meşgul boldy. Ahyrynda welilik mertebesine ýetip, Allatagalanyň welileriniň tagtyna mynasyp boldy.
Älemiň biwepalygy we ömrüň bibakylygy ylymdarlara (akyldarlara) mälimdir we äşgärdir. Onuň üçin akyldarlar oňa köňül bermän eziz ömrüniň hasylyny we ajap wagtlaryny hezreti älemiň Terbiýeçisiniň muhabbetine sarp edýärler. Onsoň belent mertebelere we derejelere mynasyp bolup, wysal tagtynda kämil jemalyň görnüşi bilen başy belent bolýarlar. Soň ýatlarlary ýaly, her kişi öz halyna muwapyk we öz mejalyna laýyk bu älemde bir nyşana goýup barýandyrlar.
Gürrüñçiler şeýle diýipdirler:
Hezreti Allatagala bir sähra ýaradypdyr. Onuň ululygy bu dünýä ýedi barabar gelýär. Onda bitýän ot-çöpler örän uly we köp eken. Şeýle-de, Haktagala ol sährada bir ulag (haýwan) ýaradypdyr. Ol örän çäksiz uly we kuwwatly eken. Her haçan ol sähranyň otuny otlasa, onuň dört ülüşinden üçüsini otlap, onuň bir ülüşi galýardy. Ondan soň ýatyp uklaýardy. Ukysyndaka1 pikir edip, gaýgy-gam we gussa iýip, «Men bir otlanymda bu sähranyň üç ülüş otuny iýdim. Indi tursam näme iýerkäm?! Açlykdan meniň halym näme bolarka» diýip, gorky we alada edýärdi. Bu pikir bilen şeýle bir gam-gussa iýýärdi welin, diňe süňk we deri bolup galýardy. Haçanda, ýerinden turup garasa, şol otlan ýerlerinde öňküden hem köpräk we ýagşyrak otlaryň ösüp durandygyny görýärdi.
KYTGA
Berdiler ähli hakykat uşbu manydan habar,
Kim erer sähra-wujudyň, ol eşek-nebsi dünýä.
Ýetirer takdyr ile her günde Razyk ryzkyňy,
Ýene aýdar sen ki «Ýa, Reb, taňlaky ryzkym hany.
Kyl töwekgel Taňryga-ýu bolma bu gamdan heläk,
Ýogsa bu gamdan salar mähnet era şeýtan seni.
WAGYZ
Hezreti Allatagalanyň soltanlyk tagtyna mynasyp eden her bir bendesi sagadatlydyr, bagtyýardyr. Ol bagtyýar patyşaha öz pikiri we akyly bilen göz ýetirip, bu döwleti we ýardamy oňa kimiň bagyş we enaýat edendigini bilmegi wajypdyr we zerurdyr. Ol döwletiň şükürini edip, şol Bagyşlaýjynyň hyzmatyna we tagat-ybadatyna ak ýürek we yhlas bilen meşgul bolmalydyr. Şol döwleti we goldawy beren hezreti Perwerdigär onuň döwletini gün-günden zyýada eder ýaly pukaralaryň, misginleriň, binowalaryň we mätäçleriň hallaryndan habardar bolup, olara mähirli we mylakatly garap, mähremlik derejesinde bolmalydyr.
Hezreti Möwlana Ýakup Çarhy (Allatagala oňa rehmet etsin) şeýle diýipdir:
Bir gün hezreti Resul sallallahy alaýhy wesellem mejlisde Mekgäniň ulularyna we baýlaryna ýol görkezýärdi. Şol wagt Abdylla ibn Mektum atly bir kör derwüş geldi we aýtdy:
- Eý, Muhammet! (S.A.W.) Hezreti Allatagalanyň saňa öwreden ylmyndan maňa-da öwretgil.
Ol kör derwüş hezreti Resul sallallahy alaýhy wesellemiň näme işe meşguldygyny bilmedi. Hezreti Resul sallallahy alaýhy wesellem mübärek ýüzüni turşadyp, ondan sowdy. Ol kör derwüşe sahabalar habar berdiler. Kör derwüş şermende (masgara) boldy we mejlisden çykdy. Şol bada Jebraýyl alaýhyssalam geldi we hezreti Resul bilen ol oturan jemagatyň arasyna bir perde çekdi. Resul sallallahy alaýhy wesellem olary görmedi. Ondan soň Jebraýyl alaýhyssalam perdäni göterdi we bu aýaty okady: «Abasa we tewellä. En jäehul agmä»1. Hezreti Resul alaýhyssalam bu işiň ol kör derwüşden ýüz öwüreni üçin peýda bolandygyny bildi. Derrew böküp turup, ol kör derwüşiň yzyndan baryp, ony tapyp, ötünç diledi we aýtdy:
- Tä sen dirikäň seniň iýjek-içjegiňi men bererin.
Heran haçan Resul alaýhyssalam ol kör derwüşi göreninde «Onuň üçin Perwerdigärimiň maňa käýinç eden kişisi hoş bolsun» diýip, aýdýardy. Soň ýene-de «Heý bir haja- tyň barmy, men ony berjaý kylaýyn diýdi.
Haçanda bir kör derwüş üçin Allatagala öz habybyna (dostuna) käýinç edýän bolsa, zamana patyşalary eger pukara we misginler tarapa enaýat gözi bilen bakmasalar, olaryň ah- wallary neneňsi bolar?! Din patyşalaryna tamam wagtlaryny we ömürlerini garyplaryň we ejizleriň kipaýaty üçin sarp etmekleri hem-de hezreti Allatagalanyň käýinjinden we ýüzlenişinden pikir edip durmaklary wajypdyr we zerurdyr.
Gazal
Terehhum ýüziden dermandeleriň könlüni şat et,
Täämmul eýle-ýu dermandeligiň göwünden ýat et.
Dilär sen, görmegeý sen dertmentlik mähnetin hergiz, Şikeste natuwanlaryň bozuk köňlüni abat et.
Köňülniň lowhundan zulum-sütem nagşyny hek eýläp, Talattuf ýolydan adyl sen, wepa tarhyny binýat et.
Jepa, mähnet-u jebr-u tazallum adatyn goýgul, Özüňi lutf-u yhsan-u kerem töwrüne mugtat et.
Gürrüňçiler şeýle diýýärler:
Agalary göriplik sebäbinden Ýusup alaýhyssalamy guýa taşlaýan wagtlarynda, ol agalarynyň eteklerinden ýapyşyp, ahy zar edip, aglap:
– «Eger men nadanlyk ýüzünden keltelik (günä) eden bolsam, meni bagyşlaň. Men kiçi, sizler bolsa menden ulusyňyz. Meniň nadanlygyma görä bolmaň» – diýýärdi. Emma bu söz we ahy-nala agalaryna asla täsir etmedi. Ony guýa taşladylar. Şonda hezreti Allatagala Jebraýyl alaýhyssalamy iberdi. Ol guýynyň ortasynda degirmen daşy dek bir daşy getirip goýdy we Ýusup alaýhyssalamy ol daşyň üstünde oturtdy. Ondan soň hezreti Allatagala oňa enaýat gözi bilen nazar edip, ol guýudan çykardy we ony Müsürde patyşa etdi. Ahyry şol guýa taşlan agalary baryp, Müsürde oňa mätäç bolup, onuň ýagşylygyndan haýyrlandylar.
Nazm
Hudaý saýa salyp, her kişä bolsa pena,
Egerçe çahda hem bolsa, oňa berer jah.
Salar talattuf ile kişini sagadata,
Niçe zalalat ile bolsa garky bahry günä.
Kerem gözi bilen öz bendesine salsa nazar,
Niçe ki çahda hem bolsa, ony eýlär şa.
Ýusup alaýhyssalamyň agalarynyň «Ýusup alaýhyssalamy dünýäden ýok etsek, atalarymyzyň gaşynda kabul edilip, onuň ornunda ýer tutarys» diýen islegleri bardy.
Rubagy
Dary suwy bezm içinde mül bolmaz,
Her şora nahal kabyly gül bolmaz.
Müň ýyl eger pyrag ile tutsa makam,
Hergiz çemen içre zag bilbil bolmaz.
Hekaýat
Gürrüňçiler şeýle hekaýat aýdýarlar:
Isgender Zülkarneýn Zulmata girende bir ýerde atlarynyň aýaklaryna daşlar degip başlady. Käbir kişiler ony «Bu neneňsi daşka» diýip, atlaryndan düşüp, ol daşlardan alyp, goltuklaryna saldylar. Käbirleri ol daşlara üns bermediler. Aýdyşlaryna görä ol daşlaryň barysy jöwher eken. Alanlar hem puşman etdiler, almadyklar hem puşman etdiler. Almadyklar «Örän ajap ýalňyşdyk. Bu jöwherlerden almadyk we mahrum galdyk» diýdiler. Alanlar «Näme üçin az aldyk?! Käşgä, köpräk alan bolsadyk» diýdiler.
Kytga
Almaganlar diýdiler: «Bizge ne boldy bu zaman,
Kim, olar aldylar-u biz bu dem olduk mahrum».
Köp puşeýman iýdiler onda hem algan kişiler,
«Käş, köp almak üçin kylgaý idik onda hüjüm».
Niçe, kim, ýygsa kişi dünýäde jemgyýeti mal,
Bu jahan malyna doýmaklyk imesdir mälim.
Başga kytga
Bu jahan malyna älemde kişi doýgan imes,
Niçe, kim, bolsa gana birle jahanda meşhur
Aldy älemi jahangir-u şahynşahlar köp,
Leýk ölmek gamyndan kylmadylar hiç huzur.
«Şalar hyýly kaýan bardy» Diýiban ne soraýyn,
Bu ki menden sora sen, gözüňi aç göri gör.
Bardylar barça gubur ähline hemra bolup,
Dembe dem biz, dagy sen, bolgusymyz ähli gubur.
Hekaýat
Gürrüňçiler şeýle hekaýat edýärler:
Isgender Zülkarneýin tamam älemi tabyn edip, golastyna girizenden soňra Aristatalis hekime garap:
- Bu älemi hut tamam eýeledim. Emma bu älem meniň hümmetimiň - isleg-başarnygymyň öňünde örän pes ýer bolup görünýär. Bu hut sähel ýer eken - diýýär. Şonda hekim oňa garap:
- Dogry aýdýarsyň! Sendäki bar bolan hümmetiň öňünde bu älem säheldir. Emma, dünýäde şeýle ýaşagyl, ýagny munuň serişdesi bilen ahyreti hem algaý sen. Meger ol älem seniň nazaryň we hümmetiň öňünde köp görüner - diýip jogap berýär.
Şondan soň ol adyllyk, ynsap we ýagşy ýaşaýyş ýoluny gün-günden zyýada etdi. Şeýlelikde, dünýäde we ahyretde ýagşy atly boldy.
Kytga
Ol jahany mehri älem tab dek kylgyl hyýal,
Bu jahan onuň gaşynda zerredir bimydar.
Onda, kim, hurşydy älem tab salsa pertowyn,
Bolsa ýüz müň zerre onda bir zaman tutmaz karar.
Zerräge salma nazar hurşyt ile bol hemneşin,
Tä saňa bolgaý oşol hurşydy älem ýary gar.
Zerre dekge kaýd olmaklyk, taryky akyl imes,
Akyl oldur, ol jahan yşkyda bolgaý namdar.
Hekaýat
Gürrüňçiler şeýle hekaýat aýdýarlar:
Bir gün bir ýylan gelip, hezreti Murtuza Alynyň gulagyna birnäçe söz aýtdy we gitdi. Eshaplar:
– Bu ýylan size ne söz diýdi - diýip soradylar. Hezreti Murtuza Aly aýtdy:
– Bu ýylan bizden üç sany söz sorady. Ol «Biz jyn taýpasyndan bolarys. Eger bu üç söze jogap aýdyp bilseň, biz iman getireris» diýdi. Ilki «Ýerde şondan köp zat bolmadyk iň köpräk zat näme?!». Soňra – «Asmanda şondan köp zat bolmadyk iň köpräk zat näme?!». Ýene-de – «Ahyretde şondan köp zat bolmadyk iň köpräk zat näme?!» diýip sorady. Men «Dünýäde gaflatdan köpräk zat ýokdur, asmanda perişdeleriň tesbyhyndan köpräk zat ýokdur, ahyretde bolsa, puşmandan başga köpräk zat ýokdur» diýip jogap berdim. Ol ýylan bu jogaby eşidenden, yslamy kabul etdi.
Nazm
Eý, ki gaflat bile tutar sen jam,
Ötdi bu gaflat ile ömür tamam
Ömürniň ýagşysy ötüp gitdi, Ömür ötdi dagy ajal ýetdi.
Gaflat ukysyndan gözüňi aç, Tagat ile günälerden gaç.
Bendelikde melek sypat bolgul, Fulki yzzat üzre oturgyl.
Kylgyl yhlas birle tagatlar, Ýogsa, iýgiň durar nedamatlar.
Goýma dünýä ymaratyna köňül, Ahyretiň ymaraty bile bol.
Ger ymarat kylara bolsa höwes, Gabyr öýün ymarat eýle-ýu bes.
Gabyr bolgusydyr öýüň ahyr, Gözüň aç dagy, gör ony häzir.
Ol öý içre özüňe ýar iste,
Ýary gamhory paýdar iste.
Hekaýat
Gürrüňçiler şeýle hekaýat aýdýarlar:
Nowşirwan Adyl bir belent eýwan bina etdi. Oňa «Taky Kesra» diýip, at goýupdy. Ol eýwanyň öňünde bir garry aýalyň öýi bardy. Şeýle-de birnäçe sygry bardy. Ol sygyrlaryň güzeri bu eýwanyň öňündedi. Ol güzere mermer daşy bilen düşek
düşedi, [güzer] kämillik tapyp, bezelipdi. Ol garry aýalyň sygyrlary her gün ol mermer düşegiň üstünden ötüp, tezekleýärdiler. Emma bu iş Nowşirwana ýaman görünmeýärdi. Gaýta her gün hyzmatkärlerine buýruk berýärdi. Olar ol mermer düşegi arassalap ýuwýardylar. Ol bäş-alty ýyl bu görnüşde sabyr we çydam etdi. Ondan soň ol garry aýalyň özi ynsaba gelip:
- Eý, Nowşirwan! Seniň eýwanyň mermer düşeginiň üstünden her günde sygyrlarymy ötürip, bu gabahat işi edip, bu kyýamaty seniň başyňa salmaga mende ne het, ne takat we ne kuwwat bardyr. Meniň arzym-niýetim seniň adalatyňy synamakdady. Indi maňa mälim boldy. Seniň zatyňda- durkuňda kämil adalat we ynsançylyk ýüze çykyp duran eken. Indi has mynasyby şudur. Maňa özge ýerden ýurt we menzil belläp bergin. Men ol ýere baryp, seniň dogaýy döwletiňe meşgul bolaýyn - diýipdir.
Ondan soň Nowşirwan oňa özge ýerde menzil we mekan taýynlady. Ol aýal şol ýere göçüp bardy.
Kytga
Raýata soltan erer, pasban, Raýat erer koý, soltan çopan.
Çopan bolmasa koýdan bahabar, Böriden ýeter her dem oňa zerer.
Hekaýat
Gürrüňçiler şeýle hekaýat aýdýarlar:
Nowşirwan bir gije bir haýbatly waka [düýş] gördi. Örän gorkudyr howp bilen gorkup [tisginip] oýandy. Ol wakanyň
haýbatdyr gorkusyndan gören düýşüni hem unutdy. Ol öz zamanyndaky hekimleri (danalary) çagyryp:
- Men bir gorkunç düýş gördüm. Onuň gorkusyndan düýşümdäki şol gören wakamyň hem näme wakadygyny unutdym. Indi siz pikir edip, meniň gören düýşümi biliň we tagbyryny we ýorgudyny hem aýdyň - diýdi.
Nazm
Hükema diýdiler: «Eý, patyşahy aly şan, Bize ol wakygany kylsaň idi şerhi-beýan,
Biz ony hikmet ilen eýlegeý erdik tagbyr, Her ne hikmet ýüziden bizge bolup erdi aýan.
Biz ki bilmezmiz oşol wakygadan hiç [bir] habar, Saňa ne nowg jogap aýdalyň eý, şahy jahan.
Nowşirwan aýtdy:
- Bu jogaby kabul etmez men. Düýşümdäki wakany hem aýdarsyňyz, onuň tagbyryny hem edersiňiz.
Akyldarlar ol işden ejiz geldiler. Ol zamanda Satyh Kähin diýen bir hekim bar eken. Onuň bedeninde başyndan özge ýerinde süýegi (süňki) ýok eken. Tamam bedeni bir sanaja meňzeýär eken. Oňa şeýle bir hereketler berýän ekenler welin, onuň bedenine sanaç dek ýel dolýarmyşyn. Ondan soň ol hekaýat edip başlaýarmyşyn. Bedeninde ýel tükenenden, ýene- de hereket berýän ekenler. Sanaç dek ýel dolandan ýene-de hekaýata başlaýarmyşyn. Ol örän dana we bilimli hekim bolanmyşyn. Emma bu hekimler bilen onuň arasynda örän köp ýollar bar ekenmiş. Agyz birläp, oňa kişi iberip:
- Biziň başymyza şunuň ýaly müşgil iş düşdi. Eger bu müşgil işi sen çözmeseň, biz heläk bolarys - diýip, ählisi haýyş etdiler. Ol çapar Satyh diýen hekimiň gaşyna baryp, hekimleriň haýyşlaryny oňa ýetirdi. Şonda Satyh:
- Nowşirwan ol düýşi haýsy gije we haýsy wagtda görüpdir
- diýip sorady. Çapar şol gijäni, şol wagty we zamany aýtdy. Şonda ol özüne mälim bolan hikmet ylmy bilen onuň düýşüniň tagbyryny bildi we ol çapara ýüzlenip:
- Baryp, Nowşirwana «Şeýle düýş görüpsiň. Sen tagtyň üstünde ýatanyňda araplar düýelerine münüp, haýbat we dabara bilen seniň köşgüňe giripdirler. Şeýle-de seniň bargähiňden on dört küňre ýykylypdyr. Sen şeýle düýş görüpsiň. Bu wakanyň ýorgudy şudur. Döwlet seniň hanadanyňdan (neberäňden) arap hanadanyna geçer. «Ahyrzamanyň pygamberi Muhammet sallallahy alaýhy wesellem peýda bolar» diýip eşidipdiňiz. Ol şu günlerde dogulsa gerek. Zynhar oňa iman getirgil. Bolmasa, puşman iýersiň» diýip, aýtgyl. Soňra ýene-de «Meniň hem ahyr ömrümdir. Bu sagat keselländirin. Bu keselden maňa gutulma ýokdur. Bolmasa özüm baryp aýdardym» - diýip, ol çapary yzyna ugratdy.
Şondan soň özi hem öldi. Ol çapar gelip, Nowşirwana bu wakany aýtdy. Şonda gören düýşüniň Satyhyň aýdyşy ýaly bolandygy ýadyna düşdi. Emma «Döwlet seniň hanadanyňdan arap hanadanyna geçer» diýenine örän närahatlandy. Ondan soň çapar aýtdy:
- Satyh ýene-de bir söz aýtdy. Ol «Takdan (eýwandan) ýykylan on dört küňräniň tagbyry şudur. Senden soň seniň on dört sany perzendiň patyşalyk eder. Ondan soň döwletiň arap hanadanyna geçer» diýdi. Nowşirwan ýene-de hoşal bolup:
- Meniň perzentlerimden on dört kişi patyşalyk edýän bolsa, oňa çenli örän köp wagt bar - diýdi.
Şeýle-de hezreti Resul sallallahy alaýhy wesellemiň doglu- şyndan hem gürrüň aýtdy.
Beýt
Nebi kyldy erse jahanda zuhur,
Rowan ýetdi «Taky Kesraňa» ondan kusur.
Oşol günde, kim, dogdy Haýryl Beşer,
Bary halk oşol günde tapdy habar.
Ki kyldy töwellüt nebiýil werä, Şafygul ümem, hatymy enbiýa.
Nübüwwet çyragyn kylyp röwşen ol, Jahan mülküni eýledi gülşen ol.
Ylahy onuň şyfkatyn eý, habyp, Günäkär ymmatyna kylgyl nesip.
Nazm
Her kişi, kim, bolgusydyr halky älem serweri,
Bişek onuň Ahmedi Mursal erer pygamberi.
Kimge, kim, rehber şafygyl müznebin bolsa, ýakyn Bolgusydyr ol kişi arşyň sagadat ahtary.
Sydk birlen, kim, ki ol işikde goýsa başyny,
Serefrazy dehr olar, kim, ol kişi din rahberi.
Kimge, kim, düşse onuň aý dek ýüzüniň pertowy, Bolgusydyr ýüzi onuň misli mahy enweri.
Hekaýat
Gürrüňçiler şeýle hekaýat aýdýarlar: Isgender Zülkarneýin bir welaýata ýeteninde: – Bu welaýatyň häkimini alyp geliň. Bu welaýaty oňa berip, ony terbiýeläýin - diýdi. Ol welaýatyň halaýygy:
- Bu welaýatyň bir şazadasy bardyr. Emma ol bir perişan diwanadyr. Ol görüstanyň arasynda mekan tutup ýörendir. Halk bilen asla gatnaşygy ýokdur - diýip aýtdylar. Şonda Isgender aýtdy:
- Şol diwanyny meniň ýanyma alyp geliň! Baryp diwanany çagyrdylar. Şonda diwana aýtdy:
Kytga
Mende ýokdur patyşalyk arzuwy dehr era,
Ondan ötüp, Hak bilen meşgul men her subhy-şam.
Terk edip men masuwany, Taňry bilendir işim, Zikri birlen men hemişe, pikri birlen men mydam.
Halky älemiň geler ýeri çü görüstan erer, Onuň üçin künji görüstany eýläp men makam.
Ol diwananyň sözüni gelip, Isgendere aýtdylar. Şonda Isgender:
– Sözläre goýman, baryp alyp geliň - diýip aýtdy. Bu gezek baranlarynda ol diwana iki sany öli kişiniň iki süňküni eline
alyp, Isgenderiň gaşyna geldi we Isgendere salam berdi. Soň ol ölüleriň süňklerini Isgenderiň gaşynda goýup:
- Bu süňkleriň birisi patyşanyň süňküdir, beýlekisi bolsa, gedaýyň süňküdir. Bulary parhlandyr. Bu süňkleriň haýsysy patyşanyň süňküdir we haýsysy gedaýyň süňküdir - diýdi. Isgender aýtdy:
- Eý, biakyl! Sen niçik bu sözleri aýdýarsyň. Bu çüýrän süňkleri haýsy kişi parhlandyryp biler?! Şonda ol diwana:
- Ölenden soňra şa bilen gedanyň hiç bir parhy ýokmuşyn. Bes, patyşalykdan myrat (isleg) nedir?! Patyşalykdan näme peýda bar?!
Nazm
Kişi, kim, ajal bahryna boldy gark,
Şa ilen gedaga ýok ol demde parh.
Haçan, kim, ýetişdi Hudadan kaza,
Deň erer oşol demde şahy-geda.
Isgender aýtdy:
- Saňa diwana diýýärler. Sen hut akyl kişi eken sen. Gel, bu ýurduň patyşalygyny kabul et. Saňa uly terbiýet edeýin. Diwana:
- Meniň elimden patyşalyk gelmez - diýdi.
Isgender ýene-de tagalla baryny etdi. Onsoň diwana:
- Köp yhlaslar edýärsiň. Maňa dört sany zat bergil. Onsoň men patyşalygy kabul edeýin - diýdi. Isgender:
- Ol dört zady aýtgyl. Derrew olary saňa bereýin - diýdi. Diwana aýtdy:
- Onuň biri şudur. Maňa bir dirilik bergil. Ýöne soňunda ölüm bolmasyn. Ýene-de biri maňa ýigitlik bergil. Ýöne soňunda garrylyk bolmasyn. Ýene-de biri maňa baýlyk bergil, ýöne soňunda pakyrlyk bolmasyn. Ýene-de biri bolsa, maňa şadymanlyk bergil, ýöne soňunda gam bolmasyn. Muny eşiden Isgender aýtdy:
- Eý, diwana! Bu dört närsäni men berip bilmeýärin. Ony Haktagalanyň özi berer. Bulary ondan dilegil. Diwana aýtdy:
- Eger Haktagala berýän bolsa, sen näme diýip, ara girip ýörsüň?» Meni Haktagala bilen goý. Sen aradan aýrylgyl. Ondan soň Isgender jogap tapmady.
-
Beýt
Halky älemden towakga kylmagyl eý,
käni jud, Kim, kişi görgen imes dehr ähliden hergiz myrat.
Her nepes bolgul Huda birlen makamy kurbda,
Kim, diri sen hem gany, hem hatyryňdyr onda şat.
Ömri jawyt, ýigitlik Taňrynyň kurby erer,
Kurb hasyl kyl ki bolar her işiň ondan güşat.
Hekaýat
Gürrüňçiler şeýle hekaýat aýdýarlar:
Bir jemagat halaýyk bir gämä münüp, derýa (deňze) giripdiler. Birden garşydan bir ýel peýda boldy we ol gämini derýa gark etdi. Bir kişi bir tagta ýapyşyp, bir gyra çykdy we gark bolmakdan halas boldy. Ondan soň ol kişi «Özümi bir abadanlyga (ýaşaýyş bar ýere) ýetireýin» diýip, hereket edip
barýardy. Birden uzakdan bir şäheriň garasy göründi Ol şäher tarapa ýüzlendi. Şonda görse, ol şäherde bar bolan halaýygyň barçasy özüne garşy çykyp geldiler. Ol kişini eltip, hammama girizdiler. Patyşalyk lybaslar geýdirip, ata mündürip, sag- solundan begler we döwlet sütünleri görnüş etdiler. Soň ony eltip, tagzym we hormat bilen tagtyň üstünde oturtdylar.
Nazm
Ol kişige düşdi Hak nazary,
Her işi fath olup, tapar nusrat.
Kimge, kim, Taňrynyň enaýaty bar,
Daş içinden çykyp, geler döwlet.
Ol ki ýok Hakdan oňa lutf-u kerem,
Bolar onuň bary [hem] işi mähnet.
Kytga
Her kimge ki Hak bergisidir yzzat-u hormat,
Bişek açylar döwlet işigi oňa nägäh.
Tapgysy durar dünýä-ýu ukbada myradyn,
Her kimde ki bar nala bilen ahy sähergäh.
Şeýlelikde, patyşalyk lybaslar geýdirip, patyşalyk nygmatlar getirip, saçaklar ýazdylar. Ondan soň begler we döwlet emeldarlary haremhana tarapa yşarat etdiler. Ol kişi tagtdan düşüp, haremhana ýüzlendi. Ony sahypjemal (görkli) gyzlar garşylap, hormat we tagzym bilen eltip, ony güneş deýin
gül ýüzli näzeniniň gaşynda oturtdylar. Ol näzenin hem kämil ynsanlyk hulky we mylaýymlyk bilen goşulyşdy.
Nazm
Ger ýar bolup talygy bagt olsa medetkär,
Gülroý hemaguş, peri çehre bolar ýar.
Bag içre bolar gunça dahanlar bile hemdem,
Ryzwan kibi açylar onuň ýüzige gülzar.
Bidagdaga hasyl bolar oňa bary maksut,
Bigüft-u şenewed olar onuň her işi taýýar.
Gepiň keltesi, ol bu gije şol haremhanada boldy. Ertesi diwanhana çykdy. Emirler we döwlet sütünleri dessur bilen görnüşe gelip, hyzmatkärlik edeplerini berjaý etdiler. Bu gün ýene bir haremhana yşarat etdiler. Bu haremhana girenden öňki sahypjemal gyzlardan ýagşyrak, gözelräk we owadanrak gyzlar garşy gelip, hezzet we hormat bilen ýene bir gül ýüzlüniň gaşyna eltip oturtdylar.
Nazm
Her dem bu çemende açylar bir güli ragna,
Her köşede ýüz näz kylar läle-ýu hamra.
Her lahza kylar bilbili hoşgöý nowalar,
Her dem açylar gunça kibi toty göýä.
Bu gije hem bu haremhanada rahatlyk we aýşy-eşret bilen dynç almaga meşgul boldy. Gepiň keltesi daňdan ýene-de
dessur bilen diwana çykdy. Ýene-de şol kada we kanun bilen emirler we döwlet sütünleri hyzmatkärlik ýörelgelerini berjaý edip, ýene bir haremhana yşarat etdiler. Onda hem ýüz dürli gözellik we zynat bilen bezelen gül keşpli we anbar saçly gözeller garşylap, eltip bir gül ýüzlüniň gaşynda oturtdylar. Onda hem arkaýynlyk bilen dynç alyp, aýşy-eşreti berjaý etdi. Gepiň keltesi, ondan soň ony dördünji haremhana tarap yşarat etdiler. Baryp görse, bir hüýr keşpli, perişde suratly, gözel, bagtyýar täleýli, başy dik näzenin gözellik tagtynda näzli serwi dek bolup oturan eken. Onuň bilen garyşyp, gujagyna dolanda, onuň söhbeti oňa örän hoş geldi. Onsoň ondan söz sorap aýtdy:
- Eý, göwün awlaýjy eziz ýar! Eý, taýsyz näzenin! Men bir pakyr kişidim. Öz hajatym üçin bir jemagat halaýyk bilen bir gämä münüp, sapar etmegi ygtyýar edipdim. Birden garşydaş ýeller [öwsüp] gämini gark etdi. Ol jemagat halkyň barçasy heläk boldular. Men salamat gutulyp, bu diýara düşdüm. Eýse bu hili döwlet maňa miýesser boldy. Munuň niçik ýagdaýdygyny hiç bilmez men. Bu müşgil işi maňa çözüp bergil. Ol periýüz şeýle jogap berdi:
- Bu halaýygyň dessury şudur. Her ýylda seniň ýaly bir garyp we ýat kişini patyşa edýärler. Şol taryhy (senäni) ýazyp goýýarlar. Bir ýyl tamam bolanda, ol kişini gämä salýarlar. Bir ada bar. Ol kişini gämi bilen eltip, şol adada goýýarlar. Ýene- de gelip, şäherde bolan barça halaýyk şäherden çykýarlar. Ýene-de gözläp, her ýerde seniň ýaly bir garyby tapsalar getirerler. Ony hem ýene bir ýyla çenli patyşa ederler. Bularyň dessury her ýylda şeýledir.
-
Nazm
Ol ýary peri çehre ki kylgaç ony yzhar,
Açdy şükür agzyny, dagy eýledi güftar.
Diýdi ki: «Bu esrary sorduň ise menden,
Şerhi bile bu syrny beýan eýläýin eý, ýar.
Bu dehr arusy kibi her ýylda birew bil,
Waslymda birew şad-u pyrakymda birew zar.
Her ýylda birew bizge bolar dilberi janan,
Ýyl dolgaç oşol barar-u geler ýene dildar.
Niçe bu jepany çekeliň yşky halk gamyndan,
Barymyz bu jepa, derdi ki her ýylda giriftar.
Ondan soň ol kişi:
- Şu bir ýylda patyşa göteren şol kişisiniň aýdan her bir hökümini ýerine ýetirýärlermi ýa-da ýok?! - diýip sorady. Ol gül ýüzli peri aýtdy:
- Ol patyşanyň aýdan her bir hökümine tabyn bolup, ony kabul edýärler.
Bu sözi eşidenden soň daňdan diwanhana çykdy. Onsoň emirleri we döwlet sütünlerini çagyryp:
- Ol ýerde, ýagny her ýylda patyşalary eltip taşlaýan şol adaňyzda bir şäher bina eder men. Maslahat nedir?! - diýip, sala saldy. Emirler:
- Höküm we ýarlyk siziňkidir. Herne höküm etseňiz biz taýýar - diýdiler. Ol patyşa höküm edip, ymaratçylar we ussalar iberip, ol adada bir gowy şäher bina etdirdi. Şeýle bir
yhlaslylyk we janypkeşlik görkezdiler welin, alty aýda ol şäheriň galasy, bazarlary we öýleri tamam taýýar boldy. Ondan soň derrew genji-hazynalary we haremhanadakylary yzly- yzyna ol şähere iberdi. Özi hem «Haçan ýyl tamam bolup, bu halk meni ol ada eltip taşlarkalar» diýip, üç aýa çenli garaşyp otyrdy. Gepiň keltesi, ýyl tamam boldy. Eýse ol halaýyk öz dessurlary bilen ol kişini gämä mündürip, eltip şol ada taşladylar. Ol adam baryp bir göwün awlaýjy şähere baryp düşdi. Barça halaýyk garşy gelip, ýüz şowk we zowk bilen aýş- u parahat tagtynyň üstünde oturtdylar. Ol entek dirikä şol gül ýüzli peri jemallylar bilen ömür ötürýärdi.
Nazm
Hakykat ähli, kim, çekdi bu älem içre mähneti, Oşol mähnet bilen ahyr tapar jah ile döwleti.
«Bu döwlet gitmesin menden» diýgen akyl kişi bişek, Besi, aly tutar ukba seranjamynda hümmeti.
Iberer özünden ileri ol älemge agmalyn, Ganymat bilgen üçin uşbu ömri birle pursaty.
Barar ondan burun ukbaga agmaly, kim, eýlär - Behişt içre makam-u menzil, bagty-sagadaty.
Bu älemden haçan, kim, rihlet eýlär ol niku hyslat, Kylar ol bagty tagt üzre huzur ilen parahaty.
Allatagalanyň çyn bendeleriniň ýörelgesi şudur. Çünki, olar bu dünýäniň bibakadygyny we biwepadygyny ýagşy bilýärler. Şonuň üçin ýagşy amallar edip, özlerinden öň şol
mynasyp amallaryny ol äleme iberýärler. Ol amallar olardan öň baryp, olar üçin behiştde menzil we mekan serenjam edip, häzirläp goýýarlar. Şeýle-de ol mynasyp amallaryň bulardan öň baryp, köňli dilän menzilini we mekanyny häzirläp goýýandy- gy ol adamlara mälimdir. Şonuň üçin olar «Ol menzilimize baryp şatlyk we şadyýanlyk bilen bolmagymyza haçan wagt ýeter» diýip, köňülleri hatyrjem bolup, intizarda ýörerler. Ylahy Hudaýtagala ähli mömin - musulmana ol sagadaty (bagtyýarlygy) nesip etsin. Kabul et eý, älemleriň Eýesi.
Mynajat
Ylahy ahyret pikirini derdime tebip etgil, Makam-u menzil-u dilhahy bize nesip etgil.
Şafygul müznebin diýerler Resul müjtebini, kim, Jeza gününde ony lutf edip, bizge habyp etgil.
Hekaýat
Gürrüňçiler şeýle hekaýat aýdýarlar:
Soltan Sanjar Merw şäherinde bir eýwan bina etdi. Örän beýik we göwne ýaramlydy. Emma oňa laýyk bir sütün gerek boldy. Agtarsalar-da hiç ýerden tapylmaýardy. Ahyr «Bir garry aýalyň howlusynda bir agaç bar» diýip, yzlap tapdylar. Ol agaç ol eýwanyň sütünine laýyk we mynasypdy. Emma ol aýala her näçe agajyňy sat diýseler-de, ol satmady. Olar gelip:
- Bir garry aýalyň bir agajy bar eken. Ol agaç bu eýwana mynasypdyr. Emma hernäçe jan edip dilesek-de, ol aýal agajyny satmady - diýip, bu wakany soltana aýtdylar. Soltan:
- Hazynadan zerbap donlar getiriň - diýip buýurdy.
"Gülzar" kitabyndan
Patyşa HOJA
Hekaýalar