GÜLZAR
"GÜLZAR" KITABY BARADA
Türkmen halkymyzyñ heniz okyjylar köpçüligine mälim bolmadyk birnäçe beýik şahsyýetleriniñ, şahyrlarynyň, alymlarynyñ we olaryň döreden ajaýyp eserleriniň üsti Türkmenistan Watanymyz Garaşsyzlygyny alanyndan soñ açyldy. Şolaryň biri hem onbäş-onaltynjy asyrlarda türkmen we pars dillerinde eser döreden Isferden obasynda (Gökdepe etrabynyň Isferden obasy) ýaşan Arif tahallusly Abdylwahhap Hojanyň ogly Patyşa Hojanyň «Gülzar» eseridir. Kitap Türkmenbaşy adyndaky Türkmenistan Milli golýazmalar institutynyň golýazmalar hazyna- synda saklanýan çeşme esasynda taýýararlanylandyr.
Şahyrlar maşgalasyndan çykan Patyşa Hojanyň «Gülzar» eseri türkmen halkynyň medeni we ruhy gymmatlyklary bolan birnäçe kyssalardan, rowaýatlardan we şygyrlardan ybarat bolup,
© Türkmenistanyň milli medeniýet «Miras» merkezinde, dil-edebiýat ylymlarynyñ doktory A.A. Aşyrowyñ redaktorlyk etmeginde, jogapkär redaktorlar M.W. Hramow, A.R. Bekiýew bolup, Rahmanberdi Godurowyñ çapa taýýarlamagy bilen 2004-nji ýylda
TMMMM №010
TDKP №42 2004 KBK 84(5)+84Tür1
2 esasynda neşir edilipdir.
Kitap Türkmenistanyñ Ilkinji Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyñ "Geçmişiñ ýañy geljegiñ dañy" sözbaşy bilen "Miras" merkeziniñ işgärlerine milli mirasymyzy halka ýetirmekde ak ýol arzuw etmeginde
" Medeni miras — bu perzendiň üstünde kökenek gerýän türkmen enesiniň hüwdüsidir, agras türkmen gojasynyň pendi-nesihatydyr. Mukaddes topragy gany bilen goran gaýduwsyz gerçegiň iň soňky demdäki wesýetidir, naçar doganyň gerçegiň jesedini ýuwýan ajy gözýaşydyr.
Medeni miras — bu türkmeniň şan-şöhratdan doly geçmişine buýsanjydyr, şu gününe söýgüsidir, ertirine ynamydyr.
Medeni miras — bu gadymy hem müdimi halkymyzyň asyrlaryň dowamynda hoşalap çöplän paýhas hakyda- sydyr, şu gününe ygtybarly ynamydyr, ertirine ýol çelgisidir. Mahlasy, medeni miras türkmeniň geçmişidir, barlygydyr, dowamatydyr." diýen giriş sözleri bilen başlanýar.
"GÜLZAR" kitaby esasynda taýýarlanyldy.
@Nurdan.
GÜLZAR
پادشاه خواجه ابن عبد الوهاب خواجه
گلزار
MÄHRIBAN WE REHMLI ALLANYÑ ADY BILEN WE ONDAN ÝARDAM DILEÝÄRIS
Adamy ýoklukdan çykaryp, barlyk sahnasynda (äleminde) şöhle saçdyran, älemi karar tutulýan we ýaşaýyş öýüne öwrüp, ile bildiren Beýik we Belent Taňryny pena edinýäris. Onuň penakärliginde jaý (orun) tutanlar iki jahanyň gamyndan azat bolar. Ol ýerde ýalňyzlykda menzil (mekan) tutanlar gam- gussa we derde duçar bolarlar.
BEÝT
Her kim onuň lutfuny kylsa penah,
Bolmaz onuň işi-ýu güýji tebah.
Her kişi, kim, tapmasa bu ýerde ýol,
Bolgusydyr jürm-u ysýan içre ol.
«Innellahä lä ýuzygu ejrel muhsynyn»1
Ýagşylaryň hyzmatyn zaýa kylmaz,
Ýamanlary maksadyna ýetirmez.
Ýagfiru limen ýeşäu1 müjdesi bilen mahrumlary mesrur [kylar],
We ýugazzybu men ýeşäu 2 haýbaty bilen müjrimleri makhur kylar.
Zehi döwlet kim, onuň lutfy bilen şat bolgaý sen,
Sagadat mülkünde magmur olup, abat bolgaý sen.
Naguzu Billä, kim, ol demden, kim, makhur olgaý sen,
Nägäh şakawetlik bilen halk içre mugtad bolgaý sen.
Ol asmanlary we ýerleri peýda etdi. Külli ýaradylan zatlar olardan haýyrlanyp, «we jagalnä en nehärä magaşen»3 delili bilen dünýäde ýaşap, Onuň tagat we ybadatyna sydk we yhlas bilen meşgullanar ýaly olarda çensiz peýdaly zatlar we çaksyz uly maksatlar döretdi.
KYTGA
Asman-u arşy, kürsi, lowhy mahfuz-u galam,
Eýledi peýda bulary Halyky jud-u kerem.
Tä onuň gudratlaryny görüban onsuz demi -
Urmagaý sen, bir dem-u hem goýmagaý sen bir gadam.
Şol ýaradylan zatlaryň biri bolan buludy ýaradyp, ony asmanyň ýüzünde ýaýdy we oňa ýaşaýyş (dirilik) deňzinden suw berip, ýer ýüzünde sakylyk etmegi buýurdy. Bu deňzi ter we täzelik damjalary bilen dolduryp, ýerde ösümlikler, gül we gülzar, sansyz miweler peýda etdi. Ýer ýüzünde ýaş we sakyr- latdan haly-düşek ýazyp, ak we gyzyl güllerden elwan-elwan çadyrlar dikdi. Miweleriň goşuny üçin şalara laýyk ordalar we patyşalara laýyk çadyrlar gurdy.
BEÝT
Düşdi, ezdi, rehmetinden dehr era paýzy futuh,
Täze-ýu ter boldy älem, girdi ölen tene ruh.
Uşbu döwleti ganymat tut, dagy kyl bendelik,
Ýüz goýup, ýere mydam yhlas ilen şamy, subuh.
Şeýle-de deňizdäki «sadap» atly gelinleri, ýagmyryň nutfasy (tohumlygy) bilen göwreli eder, olar baryp, sadabyň rehminde (ýagtysynda) sansyz öwlat şekillerini kabul eder. Ondan soň gudrat guwwasy (dür gözleýjisi) talaň elini uzadyp, sadap kowumyny talap, gyrgyna berer-de çagalaryny we nesillerini ýetim we ýesir eder. Ondan soň Ezeli Dörediji we Batmajak Ýaradyjy rehim mekanynda durup, ol ýetimlere we ýesirlere rehim eder. Käbirlerine hökmürowan soltanlaryň we atly hanlaryň süýrdepesinde mekan berip, «dürri ýetim» (ýeke- täk dür) adyny berer. Käbirlerini yhsan rişdesine (sapagyna) düzüp, tesbiçileriň tesbisi edip, zikir halkasynda zäkir we zäkir halkasynda şäkir eder. Olardan käbiri belent mertebeler tapyp, luwluw (merjen) ady bilen tanymal bolup, käbirleri inçelikleri görüjileriň (akyldarlaryň) nazarynda luwluw ady bilen meşhur bolar.
NAZM
Sahap katralaryn bahra salar-da Kerim,
Tasawwur ile kylar katra suwy dürri ýetim.
Merätip ile goýar bagzysyna luwluw at,
Bu gymmat ile kylar hünjige dagy tagzym.
Zehi bedaýygy hikmet ki kilk gudratdan,
Tasawwur ile rakam kyldy ahsanul takwym1.
Neýýiri Agzam atlandyrylýan, äleme nur saçýan güneşe dördünji asmanda mekan berip, oňa şeýle bir nur (şugla) berdi welin, onuň şöhlesiniň nutfasyndan (tohumlygyndan) daglaryň el degmedik gyzlary hamyla (göwreli) bolup, ol tohumlygy öz içlerinde terbiýeläp, dürli reňkli nesil dograrlar. Bezeg we gözellik hazynasy we şäherleri bolan nepis jöwherleri onda peýda eder. Jahanyň bezegi we zamananyň gözelligi olardan bolar.
KYTGA
Halyky arz-u semäwät ki halk eýledi dag-u daş,
Nazary lutfy bilen saldy jahan içre magaş.
Mehri talyg boluban saldy eýse pertow oňa,
Boldy ýakut bile lagl oşol dag era daş.
«We emmä mä ýenfagu ennäs feýemküsü fil arzy»2.
Taňrytagala bu sahawatly aýaty bilen onuň mazmunyna görä älem halaýygyna, hususanam Adam ogullaryna peýdaly bolan zatlary gürrüňsiz, jahanda köp saklar.
KYTGA
Hak wujudyňy ýaratdy nep üçin eý käni jud,
Nep eger senden ýetişmez daş senden ýagşyrak.
Daşdan hem peýda ähli jahana köp ýeter,
Daşdan bolsaň ýamanrak hergiz olmaz ýüzüň ak.
Hezreti Ezeli Jomart we Ýok Bolmaýan Hekim her ýaradylan zatda bir häsiýet, her häsiýetde bolsa bir dürli nep takdyr (ýazgyt) edipdir.
NAZM
Çünki mahlugy halk etdi Hudawendi jahan,
Ýetirdi nep-u zerer halka her demde rowan.
Tä zererden gaçyban, nep alyp bolsa mutyg,
Bendelik wadysynda şükrüni eýlese aýan.
Bendelik wadysynda ýagşy-ýaman aýp etme,
Göwher gaşynda erer gije-gündiz ýeksan.
Ýaradylanlaryň serweri barlyklaryň öňbaşçysy hezreti Resul sallallahy alaýhy weselleme hem sansyz salam bolsun
Çünki «Weşşemsi wezzuha»1 aýaty onuň güneş jemalyndan habar berýär. «Welleýli izä sejä»2 aýaty onuň atyrly [gara] saçyna şaýat bolýar. «Welesäwfe ýugtyke rabbüke feterza»3 buşlugy-söýünji işi bilen ymmatlaryna hoş habar berýär. Şeýlelikde «Welel ahyretu haýrul leke minel üwlä»4 aýatynyň delili bilen hakykat habaryny beriji hakyky habarça [salam bolsun].
Çünki ol pygamberlik çadyrynda saýlanandyr, resullyk bargähinde öňe çykarylandyr, beýiklik tagtynda öňbaşçydyr.
WASP
Şafygy, rafygy, mutygy, hekim, Alymy, selimi, helimi, kelim5.
Eý, Allahym, danalaryň köňül gözlerini onuň nury bilen
nurlandyr, Onuň huzury bilen muştaklaryň (aşyklaryň) ýüreklerini şowklandyr (joşdur).
KYTGA
Bihamdilla ki ymmatga seniň dek rahberi bardyr,
Kişi, kim, güne hemra olsa zulmatdan oňa ne gam.
Ýakyndyr, kim, jahan teşwüşinden faryg bolar bişek, Hakykat ýolunda her kim, ki bolsa, Hydyra hemdem.
Günäkär ymmatyňa merhemet birlen şepagat kyl,
Ki sen-sen hemdemi raz, Ylahy syryna mährem.
Oňa, onuň päk we päkize nesline we ýaranlarynyň baryna Allatagalanyň salawaty (alkyşy) we köp-köp salamy bolsun.
KYTGA
Ylahy, Ylahy günäkärmiz,
Günä elinden zary bizarmyz.
Bu dürli eger geçse ahwalymyz, Ne bolgaý kyýamat güni halymyz.
HADYS bardyr, ýagny Hezreti Allatagala gijäniň ýary bolanda asmanyň ilkinji gatyna düşýär. Ol öz jenabyna laýyk we mynasyp bolan ýagdaýda düşýär. Onsoň öz ululygy we gudratly beýikligi bilen «Toba edýän bir bende barmy?! Men onuň tobasyny kabul edeýin» diýip owaz eder. Soň ýene-de «Menden dileg dileýän bir bende barmy?! Onuň dilegini bereýin» diýip seda eder. Soň ýene-de «Doga edýän bir bende barmy?! Men onuň dogasyny kabul edeýin» diýip seda eder.
Bes, her haçan Ol Älemi Ýaradyjy we Adam ogullarynyň Ryskyny Beriji bendeleri üçin munuň ýaly mähir we mähribanlyk mekanynda bolanda, şunuň ýaly şerip (hormatly) wagtlary we mähriban sagatlary gapyllyk we jahyllyk bilen ötürýän jahyl we gapyl bendelerine [goşulmagaý biz] Ylahy!
Ol sagady gapyllyk we ýaltalyk bilen ötürmegeý biz. Ylahy! Ol sagatda köňüllerimizi häzir edip, gözlerimizi görüji et. Ylahy! Ol derejelilik mekanynda dogamyzy kabul edip, isleg- myradymyzy hasylyna ýetirgil.
BEÝT
Eý, Saňa wabeste mynajatymyz, Maksad-u maksut ile hajatymyz.
Biz ki günä elinde bimarmyz, Nebis belasyna giriftarmyz.
Harsy, hasat, dert bile hassamyz, Magsyýet jürmüne wabestemiz.
Nebis belasyna bolupmyz ýesir, Lutfy enaýat bilen bol destgir.
Goýma zelalat içinde bizi zar, Goýma şakawat elinde efkar.
Köňlüme enwary esrary sal, Magsyýet-u jürm-u hatalary al.
Merhemet-u-lutfuň ile ýar kyl, Ýar kylyp, mähremi esrar kyl.
Pakr-u pena köýünde bergil makam, Sydk-u sapa ýolunda tutgul mydam
Nebs-u howa elinde zar etmegil, Pysk-u pujur ähline ýar etmegil.
Ötdi jehalat bile ömr-u haýat, Waý, eger eýlemeseň iltifat.
Hoja mahzun-u perişan zar, Baz perişan tebah ruzygär.
Kurb-u harymyňda berip yhtysas, Bir nazaryň birle ony kyl halas.
BU KITABYÑ ÝAZYLYŞYNYÑ WE DÜZÜLIŞINIÑ BEÝANY
Hudaýyň takdyr höküminiň we Taňrynyň isleg ýazgydynyň razylygyna görä bu zatsyz we mümkinçiliksiz, pes, har we günäkär Patyşa Hoja ibn Abdylwahhap Hoja (Allatagala onuň hatalaryny bagyşlasyn we aýyplaryny örtsün) birnäçe pursat yslamyň gupbasy Balhda mesgen we watan tutdy.
Kytga
Bendäge her näme kim boldy ezelden takdyr,
Görmeý ony bu jahan içinde ýokdur çäre.
Hiç kim sagy ile takdyra bermez tagaýýur,
Kylsa sagy ile eger özüni para-para.
Onsoň şol hormatly pursatda we ajaýyp zamanda netijesi haýyr bolan diýaryň patyşasy alyhezret, halypa derejeli
ýaradylanlaryň gaçybatalgasy, ulynyň-kiçiniň penakäri, ys- lamyň we musulmanlaryň dadyna ýetişiji, patyşalaryň we soltanlaryň daýanjy, yslam halaýygynyň mydary, Resul şerigatynyň tarapdar goldawçysy, dindarlyk şerigatynyň güneşi, soltanlyk asmanynyň dolan aýy, älem soltanlarynyň serweri, zamana hanlarynyň öňbaşçysy, soltanlygyň we haly- palygyň ezizi Abulfath Küsten Gara Bahadyr han Soltan ibn Janybeg soltandy. Allatagala onuň mülküni we soltanlygyny ebedileşdirsin hem-de onuň haýyr we yhsanyny älemdäkileriň üstüne ýaýsyn.
Nazm
Ýa Reb, onuň zatyny älem era paýende tut,
Tä pelek, bar-u pelek ýüzünde rehmetli bulut.
Eý, pelek onuň zamanynda sütemden urma dem,
Weý, pelek onuň barynda zulum kylmagy unut.
Içgil eý, döwlet, onuň eýýamyda jamy wysal,
Görgül ol döwletni eý, hasyt, dagy sen gussa ýuwt.
Şeýlelikde bu diýarda uzak müddet we köp wagtlap «Innel muluke izä dahalu kariýeten efseduhä we jagalu agyzzete ählihä ezilleten»1 sahawatly aýatynyň hökümi bilen uly leşgerleriň geçmeginden we duşmanlaryň şerinden bu diýarda her hili susluk we peslik peýda bolup, örän weýran, harap we perişan boldy. Raýatlary bolsa, älemiň çar tarapyna pytradylar. Bu diniň penakäri bolan patyşa adalat öwjünden we bagtyýarlyk peleginden nurly güneş dek dogup şöhle saçdy. Bu diýarda bolan ähli ýaşaýjylary we umumy watan tutanlary ýüze çykyş (görnüş) nury bilen zulmatdan gutaryp, ol ýerleri şatlyga we barlyga öwrüp abatlady. Onsoň çar tarapdan jemgyýetler (topar halaýyklar) üýşüp [bu ýer] paýtagta (uly ülkä) öwrüldi.
Kytga
Jahan içinde tulug eýledi ise hurşyt, Garaňkylyk bile zulmatny eýledi magdum.
Sapa sahypasyndan zulum harpyn hek edip, Wepa mähir hututyny eýledi merkum.
Ytap köşesinde bent ile ýatyr zalym, Pyrag-u aýş-u besatyda seýr eder mazlum.
Munuň kibi weli häsiýetli, din terbiýeleýji şa anyk, jahan içinde ýüze çykan däldir.
Kytga
Raýat erer miweli bir agaç,
Suw berseň oňa miwe berer saňa.
Salar miwesin, bolar berg riz, Hazan ýeli dek kylsaň oňa jepa.
Bu din terbiýeleýji we bagtyýar täleýli patyşanyň goşun- nökerleri türkmen we tatar kowumyndan bolardy. Olar türkmen dilinde geplemäge maýyl we saýyldylar. Şol sebäpli bu göwni synygyň köňlüne bu kowumyň gepleýiş dilleri bilen bir türki kitap ýazyp, adyllyk we ynsap bilen durmuş geçiren pygamberleriň, welileriň, Çaryýarlaryň, tabygynlaryň, tabygynlary görenleriň we eýerenleriň, soltanlaryň we hanlaryň rewüşlerini (usullaryny) we göwne ýaramly häsiýetlerini jemläp beýan edip,
Kim, älem içinde tuhfaýu namdar,
Beni Adam arasynda hediýe-ýu ýadygär -
bolar ýaly hezreti halypalygyň penakäriniň (Allatagala onuň mülküni ebedi etsin) adyna bezemek pikiri geldi.
Nazm
Adam oldur, kim, jahanda ýagşy sözden pent alar,
Galmaz uşbu adam emma, älem içre söz galar.
Söz ki geldi arşdan ýer ýüzüne yslam üçin,
Aýaty Gurhandyr ol, kim, nurundan pertow salar.
Emma, öz köňül barlygymda pikir we hyýal edip, munuň ýaly islegiň, hyýalyň, pikiriň we söz beýanynyň hötdesinden gelip bilmäge onçakly mynasyplyk we gaýrat tapmaýardym.
Nazm
Bendede ýok tagat-u tedbir ile hal-u mejal,
Kim bu dürli tuhfaga kylgaý tefekkür ýa hyýal.
Eger bu işde zylly döwlet başyma bolsa penah,
Hergiz olmazdyr bu işi kylmagy emri muhal.
Emma, bu pakyr dogagöýe we pes, har bendä hezreti patyşanyň belent hümmetleri we beýik islegleri ýokary derejede sarp edilip, ondan gözegçilik ýüzi we ýardam gözi sowulmaýardy. Şu görnüşli merhemetdir mähribanlyklaryna tekge we ynam edip, özümiň pes we hiç zatdygymy nazara alman bu kitaby tertiplemäge (ýazmaga) başladym. Allatagala ýardam we medet berijidir.
Kytga
[Eger] aýyň her näçe, kim, zaty kesif-u tiredir,
Mehr eger oňa nazar salsa bolar bedr münir.
Zerre dek jismime ol hurşytweş salsa nazar,
Zerre dek jismim bolar hurşyt ýaňlyg binazyr.
Hakykatdan-da din terbiýeleýji patyşa hezreti Allatagalanyň saýasydyr. «Essultan zyllullah»1 bu söze delildir. Bes, bu sypatly patyşalaryň nazary çaňdyr gubary totyýa we topragy kimýa eder. Eger bu zatsyz pes kişini bu dinperwer patyşa hem enaýat nazary bilen pes mertebeden belent derejä ýetirse, hiç bir geň we taň däldir.
Kytga
Her niçe bolsa tiken möwjübi teşwüş-u zerer,
Gül bile birge üzüp, başa dikerler ony bat.
Gerçe tal şahasyndan miwe nemudar olmaz,
Çün nabat ile goşulsa, bolar ol dagy nabat.
Kytga
Şemden bir kişi mejlis içide kyldy sowal:
«Kim, seniň jismiňe terkip erer birnäçe nar.
Bu ajap hal ki her mejlis era sen girseň,
Gün kibi röwşen olar her niçe bolsa şebi tar?!»
Şem diýdi, ki: «Bu söz rast durar eý, saýyl,
Şowky barkyga musahyp men, yşk oduna ýar.
Men olar şuglasyndan bezmi röwşen kylar men,
Ýogsa jismime haçan bu sypat-u halat bar.
Bes, şu takdyr bilen hezreti zamana patyşasynyň bagtyýar, köňlüniň teýinden (jümmüşinden) muhabbet ody şugla urup, ol şugladan bir uçgun bu göwni synyga garşy uçsa, şem dek bezmi röwşen we gül dek çemeni gülşen etjegim anykdyr. Eziz Allatagala islese.
Her kişiniň öz zatyna (durkuna) bir dürli ygtykatynyň (ynamynyň) bardygy älem içinde röwşen we adam arasynda äşgär bolandyr. Onsoň ynsan şol ygtykat (ynam) bilen dürli- dürli gözöňüne getirmeler we hyýallar edip, ol hyýaldyr göz öňüne getirmeleri öz zatyna (durkuna) mynasyplykda görer. Emma älemi süren soltanlaryň we hanlaryň şan-şöhratlary we belentlikleri ululyk babatyndan owaza salanda beýle görnüşli patyşalaryň dabarasy üstün bolup, ol kişi özüniň şeýle görnüşli ynamyndan dönüp, ejizlik we göwnüsynyk mekanynda goldawa mätäçlikden özge çäre tapmaz.
Kytga
Niçe kim gadr-u şerep tapsa jahanda Jamy jem,
Bolar ol jam sipehr elinde bişek sernegun.
Çymçyk malahy görse, bolar şahbaz,
Leýk şahbaz elinde bardyr, malahdan hem zebun.
Wagyz
Şeýle hadys bardyr: kyýamat güni bolanda – «Ämennä we saddaknä1 – hezreti Allatagalanyň gaşynda hiç bir kişi oňa adyl patyşadan ýakynrak bolmaz we hiç bir kişi hem zalym patyşadan daşrak bolmaz.
---------------------------------------
Gurhanyň 9-njy süresiniň 120-nji aýaty: «Dogrudan hem Allatagala ýagşylyk edýänleriň amallaryny zaýa etmez».
------------------------------------
Gurhanyň 2-nji süresiniň 1-nji aýaty: «Islänini bagyşlar».
2 Gurhanyň 2- nji süresiniň 1-nji aýaty: «Islänine azap berer».
3 Gurhanyň 78-nji süresiniň 11-nji aýaty: «Gündizi bolsa dirilik-ýaşaýyş [üçin belgilenen wagt] etdik».
-------------------------------------------
Bu ýerde Gurhanyň 95-nji süresiniň 4-nji aýatynyň manysy göz öňünde tutulýar: Ýagny «Takyk biz ynsany uzyn boýly, ýagşy şekilde ýaratdyk».
2 Gurhanyň 13-nji süresiniň 17-nji aýaty: «We emma adamlara peýdaly bolan zat bolsa, ýer ýüzünde galar».
------------------------------------------------
Gurhanyň 91-nji süresiniň 1-nji we 93-nji süresiniň 1-nji aýatlary göz öňünde tutulýar: «Güne we çäş wagtyna kasam».
2 Gurhanyň 93-nji süresiniň 2-nji aýaty: «Öz zulmaty bilen çar tarapy gaplap alan gijä kasam».
3 Gurhanyň 93-nji süresiniň 5-nji aýaty: «Ýakynda Perwerdigäriňiz size [şeýle nygmatlar] bagyş eder welin, [siz ol Ylahy merhemetlerden] razy bolarsyňyz».
4 Gurhanyň 93-nji süresiniň 4-nji aýaty: «Elbetde, ahyret size [bu] dünýäden ýagşyrakdyr».
5 Şepagat ediji, belent mertebeli, tabyn we parasatly, Alym, aýpsyz, ýumşak we Taňry bilen sözleşen.
-----------------------------------------
Gurhanyň 27-nji süresiniň 34-nji aýaty: «Anyk, haçanda patyşalar bir ýurda [çozup] girseler, ony weýran ederler, adamlaryň abraý-ähtibaryny bolsa, hary-zar ederler».
-----------------------------------------
Soltan Allatagalanyň saýasydyr.
--------------------------------------------
Oňa (kyýamat gününe) «Ynandyk we tassykladyk».
---------------------------------------------
Dowamy bar.
Patyşa HOJA.
Hekaýalar