22:02 Aljyran direktor /satiriki sahnajyk | |
ALJYRAN DIREKTOR
Satiriki hekaýalar
Çörek zawodynyň direktorynyň kabineti. Direktor Bäşimow çaý içip otyr. Şol wagt sekretar aýal girýär. Sekretar. Siziň ýanyňyza bir aýal girmek isleýär. Bäşimow. Gelsin. Owçarenko. Salam (görüşýärler). Owçarenko, Ukrainadan. Bäşimow. Örän oňat, geçiň, oturyň. Owçarenko. (Elindäki içi zatdan doly sumkasyny stoluň üstünde goýýar). Men soňky birnäçe ýylyň içinde, doganlyk respublikalarymyzyň köpüsinde boldum. Ine, bu ýyl hem güneşli Türkmenistana geldim. Bäşimow. Örän oňat, gowy edipsiňiz. Haçan geldiňiz? Owçarenko. Bir hepde dagy boldy. Bäşimow. Bo-how, onda siz köpden bäri biziň myhmanymyz ekeniňiz. Oňat ýerleşdiňizmi? Owçarenko. Kemsiz ýerleşdim. Bäşimow. Menlik işiňiz bolsa, aýdyp oturyň. Owçarenko (stoluň üstündäki sumka elini uzadýar). Hawa, sizligem biraz işimiz bar. Bäşimow. Bizden bitmeli zadyň bökdenji bolmaz, aýdyberiň. Owçarenko. Meniň Türkmenistanda köp ýaşan joralarymyň biri “Türkmeniň tamdyr çöregini iýseň, onuň tagamyny hiç wagt ýadyňdan çykarmarsyň” diýipdi... Bäşimow. Hakdyr. Tamdyr çöreginiň tagamy üýtgeşikdir. Owçarenko. Bakuwda bolamda lawaş, Özbegistanda nan iýipdim welin, şolaram örän oňat ekeni. Elhepus, gowy bişirýän ekenler. Edil pamyk ýaly. Bäşimow. Elin edilýän zatlar gowy bolar-da. Özümiiziňem iýýänimiz tamdyr çöregidir. Ýaňy tamdyrdan çykaýan wagtlary diýsene... Owçarenko. O nähili beýle bolýar? Men çörek magazinine baryp satyja “hany bir kilo tamdyr çöregini çek” diýdim welin, satyjy hezil edip güldi. Yzyndanam “Haý, keýgim, sen bu ýerli däl bolsaň gerek. Eger bu ýerli bolsaň magazinde tamdyr çöreginiň hiç wagt satylmaýandygyny bilmeli ahyryn” diýdi. Bäşimow (biraz aljyraýar). Aý, biz ony öýde bişirýäris. Owçarenko. Diýmek, siz öz zawodyňyzyň ilat üçin bişirýän çöreginden iýmeýärsiňiz-dä? Bäşimow. Aý, özümiz iýmesegem, sizden gelýän gallalardan tamdyr çöregine berimsiz çörek bişirýändiris. Owçarenko. Ol dogry. Oňatlygyna sözüm ýok. Ony hemmeler bilýär. Bäşimow. Aý, ilat baada az aladalanylýan däldir. Owçarenko (kinaýa bilen). Alada edişiňiz görnüp dur. Siziň zawodyňyzyň bişiren çöregini alan adam ol çöregi köp wagt ýadyndan çykarar öýdemok. Bäşimow. Hawa, hawa, ras aýdýarsyňyz, biz oňat hilli dürli-dürli çörek bişirýäris. Owçarenko (sumkasyndan çagalaryň oýnaýan atjagazyny çykarýar). Ynha, şuny görüň (oňa uzadýar). Bäşimow (eline alýar. Eýlesine-beýlesine seredýär). Be, enajyja edilipdir. Edil janly ýaly. Satyn aldyňyzmy? Owçarenko. Özün-ä satyn alamok, ýöne ýerligini satyn aldym. Bäşimow. Be, onuň ýerligi nämeden? Owçarenko. Ýerligi siziň bişirýän nanyňyzdan. Çagalykda oýnawaç ýasamaga endik edemsoň, ýadygärlik üçin ýasaýdym. Bäşimow. Ýok, ýok, beýle diýmegiňiz aýyp bor (elindäki atjagazy yzyna gaýdyp berýär). Owçarenko. Hawa, düýn magazinden nan alyp ýasadym. Bäşimow (kellesi bilen bir ýana ümläp). Ol zawodyň bişirenidir. Owçarenko. Şeýle bolmagy mümkin. Onda bu atjagaz ol zawodyňkydyr. (Atjagazy sumkasyna salýar). Bäşimow (uludan dem alýar). Bizde beýle çydamsyz ýagdaýa ýol berilýän däldir. Owçarenko. Dogrudanam, bu atjagaz olaryň bişiren çöreginden bolmagy mümkin. (Sumkasyndan kiçijik düýejik çykarýar). Onda bu siziň malyňyz bolmaly. Alyň eýelik ediň. (Uzadýar). Bäşimow (ýerinden turýar). Hiç bolup bilmez, asyl akyla sygjak zat däl. Owçarenko. Hut gözüňiz bilen görseňiz ynanarmysyňyz? Bäşimow. Ynanaryn. Owçarenko. Öz bişirýän çöregiňizi tanarmysyňyz? Bäşimow. Tagmamyz bardyr. Owçarenko. O nä tagma? Bäşimow. Çörekde zawodyň nomeri bolmaly. Owçarenko. Eýle bolsa gaty oňat. (Sumkasyndan ýarty tegelek çörek çykarýar). Al, tana, bu ýaňky ýasan düýejigimden galany. Bäşimow (çöregi eline alýar). Çörek biziňki, muňa sözümiz ýok. Owçarenko. Indi ynandyňyzmy? Bäşimow. Ynandym. Ýöne bizem çöregi gowy bişirjek bolup elimizden gelenini edýäris. Gije-gündiz şoň ugrunda hars urýarys. Owçarenko. Hars urýarys diýibem bişirýän çöregiňiz şu bolsa, onda bir zat edäýse-de boljak... Bäşimow. Näme ediläýse? Owçarenko. Siziň zawodyňyzyň bişiren çöreginden siziň şekiliňizi ýasap, derwezäň öňündäki giňişlikde goýlaýsa-da boljak diýjek bolýaryn. Bäşimow. Meň şekilimimi? Owçarenko. Hawa, siziňkini. Bäşimow. Siz gaty gidýärsiňiz. Siz maňa beýle sözler diýerçe kim bolduňyz. Owçarenko (dokumenti çykarýar). Jemgyýetçilik inspektory. Bäşimow (dokumente seredýär). Be, siz asyl şolmy? (Özüni stoluň üstüne goýberýär). Çary TÄÇLIÝEW. “Edebiýat we sungat” gazeti, 1961 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |