14:00 Altyn Ordanyñ paýtagty: Saraý Berke | |
ALTYN ORDANYÑ PAÝTAGTY
Taryhy ýerler
▶ SARAÝ BERKE Altyn Orda hanlygy (tatarça: Алтын Урда-Altyn Urda, mongolça: Алтан Орд-Altan Ord) mongol hanlary tarapyndan esaslandyrylanam bolsa, mongol goşunynda ýesir alynan we meýletin gatnaşýan türki taýpalaryñ, şol sanda türkmenleriñ hem aktiw gatnaşmagynda gurlan türki-mongol döwletidir. Çingiz han ölmänkä basyp alan ýurtlaryny ogullarynyn arasynda paýlaşdyrypdyr. Syrderýa bilen Balhaş kölüniñ günbataryndaky ýerler uly ogly Juçy hanyñ paýyna düşüpdir. Juçy hanyñ körpe ogly Baty han günbatara günbatara tarap eden ýörişleri bilen kakasyna berlen ýerleri ep-esli giñeldipdir. Juçy hanyñ ýerleri soñra Baty han bilen onuñ özünden uly dogany Orda hanyñ arasynda paýlaşylypdyr. Balhaş köli bilen Aral deñiziniñ arasy, Syrderýanyñ günortasyndaky ýerleri Orda han alýar. Türkmenleriñ ata-baba ýurdy Mañgyşlak, Türkmenistanyñ häzirki Balkan welaýatynyñ demirgazyk-günbatar sebitleri, Horezm bilen birlikde Daşoguz welaýatynyñ çäkleri we täze basylyp alynan ýurtlar Baty hanyñ golastynda galýar. Orda hanyñ dolandyrýan gündogar bölege Ak Orda, Baty hanyñ dolandyrýan günbatar bölege Gök Orda adt berilýär. Gök Ordanyñ ady soñabaka Altyn Orda öwrülýär. 1242-nji ýylda Altyn Orda döwletini esaslandyran Baty han Idil (Wolga) derýasynyñ aşakky deltasynda ýerleşýän Saraý şäherini paýtagt edinýär. Baty han şundan soñam ýurt basyp almagyny dowam etdirýär. 1256-njy ýylda Baty han aradan çykanda Altyn Ordanyñ çäkleri Gypjak sähralyklaryny (Deşti-Gypjak), Idiliñ aşakky we orta deltalaryny, Syrderýa bilen Idil derýasynyñ arasyndaky Aral deñiziniñ ýakalaryny, Kawkaz ýurtlarynda Azerbaýjana çenli aralygy öz içine alýardy. Lýahystan (Polşa) we Litwa Altyn Orda döwletine ýyllyk paç töleýärdi. Baty hanyñ ýerine Berke han geçýär. Berke han yslam dinini kabul edenden soñ mongollaryñ yslama ganym duşmançylyk eden şahasy bolan Ilhanlylara (Hulaguidler) garşy göreşipdir. Berke han Bolgariýa Wizantiýa goşunyny derbi-dagyn edýär we wizantiýalylaryñ elinde ýesirlikde saklanýan iñ soñky seljukly-türkmen soltanyny bendilikden halas edip, Kryma göçürip getirýär. Seljukly melikesine öýlenen Berke han soñra türkmen aýalyndan bolan ogluna Krymyñ iñ möhüm şäherlerini berýär. Şol döwür Ilhanly zulmuna uçrap bütinleý dargan Anadoly Seljukly döwletiniñ ýerinde dörän birnäçe türkmen beglikleri döreýär. Gynansak-da, bu beglikler öz aralarynda gyr-tutuşdy. Türkmen begleriniñ arasynda agzalalyk öz gezeginde Anadolyny parahat oturan ilat üçin ýaşamaga ýaramsyzlaşdyrýardy. Ýogsam bolmasa Mamlýuk türkmen döwletiniñ şol wagtky hökümdary Soltan Beýbars Berke han bilen güýç birikdirensoñ, türkmenleriñ agzyny birikdirmek üçin Anadola çenli gelipdi. Netijede türkmenleriñ agramly bölegi Kryma göçdi. Krym tatarlarynyñ etniki düzümini esasan türkmenleriñ düzýändigi belli alymymyz Soltanşa Atanyýazowyñ işlerinde hem ýerlikli bellenilýär. Berke han 1260-njy ýylda orta asyrlaryñ iñ uly şäherleriniñ biri hasaplanýan Saraý Berke şäheriniñ düýbüni tutýar. Berke han aradan çykansoñ Mengü Timur han, Özbek han, Janybek han dagylar Altyn Orda döwletiniñ güýç-kuwwatyny gorap saklamagy başarýarlar. Janybek hanyñ ölüminden soñ tagt ugrundaky dawalar başlanýar. 1380-nji ýylda Togtamyş han Emir Teýmirleñiñ goldawy bilen tagta çykyp bu dawalaryñ soñuna nokat goýupdyr. Emma soñra Togtamyş bilen Teýmirleñiñ arasyna tow düşýär. Teýmirleñ muña jogap edip Altyn Ordanyñ üstüne ýöriş edýär. Netijede tagt dawalary täzeden möwç urýar. Bu bolsa öz gezeginde Altyn Ordany güýç-kuwwatdan gaçyrypdyr. Özara agzalalyk zerarly böleklere bölünen Altyn Ordanyñ çäklerinde Kazan hanlygy, Krym hanlygy, Astrahan hanlygy, Nogaý hanlygy, Sibir hanlygy döräpdir. Elbetde bu gelejekde Russiýa imperiýasynyñ döremegine oñaýly şertler döredipdi. Hatda rus taryhçylary häli-häzirlerem Teýmirleñiñ Altyn Orda ölüm howply zarba urup, ruslaryñ azatlyga çykyş prosesini azyndan 2-3 asyr çaltlandyrandygy üçin Teýmirleñe gaýybana minnetdarlyk duýgusyny bildirýärler. Gelejekde Russiýa agzala ownuk musulman hanlyklary ýekme-ýek basyp alypdy we nazaryny Kawkazdaky, Orta Aziýadaky hanlyklara dikipdi. Taryhdan ders almadyk Hywa, Buhara, Kokant hanlyklarynyñ başyna hem ýokarda ady agzalan hanlyklaryñ güni düşüpdi. Şol döwür Moskwa knýazlygy Altyn Ordanyñ çäklerinde dörän Krym hanlygyna garaşlydy. Wagtyñ geçmegi bilen Moskwa knýazlygy garaşsyzlygyny gazandy we hut şol knýazlygyñ binýadynda-da Russiýa imperiýasy döredi. Moskwa knýazlygynyñ daşynda galan ýerleri Krym hanlygy eýeleýär we 1502-nji ýylda Altyn Orda döwleti taryh sahnasyndan bütinleý çekilýär. Altyn Orda döwletinde edara ediş işler begzalardan düzülen gurultaýda ara alnyp maslahatlaşylypdyr we belli bir karara gelnipdir. Ýerler we öri meýdanlary mongol begzadalarynyñ elinde bolupdyr. Garamaýak halk öndüren önüminiñ belli bir bölegini özüne degişli begine bermäge borçly bolupdyr. Çarwa jemgyýetden gelen Altyn Orda hanlary çarwa ilaty oturymly ýaşaýşa uýgunlaşdyrmaga çalşypdyrlar. Olar Idiliñ aşakky akymlarynda ýigrimiden gowrak şäher gurupdyrlar. Şol şäherleriñ iñ ulusy Saraý Berkäniñ ilaty 100 müñden gowrak bolandyr diýip çaklanylýar. Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |