02:19 Altynjan hatyn | |
ALTYNJAN HATYN (?–1060)
Zenan şahsyýetler
Türkmen zenanlaryna nusgalyk keşp hökmünde taryhymyzyñ şanly sahypalarynda möhüm orun eýeleýän Altynjan hatynyñ şanyna Türkmenistanyñ halk ýazyjysy Atamyrat Atabaýew şeýle setirleri bagyşlapdyr: Mert gözeller kän bolandyr jahanda, Olaryñ has merdi Altynjan hanym. Bize on asyrdan bäri bakanda, sowulmaz yşk berdi Altynjan hanym. Nurana gözeller gaýtalanýandyr, ylham berip, bizden ylham alýandyr. Aýdym köñüllere ganat bolýandyr. göwün ganat gerdi, Altynjan hanym. Heññamlardan aşyp, geldiñ dünýäme, Görküniñ ýanynda Aý nä, Gün näme?! Görmez ýaly gözsüzmi ýa men näme, gözüm seni gördi, Altynjan hanym! Gözlerin güldürip, gaşymdan çykdy, Bu setirler ýürek joşumdan çykdy, yşk-söýgä sataşyp, huşumdan çykdy, köne dünýäñ derdi, Altynjan hanym. Dostum, Osman Ödäñ romanyndan, bäri çykyp, ýöräp meniñ ýanymdan, habar alyp bu aljyran halymdan, asmana göterdi, Altynjan hanym. Seredip oñ gözi bilen gabagna, saz ýazardym bolan bolsam sazanda. Togrul begim, ony bizden gabanma, täsin bir keşp erdi Altynjan hanym. Göz doýmaz her günde görseñem telim, yşkyña täzeden jan berer seniñ. Özi bir elýetmez, owadan gelin, hem ajap eserdir Altynjan hanym. Käbir türk taryhçylarynyñ Altynjan hatyny ilki Horezmiñ şasyna durmuşa çykandygyny we ondan Anuşirwan atly oglunyñ bolandygyny, soñra adamsynyñ ýogalyp dul galandygyny we bu görmegeý, akyl-paýhasly dul aýaly türkmen soltany Togrul begiñ (990-1063) nikalap alandygyny öñe sürýänem bolsalar, belli ýazyjymyz Osman Öde özüniñ "Altynjan hatyn" epopeýasynda ony ilkinji bolup nikalap alanyñ Togrul begdigini ýazýar. Osman Ödäýewiñ bu taryhy trilogiýany ýazmak üçin nijeme çeşmeleri waraklap çykandygyny göz öñüne tutup, bizem soñky pikire gol ýapýarys. Romanda Anuşirwan Altynjan hatynyñ daýysynyñ ogly bolup çykyş edýär we daýysy aradan çykansoñ Altynjan hatyn ony öz ogly ýaly terbiýeläp ýetişdirýär. Altynjan hatyn at münüp we gylyç oýnadyp bilýän, ýeri gelende goşuna serkerdelik edip bilmäge ukyply gaýratly zenan bolupdyr. Bir gezek Togrul beg Bagdatdaka onuñ enebaşga dogany Ybraýym Ýynal Hemedanda döwleti ele almak üçin topalañ turzupdyr. Togrul topalañy basyp ýatyrjak bolup kyn ýagdaýda galýar. Çünki ýañy gurlan ýaş döwlete ikä bölünip ýykylma howpy abanýardy. Altynjan hatyn türkmenlerden toplanan goşuna serkerdelik edip adamsyna kömege ylgaýar. Topalañçylary derbi-dagyn edýär we adamsyny bendilikden halas edýär. Şeýlelikde Beýik Seljukly türkmen döwleti dargamakdan halas edilýär. Topalañçylaryñ dargadylanyndan bihabar abbasy halyfy howsala düşüp, seljukly wezirleri bilen özara ylalaşyp, Togrul soltanyñ ýerine Anuşirwany oturdýar. Emma Altynjan hatyn muña gazaply garşy çykypdyr. Hatda soltanlyk tagtyna meýil edendigi üçin Anuşirwany zyndana salypdyr. Altynjan hatyn ömrüniñ ahyrynda kesel tapynýar. Ol bu keselden, galyberse-de alan birnäçe agyr tyg ýaralaryndan saplanyp bilmejekdigine göz ýetirip adamsy Togrul bege: “Halyfyñ gyzyny nikalap almak üçin näme edilýän bolsa et. Şeýt-de iki dünýäniñ bagtyna eýe bol!" diýip wesýet edipdir. Altynjan hatyn megerem bu wesýeti etmek bilen yslamyñ iki uly jemgyýetini - türkmenler bilen araplaryñ agzyny birikdirmek islän bolmaly. Şonuñ üçinem ol bar baýlygyny halyfyñ Togrul soltana gelin boljak gyzy Seýýide hanyma bagyşlapdyr. Çeşme: http://www.kitapcy.ga/news/turkmen_taryhyna_giren_on_uc_melike/2020-03-07-10713 | |
|
Teswirleriň ählisi: 4 | ||||
| ||||