00:57 Altynjan hatyn / 3-nji kitap -12 | |
On ikinji hekaýat
Taryhy proza
ÝATLAMA – GARRYLYK ALAMATY Altynjan geçen günlerini köp ýatlaýardy. Ýatlamalar wagt geçdigisaýyn dagtokga üzümi ýaly süýjeýärdi. Onuň hakydasynda düýpli orun alan belli-belli wakalar bardy. – Arsahişmesen şäheriniň gündogar bazarynda äpet pili gören pursady hakydasynda dur. Ol: «Pile münjek!» diýip aglapdy, Sadylla bolsa, pilden gorkup aglapdy. Sadylla aglamadyk bolsa, olary pile mündürjekdiler. Şonda bir hatyny jezalandyrypdylar, kellesini çapypdylar. Ol hatynyň kesilen kellesi Altynjanyň duran ýerine togalanyp gelipdi. Altynjan kellesi çapylan hatynyň örülen uzyn saçyny ýylandyr öýdüp gorkupdy. Şol gezekki bazarda bolup geçen ähli wakalar: – Inisi Habylyň gözüne gylyjyň ujuny sokup, onuň bir gözüni kör eýleýşi; – Janahyr Geçdekiniň ogluna ok atyp ýaralan pursady; – «Eprikogullary Hudaýyň gargan neberesi» diýendigi üçin öz deň-duşlarynyň bäşisini urup, hakyt maýyp edişi; – Gahar edip, kakasynyň otagyny otlaýşy; – Buruntakly oglanlary uruşlary; – Tümen beg; – Tümen begiň ýigrimi halta altyn-kümüş getirip, şebistan¬da gömen gijesi; – Tümen begiň öldürilen gijesi; – Daýysynyň soňky demini sanap ýatyşy; – Çiltenler bilen Togrul begi öldürmäge gidilişi; – Togrul beg bilen ilkinji gezek duşuşan pursady; – Togrul beg bilen sährada gezelenç edişi; – Toý güni… Ýada düşýän täsirli wakalar kän. Altynjan ol wakalary ýatlap, gaýtadan pikir eleginden geçirýär... Şeýle ýatlamalaryň biri-de «Zamahşar gijesinden» soň, Garagumuň içi bilen Merwe baryşlary. Altynjan hatyn ol günleriň her bir pursadyny, her bir sagadyny dek şu gün bolup geçen waka deýin göz atuwyna getirýärdi. ...On müň atly esgerden galan iki müňe golaý esger «Za¬mahşar gijesindäki» aýylganç gyrgynçylygy asyl ýatlanokdam. Olar göçgünlidiler, şadyýandylar. Olaryň göçgünliliginden şady¬ýanlygyndan çen tutsaň, hiç bir gyrgynçylyk bolmadyk ýalydy, olar özara degşip-gülşüp gelýärdiler. On iki günläp ýol ýöreldi. On ikinji gün Merwe ýakynlaşylan¬dygyny habar berdiler. Herki zadyň soňy bar. Soňy ýok ýaly bolup görnen Gara¬gumuň hem soňy bar eken. Garagumuň gyrasyna ýakynlaşylandygyna ähli kişi begenen bolsa, Altynjan gynanmak gynandy. Onuň göwnüne, Garagumuň gutarmagy bilen iki ýyl dört aý on ýedi günläp talwaslap garaşan täze eşreti, täze durmuşy gutaraýjak ýaly duýuldy. Altynjan bütin ömrüniň ýörişde geçmegine razydy. Wah, ol bütin ömrüniň geçen on iki gününe çalymdaş bolmagyny isleýärdi. Ol Garagumda üç giňişligiň gujagynda meýmiräpdi. Şol üç giňişligiň ilkinjisi mähriban adamsy Muhammet Togrul begiň gujagydy. Ol Altynjanyň ýüregine ymgyr giňlik berýärdi. Bu giňişlik Altynjan üçin Erem bagydy. Altynjan bu giňişlikde özüni bagty daş ýarýan zenan hökmünde duýýardy. Ikinji giňişlik Garagum çölüniň uç-gyraksyzlygydy. Bu uç-gyraksyz giňişlik hem Altynjanyň dar gursagyna giňlik berýärdi. Üçünji giňişlik – Wagtdy. Giň çölde gaýa-gopuzlyk ýokdy. Wagt – Altynjanyň isleýşi ýaly haýaldy, ýaýaldy. Arkaýyndy, kanagatlydy. Ähli zat, ýok, älem-jahan ukuda ýatan ýalydy. Altynjan çölüň uç-gyraksyz giňligini, wagtyň ýaýallygyny Muhammet Togrul begde hem görýärdi. Ol özüni begiň ýanynda iň sylagly, iň bagtly zenan duýýardy. Altynjan: «Durmuş şeýle gowudyr» diýip akylyna-da getirip görmedik bolsa nätjek?! Ýogsam olam-a arzuwlar ummanyna çümüp, hyýalatynda Muhammet Togrul beg bilen köp hadysalary başdan geçiripdi. Hyýalat süýjüdi. Aslynda dünýäde iň süýji zat hyýalat eken. Hyýalat diňe bir süýji däl, ol lezzetli hem eken. Altynjan toý günündäki gerdegiň işigini ikinji ömrüniň işigi hasaplady. Ol gerdegiň işiginde nisar dessury birle depesinden gül¬leri, altyn dinarlary seçelendirip ikinji dünýäge – ikinji zenan ömrüne ädim ädipdi, ýöne bu günde onuň başky dünýäsini ýat¬ladýan ýekeje zadam ýokdy. Ýekeje zadam! Wah, gulakhalkasam ýog-a! Geçen günleri bilen baglanyşykly ähli zatlary gerdegiň içinde galdy. Altynjanyň gerdekden çykandan soňky ömri ylgawly boljaga meňzeýärdi. Çünki ol gerdekden ylgap çykypdy. Şondan bärem ýoldady. Eý, Hudaý, seniň ýaradan gerdun pelegiň biçak giň! Eý-ho, gerdun pelegiň soňy ýog-a. Garagum Altynjanyň arzuw-telwaslaryndanam uzyn hem giň eken! Altynjan maksadyna gowşup, on iki günki ýörişde birgiden garaşmadyk sarç pikirleriň üstünden bardy. Ol ähli zadyň öňki pikir edişi ýaly däldigini çaklady. Gara¬gumuň her bir golunda hökmürowanlyk, düňlelik duýdy. Çöl ümsümliginde, düňleliginde, hökmürowanlygynda Altynjanyň göw¬nüne bolmasa, Togrul bege nähilidir bir ýakynlyk bardy. Altynjan bu pelekde Allatagaladan köp zat hantama däldi. Onuň baş küýsegi Togrul bege özüniň adaty zenan däldigini, zenan bolup dünýä inen-de bolsa, hakyky merdana «erkekdigini» durmuşda subut etmekdi. Ol özüne naçar hökmünde seredilmegini asla islemeýärdi. Has anygy, ol özüne naçar hökmünde seredýänleri ýigrenmek ýigrenýärdi. Altynjan Togrul begiň şa bolmagyna kipaýat bermek isleýärdi. Eger özi kipaýat bermese, bege şa bolmak eýgertmejek ýalydy. Eger Togrul bege gerek bolsa, pikirlenmezden janyňy bermeli diýen düşünje Altynjanyň aňynda berk orun alypdy. Eýsem näme? Allatagala, rast, Togrul begiň hatyny bolup, ýardamynda durmak üçin – Altynjan özüniň Togrul begiň ýardamynda durmak üçin dünýä inderilendigine berkden-berk ynanýardy – amanat eçilen bolsa, onda buýtar-suýtarlyk nämä gerek?! Allatagalanyň özüni haýsy maksat üçin ýagty ýalança getirendigini bilmegiň özem uly mertebe ahyryn! Altynjan Gorkut atanyň hatynlar hakdaky söhbet bilen başlanýan şadessanyny gowy görýär, onda Ezraýyl Däli Domrulyň janyny harladyp almaga gelende, oňa aýalynyň öz şirin janyny berýändigi baradaky boýy has-da gowy görýär. Gorkut atanyň bu boýuny hakyt özi hakynda aýdylan ýaly duýýar. Ýaşlary bir çene baran ata-ene perzentlerine şirin janlaryny berenok. Gülçeçek welin, äriniň derdine derman bolmagy özüne mertebe bilýär. Gorkut ata oguz zenanynyň durmuşdaky ornuny düşündirýär: hatyn öz zemin hudaýy üçin, onuň mertebesi, rowaçlygy üçin ýaşamaly. Altynjan bu şadessany gaýtalap-gaýtalap diňläpdi, Gülçeçekde öz keşbini görüpdi. Ýöne Gülçeçek bolmak Altynjany kanagatlandyranokdy. Ol öz hökümdaryna özüniň kimdigini – başarnygyny görkez¬mek isleýärdi! Ömrüniň manysyny hem şu isleginiň amalynda görýärdi! Köp bende özüniň bu ýalançydaky ornuny-ojagyny tapman itiň art aýagyndan suw içip ýör-ä! Altynjan– iň esasy zat – bu dünýä inmesiniň düýp içtymagyna akyl ýetirdi. Öz ykbalynyň, täleýiniň Togrul begiň ýanyndadygyny bildi. Onsoň, heý, ony ezizlemän bolarmy? Altynjan Togrul begi ezizlemegi özüni ezizlemek manysynda düşündi. Onuň başyna melamat gelse, özünden sowa geçmejekdigi köre hasa ahyryn. Togrul begi goramak – öz mertebäňi goramak. Ýöne, Hudaýa şükür, beg goraga, hemaýata mätäç däl. Gaýtam, onuň özi külli musulman ymmatyna howandar. Altynjanyň öz öňünde goýan maksady bardy: beg, goý, ilkinji ýyllarynda hatynyny towşantüý, naçar hasaplasa hasaplasyn. Goý, beg ony diňe halallygy hasaplasyn. Ömür gysga – ýol uzak. Altynjan durmuşda özüniň naçar däl-de, hakyky merdanadygyny, özem Muhammet Togrul begiň naýyby hem nedimi bolmaga mynasyp merdanadygyny görkezer, subut eder! Hökman subut eder! Altynjan, ine, şu maksadynyň amaly üçin Alladan pursat hem gaýrat dileýärdi. Merdi-merdana, «erkek» bolmak küýsegi onda çagalykda galaýjak ýalydy. Bu küýsegiň çagalykda galmagyna Abdylmälik han, atabeg Omar, Hajar hatyn ynanypdy. Altynjanyň özem ynanypdy. Ýöne galman eken. Galman eken. Megerem, «erkek» bolmak küýsegi ojaryň ýere kök urşy deýin çuňdan düýp tutandyr?! Ojaryň köküniň ählisini köweläp alyp bolmaýşy deýin, indi Altynjanyň çagalykdan galan küýseginem aňdan doly aýryp bolmajaga meňzeýär. Bu küýseg kesapat getiräýmesin, Altynjan?! Beg beg bolar, ol etjek işini bilýär ahyryn! Allatagala kimi patyşa götermek islese, Musa beg, Ybraýym beg, Dawut beg deýin dogan hem aga berýär, serkerde berýär, Abdylkasym Buýany, Ahmet Dehistany, Anuşirwan ibn Tümen, Amydylmülk Kundury deýin parasatly wezir berýär, Altynjan ýaly hatyn berýär. Beýigi beýik edýän onuň töweregindäki, gul¬lugyndaky başarjaň adamlary! Altynjan özüniň Togrul begiň şa bolmagy üçin doglandygyna öňem ynanýardy. Iki ýyl dört aýlap hem bu pikiri gursagynda eziz¬läpdi. Garagumuň içinde geçiren on iki gününiň içinde pikiriniň hakdygyna hasam açyk göz ýetirdi. Onsoňam Togrul begiň nika gijesi aýdan bäş sargydyna wepaly bolmak aňsat däl ýaly bolup görünse-de, birgiden kynçylyklaryň ýüze çykjakdygyny aňdy. On iki günüň içinde oýlanara Altynjanda mümkinçilik ýeterlik boldy. Bäş sargydyň dördünjisi barada oýlandy. Şol gije Muhammet Togrul beg bäş sargydynyň diňe dördüsini aýtdy. Altynjan aýdylmadyk sargydyň nämedigini niçesar bilesi gelse-de, begden soramady, diňe amatly pursat dörände soramagy maksat edindi. * * * Togrul beg bilen Altynjan atlaryny ýanaşyk sürýärdiler. Serkerdeler sesýetim yzdan gelýärdi. Ähli atlylar çatynjalaryň hylwaty söhbedine päsgel bermezlige çalyşýardy. Togrul beg sag elini ýokary göterip ýanyna gelmelidigi baradaky yşaraty bermese, hiç kim olara ýakynlaşmaýardy. Yssydan ýa-da ýagyş-ýagmyrdan goranmaly bolanda, Togrul beg hyzmatkärlerine şeýle diýerdi: – Siz meniň üstüme saýawan tutjak bolup oturmaň, siz meniň hatynymy yssydan, ýagyşdan-ýagmyrdan, gardan goraň. Saýawanyňyzy onuň üstüne tutuň. Togrul beg ýörişlerde ilkinji hyzmatyň hatynyna edilmegini hyzmatkärlerinden mydama talap ederdi. Bu talap onuň bütin ömrüne dowam etdi. Begiň bu talabyndan Altynjanyň nähili hatyralanýandygyny duýýardylar. * * * Olar gündiz ýol ýöräp, garaňky gatlaşyp ugranda düş¬leýärdiler, otuz-kyrk adam ýerleşer ýaly uly düşekde ýazylyp-ýaýrap oturýardylar, dynç alýardylar, uklaýardylar. Ýörişiň ilkinji hepdesinde Altynjan horlanmak horlandy. Nädip horlanmasyn, görgüli?! Garaňky düşenden ýorgana girip ukusyny daňdana çenli almagy öwrenen säherhyz Altynjan asyl gijelerine uky görmese nätsin?! Uzynly gijäni Togrul beg bilen aýşy-eşretde geçiren Altynjan daň atandan ýola düşmeli. Onsoň atyň üstünde uklaman oturmak eýgertmeýärdi. Togrul beg welin, atyň üstünde pinek etmäge-de, ukusyny almaga-da werziş eken. Asyl, ol ata münenden soň islän pursady uka çümüp bilýärdy. Özi süýji ukuda bolsa-da, atyň nirä gelendigini, nähili ahwalatyň ýüze çykandygyny magat bilýärdi. Süýji ukudaka soralan soraga takyk jogap berýärdi, iki müň atly goşuny dolandyrýardy, adamlaryna etmeli işlerini aýdýardy. Togrul begiň bu başarnygy Altynjany haýrana goýdy: bu başarnygy öwrenmäge çalyşdy. Ähli zadyň başlangyjy kyn. Atyň üstünde irkilmegi däl, uklamagy öwrenmek Altynjana, gör, näçe hupbatlary berdi. Üç gezek atdan ýykyldy. Üç gezek! Şol üç gezegiň ikisinde Togrul beg ukusyndan açylyp, oňa tekge bolmaga ýetişdi. Birinde welin, ät galdy. Ýogsam beg onuň uklanda atdan ýykylmagyndan ätiýaç edip barýardy. Altynjanyň aýagy üzeňňide galdy, göwresi aşak gaýtdy. Aýagyny üzeňňiden aýryp bilmän atyň aýaklarynyň arasynda gara heläk boldy. At ony esli aralyga süýräp äkitdi. – Bolmaly zatlaryň ahyry biri boldy. Şeýdip, ýykylmasaň, atyň üstünde uklamagy öwrenmersiň. Şeýdip, ýene bir gezek ýykylanyňdan soň, atyň üstünde uklamagy öwrenäýmegiň ähtimal. Senden gizlemäýin, men üç gezek atdan ýykyldym. Olaryň birinde at süýredi, üstümden ýöräp, ýaýjygymy döwen gezegem boldy. Baý, heläk boldum, şol gezek! Ýyllar gaty köp zatlary öwretdi. Altynjan hötjetlik etdi: uklamaly, ýöne indi hüşgärligi saklamaly – atdan ýykylmaly däl. Ol soň hakykatdan hem atdan ýykylmady. Allatagala Horezmine sygmadyk Altynjany ýedi yklym sährasyna çykardy. Täze durmuş onuň hyňzap duran kakabaş hyjuwyna kybapdaşdy. Ol giň sährada kanagat tapdy. Bu durmuş Altynjanyň küýsän durmuşydy. Şonuň üçin ol bu durmuşa tiz öwrenişdi. Ýöne Togrul beg onuň garaşan perdesinden gopanokdy. Beg onuň aňynda ýaşaýan Muhammet Togrul begi däldi, ol başga adamdy, başga begdi, geňdi, syrlydy. Altynjany geň galdyran zat kändi. Muhammet Togrul begiň toý güni halaýygyň öňünde özüni «Gudaçylyga barlanda görkezen hokgalaryň üçin» diýip gamçylamagy, soňundan gerdekde aýagyna tagzym etmegini islemegi Altynjanyň ýadyndan teý çykanokdy. Ol nika gijesinde Şamäligiň gulamlarynyň eden gyrgynçylygyny hem ýadyndan çykaryp bilenokdy, soň bu hakda Muhammet Togrul bege aýdypdy: – Şamälik nejisiň eden ýowuzlygy hiç akyla sygar ýaly däl!.. – Şamälik bize juda ýowuz urgy urdy, iň ýakyn adamlarymyzy öldürdi. Biz olaryň hununy Şamälikden hökman alarys, özüni-de ýowuz jezalandyrarys. – Damagy çalnan, ganlary derýa bolup akan bendeleri hiç unudyp bilemok. – Sen ol gijäni, ýowuzlyklary ýatlamajak bol. Olar ýaly zatlary aňyňdan çykaryp zyňmagy başarmasaň, Togrul begiň hatyny bolmak saňa juda kyn düşer. Altynjan Muhammet Togrul begiň bu sözlerini Garagumda geçiren on iki gününiň içinde telim ýola aňynda aýlady, ýöne, barybir, aňyna sygdyryp hem aňyndan aýryp bilmedi. Sekiz müň adamyň ölümine nädip parhsyz bolup biljek? Togrul beg Jeýhunyň kenarynda sekiz müň esgerden daşgary köp mukdarda baýlygyny goýup gaýtdy. Gör, näçe araba, gör, näçe düýe ýük galdy, ol ýerde? Galan baýlyk üçin Muhammet Togrul begiň tüýem gymyldamady, diňe özüniň biynjalyk edilendigine gaharlandy. Altynjan Togrul begiň nika gijesindäki rahatlygyny ähli baýlykdan, ähli zatdan ýokarda goýýandygyna düşündi. Onuň bolşy biçak syrlydy: syrlylygyndan, rahatlygyndan çen tutsaň, ýogalan esgerler direläýjek ýalydy, şeýle hem ýogalan esgerlerinden ýüzlerçe esse köp esger özüne haýsydyr bir depäniň aňyrsynda garaşyp duran ýalydy. Onuň syrlylygy Jeýhunyň kenarynda galdyryp gaýdan baýlyklaryndan ýüzlerçe-müňlerçe esse köp baýlyk hem birki depeden aňyrda goýlan ýalydy. Wah, Altynjanyň iki ýyl dört aý on ýedi günläp geýmäge dözmän saklan gymmatbaha lagly-göwherlerli egin-eşikleri, şaý-sepleri gerdegiň içinde galdy! Wah, gerdegiň içindäki hataran goýlan sandyk¬larda dünýäň baýlygy bardy! Wah, duran ýerlerinden göni gaýtmaly boljagyny bilenliginde, ol hiç bolmanda, Tog¬rul begiň nika güni üçin weziri Ahmet Dehistanydan ugradan şaý-seplerini dakynyp ýa alyp daş çykardy! – Wah, Altyn gyz, bu dünýäniň zady üçin gyýylma! Nesip bolsa, ýedi yklymyň ähli baýlygy seniňki bolar! Şamälik seniň ol şaý-sepleriňi öz eljagazlary bilen getirip berer, özem ol alan zatlarynyň üstüne-de ýüz esse goşup, öňüňde ýedi bükülip getirip berer. Muny saňa men aýdýaryn. Muny saňa Muhammet bin Mykaýyl bin Seljuk bin Dukak aýdýar. Sabyrly bol. Geregiň altyn şaý-sepi bolsun! Seniň haremiň Zamahşardaky ýaly jaý bolmaz, ýok, ol Käs, Ürgenç şäherlerindäki ýaly, Merwdäki, Nyşapurdaky ýaly, owadandan-owadan köşk bolar. Seniň köşgüň müňläp haşemli bolar. Togrul begiň ýalan sözlemeýändigine Altynjan ynanýardy, ýöne onuň aýdýan zatlaryna hiç akyl ýetirip , göz öňüne getirip bilenokdy. Ähli zat hyýalaty ýaly duýulýardy. Şeýle-de bolsa, Altynjan begiň aýdýan sözlerine juda ynanasy gelýärdi. – Eh, Altyn gyz, Altyn gyz, seniň üçin näme gerek bolsa, men gaşymy çytmaryn. Seniň ornuň mydama meniň tagtymyň çep gapdalynda bolar. Sag gapdalymda baş wezirim oturar. Ýöne sen baş wezirimdenem maňa ýakyn bolarsyň. Men külli musulmanlaryň patyşasy bolaryn. Sen bolsa külli musulmanlaryň patyşasynyňam patyşasy bolarsyň. Erkek kişiler zenanlar üçin hem jennet, hem dowzah. Jennet bilen dowzahyň aralygy gaty ýakyn: o dünýädäki gyl¬dan inçe Syrat köprüsi barmyş. Ana, şol köpri är bilen aýalyň aralygyndaky köpri bolmaly. Är bilen hatynyň arasynda ýekeje söz bar. Zenanlar şol ýeke sözüň üstünde ýaşaýarlar. Ýeke sözüň üstünde duran zenan adamsynyň ýüzüne seredenden dowzah bilen jennedi saýgarmaly. Ýogsam başyňa dowzahyň inäýmegi ähtimal. Erkek kişi islän pursady bu ýalançyda jenneti hem dowzahy döredip bilýär. Erkek – baş, hatyn – boýun. Altynjan nika gijesinden başlap, Togrul bege iň ýakyn ýardamçy bolmaga çalyşdy, onuň maksadynyň rowaç bolmagynyň ýollaryny gözlemäge başlady. Hajar hatyn hem ilkinji gijeden başlap, äriň bilen nähili gatnaşykda, nähili ýakynlykda bolmalydygyny zynharlap-zynharlap sargap-öwredip goýberipdi. Altynjan ejesiniň pikirini unamaýardy. Är-hatyn babatda onuň öz pelsepesi bardy. Ol erkegi – göwre, zenany – göwün hasaplaýardy. Maksada göwre bilen göwnüň birleşen ýagdaýynda ýetip bolýar diýen berk ynanjy bardy. Göwre bilen göwüniň birleşmesinden bir bitewi adam – hakyky adam emele gelýär. Göwre bilen göwün utgaşyp, sazlaşyp bilen ýagdaýynda islendik maksada ýetip bolar. Allatagala göwrä çäksiz köp güýç-kuwwat beripdir. Adam şol güýç-kuwwaty nirä, nädip sarp etmelidigini bilenok. Onda gorky bar. Ana, şeýle ýagdaýda göwün göwreden gorkyny aýryp berýär, göwräni bir ugra ugrukdyrýar, galkyndyrýar, ganatlandyrýar. Göwün göwrede ynam döredýär, göwräni ruhlandyrýar. Özüne ynamy bolan, ruhy galkynan adam gaýduwsyz bolar, maksadyna ýeter. Altynjan Togrul bege ganat bolmak isleýärdi. Altynjan Togrul begiň göwni bolmak isleýärdi. Ol begi her hili bela-beterlerden goramak isleýärdi. Ol begiň Turana soltan bolmagyny isleýärdi. Onuň bu derejä ýetmegine hemaýat bermek isleýärdi. Ömrüň manysy – maksadyňa ýetmek. Altynjan maksadyna ýetjekdigine ynanýardy. * * * Güýzüň iň soňky günleridi. Howa salkyndy. Gijelerine howa salkyn, çigrek bolýardy. Şeýle-de bolsa, Togrul beg galyň geýinjek bolmaýardy. Altynjan ähli zatdan beter sowugy halamaýardy, kesellemekden gorkýardy. Howanyň maýyllaşmagyny isleýärdi. Muhammet Togrul begiň islegi welin, onuň isleginiň tersinedi: garyň ýagmagyny isleýärdi. – Eý, Perwerdigärim! Ýüregim garyňy ýagdyrmagyňy isleýär. It garynyň1 üstünden aýakýalaň ylgamak isleýärin – diýip, Togrul beg Asmana seredip ellerini galgatdy. – Gar ýagjaga meňzänok – diýip, Altynjan sargylt bulutly Asmany hyrçyny dişläp synlady. – Gar ýagar, hökman ýagar! Eý, Taňrym, gar ýagdyr, eý, Taňrym, gar ýagdyr! Gar! Gar ýagdyr! Togrul begiň isleýşi ýaly boldy. Biraz wagtdan soň howanyň öwzaýy bozuldy. Günbatar-demirgazykdan kowçum-kowçum sargylt bulutlar müňzeşip geldi. – Gar ýagjak öýdýän, Hudaýtagala sizi gowy görýär. – Hudaýtagalanyň meni gowy görýändigine diňe häzir akyl ýetirdiňmi? – diýip, Togrul beg ynamly aýtdy. Başda uzak ýagman goýarly görnen gar soňundan çynyna tutdy: uzak gije ýagdy. Özem köwsarlap-köwsarlap ýagdy. – Bu gar ikimize kär etmez – diýip, Togrul düýe ýüňünden edilen ýorgany Altynjanyň üstüne çekdi. Altynjan ýorganyň aşagynda demikdi, derrew ýorgandan kellesini çykardy. – Asyl senem ýorgany başyňa büräp ýatyp bileňokmy? – diýip, Togrul beg Altynjany gujaklady. Togrul beg hem başyny büräp ýatyp bilmeýän eken. Altynjan akgyzy Gülýüzliniň birmahalky uky baradaky pelsepelerini ýatlady… * * * Uzak gije ýagan gar daňdan çar ýany ak gara büredi. – Allatagalanyň adam üçin ýaradan zatlarynyň birinjisi gorky bolmaly. Çaga ene rehminden çykanda-da gorka sataşýarmyş hem gorkup aglaýarmyş. Eger dünýä inen çaga aglamasa, onda ol çaga ölýärmyş. Biler bolsaň, men şu günki ýaly gar ýagan güni dünýä inipdirin. Men dünýä inenimde aglamandyryn. Ölümden alyp galmak – aglatmak üçin meni garyň üstünde ýatyrypdyrlar. Biraz wagtdan soň men jana gelip, ellerimi-aýaklarymy hereketlendirip, aglap başlapdyryn. Seljuk Dukak: «Sen gorky damarsyz dünýä indiň. Gorkusy ýok adam dünýäde iň batyr adamdyr. Gorky damaryň ýoklugy Allatagalanyň islegidir, ol seni dünýäniň soltany etmek isleýändir. Allatagalanyň eradasy seni soltan eýlemek bolsa, nesip bolsa, sen soltan çykarsyň» diýipdi. – Çagakaňyz aglamadyňyzmy? – Aglandyryn-la – diýip, Togrul beg uzaklara seretdi: – Dünýä inenimde-hä aglamandyryn. Altynjan begiň seredip duran tarapyna nazar aýlady. Bir gijede töwerek-daş gara bürenipdir. Howa şeýlebir ýakymlydy, arassady: – Howanyň gowudygyny! – Ýör, gideli! – Nirä? – Islän tarapyňa gideli. Haýsy tarapa gidesiň gelýär? – Bilmedim… Togrul beg Altynjanyň elinden tutup, birki depe aşdy. Goragda duran hamemler olaryň yzyna düşdi. – Biziň yzymyzdan galyň! – diýip, Togrul beg jandarlara buýurdy. Olar alty-ýedi depe aşyp, kiçeňräk bir oýtakda sak¬landylar. Altynjan begden gözüni aýyrmaýardy, çünki beg nämedir bir zadyň kül-külündedi, keýpi kökdi. Düşelgeden aýakýalaňaç gaýdypdy. Hokga ýa ädik geýmek hakda oňa köwüşberdar-da2, hajyp-da ýatlatmaga het edip bilmändi. Ýatlatsa, ilki bilen, Altynjan ýatlatmalydy. Ol hem sözüniň diňlenmejekdigini bil¬ýärdi, şonuň üçin hem hiç zat diýmändi. Togrul beg egnine ýelbegeý atan pürejini3 garyň üstünden ýazdy-da, egnindäki köýnegini hem dyzdanyny çykarmaga durdy. – Biler bolsaň, Altyn gyz, men bütin ömrüme şu pursada garaşyp ýaşadym... – diýip, Togrul beg göçgünli dillendi. – Siz üşärsiňiz. – Üşemezim ýaly, meni öz howruňa çoýmak saňa şertdir. – Dördünji şertiň nämedigini ahyr bildim. – O nähili dördünji şert? – Nika gijesi: «Meniň bäş sany talabymy hergiz unutmagyn» diýip maňa talaplaryňyzy aýdypdyňyz, ýöne olaryň birini aýtmandyňyz. Şondan bäri dördünji talap nämekä diýip ýördüm. Togrul beg hezil edip güldi. – Talaplarym ýadyňdamy? – Elbetde, ýadymda. – Hany, aýt! – «Birinji: hiç wagt edenime däl diýme! Ikinji: hiç wagt akyl berjek bolma! Üçünji: hiç wagt bir aýdanymy ikinji gezek gaýtalatma! Dördünji:… Bäşinji: hiç wagt hiç zat sorama!..» – Dogrudanam, dördünji talabymy aýtmadymmy? – Aýtmadyňyz. – Häzirki şertim bäş talaba girenok. – Onda dördünji talap näme? – Ony aýdasym gelenok, belki, galan ömrüme-de aýtmaryn. Sebäbi men seni tanaýaryn, ony aýtmaga zerurlyk ýok hasap¬laýaryn. Başarsam, saňa diňe gowy zatlary aýtjak. Beg Altynjany mäkäm gujaklady, soňam ony perejiniň üstünde eda bilen ýatyrdy. – Sakçylar bize serederler. – Bize sereden sakçy kellesinden dynjagyny bilipjik durandyr. Sen o tarapdan gaty arkaýyn bol! Altynjan oýtakda ilkinji gezek birmahalky küýsän islegine ýetdi: ol Muhammet Togrul begiň gar gatyşykly murtuny oýnady. – Näme edýärsiň? – Murtuňyzy oýnaýaryn. – Onda oýnar ýaly näme bar? – Murtuňyza gar garyşypdyr. Garyny aýyrjak. Men siziň murtuňyzy goramasam bolmaz-a – diýip, Altynjan begiň mur¬tunyň garlaryny aýyrdy. Togrul begiň murtundaky gar tozgajyklary Altynjanyň ýüzüne gaçdy. Beg gar tozgalaryny sypap aýyrdy. Altynjan garaşylmadyk garagolluk etdi: ýatan ýerinden bir penje gar aldy-da, ony begiň ýüzüne sürtdi. Onuň bu degişmesi begiň hoşuna geldi, gapdal çekildi, soňam «aryny» almak bilen boldy. Onuň niýetini aňan, Altynjan tarsa ýerinden turup gaçdy, beg kowdy. Iki bökende onuň yzyndan ýetip, bilinden gujaklady-da, daşyndan pyrlandyryp aýlady. Altynjanyň hyr berip başy aýlandy, entirekläp garyň üstüne ýykyldy. Beg Altynjany berk gujaklap, garyň üstünde agnady, birdenem garysyna galyp, hatynyna ýüzlendi: – Häzir näme isleýärsiň, aýt! – Aýtjak däl! – Aýt, aýt! – Murtuňyzdan ýolmak isleýärin. – Baryny goparaýjakmy? – Ýok, ýekejesini. – Altynjan garyň üstünde ýatyşyna pikirini üýtgetdi. – Aý, ýok, hökman däl! Agyrar. – Agyrsa agyrsyn, hany, çek, ýol! – diýip, Togrul beg ýüzüni Altynjanyň alkymyna eltdi. – Ýok, ýok, agyrmasyn! – Toý güni gamçylamda agyrmadymy? – Agyrdy. – Sen çydadyň-a. – Çydadym. – Indi çydamak gezegi meniňki! Seniňki bilen deňeşdire¬niňde meniňki hiç zadam däl. Bol, bol! – Men şeýlekin aýdaýdym. – Men çynym bilen aýdýaryn, buýurýaryn. Bol! – Dözemok. – Döz! Altynjan garysyna galyp, Togrul begiň murtundan ýeke gyly saýlap, bat bilen çekdi: – Weýwa, birine derek ikisi gopupdyr. Murtundan iki gyl ýolnandygy üçinmi ýa başga bir sebäbe görämi, Togrul begiň gözi ýaşardy. Birdenem garaşylmadyk ahwalat ýüze çykdy: begiň burnundan gan akyp ugrady. Altynjanyň zähresi ýaryldy. Ol begiň burnunyň ganamasyny murtunyň iki gylynyň ýolunmagyndan gördi. Togrul beg oňa: – Bu dert mende öňden bar. Sen ganyň akmasyny murtuň iki gylynyň ýolunmasyndandyr öýtme! – diýdi. Togrul begiň burnunyň ganynyň durmaýanlygy, Altynjanyň göwnüne, murtdan iki gylyň ýolunmagy sebäpli ýalydy. Bu derdiň öňem bardygy hakdaky sözi ol özüniň köşeşmegi üçin tapylan bir söz hasaplady. Aslynda welin, beg hakykaty aýdýardy. Togrul begiň özem üznüksiz akýan gany saklamagyň aladasy bilendi. Ol boýnuna, maňlaýyna, ýüzüne ýetişibildiginden gar sürtdi. Barybir, ganyň şol bir akyp durşudy. Gan Togrul begiň agzyndan, sag gözünden akmaga başlady. Bu ahwalaty gören Altynjanyň dili tutuldy. Derrew tebip çagyrylyp getirildi. Begiň ýaşlyk dostlary Mübärek bilen Dürnazary çagyryp getirdiler. Olar begiň burnundan ganyň akýandygyny görüp aljyrap durmadylar, gaty arkaýyn olar. Degişýärler, gülüşýärler. Olaryň arkaýynlygyny Altynjan halamady. – Howlugyň-a, gan akyp dur-a!... – diýip, ol biygtyýar janykdy. – Merhemetli melike, odanma, hiç odanma, bege hiç zat bolmaz. Onuň häzir burnunyň ganamasynyň hikmeti bar – diýip, Mübärek myssa ýylgyrdy. – Hikmetini bilýärsiňmi? – diýip, Dürnazar Altynjana ýüzlendi. Altynjan başyny ýaýkady. Dogrusy, bu mahal onuň hikmet diňläsi gelenokdy. Onuň bar pikiri-aladasy begiň burnundan akýan ganyň durzulmagydy. Geň, begiň özem arkaýyn. Ýüzünde birjik-de howatyr-alada ýok. – Hikmeti ýönekeý onuň: beg bu dünýä Masut soltan ýaly dynç almaga, göwün hoşlamaga däl-de, sogap gazanmaga, göreşmäge geldi. Alla onuň dynç almagyna ýol bermek islänok. Dürnazar bilen Mübäregiň arkaýyn bolmasynyň sebäbi bu ahwalatyň birinji gezek däldigi üçindi. Olar özleriniň ökdelän işine girişdiler. Begiň burnundan gan akmasy saklandy… Eý-ho, ol günden bäri, gör, näçe aý, gör, näçe ýyl geçipdir! Ýadyň üýtgeşik bir häsiýeti bar. Ol käbir möhüm zatlary unudýar, «öçürýär» ýöne käbir wakalary welin, näçe wagt geçse-de, teý ýadyňdan aýrylmaýar. Aýratyn hem ýaşlykda bolan wakalar ýatda galgyç bolýar. Ol wakalar könelmeýär. Oýtakda Togrul begiň burnunyň gananyndan bäri ýigrimi ýyldan gowrak wagt geçipdir, ýöne ol dek düýn bolan waka ýaly, Altynjan hatynyň hakydasynda oraşan dur. Altynjan oýtakda bolan wakany, umuman-a, Garagumda geçiren on iki gününi ýatlamakdan çäksiz lezzet alýar. Özem ol waka, köplenç ýola düşülende ýada düşýär. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |