02:27 Alypbaryjylaryñ ýüzüni ýapma mejburylygy Owganystanda azat metbugatyñ gutarandygynyñ alamaty | |
ALYPBARYJYLARYÑ ÝÜZÜNI ÝAPMA MEJBURYLYGY OWGANYSTANDA AZAT METBUGATYÑ GUTARANDYGYNYÑ ALAMATY
Publisistika
Aýalyñ ýüzüni ýapasynyñ gelýändigi ýa-da gelmeýändigi boýunça hukugyny elinden almak, onuñ sesini eşitdirme hukugyny elinden almak bilen deñdir. Taliban geçen hepde teleýaýlymda çykyş edýän aýal-gyzlaryñ göni efirde ýüzlerini ýapmagy buýurdy. (AFP) Taliban geçen hepde teleýaýlymda çykyş edýän ähli spiker aýal-gyzlaryñ göni efirde ýüzlerini ýapmagy buýurdy. Munuñ özi Taliban häkimiýete gelen wagtyndan bäri aýal-gyzlara garşy girizen köp sanly basyşlarynyñ iñ bärkije mysaly. Şol wagtdan bäri olaryñ erkek kärdeşleri-de muny protest etmek maksady bilen ýüzlerine maska dakyp orta çykdy. Žurnalistika azatlygyñ ekiztaýydyr we 7/24 dürli garaýyşlaryñ, habarlaryñ, içki pikirleriñ akymynda üznüksiz dowam edýän pudak. Žurnalistika biziñ obýektiw nukdaýnazardanam garamagymyzy gazanýar. Şonuñ üsti bilen biz dünýäni ýagtylandyrylan halda görýäris. Metbugat azatlygy bolmasa dagy, dünýä hakykatda nirede bolardyka? Gynansak-da, Taliban bize dünýäniñ nirede bolmalydygyny görkezýär. Žurnalistlik birnäçe adamyñ başgalara awusyny pürkmäge amatly hasaplaýan ýeri bolsa-da, habar berijilik tarapyny aradan aýyran ýagdaýyñyzda gatlaklaryñ sesini ýitirersiñiz. Meniñ üçin Britaniýada döredijilik bilen meşgullanyp, žurnalist hökmünde işlemegimde ýazmaga hemişe owadan sebäpler tapyldy. Ulalamda sözlerim we sözleýiş ukybym iñ güýçli ýaragym boldy. Kalbymy añlatmak üçin goşgulardan we jümle-jahana ýüzlenmäge duýýan mähir-muhanbetimi özüme mahsus ýol bilen görkezmek üçin sesimden peýdalandym. Söz azatlygy bolmasa men muny edip bilmezdim. Şeýle-de muny atalarymyñ ýurdy we ejemiñ önüp-ösen watany Owganystanda amala aşyryp bilmezdim. Gynansak-da, söz, bilim, saýlaw azatlyklarynyñ mundan beýläk çäklendirilen owgan zenanlarynyñ gany damarymda at salýar. Söz diýilýän zat geýinmek, geplemek, ýazmak, ellemek, döretmek arkaly emele gelýär. Munuñ aradan aýrylmagy adam hukuklarynyñ bozulmagydyr. Az wagt öñ Talibanyñ aýal-gyzlary burka geýmäge mejbur edýän gözdençykgynç kararyna garşy pikirlerimi we hoşnutsyzlygymy paýlaşypdym. Owganystanyñ häzirki ýüzbe-ýüz bolan hakykatyndan täsin hakykata - Owganysyandaky aýal-gyzlaryñ beýle buýruklara boýun egmedik ýagdaýynda erkek hossarlarynyñ türmä salynjakdygy ýa-da işlerinden kowuljakdygy haýbatynyñ atylandygyna görkezen garşylygymy ýazypdym. Käbirleri aýdýanlaryma oñyn göz bilen garasa-da, käbirleri kararnama boýunça edýän pikirlerime gyýa göz bilen seredýärdi. Sözlerimiñ wirtual dünýäde akyp gitmegine ýol berdim. Şondan soñ maña häzirki jemgyýetde şindizlerem demini ýöredýän aýal duşmançylygynyñ bardygy ýatladyldy. Hatda bir okyjy men hakda makala ýazjak derejede öte geçip, ynanjyma bildiren gazabyny şeýle beýan edipdi: "Sakib... Günbatar kompleksinde Talibana garşy duşmançylygy ýaýýar". Meniñ sözlerimiñ onuñ jyzzygyna degendigi görnüp durdy. Gep eýesini tapypdy, dogry adamlary ynjalykdan gaçyran ekenim: Ýygy-ýygydan diniñ gözelligini görmezlige salýan we aýal-gyzlary azat durmuşda ýaşamakdan sallaýan medeni kompleksi dikeltmegi saýlap alan şahslaryñ agzynyñ paýyny beren bolsam näme! Öz-özüme, "Ine, maña nädip pikirlenmelidigimi, nädip duýmalydygyny öwredýän ýene bir köpbilmiş" diýip goýdum. Biz aýal-gyzlaryñ (žurnalist kärdeşlerimiñ, sosial mediýa ulgamyndakylaryñ) başdan geçirýänleri iriziji hadysa. Hemme ýerde aýal-gyzlarynyñ agzyny baglamak üçin mekir janykmalar bar. Şeýle janykmalar birmahallar saýlaw azatlygynyñ, bilim almagyñ we kämilleşmegiñ gurşawyndaky ýurt bolan Owganystanda Talibanyñ gürlemek isleýän aýal-gyzlaryñ sesini kesmäge we agzyny baglamaga çytraşýanlar bilen ugurdaşlygy görkezýär. Üstesine iñ soñky ýüzüñi ýapma mejburylygynda güýçli we ýürek gyýyjy aýratynlyk bar. Owganystan üçin teleýaýlymlarda zenan alypbaryjylary görmegiñ özi ýurduñ uzak wagtdan bäri ösüş ugrunda ädilen ädimdi. Kiçijik gyzjagazlar hernäme-de bolsa täzeden hyýal atyna atlanyp, ýagty geljeginiñ pikirini edip bilýärdiler. Aýalyñ ýüzüni ýapasynyñ gelýändigi ýa-da gelmeýändigi boýunça hukugyny elinden almak, onuñ sesini eşitdirme hukugyny elinden almak bilen deñdir. "Tolo News"-iñ tanymal alypbaryjysy Sonýa Niýaziniñ AFP-niñ habarçysyna beren interwýusynda aýdyşy ýaly: - Dik durduk we maska dakmaga garşy çykdyk!.. Karara nägilelik bildirip maska dakan erkek alypbaryjylara-da berekella diýesim gelýär. Sosial mediýada "freeherface" (onuñ ýüzüni erkinleşdir -t.b.) ýarlygyna gözüñ ilýär we zenan alypbaryjylara raýdaşlyk bildirip, özgerişe çagyryş edilýär. 2022-nji ýylyñ 22-nji maýynda Kabuldaky "Tolo TV" telestudiýasynda geçirilen editorial ýygnanşyga gatnaşan "Tolo News"-iñ işgärleri ýüzlerini ýapdy. (AFP) Taliban diniñ adyna bukulýan gözboýagçylykly görnüşini mundan beýlägem dowam etdirer, onuñ şular ýaly galp maskalary dakdyrmagynyñ yslamyñ ündeýän zady däldigini ýatlatmak isleýärin. Meniñ pikirimçe olar medeniýetimize, dininize ysnat getirdi we käbir adamlaryñ üstünlik talabynyñ duş gelinýän tekepbirligini döretdi. Žurnalistlik diñe Owganystanyñ sezewar bolan garañky eýýamynyñ açylyp görkezilmegine ýaraýan telewizion alypbaryjylarynyñ ýüzlerini ýapma buýrugyna çapraz formadaky saýlaw we söz sözleme azatlygydyr. Azatlyklarymyzy ýatyrmakdan we tenimize erk etmekden el çekiñ. Owgan aýallary ähmiýetlidir, seslerimiz ähmiýetlidir, özümizi nähili sypatlandyrjakdygymyzy saýlap almagymyz ähmiýetlidir. Dünýäniñ diñlemäge başlamagynyñ möwriti geldi. Faiza SAKIB. Anna, 03.06.2022 ý. https://www.independent.co.uk/voices | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |