02:31 Tähranda meni polisiýa saklady: Bürenjek meselesi azat bolmaly | |
TÄHRANDA MENI POLISIÝA SAKLADY: BÜRENJEK MESELESI AZAT BOLMALY
Publisistika
Doly örtünipdim, saçym görnenokdy we tenimiñ belendi-pesi daşarky dünýä üçin syr bolup galypdy, emma şonda-da ýeterlik hasaplananokdy. Eýrana birinji gezek gidenim ýadyma düşýär. Meñ dünýämden uzak dünýädigini we medeniýetdigini duýdum, ol ýerde geçiren wagtymda örän erbet soñlanaýmagy ahmal pursatlary başdan geçirdim. Maşgalam we men Tähranda bazara gitmegi makul bilipdik. Aýlanyp ýörkäk barmaly ýerimize ýetmek üçin bir mawzoleýiñ öñünden geçmeli bolduk. Şindi hemme zady ýerbe-ýer edeliñ: Doly ýapynypdym. Başýapynja atynýardym, saçymyñ ýeke tary-da görnenokdy, üstesine feraje (halat şekilli uzyn yslamy eşik) hem geýýärdim. Bu meniñ öz islegim bilen geýýän eşigimdi. Şol wagtlar şeýle geýinemde özümi rahat duýýardym. Kümmede girenimizden soñ polisiýa işgäriniñ gaharly seredýänini gördüm, maşgalam bilen bile saklandyk. Ynjalyksyzlygymy we añ bulaşyklygymy görüp begenýän ýaly bolan polisiýa işgäri atynan zadymyñ bürenjek däldigini, kümmediñ öñünden geçmänkä çarşaf geýmelidigimi aýtdy. (Çarşaf - göwräni doly ýapmak üçjn geýilýän uzyn etekli ýapynja). Onuñ jahyllygyna haýran galýan ýagdaýda jogap berdim: "Ýok... Doly ýapyndym-a, näme sebäpli mundanam beter ýapynmalymyş?" Polisiýa işgäri syrtardy. Gorkymdan we öz dünýämden düýpgöter başgaça dünýädedigimi bilip, sesimi çykarman aýdylany etdim. Bisyrat işgär ýene syrtarmagyny dowam etdirdi. Çarşaf geýdim, kümmediñ öñünden geçip, ýolumyz bilen bolduk. Bu ýagdaý meni häli-häzirlerem haýrana goýýar. Doly örtünipdim, saçym görnenokdy we tenimiñ belendi-pesi daşarky dünýä üçin syr bolup galypdy, emma şonda-da ýeterlik hasaplananokdy. Näme sebäpli saklanypdym, başýapynjam bilen näme işleri bardy? Başyna ýapynja atynmak ýa-da atynmazlyk aýal-gyzlaryñ öz islegi we azatlygyna degişli bolmaly. Eýranly demonstratlar Mahsa Eminence polisiýanyñ elinde ölmeginden birküç gün soñ geçirilen protestde paýtagt Tähranda köçelere döküldi. (AFP) Eýranda protest demonstrasiýalary möwjeýän wagty özümi azatlygy ýok edýän we bir indiwidiñ menlik duýgusyny elinden alýan syýasatlaryñ jogapkärleri tarapyndan gözmezlige salynan sözi sarp edenimde tapýaryn. Bu söz - seçgi: köp kişiniñ añsatlyk bilen geljegine ynanýan azatlyk diñe hakykatda, aýal seçgisi yzygiderli göz astynda saklanmaly, tankyt edilmeli, synlanmaly. Mahsa Emininiñ ady bilinmeli: biz adalat we azatlyk üçin gürlän wagtymyzda onuñ ady ýatlanmaly we ýañlanmaly. Mahsanyñ ölümi san-sajaksyz hekaýatyñ bary-ýogy ýekejesi. Ol şowakör syýasatyñ we aýal duşmançylygynyñ elinde ejir çeken birnäçe zenanyñ diñe biri. Mahsa hossarlaryny görmäge gidende Eýranyñ "ahlak polisiýasy" tarapyndan bürenjegi talabalaýyk atynmandygy saklanan 22 ýaşlyja zenandy. Ol bir tussaghana äkidildi we biraz wagt geçensoñ azatlyga goýberildi. Mahsa şobada hassahana ýerleşdirildi we üç gün komada ýatyp, aradan çykdy. Aýdylyşyndan Mahsa mazaly ýenjilipdir, bulam onuñ ýaralanmagyna we biwagt aradan çykmagyna sebäp bolupdur. Şoñ üçin onuñ adyny gören ýeriñizde tutuñ, eşitmedik galmasyn! Mahsanyñ gussaly hekaýatyny eşdenimde, elem çekmän durup bilmedim. Onuñ hekaýaty maña ýene birini ýatladýar: Etmedik etmişi boýnuna ýüklenip zalymlarça öldürilen we aýyplanan owganystanly gyzyñ - Farhunda Melikzadanyñ hekaýatyny. Fargunda gynaldy, urlup-ýenjildi, köçelerde süýreldi, aýyplandy, masgaralandy. Muña tomaşa etmedik galmady, emma biri orta çykyp jenaýatkäre edeniñ däl diýip bilmedi. Farhunda Melikzadanyñ, Mahsa Emininiñ atlaryny diliñizden düşürmäñ. Merwe Şerbini - 2009-njy ýylda oglunyñ gözüniñ öñünde öldürilen (ýürekbulaýjy ýigrenç jenaýaty!) germaniýaly musulman aýal. Bularyñ barsy Merweniñ bürenjek atynandygy sebäpli boldy. Farhunda Melikzada, Mahsa Emini, Merwe Şerbini. Atlaryny gaýtalañ. Eşik geýniş formasy sebäpli zulum gören we masgaralanan aýal-gyzlaryñ sanawyny uzatdygyñça uzadyp oturmaly! Yslam zorlukly hereketleri goldamaýar. Yslam bize saýlap-seçme hukugy we huzur berýär, ýöne muny biziñ demokratik azatlykda we asuda durmuşda ýaşamagymyza ýol bermegiñ ýerine aýal-gyzlary gysymynda saklamak isleýänler ýalñyş düşündirýär. Hut şonuñ üçinem döwlete seslenýärin: ynjydan aýal-gyzlaryñyzyñ sesini eşidiñ, azatlyk üçin gygyrýanlaryñ seslerini duýuñ. Gahar-gazapdan ýaña gaýnaýan eýran halkynyñ sesine gulak geriñ. Başýapynja atynyp gezmegi gowy görýän zenan hökmünde özümi şol azat erk-ygtyýary ellerinden alynan aýal-gyzlaryñ ahy-nalasynyñ we gaýgy-hasratynyñ öñünde ikiçäk galan ýaly duýýaryn. Hindistandan Eýrana çenli aýal-gyzlaryñ sesleri adalat, çözgüt-çykalga, jogap, saýlaw-seçgi, erk-ygtyýar gözleginde iñleýär, Biz seslerimiz, protestlerimiz tä eşidilýänçä dek ýatmarys. Ýapynja, bürenjek biziñ öz meýlimiz bilen dakynmaly, ol biziñ öz hak-hukugymyz, öz erk-ygtyýarymyzdaky zat. Tenimizi gözegçilik etmekden el çekiñ. Eýranly aýal-gyzlara raýdaşlygymy bildirýärin: Azat seçgi hukugynyñ we azatlygyñ tarapyny tutýaryn! Faiza SAKIB. Penşenbe 29.09.2022 ý. https://www.independent.co.uk/voices | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |