02:23

Taliban we onuñ burka kararnamasynyñ yslama dahylly ýeri ýok!

Publisistika
Категория: Publisistika | Просмотров: 322 | Добавил: Gökböri | Теги: Faiza Sakib | Рейтинг: 4.5/2
Awtoryň başga makalalary

Publisistika bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 2
0
1 Ependi  
284
Birzady aýdaýyn: Yslamyň hökümdarlyk edýän ýurtlarynda demokratiýa hiç haçanam ösmez, ösjegem bolsa ösdürmezler. Daşyndan biri gelip goşulsa, onda mümkin. Halk baş göterer, köçä çykaram. Döwlet şerigata tutsa, Halky gyrmak hiçzat olar üçin. Talibanam şeýle, Eýranam. Yslamyň "terbiýesini" alan her musulmany olary özüne çekmek öňem asyrlap göre-göre gelýän wakalary. Taliban indi Owganystana ornaşdy biläý. 2001-nji ýyldaky ýaly terakt bolmasa, indi ol döwletiň gapysyndan ätlejek ýok, ätlemezlerem. Talibanam indi iliň gapysyny ýarasy gelenok, özüni eklese kaýyl.

Gepe gyzygyp, aýal-gyzlar hukugy ýatdan çykyp barýar, näme diýeýin, ýokardaky aýdanlamdan çak uraýmaly. Talibandan hijem ýagşylyga garaşmaly däl. Belki, Talibanam demokratlaşyp, özgerip, aýal-gyzlarada erkinlik bersind-ä. Goňşy döwletimiz ol. Eger, erkinlik berilse, Owgan döwleti hasam iki esse güýje eýe bolar. Olaryň elini gysyp, salamlaşan liderleň özleri ol ýurda barar. Ykdysadyýetiniň ösmeginede uly itergi bolar.

0
2 Ependi  
284
Häli, Russia Today kanalyndan bir peredaça berdi, Owgan durmuşy barada kiçeňräk. Obada ýaşaýan jaýlaryny görkezýär welin, haýsy asyrdan galdyka diýdirýär. Duranja kepbäň barda. Gyş wagty odunlaram ýok ýakmaga. Oduny ýörite satyn alyp gaýdýalar bazardan. Onam, kile boýunça çekip berýäler terezide. Getirip, öýündäki peçine salýar welin, peç diýäniňem 100 litrlik demir boçkalar. Öýüň içinde dik oturdyp, böwrünenem gapyjyk açypdyrlar, şoňa oklap ýylynyp otyrlar çagalary bilen üýşüp. Daşaryda, ýagny meýdanda çeýnäre çöpem ýok. Arassa, ýalazy meýdan. Biziň döwletimiziň Owganystana çekmekçi bolýan gazy gaty öwerlikli zada mynasyp. Öýleriniň ýylamagynada, ekonomikasynyň ösmeginede, tebigatynyň güllemeginede täsiri uly boljakdygyna, şol peredaçany göreňde göz ýetirýäň.

Bir maşgalany görkezýär, dört çagasy bar, ejeleri ýok, kakasy bar, hemde enesi. Kakasy aýdýar: çagalamy satlyga çykardym, iň uly gyzym 11 ýaşly, galanlaram ondan kiçi. Ekläp bilemok, iş ýok, iýmäge zat ýok. Olaryň öz elimde açlykdan, sowukdan ölmegini görmezlik üçin men şu ýoly saýladym. Dogrusy, bu ýerde çaga söwdasyny etmek geň zat däl, ýörite çaga jellaplaram kän. Senden arzanrak satyn alyp, hyrydara gymmat satyp ýörenlerem bar - diýipdi. Başga bir hojalygy görkezýär welin, 12 ýaşlyja gyzjagaza hyrydar biri gelýär. Alyjy 500$ hödürleýär, kakasy 1500$ diýär. Gözüni ýaşardyp, ejesine gysmyljyrap ojagaz gyzjagazam ykbalynyň satuwa çylarylany-na düşünip otyr, alaja gözüni ýaşardyp "kaka maňa rehmiň gelsin" diýän ýaly, gorkup, ýygyrlyp, delmuryp seredýär. Gelen alyjy ahyry ylalaşmay, 500-den artyk pulunyň ýokugyny aýdyp turmak bilen boldy. Entek bu wakalar milliondanam biri däl, Owgan halkynyň çekýän kynçylyklaryny arkaýyn oturyp synlamak mümkinem däl, geň hem gynandyryjy.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]