20:26 Alyslarda galan ýar... | |
ALYSLARDA GALAN ÝAR...
Goşgular
![]() Ýalňyz bolsaň ýetişerin ýanyňa, Seni ýeke goýmarn – diýen sözüň bar Ýatlamalaň dumanyndan çyk-da gel, Alyslardan alyslarda galan ýar. Söýgiň bilen derýa bolup joş-da gel, Öňkiň ýaly gyz juwanlyk ýaşda gel, Gaýalardan gaýalara aşda gel, Goja daglaň aňyrsynda galan ýar. Tapyşýan ýerinde ýer bilen gögüň, Her gün saňa garaşaryn intizar. Gün doganda, gün içinden çyk-da gel, Uzak ýollaň aňyrsynda galan ýar. Men henizem öňkim ýaly bisabyr, Ýürek şindem öňküsi dek bikarar. Uzak ýyllaň örtügini serp-de gel, Uzak ýyllaň aňyrsynda galan ýar. Halyl KULYÝEW | |
|
√ Bize geçi bersene / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Şygyrdaky yşkym / Goşgular - 11.12.2024 |
√ Блондинка с голубыми глазами / Goşgular - 24.07.2024 |
√ Быть блондинкой... / Goşgular - 26.07.2024 |
√ Hakyky şahyr / Goşgular - 08.05.2024 |
√ Nar / Goşgular - 22.04.2024 |
√ Nebsin neýleýen / Goşgular - 08.06.2024 |
√ Sumbaryñ kenarynda / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Oglan wagtymyz... / Goşgular - 17.10.2024 |
√ Ýolma guşuñ ganatyn / Goşgular - 07.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |