20:59 Ýürek | |
ÝÜREK
Goşgular
![]() Ir-säher gar ýagdy, Häzir bolsa gün Gül bolup döküldi meniň üstüme. Nämedir bir zatlar diýesim gelýär, Bu dünýäde tapylgysyz dostuma. Bir ömürde göz ýetirdim bir zada, Göz ýetirdim uludygna bu dünýäň. Hem özümiň kiçiligmi duýdum men, Kiçi bolup uly zada çokunýan. Sesde barym bilen gygyrdym: “Besdir” Maňa jogap berdi bu däli ýürek; “Çykmak gerek bu dargursak dünýäden, Biraz uly bolup ýaşamak gerek”. (1977) ♣ “Gyssanmaçlyk” Ýöne eňip barýar aýak aldygna, Ýüzün aşak salan gölegçi bary. Obanyň ýarysy ugradyp barýar, Yzda garap galýar obanyň ýary. Öleniň yzyndan agtyk, çowlugy, Tohum-tiçnebere, ýüzläp… soňy däl, Ýüz ýaşa ýetseňem ölmek gowy däl. Dyzynyň kuwwaty gaçan bir goja Yzda iç gepledýär häliden bäri. “Beýle gyssanmaçlyk nämä gerekkä, Ýene-de bir gezek gatnaljak ýaly…” (1997) ♣ "Bir başyňa…” Bir başyňa müň zat gerek, Tapmarsyň gereksiz zady. Çykar-durar gezek-gezek, Ýene täze zatlaň ady. Öý bolup goşulsaň sana, Törüňe düşener ýaly, Hem hormat üçin myhmana, Üýşürersiň palas, haly. Dost, saçaksyz, aşsyz-nansyz Düzgünem bolmaz, elbetde. Many barmy dost-duşmansyz Sümsünip gezseň bir çetde. Jahyllykda şöhrat gerek, Garrylykda kuwwat gerek, Hem-ä garry ata-ene, Hem ogul-gyz – zürýat gerek – Döwlet, aşna, tanyş-biliş Hem mertebe, hem at gerek, - Giden bir uly dünýä sen, Bir başyňa müň zat gerek… (1977) Halyl KULYÝEW | |
|
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 2 | ||
| ||