21:04 Adam agzalarynyñ aýdyşygy | |
Adam agzalarynyň aýdyşygy
Goşgular
1.Aýak: - Ir säherden başlap agşama çenli Eýämi egnime edýärin hopba. Azajyk dynç alýan aralygynda Üýtgeşik gep tapsa, - Delräk zat tapsa. Ol bolmasa elmydama ýolda men, Günüm kynrak… şeýleräjik adam men. 2. Gulak: - Eýämiň kellesi uçar guş bolsa, Mendirin ol guşuň goşa ganaty. Soňky habarlaryň kabulhanasy… Agzalaň içinde tarhandyryn men, Ýele göwsün geren ýelkendirin men. 3. Burun: - Yza galyp ýörseň gowy görmezler. Onsoň haçan görseň, gürrüň sen, gep sen. Bir duran ýerimde duramok hergiz, Nirä barsam sokulýaryn ys tapsam. 4. Dil: - Otuz ikiň aňyrsynda mekanym, Göräýmäge buky ýerde öýüm bar. Şonda-da ýetmeýän ýerim ýok meniň, Göz degmesin, gulaç ýarym boýum bar. 5. Ýüz: - Dat meniň günüme – Indi boljak däl. Başym alyp gidäýmesem tokaýa. Öňler şöhle saçýan güler ýüzdüm men Indi dönüp galdym galyň çokaýa… (1977) * * * Säher turup syn edýärin sähere, - Turduňmy? – diýip, bulduraşýar damjalar. Säher turup syn edýärin sähere, - Geldiňmi? – diýip, ýylgyryşýar gunçalar. Säher turup syn edýärin sähere, Säher ýeli sypap geçýär ýüäümi. Säher turup syn edýärin sähere, El uzadýar bagymyzyň üzümi. Siz ýüz dürli derde derman säherler, Ömrüm bolsun size gurban, säherler, Ýöne… “Ýönesi” bar, arman, säherler Siz bize, biz size myhman, säherler. (1977) * * * Biziň ömrümiziň iň bir baý zady Arzuwlardyr Baý biz dostlar arzuwa. Eger bolmasady arzuw diýen zat, Ýaşaýyş bolmazdy Geçýärin güwä. Mende bir arzuw bar hem gözel, hem kyn, Köpden bäri ýüregimde besleýän. Şu azat güneşde, açyk howada Mydamalyk ýaşap galmak isleýän. Ömrüm hyzmat etsin beýik adama, Ömrüm hyzmat etsin bu ajap döwre. Ýene bir arzuwym: goý şu arzuwlar Meniň özüm bilen girmesin gabra. (1962) Halyl KULYÝEW | |
|
√ Şemally gün / Goşgular - 27.01.2024 |
√ Nebsin neýleýen / Goşgular - 08.06.2024 |
√ Aňmamysyň sen şol güni, jümle älem haýran ola... / Goşgular - 08.09.2024 |
√ Daglar we adamlar / Goşgular - 10.12.2024 |
√ Liwanda şu pursat kyýamat gopýar / Goşgular - 11.10.2024 |
√ Saýhally hem sada / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Hijri-zulmydan niçe kim, eýlesem men dat oňa... / Goşgular - 11.12.2024 |
√ Hasrat / Goşgular - 07.11.2024 |
√ Meniñ monologym / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 09.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |