20:54 Biçäre | |
Biçäre
Goşgular
Gadym eýýam… Baý soranmyş molladan: -Men saňa ýüz tutýan, kyblaýy älem. Hany senem bir sorap gör Alladan: Mende bir aýal bar, Ol saňa mälim, Muny iki edip bolmazmy, tagsyr? Serpaýyň taýyndyr, Getirler ertir. Molla uzyn sakgalyny sypalap, Sakgaldaşna jogap berýär şo bada: -Onki süňňe onki aýal almaly, Şeýle görkezme bar biziň hudada. Baýyň bolsa ýok ekeni bir eli, Allanyň emri-dä… Etjek ne çäre. On bir aýal bilen neneň ýaşarka, Bu dünýäde şumbagt eken biçäre. (1976) * * * DEGIŞME (Edebi parodiýa) Wysalyňa ýetýänçäm, Jemalyňdan doýmaryn. Kino, teatr diýip, Öz ugruňa goýmaryn. Bu dünýäde näýbaş sen, Hem görk, hemem görmekde. Wysalyňa ýetýänçä, Aýlanaryn turnikde. Bahar pasly çykanda, Kömelekler bolaryn. Wysalyňa ýetýänçäm, Kebelekler bolaryn. Dörederin aýdymny, Çalaryn men sazynam. Wysalyňa ýetemsoň, Görüberýäs yzynam… * * * Azaryna däl Bahar siller bat alsa-da, Azaryna däl. Tokaýlary ot alsa-da, Azaryna däl. Ýagşy bilen ýamany garyşdyrsaňam, Azaryna däl. It uruşdyrsaňam… Azaryna däl. Ne-hä bir aglaýar, Ne-de bir gülýär, Diňe özi Ölmese bolýar. Halyl KULYÝEW | |
|
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |