02:16 Ämängüliñ degişmelerinden | |
AMANGÜL MÄMMETYAZOWANYŇ DEGIŞMELERINDEN
Degişmeler
— Myhmançylykda zenanlaryň esasy aladasynyň öý eýesiniň ähli zadyny birlaý gözden geçirip, oňa baha bermekden ybarat bolýandygy-ha tebigy ýagdaý. Onsoň, şular ýaly myhmançylyklaryň birinde iki aýal pyşyrdaşýar diýýär. — A gyz, öňüňdäki gapdaky çorba bir seret, içi dup-duruja-da, hakyt. — Wiý, ýogsam näme. Ol muny ýöne ýerden edýändir öýdýäňmi? ýa gazanynda et-kartoşka ýokdurmy, häzir baryp görseň? Gep naharda däl, tarelkalarda. Seret, okaralaryň düýbündäki nagyşlar, ýazgylar onuň gymmatbaha gapdygyny görkezipjik dur-da. Ana, onuň bar aladasy biziň açlygymyz-doklugymyz däl-de, tarelkalary görüp, içimiziň ýanmagy... Ýene-de aýallar barada. Bir aýal goňşusynyň gapysyny kakýar diýýär: - A gyz, maňa az wagtlyk oklawyň gerek boljak welin, gaýrat edip berip bilmersiňmi? Özümiňkini düýnjük döwäýdim-dä. Derrewjik dynyp, dolab-a getirerdim. — Wah, goňşy, bermesine-hä bererdim welin, edil şu wagt oklaw özüme-de gerek-dä. Menem adamyma garaşyp otyryn. Olam gijä galdy. * * * Biri lukmanyň ýanyna barýar diýýär. Lukmanam ony doly barlagdan geçirýär-de, hassanyň ýüzüne seredip, esli wagtlap dymyp oturýar. Onuň ala- daly keşbini görüp, hassa ysgynsyz seslenýär: — Lukman, näme boldy? — Aý, men ony... — Näme, meniň keselim näme, aýdyň ahyryn... — Wah, men ony aýdyp biljek däl... — Lukman, aýdyň. Hakykaty aýtsaňyz bolýar, men mertdirin. — Siziň keseliňiz bar-a... Aý, ýok, men öňi-soňy aýdyp bilmerin. — Aýdyň, men ähli zada taýyn. — Ýeri, bolýa-da. Siziň keseliňiziň ady... Neme... Ekinehekge... aý, ýok. Ekenikak... Wah, ýok-laý, neme, ekinimikakga... Ekenimikikgge... Ehenehok-goz... Wah, ýaşuly, aýtdym-a men, şol sözi aýdyp bilemok diýip. Dilim öwrülenok. Ertir aýlan, kelle sagat wagty, mazaly öwrenip, aýdyp beräýeýin-le... | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |