02:11 Antuan de Sent-Eksýuperi | |
ANTUAN DE SENT-EKSÝUPERI
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly
Antuan de Sent-Eksýuperi, dünýä belli fransuz şahyry, esseçi, çagalar ýazyjysy, pilot. Sent-Eksýuperi aýratynam "Kiçijik şazada" atly eseri arkaly giñden meşhurlyk gazandy. Ýazyjy 19.06.1900-njy ýylda Fransiýanyñ Lion şäherinde fransuz aristokratynyñ maşgalasynda dünýä inýär. Heniz dört ýaşynda kakasy aradan çykansoñ Sent-Eksýuperiniñ maşgalasy birden garyp düşýär. Şeýle-de bolsa, onuñ ejesi ýokary añ-düşünjeli aýal bolansoñ oglunyñ ylymly-bilimli bolup ýetişmegi üçin uly yhlas edýär we ilkinji mugallymy özi bolýar. Sent-Eksýuperi mekdepde diýseñ çöññe we yzagalak okuwçylaryñ biridi. Ol okuw sapaklaryna-da ýetişip bilmeýändigi üçin yzygiderli temmi çärelerini alyp durupdyr. Şeýle-de bolsa ýazyjynyñ samolýotlara bolan bilesigelijiligi güýçlidi. Ol samolýotlary heniz 12 ýaşynda öwrenip başlaýar. Gelejekki pilot öýleriniñ golaýyndaky howa menziline gizlinlik bilen aralaşyp samolýotlaryñ uçuşyna ýakyndan syn etmegi halapdyr. On iki ýaşyndaka bir pilot ony öz ýanyna alyp uçuş geçirýär. Şol wagtam dogany François aradan çykýar. Bu ölüm maşgalany agyr gynanjyñ içine salýar. Liseýini tamamlandan soñra hernäçe pilot bolmagy arzuw etse-de, ejesiniñ raýyny ýykmajak bolup deñizçilik mekdebine girýär. On dokuz ýaşynda binagärlik fakultetine okuwa kabul edilýär. 21 ýaşynda çagyryş boýunça harby gulluga çagyrylansoñ okuwyny ýarpy goýup gulluga gidýär. Ýazyjy harby gullugy Fransuz Howa güýçlerinde geçýär we Strasburgda pilotlyk ugrundan bilim alýar. Gullugy gutaryp gelenden soñra Parižde telekeçilik bilen meşgullanyp başlaýar. Emma söwda işleri ugruna gitmeýär. 1926-njy ýyl ýazyjynyñ durmuşynda öwrülişik ýyly bolýar. Tuluzdan Dakara gatnaýan aragatnaşyk samolýotynyñ piloty bolup işe başlaýar. Ol şol ýyl ilkinji kitaby bolan "Günorta Poçtany" ýazyp gutarýar. Kitap onuñ ilkinji uçuş synaglaryndan söz açýardy. Ýazyjy Howa gullugynyñ Argentina boýunça jogapkär işgäri wezipesine bellenýär. Onuñ "Gijeki uçuş" romany Argentinadaky başdan geçirmelerini gürrüñ berýär. Ýazyjy 35 ýaşyndaka sürüp barýan samolýoty näsazlyk tapynyp Tunisde çöle gonmaga mejbur boldy we gonuşyñ yzyndan nam-nyşansyz ýitdi. Dört günden soñra ony çölde bir bedewi arap tapýar. Sent-Eksýuperi Ispaniýanyñ Graždanlyk urşy döwründe bir fransuz gazetiniñ habarçysy bolup işleýär. Ol çeper döredijilik bilen bir hatarda howa gullugy boýunça birnäçe oýlap tapyşlaryñ hem awtorydyr. Ýazyjy gijeki uçuşlary düzgünleşdirýän abzallaryñ kämilleşdirilmegine öz mynasyp goşandyny goşdy. Ikinji Jahan urşy başlanynda Fransiýany faşistik Germaniýa okkupirleýär. Harby serkerdeler Eksýuperä saglyk ýagdaýynyñ uruş şertlerine ýol bermejekdigini duýdurandyklaryna garamazdan, ol watan goragçylarynyñ hataryna goşulanyny gowy görýär. Fransiýanyñ faşistik nemesler tarapyndan ýeñlişe uçrandygy zerarly, ol ABŞ-na gidýär. Ýazyjynyñ ABŞ-da ýazan "Dünýä we adamlar", "Uruş piloty" kitaplary Nýu-Ýorkyñ kitap muşdaklarynyñ elinden düşmän okalýan kitaplara öwrülýär. Ol mähriban watanynyñ nemes faşistleriniñ golastyna düşendigine gynanjy çäksizdi. Bolup geçýän wakalara gulagyny dykyp oturyp bilmejekdigine göz ýetiren ýazyjy kapitan harby derejesini dakynyp ABŞ-nyñ goşunyna goşulýar we Demirgazyk Afrika frontuna gidýär. Onuñ ýerine ýetirýän wezipesi nemes goşunlarynyñ hereketine howadan gözegçilik etmekdi. 1944-nji ýylyñ 31-nji ýylynda onuñ oturan samolýoty urulýar we Korsika adasynyñ töwereginde deñize gaçýar. 1998-nji ýylda bir balykçy deñizden ýazyjynyñ bukawyny tapýar. ♣ Eserleri: 1). "L'aviateur" (1931); 2). "Vol de nuit" ("Gijeki uçuş", (1931); 3). "Terre des Hommes" (1939) 4). "Pilote de Guerre" ("Uruş piloty", 1943); 5). "Le petit Prince" ("Kiçijik şazada", 1943); 6). "Citadelle" (1942); 7). "Courrier sud" ("Günorta poçta, 1929); 8). "Lettre à un Otage" (1943); 9). "Carnets" (1956).. @Kitapçy | |
|
√ Beýik alym Isaak Nýuton - 16.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |