03:15 Kiçijik şazada / filosofik erteki | |
KIÇIJIK ŞAZADA
Ertekiler
Leon Werte bagyşlaýaryn! Şu kitapçany uly adama bagyşlanym üçin çagalardan ötünç soraýaryn. Ol uly adam meniň iň gowy dostum. Onsoňam, ol dünýäde hemme zada, hatda çagalar kitabyna-da düşünýär. Ol Fransiýada ýaşaýar, şol ýerde bolsa häzir açlyk hem horluk. Şonuň üçinem ol özüniň çökgün göwnüne teselli berjek adama mätäç. Eger-de bu aýdanlarymyň hemmesi özümi aklamak üçin ýeterlik bolmasa, onda şu kitapçany meniň şol uly dostumyň çagalyk döwründäki ýaly oglanjyga bagyşlanýar. Uly adamlar hem ilki çaga bolýarlar ahyry, ýöne özleriniň şeýle bolandyklary olaryň az-azlarynyň ýadyna düşýär. Ine, men öz bagyşlamamy düzedýärin. Leon Wertiň ýaşlyk döwrüne bagyşlaýaryn. I. Men alty ýaşymdakam adam aýagy sekmedik gür jeňňeller hakda “Hakyky hekaýalar” atly kitapda geň galdyryjy bir surat gördüm. Suratda aždarha ýabany haýwany ýuwdup duran eken. Ynha, ol şeýle çekilen eken. “Aždarha öz awuny çeýnemän diriligine ýuwudýar, onsoň tä iýeni siňýänçä ýarym ýyl dagy gymyldap bilmän ýatýar” diýlip kitapda aýdylypdyr. Dürli wakalardan doly jeňňel durmuşy hakda men kän pikir etdim, soňra dürli reňkli galamlar bilen ilkinji suratymy çekdim. Bu meniň 1-nji suratymdy. Ine, meniň çeken suratym. Men öz çeken suratymy ululara görkezip: “Bu gaty gorkunç zatmy?” diýdim. – Heý-de, şlýapa gorkunç bolarmy? – diýip, olar jogap berdiler. Bu şlýapa däldi. Bu pili ýuwdan aždarhady. Ine, ondan soň ululara düşnükliräk bolar ýaly, iç ýüzünden aždarhanyň suratyny çekdim. Olara mydama hemme zady düşündirip ýörmeli ahyry. Ine, meniň 2--nji suratym. Ulular maňa aždarhany iç ýüzündenem, daş ýüzündenem çekmän, gowusy, geografiýa, taryh, arifmetika, dürs ýazuw sapaklary bilen köpräk gyzyklanmagy maslahat berdiler. Ine, şondan soň, men alty ýaşymdakam suratçylyk kärinden el çekmeli boldum. 1-nji, 2-nji suratlarym başa barmansoň, men özüme bolan ynamy ýitirdim. Ulularyňa-ha hiç wagt özleriniň düşünýän zady ýok, olara bir zady gaýtalap, garşy-garşy düşündirip durmak bolsa çagalary halys irizýär. Garaz, nätjek, näme-de bolsa, başga bir kär saýlamaly boldum, menem samolýot sürmäni öwrendim. Bütin dünýäni diýen ýaly samolýot bilen aýlandym. Dogrusy, geografiýanyň hem haýry köp boldy. Men bir seredemde Hytaýdan Arizonany tapawutlandyryp bilýärdim. Bu-da gaty gerek zat, has-da gijelikde ýoldan azaşaýsaň gerek. Men ömrümde her dürli salyhatly adamlara duş geldim. Men ulularyň arasynda ýaşaýardym. Men olary gaty ýakyndan görýärdim. Dogrymy aýtsam, bularyň hemmesi meniň olar hakda edýän pikirimiň üstüne zat goşmady. Men başgalardan asyllyrak, düşbüräkdir öýden adamyma duşan mahalym mydama ýanyma göterip ýören 1-nji suratymy görkezýärdim. Şol adamyň, hakykatdan-da, bir zada düşünýändigini meniň bilesim gelýärdi. Ýöne hemmeler maňa “Bu şlýapa” diýip jogap berýärdiler. Menem şolar bilen ne aždarha, ne jeňňel, ne-de ýyldyz hakda asla gürrüň etmeýärdim. Men olary öz ugruna kowup başladym. Olar bilen brij, golf oýunlary hakda, syýasat hakda gürleşýärdim. Ulularyňam öz pikirdeşine duşandyklaryndan göwünleri hoş bolýardy. II. Men şeýdip ýalňyz ýaşap ýördüm, içgin gepleşmäge bolsa adam ýokdy. Ine, alty ýyl mundan öň Sahara çölünde bialaç gonmaly boldum. Meniň samolýotymyň1 motorynyň bir zady bozulypdyr. Meniň ýanymda ne ussa, ne-de ýolagçy bardy, ýeke özüme samolýoty bejermek näçe kynam bolsa, bir synanyp göreýin diýen karara geldim. Ýa-ha motory bejermeli, ýa-da heläk bolaýmaly. Suwum hem bir hepdä ýetäýse boldugydy. Şeýdip men birinji gije müň mil töwerek-daşymda öý-öwzar bolmadyk çölde, çägäniň üstünde ukladym. Gämi heläkçiligine sezewar bolup, okeanyň ortarasynda salyň üstünde ýeke galanam meniň ýaly ýeke bolmazdy. Daň atanda meni oýaran inçemik sese geň galanymy göz öňüne getirip görüň. Ol: – Maňa guzujygyň suratyny çekip beräýsene – diýdi. – Ä?.. – Maňa guzujygyň suratyny çekip beräý-dä... Men muňa haýran galyp, zöwwe turdum. Gözümi owkaladym. Töweregime göz aýladym. Meni çyny bilen synlap duran örän geň kiçijik adamjygy gördüm. Ine, onuň iň oňat suraty, wagt köp geçensoň, ony başardygymça ýatdan çekäýdim. Bu suratda ol o diýen gowam bolmady. Muňa men günäkär däl. Men alty ýaşymdakam ulular senden suratçy bolmaz diýipdiler, şonuň üçinem men aždarhanyň suratyny iç ýüzünden we daş ýüzünden çekmeden başga suraty başarmadym. Ine, bu täsin zada men gözümi giňden açyp seredýärin. Meniň adam ýaşan ýerinden müň mil uzakdadygymy ýadyňyzdan çykarmaň. Näme-de bolsa, bu oglanjyk azaşana ýa bir zatdan öler ýaly gorkana, ýa-da aç-suwsuz horlanana meňzänokdy. Onuň daş görnüşi çöl-beýewanda azaşan çagalaryňka meňzemeýärdi. Ahyry özümi dürsänimden soň: – Ýöne... sen bu ýerde näme işleýäň? – diýip zordan dil açdym. Ol ýene-de ýuwaşlyk bilen: – Guzujygyň suratyny çekip beräý-dä! – diýip, çyny bilen haýyş etdi. Bu şeýle bir geň we akyla sygmajak zatdy welin, meniň oňa “ýok” diýmäge dilim barmady. Çölüň içinde, üstüňe ölüm howpy abanyp durka, edýän zadym manysyzam bolsa, jübimden awtoruçka bilen kagyz çykardym. Şol wagtam meniň geografiýa, taryh, arifmetika, dürs ýazuw öwrenendigim ýadyma düşdi-de, biraz gaharlyrak gepläp, surat çekip bilmeýändigimi oglanjyga aýtdym. Ol ýene-de: – Zeleli ýok, guzujygyň suratyny çek – diýdi. Men ömrümde goýun suratyny çekmänim üçin, öňki çeken iki suratymyň birisini – pili ýuwdan aždarhanyň daş görnüşiniň suratyny çekip goýberdim. – Ýok, ýok, maňa içi pilli aždarha gerek däl – diýip seslenende, men oňa haýran galdym. – Aždarha has gorkunç, pil bolsa has äpet. Meniň öýümde hemme zat kiçijik. Maňa guzujyk gerek. Guzujygyň suratyny çek. Menem çekdim. Ol meniň çeken suratyma üns bilen seretdi-de: – Aý, ýok, bu guzy gaty hor, başgasyny çek – diýdi. Başgasyny çekdim. Meniň täze dostum mylaýym ýylgyrdy-da, sypaýyçylyk bilen: – Munyň guzujyk däldigini özüňem görýäň-ä, bu uly goç, şaham bar... – diýdi. Men oňa başgasyny çekip berdim, ýöne çeken suratym oňa ýaramady. – Bu gaty garry, maňa uzak ýaşar ýaly guzujyk gerek – diýdi. Men ony çaltrak başymdan sowjak bolup, şu zady çyrşadym, sebäbi men motory sökmelidim. Oglanjyga bolsa: – Ine, saňa ýaşşik, şonuň içinde seniň isleýän guzujygyň bar – diýdim. Meniň gaty jür synçymyň ýylgyranyna geň galdym. – Ine, munyň boldy. Sen nähili pikir edýäň, guzujyga ot kän gerek bolarmyka? – Ýeri, näme? – Meniň öýümde hemme zat ujypsyz ahyry. – Oňa bol ýeter, men saňa kiçijik guzujyk berdim ahyryn. – Aý, gaty kiçi däl-le – diýip, ol boýnuny gyşardyp surata seretdi- -de: – Görsene, ol uklaýdy – diýdi. Men şeýdip Kiçijik şazada bilen tanyş boldum. III. Onuň nädip bu ýere düşenini wagty bilen bilip bilmedim. Kiçijik şazada soragdan üstümi gömýärdi. Men bir zat soraýsam welin, ol edil eşitmeýän ýalydy. Tötänden, gürrüň arasynda agzyndan sypdyran ýeke-täk sözlerinden maňa hemme zat ýuwaş-ýuwaş aýan boldy. Ol meniň samolýotymy ilki görende (samolýotyň suratyny çekip durmaýyn, ony başarman) ol: – Bu zat näme? – diýip sorady. – Bu zat däl. Bu samolýot. Ol uçýar. Men oňa özümiň uçup bilýändigimi buýsanyp aýtdym. Onda ol: – Näme, senem asmandan indiňmi? – diýdi. – Hawa – diýip, sadalyk bilen aýtdym. – Gülkünç zat!.. Kiçijik şazada jakgyldap güldi welin, meniň tas gaharym gelipdi, sebäbi meniň başyma düşen betbagtçylyga çynlakaý garalanyny halaýaryn. Soňra ol: – Onda senem asmandan inipsiň-dä? Haýsy planetadan?– diýdi. “Indi boldy, onuň çölde birden peýda bolanynyň syry açyldy” diýip pikirlendim-de: – Senem başga planetadan bärik düşen ekeniň-ow – diýip, ondan gös-göni soradym. Ýöne ol jogap bermedi. Ol samolýoty synlap, kellesini çala ýaýkady-da: – Şunuň bilen-ä gaty daşdan gelen dälsiň... – diýdi. Ol köp wagtlap bir zadyň pikirine çümdi, soňra jübüsinden meniň çeken suratymy çykaryp, öz baýlygyny synlamaga durdy. Onuň başga palnetalar hakda ýek-tük gürrüňinden soň, meniň bilesigelijiligimiň artandygyny bir göz öňüne getirip görüň. Men ondan başga-da köpräk zatlary biljek bolup: – Oglanjyk, sen nireden uçup geldiň? Öýüň nirede? Meniň guzymy niräk äkitjek bolýarsyň? – diýip soradym. Ol pikire batyp durşuna sesini çykarmaýardy, soňra: – Gijeler guzujyk ýatar ýaly ýaşşik bereniň gowy bolaýdy – diýdi. – Hawa-la, eger sen akyllyja bolsaň, men saňa gündiz guzyňy daňar ýaly ýüpjagazam bereýin, gazygam bereýin. Kiçijik şazadanyň ýüzi çytyldy. – Daňar ýaly? Ony daňmak nämä gerek? – Daňmasaň, çem gelen ýerine gider-de ýiter. – Niräk gider? – Aý, gidere ýer azmy, gönüsine tutar-da, nirä bolsa gidiberer. Birden meniň dostum hezil edip güldi. – Ondan heder etme, meniň ýaşaýan ýerimde ýer gaty az ahyry. Soňra ol gamgynlyk bilen: – Eger gönüläp gidiberseň-ä uzaga gitmersiň... – diýip, sözüniň yzyny ýetirdi. IV. Men şeýdip ýene bir uly zadyň üstüni açdym, onuň ýaşaýan planetasy ýaşaýyş jaýdan-da uly däl eken! Ýöne bu zat meni gaty geň galdyrmady. Ýer, Ýupiter, Mars, Wenera ýaly uly planetalardan başga ýene-de ýüzlerçe ownuk planetalaryň bardygyny, hatda olaryň birnäçesini teleskop bilen zordan saýgaryp bolýandygyny bilýärdim. Astronom şonuň ýaly planetajyk açan wagty oňa at dakman, ýöne ony nomer bilen belläýýär. Meselem: asteroid 3251. Kiçijik şazadany asteroid B-612 diýen planetajykdan geldimikä diýip çaklamaga doly esas bar. Bu asteroidi 1909-njy ýylda türk alymy teleskopda zordan bir sapar görüpdir. Ol özüniň ajaýyp açyşy barada halkara astronomik kongresde çykyş edipdir. Ol milli türk eşiginde bolany üçin, oňa hiç kim ynanmandyr. Aý, ulular şeýle bir halk-da! Türk soltany B-612 asteroidiň hatyrasyna, raýatyndaky adamlaryna ýewropaça geýinmegi buýrupdyr, hökümden boýun gaçyrana ölüm jezasy beriljekdigini aýdýar. 1920-nji ýylda astronom şol açyşy barada ýene-de çykyş etdi. Bu sapar welin ol iň soňky moda boýunça geýneni üçin, hemmeler onuň aýdanyny makul bildiler. Meniň B-612 asteroid barada, hatda onuň nomerinem aýdanym ulular sebäpli. Ulular sanlary gowy görýärler. Sen olara täze dostuň barada aýtsaň, olar möhüm zady soramazlar. Olar hiç haçan “Onuň sesi nähili? Ol haýsy oýunlary halaýar? Kebelek tutup bilýärmi?” diýip soramazlar-da, gaýtam, olar “Onuň ýaşy näçe? Onuň näçe dogany bar? Onuň agramy näçe? Kakasynyň aýlygy näçe?” diýerler. Eger-de ululara “Men gyzgylt kerpiçden salnan, aýnalary gülli, üsti kepderili owadan jaý gördüm” diýseň, olar ol jaýy göz öňüne getirip bilmezler. Olara men bahasy ýüz müň frank bolan jaýy gördüm diýsem, olar “Nähili oňat zat” diýşerler. Ululara edil şunuň ýaly hem “Bu ýere Kiçijik şazada geldi. Bärde bolanyny-da onuň eýjejikligi, şadyýan gülküsi, oňa guzujyk gerek bolandygy görkezýär. Guzujyk edinmek islegi bilen gelen adamam hökman dünýäde ýaşaýar” diýseň, olar eginlerini gysarlar-da, saňa edil kiçijik çaga sereden ýaly rehimli serederler. Ýöne olara “Ol asteroid B-612 planetasyndan geldi” diýseň bes. Olar saňa başga sorag bermezler. Aý, ulular birhili geň halk-da! Olara gahar etmegem gerek däl. Çagalar ululara rehimli bolmalydyrlar. Ýöne biz durmuşyň nämedigine düşünýän adamlar, şonuň üçinem sanlara-da, belgilere-de üns bermeýäris. Men bu powesti höwes bilen, edil jadyly ertekileriň başlanyşy ýaly başlardym. Ine, men ony şeýle başlajak hem bolupdym. “Bir bar eken, bir ýok eken. Gadym eýýamda bir Kiçijik şazada bar eken. Ol özünden sähelçe uly bolan planetada ýaşaýan eken, onsoňam ol dostsuzlykdan biçak kösenýän eken...” Durmuşyň nämedigine düşünýän adamlar bularyň barysynyň hakykatdygyny derrew duýardylar. Sebäbi men bu kitabymyň diňe wagt geçirmek üçin okalanyny islämok. Kiçijik dostum ýadyma düşende ýüregim gyýlyberýär. Ol hakda gürrüň bermegem maňa ýaman agyr degýär. Onuň guzujygy bilen gidenine alty ýyl dagy boldy. Kiçijik dostum ýadymdan çykmaz ýaly, ol hakda aýdyp bermäge synanaýyn. Dostlaryň ýadyňdan çyksa, şondan hasratly zat ýokdur. Her bir adamyň dosty hem bolup duranok. Menem sandan, hasapdan başga zada gyzyklanmaýan ulular ýaly bolmakdan gorkýaryn. Şonuň üçinem men dürli reňklerden doly bir ýaşşik bilen dürli galamlary satyn aldym. Has beterem alty ýaşyndaka aždarhanyň iç ýüzünden we daş ýüzünden çekilen suratdaka başga ömründe surat çekmedige şu ýaşdan soň ele galam alyp, surat çekmek gaty agyr düşýär! Elbetde, men oňardygymdan meňzetjeg-ä bolaryn. Özüm welin şu suraty çekmegi başarjagyma ynanybam duramok. Birisi şowly bolup çyksa, beýlekisi asyl meňzänok. Men boý meselesinde-de ýalňyşýaryn. Bir suratda Kiçijik şazadanyň boýy aşa uzyn bolsa, beýlekisinde çaksyz keltejik. Geýiminiň nähili reňkdedigi welin açyk, kä ýerlerini ýalňyşsamam ýalňyşaryn. Ýöne siz öýke etmäň. Meniň dostum maňa hiç wagt hiç zat düşündirenok. Belkem, menem özi ýalydyr öýdendir-dä. Ýöne, näçe gynansamam, ýapyk ýaşşigiň içinde guzujygy görüp bilemokdym. Elbetde, menem az-kem ululara meňzeşdirin-dä. Megerem, men garraýandyryn. V. Her gün onuň planetasy hakda, nädip ol ýerini taşlap gaýdyşy hakda, nädip syýahat edişi hakda täze zatlar eşidýärdim. Şolar hakda ol azdan-känden gepiň gerdişine görä gürrüň berýärdi. Şeýdip men baobablaryň getirýän betbagtçylygy barada eşitdim. Bu-da guzujyk zerarly bolaýdy. Birden Kiçijik şazadanyň göwni uly iňkise giden ýaly boldy. – Hany aýtsana, guzujyklaryň gyrymsy agaçlary iýýäni dogrumy? – diýip ýüzlendi. – Hawa, dogry. – Ol-a hasam gowy. Men guzujygyň gyrymsy agaçlary iýýäniniň näme üçin gaty möhümdigine düşünmedim. – Onda olar baobab agajynam iýýändirler – diýip, Kiçijik şazada sözüniň üstüni ýetirdi. Men baobab diýilýän zadyň beýik minara ýaly bir agaçdygyny, eger pilleriň uly sürüsini getirseňem bir baobaby iýip bilmejekdigini aýtdym. Pil hakynda eşidende şazada gülüp goýberdi-de: – Olary biri-biriniň üstüne mündürmeli bolardy – diýdi. Soňra ol paýhas bilen: – Baobablar ulalýançalar, olar ilki gaty kiçijik bolýarlar-a – diýdi. – Munyň dogry, ýöne näme üçin seniň guzyň baobaby iýmeli? – Ýogsam, näme etsiň? – diýip, ol ýönekeýje bir zat hakda gürrüň edýän ýaly seslendi. – Men bu zatlaryň manysyna düşünýänçäm, köp pikir etdim. Kiçijik şazadanyň planetasynda-da beýleki planetadaky ýaly peýdaly we zyýanly ösümlikler bar. Ol ýerde peýdaly we zyýanly ösümlikleriň tohumy hem bar. Olar tä özleri oýanýançalar, çuň ýerde gizlenip ýatyrlar. Oýananlaryndan soň olar näzijek baldajyklaryny güne tarap uzadyp başlaýarlar. Ilkibaşda olar örän enaýy bolýarlar. Eger-de ol zyýanly ösümlik bolsa, ony tanan badyňa sogrup taşlamaly. Kiçijik şazadanyň planetasynda elhenç tohum bar... Ol hem baobab tohumy. Planetanyň topragyna onuň tohumy ýaýrapdyr. Ony wagtynda tanamasak, ondan hiç dynma ýokdur. Ol derrew bütin planetany eýelär. Ol planetany öz kökleri bilen doldurar. Eger-de planeta kiçi bolup, baobablaram köp bolsa, onda olar planetany bölek-bölek edip dargadarlar. – Bu ýerde, ine, şeýle bir düzgün bar – diýip, Kiçijik şazada soňrak maňa aýtdy. – Ir bilen turduňmy, ýuwnup geýineniňden soň, derrew planetany tertibe salmaly. Bägül agaçjyklaryndan tapawutlanyp başlan baobablary her gün sogrup taşlamaly, bular kiçijikkäler biri--birine gaty meňzeş. Bu agyr işem däl welin, ýöne hysyrdysy köp. Bir gezek ol maňa çagalaram düşüner ýaly şeýle surat çekmäni maslahat berdi. – Eger-de bir wagt olaram syýahata çykaýsalar, bu olara gerek bolar – diýip, ol aýtdy – Beýleki işler durubersin, zyýany ýok. Ýöne baobablary başyna goýberseň, iş ula gider. Men bir planeta beletdim, onda bir ýalta adam ýaşaýardy, ol üç sanyjak baobaby wagtynda sogurmandyr... Kiçijik şazada maňa ähli zady jikme-jik gürrüň berdi. Menem ol planetanyň suratyny çekdim. Ýöne meniň bir halamaýan zadym – ol hem adamlara öwüt-nesihat bermek. Ýöne bilip bolmaz, kim-de--kim asteroide baryp düşäýse, baobabyň nähili howp salýandygyny duýdurmak üçin, şeýle diýmekçi bolýaryn: “Çagalar, baobabdan habardar boluň”. Men öz dostlarymyň üstüne abanyp duran howpdan olary halas etjek bolýaryn. Bu howp barada men ozal bilemokdym. Şol sebäpli men şu suraty çekmek üçin ýitiren wagtyma gynanamok. Belkem, siz bu kitapçada näme üçin baobablardan başga täsirli surat ýok diýip sorarsyňyz. Onuň jogaby gaty ýönekeý, men näçe jan etsem--de, başga şunuň ýaly surat çekip bilmedim. Baobablary çeken wagtymda bolsa bu gaty zerur gerek diýen pikir şuny oňat çekmäge meni ruhlandyrdy. VI. Wah, Kiçijik şazada! Men kem-kemden seniň ýaşaýşyň nähili tukatdygyny, geçen günüň biri-birine meňzeşdigini hem bildim. Köp wagtlap seniň bar güýmenjäň Günüň ýaşyşyna seretmek eken. Men onuň şeýledigini dördülenji gün irden: – Ýör, Günüň ýaşyşyny göreli, men ony gaty halaýan – diýeniňde bilip galdym. – Azajyk garaşmaly bolarys. – Nämä garaşmaly? – Günüň ýaşaryna. Ilikibada sen geň galdyň, soňra öz bolşuňa güldüň-de: – Men öz öýümizdemikäm öýdüpdirin? – diýdiň. Dogrudanam, Amerikada günorta bolanda, Fransiýada eýýäm Gün ýaşýar. Eger-de bir minutda Fransiýa ýetip bolsa, onda Günüň ýaşyşynam görüp bolardy. Ýöne Fransiýa bizden çaksyz uzakda. Seniň planetaňda bolsa oturgyjy birnäçe ädim süýşürdigiň bes. Sen Günüň ýaşyşyna isledigiňçe syn edip bilersiň... –Bir sapar men kyrk üç gezek Günüň ýaşyşyny gördüm! Biraz wagtdan soň sen: – Men tukat wagtym Günüň ýaşyşyny synlamagy halaýan – diýipdiň. – Diýmek, şol kyrk üç gezek Günüň ýaşyşyny gören günüň sen gaty tukat ekeniň-dä? Emma Kiçijik şazada jogap bermedi. VII. Ine, ýene-de guzujyk sebäpli, bäşilenji gün Kiçijik şazadanyň syryny bildim. Ol maňa berjek soragyny hamana öz ýanyndan köp wagtlap oýlap-ölçerensoň belli karara gelen ýaly: – Eger guzujyk gyrymsy agaçlary iýýän bolsa, onda gülem iýýändir? – diýip duýdansyz sorady. – Ol çem gelen zadyny iýýär. – Tikenli gülleremmi? – Hawa, tikenli güllerem. – Onda güle tiken nämä gerek? Muny men bilemokdym. Onsoňam işim başymdan agdykdy. Motorda bir nurbat towlatmaýardy, menem ony towlap çykarjak bolýan. Ýagdaýlar kynalyp başlady. Içere suw ýok diýen ýalydy, bu ýere bialaç gonmam oňňullygyň üstünden eltmezmikän diýip gorkýardym. – Tiken nämä gerek? Haýsam bolsa bir sowal sorasa, tä jogap alýança, Kiçijik şazada senden el çekmezdi. Towlanymda çykmaýan nurbat halys ýüregime düşdi. Şonuň üçin menem pikirlenmän, ilki agzyma gelen jogaby aýdaýdym. – Tiken hiç zat üçinem gerek däl, olary güller gyňyrlykdan ýaňa çykaraýýarlar. – Asyl şeýlemi! Ara dymyşlyk düşdi. Soňra ol gaharlanyp diýen ýaly: – Men seniň aýdanyňa ynanamok! Güller ejiz, sada, ýöne olar özlerini batyr görkezjek bolýarlar. Eger-de olaryň tikenleri bolsa, olardan hemmeler gorkýandyr öýdýärler... Men jogap bermedim. Men şol wagt nurbaty çykaryp bilmesem, şony çekiç bilen bir ýelmäýin welin, ol çym-pytrak bolar diýip, içimi gepletdim. Kiçijik şazada ýene-de meniň pikirimi böldi: – Näme, sen güller... – Ýok-laý, hiç zadam pikir edemok, men saňa kelläme gelen birinji zady diýip goýberdim. Sen meniň iş edip duranymy görýäň ahyry. Ol maňa geň galyp seretdi. – Zerur iş! Ol gözüni aýyrman maňa seredýärdi: üstüm-başym ýag, elim çekiçli, onuň göwnüne şeýle betgelşik, oňa nätanyş hem düşnüksiz zadyň üstüne abanyp durun. – Sen edil uly adamlar ýaly gepleýäň – diýip, ol aýtdy. Men öz-özümden utandym. Ol bolsa ýene-de: – Sen barysyny bulaşdyrdyň, asyl hiç zada düşüneňok – diýip dözümli aýtdy. Hawa, onuň çynlakaý gahary gelipdi. Ol kellesini silkip goýberdi, şemal onuň altyn saçlaryny galgatdy. – Men bir planetany bilýän, şol ýerde ýüzi çym gyzyl bir jenap ýaşaýar. Ol bütin ömründe bir günem ylgamandyr. Bir gezegem ýyldyza seretmändir. Ol hiç wagt hiç kimi söýmändir, hiç wagt bir işem etmändir. Onuň bar işi sanlary goşmak bolupdyr. Ol ertirden agşama çenli “Men işli adam, işim ýaman köp” diýip gaýtalaýar. Hakykatda bolsa, ol adamam däl. Ol kömelek. – Näme? – Kömelek! Kiçijik şazadanyň ýüzi gahardan ýaňa agaryp gitdi. – Million ýyllap güllerde tikenler ösýär. Näme-de bolsa, gülleri guzular iýýärler. Näme, tikenleriň olara haýry bolmasa, olary ýetişdirjek bolup, gülleriň uly azara galýandyklaryny bilmek seniň üçin zerur dälmi? Men dünýäde ýeke-täk güli tanaýan bolsam, olam başga ýerde ösmän, diňe meniň planetamda ösýän bolsa, günleriň birinde guzy näme edýänini hem bilmän, şol ýeke-täk güli iýip goýberse? Näme, bularyň barysy seniň üçin biderek zatmy? Onuň ýüzi çym gyzyl boldy. Ýene-de gepläp başlady. – Eger-de millionlarça ýyldyzlarda bitmän, ýeke seniň planetaňda biten ýeke-täk güli söýseň, saňa şondan başga zat gerek däl: seredýärsiň welin, wagtyhoş bolýarsyň. Öz-özüňe: “Şol alys uzaklykda meniň gülüm ýaşaýar” diýýärsiň. Şonam guzujyk iýäýse, seniň üçin ýyldyzlaryň bary birden sönene döner. Şu zatlar seniň azaryňa-da däl-ow? Ol mundan başga gepläp bilmedi. Ol birden möňňürmäge başlady. Iňrik garaldy. Men işimi goýdum. Şol wagt çykmaýan nurbatam, çekijem, ölümem, suwsuzlygam gülkünç bolup göründi. Ýyldyzda, meniň Ýer atly planetamda Kiçijik şazada aglaýardy. Şony köşeşdirmek gerekdi. Men ony gujagyma alyp, huwwalap başladym. Men oňa: “Seniň söýýän gülüňe hiç zat bolmaz. Seniň guzujygyňa nogta suratyny çekip bererin, gülüň daşyna haýat ederin... Men... Men aýdýan zatlaryma özümem oňly düşünmeýärdim. Men özümi bir emelsiz, tagaşyksyz ýagdaýda duýdum. Ol eşider ýaly nädip gygyrjagymy, elimden sypyp barýan ruhumyň yzyndan nädip ýetjegimi bilmeýärdim. Gözýaş ýurdy şindize çenli barlanmadyk gizlin ýurt ahyry. | |
|
√ Aldanan möjek / erteki - 09.04.2024 |
√ Gorkana goşa görner / erteki - 09.04.2024 |
√ Iki agajyñ söýgüsi hakynda erteki - 17.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||