08:49 Näme ücin aglaýanyñy aýt / hekaýa | |
NÄME ÜÇIN AGLAÝANYÑY AÝT
Hekaýalar
Adamlar, her bir adamyň durmuşynda ýüregini diljek waka bar diýýärler. Meniň kiçi jigim Niklolas rak keseli bilen keselledi. Onuň saçlary düşüpdi hem-de ol şeýle bir gowşak, güýçsiz bolansoň oňa yöremek şeýle bir kyndy. Men onuň gozlerindäki agyryny gorüp mundan beyläk durup biljek däldim. onuň çagalygyndaky ýatlamalar beýleki çagalaryňky ýaly, arça baýramçylyklary, gezelençlerdir, oýunjaklar hakda däl-de hassahana gatnawlarydyr gan barlaganamlary ýaly ýatlamalardy. Men keseliň haçan başlanynyny edil şu günki yaly bilýän. Şol wagt jigim bary yogy üç ýaşyndady. Ilki başda onuň bedenine gogümtil ýaralar çykyp başlady. Biz jigimiň şeyle kesel bilen keselländigini yaralarynyň çykmaly däl ýerlerine ýagny goltugna hem- de kellesiniň depesine çykýança pikir hem etmandik. Soňra yzly-yzyna burun ganama ýaly üznüksiz hadysalar başlady. Ejem bize:” Nikolasyň ýanynda basalaşmaň ýogsa onuň burny ganap başlar” diyip, bize ýygy-ýygydan ýatladar durardy. Jigim rak keseliniň “akganlylyk” gornüşi bilen keselläpdi. Bu bolsa bejermesi kyn keseldi. Akganlylyk keseli bilen ejir çekýän çagalaryň 70% göterimi bir ýylda keselden üstün çykyp, gutulmagy başarsalar-da 50% göterimi şol ejirden dynyp bilenokdylar. Kesel beterleşmez ýaly jigim derrew bejergi alyp başlady. Bejergi gowy gitse-de jigim uçin bu ýagdaý kyndy. Ol Duşenbe, Sişenbe, Çarşenbe günleri hassahana-da bejergi alyp, hepdäniň galan günleri güýçsiz, ýarawsyz gowşak halda öýe gelyärdi. Ol şol ýyl başlangyç okuwundan galdy, emma ol dokuz aý keselden gutulandan soň biziň hemmämiz bagtlydyk. Başlangyç okuw ýyllaryň bir günine çenli hemme zat öňki öňkiligine galan ýaly boldy. Ýöne men bir gün öýe gelemde, enem-atamyň diwanyň üstünde oturanalaryny gordüm. Bu geňdi, sebäbi olar hiç haçan okuwdan soň öýe gelenokdylar. Emma haçanda men olaryň gözlerindäki yaşy göremde meň gorkýan zadymyň bolanyny bildim. Kesel yzyna gelipdi. Şol wagt jigim bäş ýaşyndady hem-de iki ýyllap keselden gutulypdy. Biz ol keseli ýeňip geçendir öýdipdik. Emma lukmanlar onuň içki synasynda kesel ýaýradyjy çişiň bardygyny anykladylar. Lukmanlar onuň nähili ululykdadygyny bilenokdylar. Şonuň uçin hem olar operasiýa etmeklik üçin gün bellediler. Lukmanlar çişi aýyrmak üçin onuň synasyndan kesip aýyrmakçydylar. Eger mümkin bolsa olar ony şol gün aýyrjakdylar. Operasiýa geçjek güni biziň hemmämiz ir turup Nikolasyň ýanyna hassahana gitdik. Biz “rak keseliniň zaly” atly zalyň B-3 nji garasylýan otagynda oturdyk. Iki ýylyň içinde men zalyň ugrunda düşekde ýatan çagalaryň ene atalarynyň gün günden gatnawlarynyň azalaýandygyny görüpdim, çünki olar öz çagalarynyň ýaşajaklygy hakyndaky umytlaryny üzüpdiler. Keseliň hem-de ölümiň ysy gelip duran otaglarda çagalaryň ýuwaşlyk bilen gelýän kesel zerarly durmuş tanaplary üzülipdi. Biz hamana bakyýete garaşýan ýaly operasiýanyň gutararyna garaşdyk. Ahyr soňy, dört sagatdan soň, Nikiň kesellän keseli bilen iş salyşýan lukman MK Guiness “Operasiýa” otagyndan çykdy. Biz bilen gürleşmek üçin bizi öz ýanyna çagyranda ol heniz hem operasiýa eşigindedi. Haçanda oturanymyzda bizi gorky basmarlady. Ol:”Nikolas operasiýadan çykdy, ol basym dermanlardan hem dynar” diýip, sozüne başlady. -Emma gynansakda çiş gaty ulalypdyr. Ol bütin öýkeni tutypdyr hem-de ýüregiň bolsa, tutyş bir bir bölegini eýeläpdir. Biziň indi edip biljek zadymyz ýok”diýdi. Men o sözleri eşidenimden soň gozüm ýaşdan doldy. Ol sözler indi biziň goreşmegimiziň peýdasynyň ýokdugyny, çünki indi biziň ýeňip bilmejekilgimizi aňladýardy. Men daş- towerege seredip, otagdan çykyp gidäýesim geldi. Men orän daşa ylgasym geldi. Ýöne men beýdip bilmejekligimi bilýärdim. Bu meseläni hiç hili düzetmez, Nikini bolsa ýaşadyp bilmez. Lukman bizi on minutlap ýeke galdyrdy. Ol gelensoň bizden Nikolasyň soňky günlerini maşgala bolup nirede geçirjekligimizi sorady. Biz ony öýe alyp gidesimiziň gelýändigini aýtdyk. Öňümizdäki aýlar biz üçin şeýle bir agyr degdi. Sebäbi biz Nikiniň has beterleşmegini görmeli bolýardyk. Çiş ulaldygyça onuň ýüreginiň urmasy haýallap aram- aram dem almasy kynlaşýardy. Tomus geçmelisinden hem çalt geçdi. Nikolasyň saglygy durnukly hem-de öran näzikdi. Biz hat-da “Disney lande” (ertekiler dunýasi) hem gezelenç edip geldik. Bu Nikiniň iň soňky arzuwydy. Oň bilen maşgala bolup bu gezelenjiň in sonkydygyny bilsegem bize onun ýanynda bagtly bolmak oran kyndy. Günler geçip durdy. Biz baýramçylyk bilen başagaý bolup ýordük. Haluwin(haloween amerikanlaryn milli baýramy) baýramçylygy hezil boldy. Biz täze ýyla taýýarlyk gorüp ýörkäk Nikiň saglygy has beterleşdi. Bir gün biz arçany bezäp ýörkäk, men Nikiň otagyna girdim. Täze ýyl baýramçylygy onun ýüzüne ýagty saçyp, gözleri bolsa ýaldyrap durdy. Men oňa ýakynlaşdygymça onuň aglaýanyny bildim. Men oň bilen oturgyçda oturdym hem-de ony öň kiçikä edişim ýaly pugta gujakladym. Men ondan: --- Niki, sen näme üçin aglaýaň” diýip soradym. Ol maňa: ---Bu adalatly däl-diýdi. Men ondan: ---Näme adalatly däl?-diýip soradym. Ol: ---Men näme üçin ölýän?-diýip sorady. Men oňa: ---Hemmeler hem ölýärler-diýip, jogap berdim. Men bu zatlary oň bilmezligini isledim. Aslynda ony meň özüm hem bilesim gelenokdy. Ol: ---Ýöne olar men ýaly däl. Näme uçin men ölmeli? Näme uçin şeýle ir?” diýip, ol menden sorady. Soňra bolsa aglamana baslady. Ol kellesini meniň egnime goýdy, menem aglamana başladym. Uzyn gorkuly wagt. Sonra biz düsünişdik. Ol taýyndy, geljekde boljak zatlary kabul etmäne menem taýyndym. Ýanwar aýynda ol uzak koma gitdi. Şonda biz ony ýitirjekligimizi bildik. Bir gün biz onuň otagynda elinden tutyp otyrdyk. Biz şol gezegiň iň soňkydygyna düşünýärdik. Birdenem bizi parahatçylyk gurşap aldy. Şonda Nikolas in sonky gezek dem alypdy. Men daşaryk seretdim. Ýere ýagan gar bir hili öňkülerinden hem ýagty gorünýärdi. Men şu bolan zatlar uçin öz -özümi ýigrenýärdim, emma birdenem men ozümi oňaýly duýdym. Hemme agyry hem-de gaýgy gussa ýok bolan ýaly boldy. Men indi Nikolasa howp abanmaýanlygyny bildim. Indi oň uçin gorkara zat ýok. Bu bolsa oň uçin gowy. Antuan de SENT-EKZÝUPERI Inlis dilinden terjime eden: Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niň talyby Tawus Kössekowa. | |
|
√ Datly dilli talyp / hekaýa - 12.07.2024 |
√ Berdi jedeliň aty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Welosiped / nowella - 06.08.2024 |
√ Söýgä goýlan wagt / hekaýa - 06.12.2024 |
√ Kislowodskide bolan waka / nowella - 25.07.2024 |
√ Arap hekaýatlary - 15.10.2024 |
√ Tabyt / hekaýa - 17.07.2024 |
√ Gyzyl alma / hekaýa - 12.10.2024 |
√ Enemiň wesýeti / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Möjekler / hekaýa - 26.04.2024 |
Teswirleriň ählisi: 4 | |||||
| |||||