08:08 Sent-Ekzýuperiden pelsepewi damjalar | |
SENT-EKSÝUPERIDEN PELSEPEWI DAMJALAR
Sözler
"Güller näzik we eýjejik ösümliklerdir. Olar özlerini howpsuz duýmak isleýärler we tikenleriñ özlerini goraýjy gorkunç ýaragdygyna ynanýarlar..." * * * "Millionlarça ýyl bäri goýunlar gülleri-de tikenleri bilen birlikde iýip gelýärler. Eýsem bu gülleriñ häli-häzirlerem tikenim bolsun diýip çytraşmaklarynyñ sebäbini anyklamak ähmiýetsiz hasaplanýan işlerdenmika?.." * * * "Adam bir güli söýse, millionlarça ýyldyzlaryñ diñe birinde şol ýekeje gül gunçalasa, ol ýene-de şol ýyldyzlara bakyp özüni bagtly duýar we öz-özüne: "Ynha ol ýerde, şo-ol ýyldyzlaryñ birinde meniñ gülüm bar" * * * "Adam hiç wagt öz gülüni diñlemeli däl. Ol öz gülüne diñe bakmaly we ajaýyp ysyny içine dartmaly..." * * * "Geçip barýan biri üçin meniñ gülümiñ başga güllerden hiç hili tapawudy ýok. Emma ol meniñ üçin ýüzlerçe gülden gymmatlydyr. Çünki men ony suwladym, daşyny goradym..." * * * "Adamlaryñ indi oýlanyp ýörmäge wagtlary ýok. Dükanlardan islän zatlaryny satyn alýarlar. Emma dostluk satylýan dükan bolmandygy üçin olaryñ dostlary-da ýok..." * * * "Gaplañlar ot iýmeýär." * * * "Men gaplañlardan gorkamok. Çapgyn ýellerden gorkýan. * * * "Çapgyn ýeller... Bu gülleriñ iñ gorkuly düýşi..." * * * "Uly haýwanlar barada aýdanda... Men olardan gorkamok. Goranar ýaly penjelerim bar." * * * "Ol patyşalar üçin bar zadyñ nähili kiçijek görünýändigini bilenokdy. Patyşalaryñ gözüne hemme adamlar gul bolup görünýär..." * * * "Men generalyma çarlaga öwrül diýip buýruk bersem, olam mundan ýüz dönderse, bu generalyñ däl-de, meniñ ýalñyşlygymdyr..." * * * "Öz-özüne ýokary baha berip ýören adam hemmeler özüne ýokary baha berýärmikä diýip pikir edýär..." * * * "Men size ýokary baha berýärin. Ýöne munuñ siziñ üçin ähmiýeti näme?!." * * * "Ýer adaty bir planeta däldir. Ol ýerde (garaýagyz patyşalary-da hasaba almak bilen) tutuş 111 patyşa, 7.000 geografiýaçy, 900.000 işewür, 7.500.000 alkaş, 311.000.000 özüne aşa göwni ýetýän adam ýaşaýar. Ýagny 2.000.000.000 adam... * * * "Hakykaty adamyñ diñe ýüregi görüp bilýär. Gözler asyl görülmesi gerek zady görüp bilmeýär". * * * "Gülüñi saña ýakyn görkezýän zat, onuñ üçin sarp eden wagtyñdyr". * * * "Diñe çagalar nämäniñ ugrunda gezip ýörendiklerini gowy bilýärler... Bir çagany birnäçe sagatlap oýnatsañ, ol saña höwrüger. Soñam biri ony seniñ eliñden almaga synanyşsa, ol derrew aglamaga başlar..." * * * "Kiçijik şazadanyñ mende galdyran has täsirli tarapy: onuñ uklap ýatyrka-da öz gülüne, bütin barlygyny bir çyranyñ şöhlesi ýaly ýagtyldan bir gülüñ hyýalyna bolan baglylygydy..." * * * "Adamlar... nämäniñ ugrunda gezip ýörendiklerini bilmän, ýyndam otlulara münüp, eýläk-beýläk aladaly haýdaşyp ýörler..." * * * "Adamlar... Bir bagda bäş müñ sany gül ösdürip ýetişdirýärler. Emma asyl gözläp ýörenlerini ýene-de tapyp bilenoklar". * * * "Asyl üns berilmeli zat - göz bilen görüp bolmaýan zatlardyr..." * * * "...Gijelerine asmana bakarsyñ. Hemme zadyñ kiçijik görünýän planetajygymyñ ýerini saña görkezip bilmerin. Belki, görkezmezlik has gowsudyr. Ýyldyzym seniñ üçin adaty ýyldyzlar ýaly bolsun. Şeýdibem asmandaky ähli ýyldyzlara bakmagy halarsyñ... Hemmesi seniñ dostlaryñ bolar..." * * * "Ýyldyzlar hemme adamlaryñky. Emma her adam üçin bir bolman biler. Ýolagçylar üçin ýyldyzlar ýol görkeziji. Beýlekilee üçin diñe asmandaky ýylpyldylardyr. Alymlar üçin bolsa olaryñ hemmesi aýry-aýry problema. Işewürler üçin baýlyk. Ýöne hemme ýyldyzlar sessiz. Sen... Diñe sen ýyldyzlara özgelerden başgaça eýelik edip bilersiñ." * * * "Ýyldyzlaryñ birinde men ýaşaryn we kämahal gülüp goýbererin. A saña bolsa asmana bakanyñda hemme ýyldyzlar gülýän ýaly bolup görüner!" * * * "Wagt geçip gaýgy-gussañ könelşende, meni tanaýanlygyñ üçin özüñi elmydama bagtly duýarsyñ. Dostum bolup galarsyñ. Meniñ bilen bile gülmek islärsiñ. Munuñ üçin mahal-mahal penjiräni açarsyñ... Tanyş-bilişleriñ asmana bakyp penjiräniñ öñünde ýylgyryp durandygyñy görseler haýran galarlar! Olara "Hemişe ýyldyzlar meni ýylgyrdýar!" diýeniñde, seni däli hasap ederler..." * * * "Ýylanlar erbet niýetli jandarlardyr. Olar seni diñe keýp üçin çakýarlar... Ýöne olaryñ ikilenç sokmaga zäherleri galmaýar." Antonio de SENT-EKSÝUPERI "Kiçijik şazada" powestinden. Toplan: Has TÜRKMEN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |