18:33 Arap pähimleri | |
ARAP PÄHIMLERI
Sözler
- Kakañ miras galdyrmadyk bolsa, agaña bil baglama. - Karz berseñ - sen dost, algyñy dileseñ - sen duşman. - Karz almak - süýji, bergiñi bermek - ajy. - Kesekiniñ bugdaýyndan öz arpañ gowudyr. - Köp gürleýän adam, özüne bolan sylagy ýitirer. - Kim bir kemsiz dost gözleýän bolsa, ol dostsuz galar. - Könäñi aýap sakla, täzesiniñ bolmazlygy mümkin. - Kim gaty uly bölegi dişläp alsa, onuñ bogazyna tegek bolmagy mümkin. - Kim ekinini suwarýan bolsa, ol bugdaýyñ döwegini-de döwer. - Kim kesekiniñ gybatyny edýän bolsa, ol seniñem gybatyñy edýändir. - Kölege bermeýän agajy kesýärler. - Kör bilen bir tabakdan nahar iýeñss adalatly bol. - Maly gulagyndan ýapyşyp tutýarlar, adamy dilinden. - Masgaralyk ömrüñden-de uzyndyr. - Maýmyn aýnada öz keşbinden gorkýar. - Nahar ilkinji lukmadan başlanýar, dawa ilkinji sözden. - Ogluñ - özüñki, gyzyñ - kesekiñki. - Özüñ ýagşylyk eden bolsañ, öwünme, özüñe ýagşylyk eden bolsalar - aýt. - Öz syryñy hemmeden gowy öz ýüregiñ saklar. Öz aladañy garyndaşlaryñdan başga hiç kim paýlaşmaz. Terjime eden: Hangeldi GARAHANOW. Surat: K.Makowskiý / "Arabyñ portreti" | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |