14:52 Araplaryñ Osmanlylara eden dönükligi | |
ARAPLARYÑ OSMANLYLARA EDEN DÖNÜKLIGI
Publisistika
Taryh sahypalaryny agdarmaga dowam edeliñ... 1916-njy ýyl... Birinji jahan urşunyñ iñ jygba-jygly pursatlarynyñ gidip duran wagty... Antanta harby bloguna girýän imperial döwletler Osmanly döwletiniñ çäklerini parçalap, soñam öz aralarynda paýlaşmagy belli-külli netine düwüpdiler... Olar dokuz frontdan hüjüm edýärdiler... Öwezini dolup bolmajak iñ uly ýitgiler Bagdat, Hyjaz we Iordaniýa-Sues kanaly frontlarynda çekilýärdi... Ýalmawuz imperialistleriñ doýmaz-dolmaz holtumlaryna täze koloniýalar gerekdi... Iñ añsat aralaşyp we satyn alyp boljak ýerleri-de Osmanlynyñ golastyndaky Arap ýarymadasynda ýaşaýan kabylalardy... Olar munuñ üçin bu ýerlere ýörite taýýarlanan içalylary ugratdylar... Olaryñ iñ eýmenji-de "Arabystanly Laurens" diýip tanalýanydy... Ońa näme üçin "Arabystanly" diýmekleriniñ bir sebäbi bolmalydy... Ilkibaşda iñlis içalylary kabylalaryñ arasyna topar-tooar bolup ýaýradylar... Iñ eýmenç içaly Laurens aýratyn tabşyryklar boýunça Arabystanyñ hemme ýerinde görünýärdi... Içalylaryñ hemmesi diýen ýaly Arabystana musulman sypatyna girip geldiler... "Arabystana iki ýerli içaly geldi. Olaryñ biri Şerif Hüseýin. Ol Stambuldaky halyf tarapyndan Mekge-Medinäniñ, ýagny Hyjazyñ şerifligine bellenipdi. Mekge arap garnizonynyñ gözegçiligi astyndady. Emma Medine türk garnizony tarapyndan goralýardy. Halyfyñ bu ýere näme üçin türk garnizonyny goýandygy bu gün hemmelere düşnükli bolsa gerek. Fahry Paşanyñ serkerdeligindäki türk birliginiñ Medinede ýerleşdirilmeginiñ sebäbini bilemok..." (Arap Ymam, "H.Hüseýin El-Fatih" dokumental filmi 03.08.2011). ● MAGLUMAT ÜÇIN BELLIK: Fahri paşa 1916-njy ýylyñ 23-nji maýynda Medinäni goramak üçin Hyjaza gidýär. Birinji jahan urşunda arap birlikleriniñ hüjümine uçrapdyr, hernäçe uly ýitgileri çekse-de, mukaddes topraklaey goramagyñ hötdesinden gelipdir. Stambuldan otly ýoly bilen gerekli serişdeleri alyp gelýän goşmaça kömekçi güýçler hem iñlis içalylarynyñ çozuşyna uçraýar... 1918-nji ýylyñ 30-njy oktýabrynda Mondros ýaraşyk şertnamasy esasynda uruş bes edilýär, Osmanly ýaragy taşlaýar, Fahri paşanyñam etmeli işi öz-özünden tamamlanýar. Emma Fahri paşa Mondros ýaraşyk şertnamasynyñ talaplaryna boýun egmändir... Ol mukaddes topraklaryñ sakçylygyny hristianlara we olaryñ ýallakçylary bolan arap ýaranlaryna şam etmek islemändir. Dowamly gelýän talaplara garamazdan Medinäni terk etmändir. 1918-nji ýylyñ ýaz aýlarynyñ bir güni, ir säher çagy "Mesjidi Nebewide" (Pygamberiñ metjidinde ertir namazyny okan Fahri paşa münbere çykypdyr, münberiñ ýarsyna ýetende, ýûzüne pygamberimiziñ (s.a.w) mübärek guburyna öwürip belent ses bilen: "Eý Allanyñ pygamberi! Sizi asla terk edip gitmen!" diýip, münberden düşüpdir... Iñlis içalylary Şerif Hüseýin bilen duşuşanlarynda agyzlarynda aş gatyklap, oña wada bermedik zatlary galmady: "Bu ýerlerden osmanlylary kowup çykararys. Sizi erkinligiñizi we garaşsyzlygyñyzy gazanarsyñyz hem-de ähli araplaryñ patyşasy bolarsyñyz!.." Arap ymamlarynyñ biri bu ajy hakykaty: "Biz türklerii arkasyndan pyçakladyk..." diýip, mertlerçe boýun alypdy. (Maglumat üçin seret: "Arap ymam, H.Hüseýin El-Fatih" dokumental filmi, 03.08.2011 ý). Üns bermel bir zat bar: Iñlisler Şerif Hüseýine boş wadalary berenlerinde halyflyk barada hiç dil ýarmadylar. Dini meseleleri agzamadylar... 1908-nji ýylda halyflygyñ paýtagty Stambulda Ikinji Meşrutyýetiñ (Täzeleniş döwri) yglan edilmeginden soñ, Mekgäniñ şerifi wezipesine bellenip Arabystana ugradylandygyna garamazdan, onuñ halyfa eden dönükligindenem söz açylmagyna garaşylmaýar. Halyfyñ Şerif Hüseýine jogapkärli wezipe berendigine-de üns berýän ýok. Içalylar boş wadalaryna dowam edipdir: "...Size gerek bolsa pul bermäge-de taýýar, 7 million sterling..." Wada berilen puluñ möçberi häzirki wagtda dünýä belli "Maýkrosoft" şereketiniñ hojaýyny Billi Geýtsiñ ähli baýlygyna barabar... Görşüniz ýaly, iñlisler pully haltanyñ agzyny giñden açypdyr... *** Hüseýin Şerif diýenleri kim bolupdyr? Ýatladalyñ: Iordaniýanyñ häzirki patyşasy Abdyllanyñ atasy - garry atasy... Şeýdip, Şerif Hüseýin türklere - osmanlylara hyýanat etdi... Pygambere hyýanat etdi… 1400 ýyllyk ymmata hyýanat etdi… Ylahy taglymlara we ylymlara kast etdi... "Maide" süresinde aýdylanlara gönüden-göni dönüklik etdi... Hawa, Alla şeýle emir edipdi: "Eý iman edenler, ýewreýleri we hristianlary dost tutunmañ..."(Maide, 51-nji aýat) ■ Osmanly imperiýasyna garşy iñlisler bilen dil birikdirip araplary aýaga galdyran Hüseýin ibn Alynyñ hyýanaty... Günbataryñ taryh kitaplary Arabystanly Laurensi arheolog we ýurt gezip ýören bilesigeliji syýahatçy hökmünde suratlandyrýar. Çypdyrma ýalan!.. Laurens ýakasy gaýyşly iñlis içalysydyr!.. Onuñ Arabystan ýarymadasyndaky aýratyn etmeli işleriniñ biri-de, Hyjaza kömek üçin ugradylýan otly wagonlaryny bombalamakdy. Ol Hyjaz demir ýol marşrutynda osmanly otlularyna birnäçe gezek çozuşlary gurnapdyr... Soltan Abdylhamyt II-niñ gurduran Hyjaz demir ýoluny weýran etmäge işjeñ gatnaşypdyr. Çünki bu aýratyn tabşyryklar Laurense berilipdi. Laurens ilki yslamyñ agzybirligini wahhabylyk akymy bilen bozupdy. Ol soñra ýarag we beýleki zerur serişdeleriñ gelmezligi üçin Hyjaz demir ýoluny haraplady. Amala aşyran ýykgynçykly işleriniñ dowamynda weýran edilen wagonlary arap alamançylaryna talatdy, osmanly esgerlerini şehit etdirdi. Laurensiñ eden bulagaýlyklary bular bilen gutarmaýar. Osmanly dargajagyny dargap gutaransoñ täze Türkiýe respublikasyny gurmagyñ tagallasynda gezip ýören Mustapa Kemal Atatürke garşy başlanan "kürtçülik" hereketine ýardam bermek üçin taýpa kethudasynyñ keşbine girip, Türkiýäniñ Agry etraplarynda görnüp başlaýar... Onuñ dogany doganyñ üstüne küşgürmeleri ýetjek derejesine baryp ýetýär... *** Aradan birnäçe ýyllar geçdi.. Ýakyn Gündogarda gan dökülmesi togtamady, huzur bolmady, parahatlyk gelmedi... Araplaryñ hemmesi Osmanlynyñ zaryny çekdi, emma içigaralyklaryndan ýaña dillenmegi özlerine kiçilik bildiler. Hernä aralaryndan hakykatyñ gözüne dogry seredip bilýän mert kişilerem çykdy: Palestinaly ministr Salim Tamari "Osmanlylaryñ gadryny bilmedik. Olara hyýanat etdik. Hyýanatymyzyñ jezasyny-da çekdik, çekmäge-de dowam edýäs" diýen sözler bilen taryha bolan ahmyryny beýan eder... ● MAGLUMAT ÜÇIN BELLIK: Araplaryñ döwlet gurmakdaky emelsizliginiñ we syýasy taýdan ahlaksyzlygynyñ iñ gowy görkezijisi, pygamberimizden (s.a.w) soñ Arap döwletiniñ başyna geçen "Hulafaýy-Raşidler" adyny alyp, hemmesi-de heniz diri wagty Pygamberimiz (s.a.w) tarapyndan Jennet bilen buşlanan dört kişiden (Dört Çaryýarlar) üçüsiniñ (Omar, Osman, Aly) janyna kast edilmegidir. Bular ýaly masgaraçylyk Wizantiýadan başga hiç bir döwletiñ taryhynda duş gelenok. Hezreti Muhammet (s.a.w) Hezreti Ybraýym pygamberiñ (a.s) neslindendir. Hezreti Ybraýymyñ añyrsy bolsa şumerlerdendir. Şumerleriñ aslynyñ türki halkdygyny dünýä taryhçylary biragyzdan ykrar etdi. Galyberse-de, pygamberleriñ köpüsi azgyn kowumlara ugradylýar. Iñ köp pygamber gelen kowum ýewreýlerdir. Her göreniñize musulmandyr öýtmäñ. Mynapyk diýlen bir zadam bardyr. Mynapyklardan musulmanlara dogan bolmaz. Olaram edil küffarlar ýaly biziñ ganym duşmanlarymyzdyr. ■ Netije... Bir pursatlyk pikirleneliñ we özümize "Geçmişden şu güne näme üýtgedi?" diýen soragy bereliñ. Bir mugallymymyz gaty dogry aýdan eken... Gynansak-da, arap dünýäsi häzirem zary-zelil halda... Bela-beterler olaryñ başyndan sowlup gidibermeýär... Mundan beýlägem sowulmaz... Olar pikir etmesinler, şu günki gün eden hyýanatyñ jezasyny gelejekki nesillerimiz çekmez diýip... Taryh nusga alarlyk wakalardan doly... Hyýanatyñ jezasyny hiç kim bermese-de Allatagala berýär... ● BELLIK: Laurens iñlis hökümetine ýazan habarnamasynda: "Arap we yslam dünýäsine agzalalygyñ tohumyny sepdim, indi olary isleýşimizçe ulanyp bileris" diýip ýazypdyr. Türkler bu ýerlerden arassalanan wagtynda olaryñ asyl maksady amala aşdygydyr. Bu günki gün olar şol maksady amala aşyrmak üçin hereket edýärler.... Allatagala türki halklaryñ ýanyndadyr. Biziñ başga bil baglajak şahamyz galmady. Çünki her kes gyş ukusynda...!!! www.r-demir.com | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |