17:46 Aristotel | |
ARISTOTEL
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly
Adamzat ösüşine täsir eden meşhur alymlaryň biri hem Aristoteldir. Aristotel biziň eýýamymyzdan öňki 384-nji ýylda gadymy Gresiýanyň Stagir şäherinde köşk lukmanynyň maşgalasynda dogulýar. Onuň kakasy Nikamoh Makedoniýanyň şol wagtky patyşasy Aminte III-iň köşgünde lukman bolupdyr. Aristotel Aminte III-iň ogly Filip (meşhur serkerde Aleksandr Makedonskiniň kakasy) bilen bile önüp-ösüpdir. Akyldar 15 ýaşynda ene-atasyndan jyda düşýär. Oňa kämillik ýaşyna ýetýänçä kakasynyň dosty, filosof Praksen hossarlyk edýär. Kitaplaryň gymmatdygyna seretmezden, Praksen Aristotele seýrek kitaplary tapyp berýär we onda kitaba bolan höwesi oýarýar. Kitap okamaga bolan söýgi 17 ýaşly Aristoteli Elladanyň medeni we ylmy merkezi bolan Afiny şäherine getirýär. Ol şol döwrüň meşhur filosofy Platonyň Akademiýasyna okuwa girýär. Aristotel okuwa kabul edilende Platon üç ýyllyk Sisiliýa giden ekeni. Muňa seretmezden, Aristotel Platonyň ýazan kitaplaryny ürç edip okaýar we onuň ylmy ýoluny öwrenýär. Platon dolanyp geleninden soň, Aristotele onuň bilen 17 ýyl: ilki onuň okuwçysy hökmünde, soňra Platonyň Akademiýasynyň mugallymy hökmünde işlemek miýesser edýär. Platon özüniň şägirdiniň geljekde meşhur filosof bolup ýetişjekdigine ynanypdyr we ony hormatlapdyr. Akyldar ýaş Aristotele «Hakykatyň danasy» diýipdir we ony Akademiýasynyň beýnisi hasaplapdyr. Şeýle bolsa-da, halypa bilen şägirdiň gatnaşyklary o diýen göwnejaý bolmandyr. Aristotel şägirtligine seretmezden, Platonyň garaýyşlaryny we ýol-ýörelgelerini tankytlamaga çekinmändir. Bu ýagdaý öz döwrüniň beýik akyldarynyň bellibir derejede şägirdine bolan gatnaşygynyň gowşamagyna getiripdir. Aristotel kakasyndan miras galan emläginiň tas hemmesini diýen ýaly özüniň meşhur kitaphanasyna harç edipdir. Gowy kitaphanasynyň bardygyna garamazdan, Aristoteliň baý kitaphanasyna Platonyň gözi gidipdir. Halypa-şägirdiň ylmy garaýyşlarynda şol bir zadyň formasy we mazmuny baradaky pikirlerde gapma-garşylyk bolupdyr. Platon aradan çykandan soň, Aristoteliň mugallym bolup işleýän Akademiýasyna ýolbaşçylyk etmek Platonyň doganoglany Spewsippa ynanylýar. Göwnüne degilen Aristotel bolsa işini goýup, başga şähere gidýär. Biziň eýýamymyzdan öňki 343-nji ýylda Makedoniýanyň patyşasy Filip II özüniň 13 ýaşly ogly Aleksandra ylym-bilim bermegi we terbiýelemegi Aristotele tabşyrýar. Ol geljekki beýik serkerde Aleksandr Makedonskä 4 ýylyň dowamynda döwleti dolandyrmakda akyldarlygy, batyrgaýlygy, jomartlygy, ynsanperwerligi, ylma we medeniýetine bolan söýgini öwredipdir. Ýaşajyk Aleksandr mugallymy we terbiýeçisi Aristotele örän öwrenişipdir. Ondan durmuşyň many-mazmunyny, harby sungatyň inçe syrlaryny, adamkärçiligi we adalatlylygy öwrenipdir. Aleksandr Makedonski özüniň halypasy, mugallymy we terbiýeçisi barada: «Atam Filip II meni bu ýagty jahana getirdi, mugallymym Aristotel maňa dogry we manyly ýaşamagy öwretdi» diýipdir. Biziň eýýamymyzdan öňki 340-njy ýylda Aristotel özüniň dogduk mekany Stagire gelýär we 6 ýyl geçenden soň ýene-de Afina dolanyp barýar. Beýik akyldar bu ýerde Platonyň Akademiýasynyň bardygyna garamazdan, öz Liseýini — ýokary okuw mekdebini esaslandyrýar. Gadymy dünýä taryhynda Platonyň Akademiýasyndan hem abraýly bolan bu Liseý — Aristoteliň tagallalary bilen ylym we bilim merkezine öwrülýär. Okuwçylar Liseýde metafizikany, fizikany, filosofiýanyň bir ugry bolan dialektikany, ritorikany we syýasaty çuňňur öwrenýärler. Döwürdeşleriniň aýtmaklaryna görä, Aristotel şol döwürde belli bolan ylymlaryň ählisi boýunça — matematika, fizika, astronomiýa, mehanikadan lukmançylyga, zoologiýadan biologiýa çenli 1000-den hem gowrak kitap ýazypdyr. Gynansak-da, uzak wagtyň geçmegi bilen dürli wakalaryň netijesinde akyldaryň biziň günlerimize diňe az sanly kitaplary gelip gowşupdyr. Aristoteliň esasy işleriniň biri-de logika ylmynyň düýbüni tutup, ony nesillere ýetirmegidir. Logika ylmy — bu adamlaryň pikirleniş ukyby we onuň netijesinde bellibir karara gelmegini öwredýän ylymdyr. Beýik filosofyň ömrüniň soňky ýyllary onuň terbiýesini alan meşhur serkerde Aleksandr Makedonskiniň ýörişli ýyllaryna gabat gelýär. Makedonskiniň aradan çykmagy Aristoteliň hem durmuşyna öz täsirini ýetirýär. Ol Afinydan Halkida göçüp gelýär we şol ýerde biziň eýýamymyzdan öňki 322-nji ýylda 64 ýaşynda aradan çykýar. Akyldaryň nesillere goýup giden pähim-paýhaslary häzir hem bütin dünýäniň okuw jaýlarynda uly gyzyklanma bilen öwrenilýär. Taýýarlan: Aşyrgeldi JUMAÝEW, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň raýat hukugy kafedrasynyň dosenti, ýuridiki ylymlaryň kandidaty. | |
|
√ Beýik alym Isaak Nýuton - 16.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |