23:30 Arkaýyn bol, ene jan! / hekaýa | |
ARKAÝYN BOL, ENE JAN!
Hekaýalar
Wokzal. Bu ýerde hiç kim eglenmeýär. Her kim bir ugra ýolagçy. Menem enem bile Aşgabada barýan. Bir burça gysylyp, enemiň goýup giden ýerinde durun. Enem kassaň agzyna ýetäýdi öýdýän, şaňňyldap sesi gelýär: -Gyzymka, maňa iki bilit ber pylasmaska maguna. Özem mäkgiý bolsun. Biri ditskidir, gyzymka, ýanymda kiçijek malçyk bar. Enem gara der bolup bilet alyp çykdy. -Oçura dagy dursaň, bilit ýetjek däl. Şeýdip bezoçyr alaýmasaň. Daşarda otla garaşyp durus. Wokzalyň ýokarsyndaky radiodan, düşüniksiz bir zatlar-a aýtdylar. Enem düşünipdir. -Häk, nilazan, apazdal galjag-ow poýyzymyz. Eneme göwünlik beresim gelýär, ýöne hiç zada düşünemok. -Oglum, poýyz geldigi ylgap minip ýer bellegin kän durýan däldir byl yssansyýada. Men baş atdym. Otly geldi. Güýjümde baryny edip ylgaýan. Enemem yzymda. Wagonyň agzy hümer, barar ýaly däl. Şonda-da, enemiň gepine galmajak bolup, adamlaň satanlarynyň arasyndan geçip diýen ýaly wagona girdim. Boş ýer gözläp, wagonyň içi bilen ýöräp barýan. Gulagyma ynanamok. Öňümden enemiň sesi gelýär: -Bärleri zanyt, jan ogul, zanyt… Bardym. Enem otyr dört ýerem saklap. -Sen-ä ysnat ekeniň, oglum. Haýy giden garryça-da bolmadyň. Bu ýerleňem haýsyny halasaň saýla, beýlekilerini bereli ile. Şol wagt elleri çemodanly iki sany oglan geldi. -Zanytmy, daýza, ýanyňyz? -Ikisi-hä zanyt, ikisem boş, köşek. Olaram ýanymyzda ýerleşdiler. Otlam ugrady. Birden wagon çaýkanyp gitdi. -Wah, päliazan diýsäni, içendir myň şopury awulygyny. Hakyt otly çykyp gidäý-dä ýolundan. Gapdalyndaky yrolyny gönüläp ýetişmädik bolsa, awarýa bolýady hakyt. Oglanlar gülüşdiler. Menen güldüm. -Daýza, otly sürýäne şofýor diýlenok, maşynyst diýilýä. Enem eňek bermedi: -Tapawudy näme oň. Onsoňam ýaňky aýdanyňda “maşyn” diýen söz ba dämi?! Şopur bor-da onsoñ. Oglanlar sesini çykarmadylar, ýylgyryp oňaýdylar. Okuwly oglanlaň enemden asgyn gelenine men az buýsanamok. Enemiň orsça gepleýşi, oturan ýerinden hemme zady bilip oturyşy depämi gök diredýä. Meňki ýaly ene obada başga hiç kimde ýok. -Issudentmisiňiz, oglum? -Hawa, daýza, selhozda okaýas. -O näm bolýa, oglum? -Oba hojalyk ugry… Enem sözüni böldi. -He-e, başlykçylyk diýsene. Oglanlar ýene-de ýylgyryp oňaýdylar. …Kimdir biri meni yralaýa. Gözümi açsam enem üstüme abanyp dur. -Tur, köşegim, tur, ýetip gelýäs indi. Ganduktoryň prostynlaryny bereli. Taksi duralgasynda durus. Uzak garaşmaly-ha bolmady. Boş taksi gelip deňimizde saklandy. Mündük. -Şopur, bizi Kümüş daýzalara äkit! Şofýoryň gözleri tegelendi. -O Kümüş daýzaň adresi ýokmy, daýza? -Adrysa ba, Kümüş daýzalaň, Hytrowka tarap sürüber, Gribaýede, durmaly ýerini aýdaryn. Maşyn gündizlik ýaly ýap-ýagty köçeler bilen myçyp barýa. -Ilki, oglum, Kümüş daýzalara baryp, bir käse çaý içeli, talkuçka soň gideris. Enemiň “plany” boýunça hereket edýäs. Kümüş daýzalardan çykyp, “talkuçka” barýas. Kümüş daýzalardan daşam däl eken. Enemiň “talkuçka” diýýäni bazar bolsa nätjek. Girdik “talkuçkaň” bir çetinden. -Aşgabada gaýtjagymy eşidip, sargyt baryny etdiler, obaň galyň heleýlerem. Enem bazara aýlanyp “obaň galyň heleýleriniň sargydyny” bitirýä. Menem başyndaky bürenjeginiň eteginden ýapyşyp yzyna düşüp ýörin. Birdenem, nähili bolanyny özümem bilemok, enemden üzülip galypdyryn. Töweregime elek-çelek seredýän, göze ilenok. Eýläk-beýläk ylgaýan, hiç ýerde ýok, tapylanok. Başga alaç ýok, uly ilim bilen möňňürip başladym. Her kim üstüme sorag belgisini oklap, deňimden geçip gidýär. Biriniň haýpy gelen borly. -Ýeri-how, inerçe näm bolýa saňa? -Enemi ýitirdim. -Nirede? -Bilemok. -Nädip ýitirdiň? -Bilemok. -Eneň şumat nirde? “Şony bilýän bolsam, seň gagyldyňy diňläp durjakmy şeýdip?” -Bilemok. -Hany, eneň daş keşbini aýt, bahym taparys ony. -Kelteräk boýly… -Hawa, onsoň? -Bukulyp ýöreýä? -Bukulyp?! Ýa bükülipmi? -Hä, hawa, bükilip. -Onsoň? -Gözi içine çökülgi. -Näme? Bükürmi? -Ýok, çukur. Ýitirenime kän wagt boldy welin, eýýäm yzyna çykan bolmagam ahmal. Duranlar gülüşdiler. -Bu bolşuna oýnam eden bolýa bi. “Nämäňize gülşen bolýaňyz diýsene! Meň günüme düşseňiz-ä, gülki ýadyňyza düşmezdi siziň, ýüregiňiz ýarylybam ölerdiňiz. Entegem men çydap durun.” Şol wagt daşymy gallap duran adamlary böwsüp, bir oglanjyk geldi. Ýüzüni çyrşagy dagy näteňet! Ýalatsaň, ýüz güjük açlykdan halas boljak. Bir gözem gympa -Eý, doşşan, sen azaşdyňmy-eý? “Ýeri, seňki näme diýsene, gözüni bitaý terezi ýaly edip?!” -Ýok, enemi ýitirdim. -Ho taýda bir gaýýy daýza ogluny gözläp ýöý, şo bolaýmasyn seň eneň? “Şodur! Hökman şol bolaýmaly!” Men ony gujaklap, ogşasym geldi, ýöne ýüzüniň çyrşagy döşümden itekledi. Bir seretsem, ýaňky ýanymda ýok. Eýýäm nirä güm bolaýdyka bi? Görsem, enemiň öňüne düşüp gelýä ýaňky. …Ýene-de wokzal. Ýene-de ýolagçy. Ýöne bu sapar öýe tarap. Oba ýetmäge howlugýan. Çaltrak oba barasym, oglanlara enemiň hemme zady bilýändigini, orsçanam zor gepleýändigini aýdyp, öwünesim gelýä. Meňki ýaly eneleriniň ýokdugyny aýdyp, heşelle kakasym gelýä. Enem meni hut şu ýerde-de aňk etdi goýaýdy. -Köşejigim, enem-ä öýden çyksa üýtgeýän ekeni diýäýme. Baran ýeriň howasyna görä geýinmeli bolýa. Şüpülle zamana şoňa bardy. Oba baramyzsoňam “enem eýtdi, enem beýtdi” diýip, aýdyp ýörmegin göreniňe. Bomy, köşejigim? Içiňem bilip dur-aý bi. Enem şeýdip, ýaňy al-asmana galyp, pel-pellemäge başlan arzuw guşumy tüpeňledi oturyberdi. Men juda kynlyk bilen ýuwdunyp, zordan jogap berdim. -Bor, ene jan, arkaýyn bolaý! Hiç kim bilmez! Çyn ýürekden söz berdim. Başga alajymam galmandy. Ine, indi şol “agyr ýüki” ýüregimde göterip ýörin. Aýdasym gelýä, özümiň oglanlardan artykmaçlygymy görkezesim gelýä, öwünesim gelýä. Aýdyp bilemok. Alajym ýok. Men eneme söz berdim ahyryn. Kakabaý ÇARYÝEW. | |
|
√ Gara gözli söýgi ýaşaýarka... / hekaýa - 17.01.2024 |
√ Gün dogup barýarka / hekaýa - 16.12.2024 |
√ Surat / nowella - 14.03.2024 |
√ Çöldäki jaň sesleri / hekaýa - 06.03.2024 |
√ Ýene haýwanam diýjeksiň... - 05.10.2024 |
√ Mert işi / hekaýa - 17.08.2024 |
√ Yşkyma hat / hekaýa - 15.12.2024 |
√ Jan / hekaýa - 08.03.2024 |
√ Ogry / hekaýa - 18.12.2024 |
√ Meniň ýyldyzym / hekaýa - 07.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |