23:22 Ýürek owazym / hekaýa | |
ÝÜREK OWAZYM
Hekaýalar
Illeri-hä bilemok welin, meňki-hä mydama tersine. Göwnüme bolmasa, Hudaý adamzadyň paýyna düşýän ähli şowsuzlygy meň ýagyrnyma ýükläýen ýaly. Menden başga kişi-hä dünýedenem, özündenem razy. Mysaly daşdan gözlemeli däl. Kursdaşym Serdar aýdanlarymyň aýdyň mysaly. Daşyndan göräýmäge (geýnişine seretseň), kem zady ýoga meňzeýär. Jübüsini çöwürseň welin, halys haýy gaçyp, sary giden sary birlik ýa çykar, ýa çykmaz. Köwşüňi çykar diýseň, ýaýdanar durar. Sebäbi aýagyndaky jorabynyň aşagy ýokdur. Onda-da, ýüpüni üzen göle ýaly, galstugyny süýräp, hondanbärsi bolan bolup ýör. Il arasynda studente “medeniýetli gedaý” diýilýär. Studente şol adyň dakylmagyna hut Serdar sebäp bolandyr diýip çak edýän. “Watan” kinoteatrynda täze hindi kino bar diýdiler. Agşam ýedidäki görkezilişine üç sany bilet alyp gaýtdym. Biletleriň biri Selbä, biri özüme, beýlekisi bolsa, Selbiniň ýantazysy ýaly bolup, hemişe yzyna düşüp ýören Sadaba. Il arasynda “üçünji arykmaç” diýen “pähim” bar. Muny Sadap ýa-ha bilenok, ýa-da bilmezlige salýar.Iň ýaman ýerem, Garaçomak ýaly bolup, Selbi ikimiziň aramyzda “gögerýär”. Selbiň gapdalynda oturyp, onuň ýürek urşuny, dem alşyny eşitmegiň özem meň üçin uly lezzet. Sadabyň yzyna tirkelen güni bolsa şol lezzetden mahrumsyň. Özünden bilip galaýsa boljak welin, bilenok. Ony käte Selbi yzymyza tirkeýär, seýregrägem bolsa, käte-de men. Ýöne köplenç halatda özi “ilişýär” sakyrtga ýaly bolup. Selbiniň ýaşaýan otagynyň gapysyny kakýan. Ümsümlik. Täzeden kakmaga hyýallandym. Şol wagt arka tarapymdan Selbiniň sesi eşidildi: – Men bärde. “Özüň üçin gelnenini näbilýäň diýsene!” – Häliden bäri kakýan. “Hä” berýän ýok. Hiç kimem ýokmudy ýa? – Sadab-a bolmaly welin, ýatandyr. Ol işdäsi bilen ukusy bozulsa halanok. Şoň üçinem ýatanda gulagyna pagta dykyp ýatýar. – Asyl il ýaly dikligine ösmän, gapdallygyna ösýär diýsem, bir zady bar eken-ow! Selbi ýylgyrdy. Men maksadymy mälim etmäge girişdim. – Agşam aladaň ýokdur-a, Selbi? – Aladasyzam bir adam bormy? Oýun eden bolýar. – Men çynym bilen soraýan. – O diýen aladasyzam däl, hä, näme etjek? – “Watanda” täze kino bar. Ine, biledem alyp geldim. Men jübimden biletleri çykaryp, Selbä görkezýän. – Waý-ýeý, muny. Gitmänkäň soraýmaly ekeniň-dä! Ertir pars dili bar, şoňa taýýarlanmal-a men. – Öňem okap hezil beren zadyňyz ýok-la Sadap ikiňiziň, gideliň! – Seň ýadyňa oýun düşýä-dä, Atajan! Meň gara çynym-a. Soň gidäýeris-le. Gör-le muny! Özi üçin amatly wagt-a gidip bilýämiş, başga wagtam ýok. Meň başga işim ýokmy diýsene! – Menem oýun edemok, derrew taýyn boluň! Ýapbyl-ýapbyl “Watana” barýançak wagtam bolar. – Biz üçin-ä şu ýerem Watan. Merez! Muň ýadyna oýun düşýär şu wagt. Haçan goýarka bi içi güjükli gürrüňlerini? Ýa o-da neşe ýaly bir zatmyka? – Bor-la, gideliň çaltrak, oýnuňy ýolda edersiň. Selbi sesini çykaranok, düýpliräk delil gözleýän borly. Çakym dogry çykdy. – Bu gün agşam DND-de bar-a. – Bolanda näme? Mundan öň näme DND-ä barýadyňmy sen? – Indi öňkiň ýerine erbet mugallym geçipdir. “Barmadyklar obşitden çykaryp, stipendiýadanam kesjek” diýipdir. – Gorkuzmak üçin aýdaýýandyr. – Gorkuzmanda-da ol biziň borjumyz-a, Atajan! Men onuň gitmejegine ymykly göz ýetirdim. – Ýeri, bor-da onda. – Gaty görýäňmi, Atajan? Hakykatdaam men şu gün gidip bilemog-a. Başga biri bilen gidäýersiň-dä. Hindi kino bolsa, gitjek kändir-le. – Belki, kim bilen gitsem, gowy boljagyny özüň maslahat berersiň? – Bolýa, bolýa, geplemedigim. Ol şeý diýdi-de, ýylgyryp otagyna girip gitdi. Men daşaryk çykyp, amala aşmadyk arzuwymyň ahmyryny biletlerden çykardym. …”Meýletin halk družinasy” diýen ýazgyly gapynyň öňi hümer. Selbi dagy adyny belletmek üçin eýýäm içine giripdirler. Her zat etmeli welin, şolar bilen bir ýere düşmeli. Kimiň nirä gitmelidigini belläp oturan oglan bizden bir kurs ýokary. Ady Döwlet. Gadyrly salam-heligimiz bardy. Men galam-kagyz tapdym-da, dört adamyň – Selbiň, özümiň, Sadabyň hem Serdaryň adyny ýazyp Döwlete geçirdim. Düşbüje bolansoň ol dördümizi bir topar edipdir. Beýleki oglanlaryňky kyn. Iki oglanyň yzyna bäş-alty gyzy tirkäp goýberýärler welin, olar gyzlary gorasynmy ýa asudalygy? Azgyn gytmy näme? Dört bolup bellenilen köçämize tarap, “asudalygy goramaga” barýas. Hiç kimden ses çykanok. Ümsümligi Sadap bozýar: – Eşitdiňmi, Atajan, täze hindi kino çykypdyr, adam “Şeýle ýalançy” diýdiler. Men Selbä seredýän, Selbem ýere. Sadap şol kinoň başlanýan wagtlaryny sanaşdyrdy. Haýsy sapagyň haçan bardygyny bilmese-de, ol şunuň ýaly zada-ha ökde. Ümsümligi ýene-de Sadap bozýar: – Şu günki gün DND-de näme bar diýsene, gyz, kino gitmeli ekenik. Soltan bizden öňürti göräýse-hä agzyny şapbyldadyp, ýürege düşer. Bary senden boldy-da – diýip, gapdalyndan ýöräp barýan Selbiň egnine çalaja kakdy. “Bilet alyp gelenimi Sadaba aýtmandyr-ow”. Men ýene Selbä seredýän, Selbem ýene ýere seredýär. Selbi ikimiz köýen biletleň ýasyny tutýan ýaly bolup, dymyşyp barýas. Moroženoe kafesiniň deňine ýetenimizde Sadap ýuwdunyp şol tarapa naýynjar seretdi. Ýöne sesini çykarmady. Men oňa düşündim. – Morožnojyk iýäýeliň girip. Diýsemem-ä diýdim welin, içimden bir zat burup giden ýaly boldy. Şeýtan azdyrandyr-da, ýogsam, men nädip beý diýip bilerin? Jübimde it uwlaýar ahyryn. – Şeýdeliň-le şony. Sadap begenjinden tas boýnuma böküpdi. “Muň iýermenjedigini! Şul-a öňünden çykan zady ýuwdup-ýalmap ýörem welin, hiç zadam bolanok şuňa-ha. Şuň ýerine başga biri bolsa, bir wagt bir kesel tapynardy”. Selbi sesini çykaranok. Menem yza tesip ugradym. – Ýa bolmasa… – Ýok, ýok, gireliň! Serdar sözümi soňlatmady. Görýän welin, şuň-a jübüsi galyňja ýaly. Selbi daga duýdurman, böwrüne hürsekledim. Ol: “Arkaýyn bol!” diýen manyda yşarat etdi. Alybilen zadymyzy aldyk. Satyjy gelin hasaplap: – On dört manat altmyş köpük bolýa jemi – diýdi. Serdar jübülerini sermeleşdirip durşuna, reňkini agardyp maňa seretdi. – Galypdyr, o jalbarymyň jübüsinde galypdyr. – Näme galypdyr? – Pul galypdyr, pul! – Sokulmasyz ýere sokulýan diliň galan bolsa bolmaýamy o jalbaryňda! Indi näderis? Serdar sermenip durşuna bir ýerlerinden halys haýy gaçyp, tapdan düşen, ulanyşdan galmanyň öňisyrasynda duran tüýdüm-tüýdüm iki sany üçlügi çykardy. Men uludan dem aldym. Özümdäki bäş manadam Selbi daga görkezmän, Serdara uzatdym. Barybir ýetenok. – Hersinden birini aýraýyň, maňa iýmek bolanok. Men utanjymdan ýüzümi kese sowup, satyjy gelne ýüzlendim. Ol ýagdaýymyza düşündi öýdýän, altyn dişlerini lowurdadyp, owadan ýylgyrdy. Bolup durşumyzy Selbi dagam synlap oturan borly. – Näme puluňyz ýetmedimi? Bizde bardy ahyryn. “Onuň ýaly puluň kän bolsa, hälki ýyrtylan biletleriň puluny ber” diýýän içimden. – Aý, ýok, pulumyz-a ýetdi welin, tapman heläk bolduk. Jübiň köp bolsa, şeýleräk bolaýýar. Bu Serdaryň özboluşlyja bir öwünmesidi. – Näme üçini alypsyňyz? – Men iýemog-a. Dümewlejek bolupdyryn. – Aý, hawa-da, şuwat şatlama aýazam-da! Sadap ýuwulmadyk çemçe ýaly bolup şu ikarada sokulyp galdy. “Ýeri, seňki näme diýsene! Otur-da öňüňe goýlany ýuwdup!” – Gün urupdyr diýdigim-dä. Düşünäýsene! Senem çala yş tapsaň, kelläňi sokjak bolup dursuň-aý! Sadap gürrüňiň jylawyny başga tarapa burdy. – Onda Selbi ikimiz birini iýäýeli. Şü-de şu gün-ä birhili ýaramajak bolýar – diýip, Sadap syrly ýylgyrdy. – Aýtdym-a men iýemok diýip. Iýjek bolsam görmän duramok satylýan ýerini. Onsoňam ýaňky sözüňi sen däl-de, men diýmeli, diýjek bolsam. – Waý, muny! Selbi muny şeýle bir owadan edip aýtdy welin, tas arkan gaýdypdym. Gowy tarapy diwar tarapda oturypdyryn. Bellenilen köçe-de ýatdan çykdy, beýlekem. Kafeden çykyp, yzymyza gaýtdyk. Assa ýöräp gelýäris. Görsek, öňrägimizde bir topar oglan ýaka tutdy bolup dur. – O tarapdan ýöräýeliň-le. Bu Selbiň sesi. Men garşy çykdym. – Nämüçin biz olaryň daşyndan aýlanyp geçmeli? Gaýta, biz olary aralamaly, düşündirmeli. Ýogsam, özümiň Selbiden iki esse beter ýoluň beýleki tarapyna geçesim gelýär. – Bu ýerleri bize degişli däl-ä, Atajan! Selbiň sesi bu gezek juda naýynjar çykdy. Ýöne men ony duýmazlyga salýan. – Bolmanda näme? Dawa-jenjeliň öňüni almak biziň borjumyz-a. Selbi sesini çykarman ýüzüme seretdi, ýöne bu gezek men ýere seretdim. – Özleri düşünişip, özleri aýrylyşar-laý, Atajan! – diýip, Serdar Selbä kömege ýetişdi. – Bor-la, geçsek, geçäýeris, menem höwesek däl-le welin, özümi borçlymykam öýdäýýän-dä. Ýene-de Selbiden ses-seda ýok. Çignimize daňylýan daňylarymyzy tabşyryp, gol çekmeli ýerimize gol çekdik. Serdar umumy ýaşaýyş jaýynda ýaşamansoň, ol-a içerigem girmän, öýüne gitdi. Sadabam gözden gaýyp bolupdyr, duýmandyrysam. Diňe Selbi ikimiz galypdyrys. “Öňräkden şeýtmeli-dä” diýip men öz ýanymdan Serdar bilen Sadaba igenýän. Selbiniň ýaşaýan otagynyň deňine gelip sägindik. – Gaty gördüňmi hälkini, Atajan? – Nämäni? Men bilmezlige salan bolýan. – Kino gitmedigimi? – Aý, ýok-la. Soň bir gün, eliň boş bolan güni gidäýeris-dä. Düşündi, ýöne jogap bermedi. Selbi bilen hoşlaşyp, öz otagyma barýan. Ýukalyp, sary giden öýkämem yzymda. Öz ýanymdan hiňlenýän. Nämä şatlanýanymy özümem bilemok. Öz hiňlenmäm özüme eşdilenok. Gulagym yzymda. Selbiniň otagyna girmän, yzymdan seredip duranyny aňýan. Aşaky gata düşülýän ýere ýetdim. Şol wagtam ýüregimiň owazynyň jemlemesi bolup, jygyldap, Selbiniň otagynyň gapysy ýapyldy. Mart, 1989 ý. Kakabaý ÇARYÝEW. | |
|
√ Berdi jedeliň aty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ «Dag imesdir, köñlüm içre boldy myhman gözleriñ...» - 26.07.2024 |
√ Martyň bir güni / hekaýa - 20.07.2024 |
√ Gürp / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Başky söýginiñ müşki / hekaýa - 04.01.2024 |
√ Ýüz manady tygşytlan balyk / hekaýa - 27.11.2024 |
√ Haýsy gowy? / Gündogar hekaýaty - 05.03.2024 |
√ Dostuň dostdan göwni galmasyn / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Düýş gapylary / hekaýa - 26.01.2024 |
√ Mazarsyz galan adam / hekaýa - 09.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |