ARMAN GOÝMASYN
Sen sen diyip oda galan ýüregi,
Basalyk ber özün ýeke duýmasyn.
Sensin şeýda göwnüň saýlan diregi,
Çyn güli bol özge gülü söýmesin.
El ýetmezde gezýän dagyň aýragy,
Mydam zaryň çeker bagyň saýragy,
Bu ýollarda kim alypdyr baýragy,
Bir nazar sal galan ömrüm köýmesin.
Mizan degip süýjän yşkyň salkymy,
Kime baky bu gülzaryň salkyny,
Ömür barka sal ýoluma ýalkymy,
Irlän güýz hem başa daňýar öýmesin.
Pyntyk ýarýan ýazyň şemaly ýaly,
Mähriň siňdir derman eýle bu haly,
Ganat berýän yşkyň meýinden häli,
Ganaýyn bu janda arman goýmasyn.
Kakadurdy AZAT,
Türkmensähraly türkmen şahyry.
Goşgular