■ «Bu ite şu-da köp»
Her gezek Jumany öýüne çagyryp, çaýdan başga zat hödür etmeýän kärdeşi bir gün oňa:
- Juma, sen itdir pişigiň ýagdaýyny bizden gowy bilýäň, seret muňa, halys içinden öl ötmeýän ýaly — diýip, itini görkezipdi. Şonda Juma gapyrga bolup duran iti synlap:
- Dost, eýesi sen bolsaň, bu ite şu-da köp - diýip, ýylgyrypdyr
■ «Myhman gelse şeýle...»
- Uzak gije ýatyp bilemok, dost! Ýaňy bir ymyzganyp başlaýan welin, gara basyp dur.
Onsoň elime näme ilse zyňyp içerinem akan-ýumran edýän — diýip, Juma bir gelse wagty bilen gitmäni bilmeýän obadaşynyň ýanynda zeýrenipdir.
Myhman:
— Her gün şeýlemi? — diýip, sorapdyr. Şonda Juma:
— Ýok, niçikmi, öýe myhman gelse şeýle. Siz göwnüňize alaýmaweriň — diýip, ýüzüni sallapdyr.
■ «Eýesine çekmese şumluk...»
Obalaryna gezmäge baran Jumany köne tanyşlarynyň biri gepde ýeňmek isläp, ýaňy sürüden gelen sygrynyň öňüne bede baryny oklapdyr:
— Ýeri, Juma, muňa näme diýersiň. Meýdandan garnyny gözäp gelse-de, doýdum-doldumy ýok — diýipdir.
Onda Juma:
— «Mal eýesine çekmese, şumluk» diýäýmesek, başga söz ýok — diýip ýylgyrypdyr.
■ «Hernä, çyn eken...»
Bir gezek Juma «Men keselledim» diýip, işe çykmadyk bir ýoldaşynyň öýüne barýar. Ol, hakykatdan hem syrkaw eken. Hemişe «Men syrkaw» diýip, ýalan sözläp ýörensoň, Juma oňa:
— Hernä, bu gezek çynyň eken, şeýt ahyry — diýip «duýgudaşlyk» bildiripdir.
■ «Onda mana öýkünerdiler...»
Bir oglanjyk Juma ýüzlenipdir:
— Daýy, eger haýwanlar bolmadyk bolsa, siz nämä öýkünerdiňiz?
— Hiç zada. Bolup ýörşümi geňläp, belki, maňa öýkünerdiler — diýip, Juma ýylgyrypdyr.
■ Sorag-jogap:
Juma Kowusowy gepde utmak üçin ýakyn goňşularynyň biri oňa birnäçe sorag bermegi ýüregine düwýär. Goňşusy ondan:
— Gije gowumy, gündiz? — diýip soraýar.
Juma Kowusow:
— Gündiz gowy.
— Näme üçin?!
— Gündiz ýitiren zadyňy tapyp bolýa, gijesine bolsa pikirem etme...
— Onda nämüçin men ýitiren pulumy gündizem bolsa tapyp bilemok?!
Goňşusynyň soraglarynyň gutarmajagyna gözi ýeten Juma Kowusow:
— Gaýgy edip oturma, goňşy! Sen tapmadyk bolsaňam, başga biri ta- pandyr ony — diýip, goňşusyna garap, köpmanyly ýylgyrypdyr.
■ «Ol meň kelläme geçdi»
Ýaňra dostlarynyň biri ýol üstünde Juma Kowusowa gabatlaşyp, gepini-gürrüňini halys gutarar ýerde gutarmandyr. Şol gürläp durşuna esli salymdan soň:
— Juma, sen bijaý gowy hem tapylgysyz adam. Kelläm agyrýardy welin, söhbedimiziň täsiri bilen, zaluwat, aýryldy ötägitdi-dä! — diýip ýyrşarypdyr.
— Ýok, kellagyryň giden ýeri uzak däl, ol meň kelläme geçdi! — diýip, Juma Kowusow degşipdir.
Degişmeler